«Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» ýylynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň hem-de Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň bilelikde ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň çeper höwesjeň talyp ýaşlarynyň arasynda geçirýän «Talyp joşguny — 2019» atly döredijilik festiwalynyň
DÜZGÜNNAMASY
Ýurdumyzda garşy alynýan her bir ýylymyza maksadalaýyk, mynasyp atlary dakmak däbe öwrüldi. Hormatly Prezidentimiziň 2018-nji ýylyň 20-nji dekabrynda geçiren Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde eden çuň manyly, maksatnamalaýyn çykyşynda agzybir halkymyzyň ýürek isleglerini nazarda tutup, 2019-njy ýyly «Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» diýip atlandyrmak baradaky teklibini makullamagy gyzgyn goldaw tapdy. Berkarar döwletimiziň sene ýazgysy beýik başlangyçlaryň esasynda il-ýurt bähbitli ajaýyp işleriň bitirilmegi, uly üstünlikleriň, ösüşleriň gazanylmagy bilen baýlaşýar. Milli Liderimiziň: «Medeniýet, ýaş nesli milletiň gadymy ruhy däp-dessurlarynda terbiýelemek döwlet işiniň strategiýasynyň ileri tutulýan ugry bolup durýar» diýip nygtamagy ýurdumyzda bu ulgamyň ösdürilmegine möhüm ähmiýet berilýändigini aýdyň görkezýär. Ýurdumyzda medeniýeti hemmetaraplaýyn ösdürmek baradaky döwlet derejesinde alnyp barylýan tutumly işler halkymyzyň ata Watanymyza, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüne, Gahryman Arkadagymyza bolan buýsanjyny artdyrýar. Hormatly Prezidentimiz türkmen halkynyň gadymy taryhyny we medeni mirasyny içgin öwrenmeklige uly ähmiýet berýär. Munuň bolsa ýaş nesilleri watançylyk ruhunda terbiýelemekde bahasyna ýetip bolmajak uly ähmiýeti bardyr. «Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» ýylynyň joşgunly owazyny wasp etmek, halkymyzyň milli medeniýetiniň many-mazmunyny ýaş nesle öwretmek, türkmen medeniýetini dünýä ýaýmak, talyp ýaşlaryň aýdym-saz we tans sungatynda, halk döredijiliginde zehin başarnyklaryny açyp görkezmek maksady bilen Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi hem-de Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilelikde ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň çeper höwesjeň talyp ýaşlarynyň gatnaşmaklarynda «Talyp joşguny — 2019» atly döredijilik festiwalyny yglan edýär.
Festiwal şu aşakdaky ugurlar boýunça şertlendirilýär:
- Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüni wasp edýän, «Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» ýyly bilen bagly edebi-çeper kompozisiýa (talyplar islegine görä daşary ýurt dillerinde çykyş edip bilerler);
- Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan il-ýurt bähbitli beýik işlerini, ata Watanymyzy wasp edýän bir aýdym;
- Talyp ýaşlaryň ýerine ýetirmeginde bir aýdyşyk aýdymy;
- Talyplardan düzülen toparyň ýerine ýetirmeginde türkmen halk aýdymy;
- Talyplar toparyndan düzülen orkestriň milli we nusgawy saz gurallarynyň sazandarlyk etmeginde sazly çykyş;
- Talyp durmuşyndan degişme sahnasy;
- Halk döredijiliginiň eserlerinden bir parçany ýerine ýetirmek;
- Şahyrlaryň şygyrlaryndan çeper okaýyş;
- Meşhur awtorlar tarapyndan döredilen aýdymlary ýerine ýetirmek;
- Taryhda yz galdyran şahsyýetlerimiziň keşbini çeper ussatlyk bilen teatrlaşdyrylan sahna oýny arkaly janlandyrmak;
- Saz astynda tansly çykyş
Festiwalyň geçiş tertibi:
Ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň ilkinji Ýaşlar guramalarynyň başlyklary şu Düzgünnama metbugatda çap edilen gününden başlap, 2019-njy ýylyň 28-nji maýyna çenli bije çekmek arkaly öz ýokary okuw mekdebiniň fakultetleriniň arasynda saýlanyp alnan ugur boýunça bäsleşik geçirip, şol bäsleşigiň ýeňijilerinden çeper höwesjeňler toparyny döredýärler we onuň düzümini kesgitläp, ony guramaçylyk toparyna tabşyrýar. Ýurdumyzyň her bir ýokary okuw mekdebi özünde geçirilen «Talyp joşguny — 2019» atly döredijilik festiwalyny hökmany suratda ýazgy etmeli we DVD formatly kebşirlenmedik görnüşdäki wideo ýazgylary Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň watançy ýaşlar bölümine bäsleşigiň geçen gününiň ertesi tabşyrmalydyr. Ýokary okuw mekdeplerinden saýlanan çeper höwesjeňler topary 2019-njy ýylyň 1-5-nji iýuny aralygynda döwlet derejesinde geçiriljek döredijilik festiwalynda çykyş etmäge hukuk gazanarlar. Döredijilik festiwalynda ýokary ussatlyk bilen ýerine ýetiren ýokary okuw mekdepleriniň talyplar toparlaryna Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi hem-de Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan Hormat hatlary we gymmat bahaly sowgatlary gowşurylar.
Habarlaşmak üçin telefon belgiler:
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi:
44-88-79, 44-88-80.
Türkmenistanyň Bilim ministrligi: 44-84-16.
yashlar.gov.tm