13.9 C
Aşkabat
21.11.2024
BAŞ SAHYPA DURMUŞ GÜNÜŇ WAKALARY Iň Täze Habarlar SYÝASAT

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Mejlisi

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly wideoaragatnaşyk arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onuň barşynda döwlet durmuşynyň möhüm meseleleriniň birnäçesine garaldy, milli ykdysadyýetimiziň pudaklaryny mundan beýläk-de yzygiderli ösdürmäge gönükdirilen resminamalaryň taslamalary ara alnyp maslahatlaşyldy.

Milli Liderimiz mejlisiň gün tertibine girizilen meselelere garamaga geçmek bilen, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Myradowy göni wideoaragatnaşyga çagyrdy. Wise-premýer halkara we sebit maliýe düzümleri, şol sanda hususy ulgamy ösdürmek boýunça Yslam korporasiýasy bilen netijeli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Wise-premýer häzirki wagtda Yslam korporasiýasynyň ýurdumyzyň telekeçileriniň durmuşa geçirýän taslamalaryna maýa serişdelerini gönükdirmäge gyzyklanma bildirýändigi baradaky teklibiň gelip gowşandygyny habar berdi. Şunuň bilen baglylykda, Döwlet daşary ykdysady iş banky tarapyndan degişli guramaçylyk işlerini geçirmek göz öňünde tutulýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, soňky ýyllarda Türkmenistanyň halkara derejede tagallalary has-da işjeňleşdirendigini, abraýly ykdysady edaralar bilen gatnaşyklaryň ugurlaryny ep-esli giňeldendigini belledi. Halk hojalyk toplumynyň ähli pudaklaryny durnukly we okgunly ösdürmek ýurdumyzyň daşary ykdysady syýasatynyň esasy ugry bolup durýar.

Döwlet Baştutanymyz häzirki döwürde telekeçiligi ösdürmegiň milli ykdysadyýetiň bäsdeşlige ukyplylygyny hem-de netijeliligini ýokarlandyrmagyň has netijeli ýoludygyny aýdyp, kiçi we orta telekeçiligiň wekilleriniň giň gerimli işiniň, öndürýän önümleriniň möçberini artdyrmak, ilaty iş bilen üpjün etmek boýunça wezipeleriň üstünlikli çözülmegine, ata Watanymyzyň mundan beýläk-de ösdürilmegine ýardam edýändigini nygtady.

Şunuň bilen baglylykda, hususy ulgamy goldamak, şol sanda esasy maliýe guramalarynyň maýa serişdelerini gönükdirmäge bolan gyzyklanmalary aýratyn ähmiýete eýedir. Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hödürlenen teklibi makullap, wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Sanly aragatnaşyk arkaly geçirilýän mejlisiň dowamynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Meredow «Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Maksatnamasyny» üstünlikli durmuşa geçirmek maksady bilen ýangyç-energetika toplumynyň düzümleýin bölümlerinde amala aşyrylýan işler barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyzyň garamagyna Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň haryt-çig mal binýadynyň has-da giňeldilmegini esasy ugur edinýän kararyň taslamasy hödürlenildi. Bellenilişi ýaly, şu maksat bilen Kenar kärhanasynda benzin we dizel ýangyjyny saklamak hem-de Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynyň Kerki şäherindäki nebit ammarynda benzin saklamak üçin dürli ölçegli polat çelekleri we degişli enjamlary satyn almak meýilleşdirilýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nebiti gaýtadan işleýän kärhanalaryň önümçilik düzümlerini mundan beýläk-de döwrebaplaşdyrmak babatda wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi. Munuň özi ýurdumyzda we dünýä bazarlarynda uly islegden peýdalanýan önümleriň mukdarynyň artdyrylmagyny üpjün eder.

Milli Liderimiz hödürlenen karara gol çekip, ony elektron resminama dolanyşygy ulgamy boýunça wise-premýere ugratdy we ondan gelip çykýan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek boýunça anyk görkezmeleri berdi.

Soňra göni wideoaragatnaşyk arkaly Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýew welaýatlarda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň alnyp barlyşy barada hasabat berdi.

Häzirki wagtda güýzlük bugdaýa ideg etmek, agrotehniki kadalara laýyklykda ösüş suwuny tutmak, ekinleri, mineral dökünleri bilen iýmitlendirmek hem-de haşal otlary we zyýankeşlere garşy göreşmek işleri alnyp barylýar. Şunuň bilen birlikde, ýazky gowaça ekişine taýýarlyk görmek, şol sanda ýerleri tekizlemek, geriş çekmek, ýuwuş we tagt suwlaryny tutmak işleri dowam etdirilýär.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň garamagyna “Ýurdumyzda bag ekmek boýunça ählihalk ýowaryny geçirmek hakyndaky” Kararyň taslamasy hödürlenildi. Şunuň bilen baglylykda, 2019-njy ýylda Ahal welaýatynyň Bäherden we Ak bugdaý etraplarynyň aralygynda 1 million 500 müň düýp bag nahallarynyň, ýurdumyzyň welaýatlarynyň çäginde hem şonça mukdardaky ýaprakly, pürli, miweli baglaryň hem-de üzüm nahallarynyň ekiljekdigi bellenildi.

Bu işleri guramak ministrlikleriň hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, paýtagtymyzyň we welaýatlaryň häkimlikleriniň üstüne ýüklenildi. Tutuş ýurdumyz boýunça jemi ekilmegi bellenilen bag nahallarynyň 600 müň düýbi miweli agaçlar we üzüm bolar, şeýle hem tut agajynyň 300 müň düýbüni ekmek meýilleşdirilýär.

Döwlet Baştutanymyz 21-nji martda bag ekmek boýunça ählihalk ýowaryny geçirmek hakyndaky Karara gol çekip we ony elektron resminama dolanyşygy arkaly wise-premýere ugradyp, bu möhüm çärä taýýarlyk görmek hem-de «Türkmenistanyň Milli tokaý maksatnamasyny» mundan beýläk-de durmuşa geçirmek babatda anyk tabşyryklary berdi.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýowarlaryň halkymyzyň asylly däbine öwrülendigini, köpçülikleýin bag ekmek çäresiniň diňe bir ýurdumyzyň keşbini özgertmek bilen çäklenmän, eýsem, türkmenistanlylaryň durmuşy üçin oňaýly daşky gurşawy, şäherlerde hem-de obalarda amatly howa ýagdaýyny döretmelidigini belledi.

Hormatly Prezidentimiz alnyp barylýan oba hojalyk işleri barada aýdyp, ýakyn wagtda geçiriljek ekişe tehnikanyň taýýarlygyny ýene-de bir gezek gözden geçirmegi tabşyrdy. Döwlet Baştutanymyz ekişiň gysga möhletde geçirilmelidigini hem-de güýzlük bugdaýa agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ýokary hilli ideg edilmelidigini nygtady.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Çakyýew gözegçilik edýän düzümlerindäki işleriň ýagdaýy hem-de degişli düzümlerde öňde durýan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek boýunça alnyp barylýan toplumlaýyn işler barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, ýurdumyzyň senagat ulgamynda, ulag we aragatnaşyk toplumlarynda alnyp barylýan işleriň netijeliligini ýokarlandyrmak wezipesi ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmekde aýratyn ähmiýetli bolup durýar. Sebitleýin gatnaşyklaryň netijeli guraly häzirki döwürde ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek üçin aýratyn wajypdyr. Hut şonuň üçin hem himiýa senagatynyň, dokma toplumlarynyň önümçilik kuwwatlyklarynda ekologiýa bilen baglanyşykly düzgünleriň berk berjaý edilmegi häzirki döwrüň möhüm talaby bolup durýar.

Milli Liderimiz sebitlerde toprak-howa şertleri bilen baglanyşykly meseleler boýunça döwlet tejribesini ulgamlaýyn esasda öwrenmegiň wajypdygyny belläp, bu babatda wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary D.Amangeldiýew gözegçilik edýän pudaklaryndaky işleriň ýagdaýy we Mary döwlet elektrik stansiýasy üçin zerur bolan ätiýaçlyk şaýlaryny, enjamlary, materiallary we himiki serişdeleri satyn almak boýunça geçirilýän işler hem-de 25 — 27-nji fewralda Lebap welaýatyna bolan iş saparynyň netijeleri barada hasabat berdi.

Wise-premýer döwlet Baştutanymyza Mary döwlet elektrik stansiýasynyň çäklerinde utgaşykly dolanyşykda işleýän elektrik stansiýasynyň ulanylmaga berilmegi bilen, elektrik stansiýasynyň öňki hereket edýän bölegindäki bug turbinalarynda tapgyrlaýyn abatlaýyş işlerini geçirmek mümkinçiliginiň dörändigini aýtdy. Şonuň bilen baglylykda, Energetika ministrligi tarapyndan halkara bäsleşik yglan edildi. Oňa daşary ýurt kompaniýalarynyň 7-si gatnaşdy. Bäsleşigiň netijeleri boýunça Mary DES-indäki turbinalary döwrebaplaşdyrmak boýunça meýilleşdirilen işleri ýerine ýetirmek hem-de zerur ätiýaçlyk şaýlaryny satyn almak «Çalyk Enerji Sanayi ve Tijaret A.Ş.» kompaniýasyna ynanyldy.

Abatlaýyş işleri geçirilenden soňra, stansiýanyň kuwwatynyň 650 megawatdan 1000 — 1200 megawata çenli artjakdygy, şunuň netijesinde, daşary ýurtlara iberilýän elektrik energiýasynyň möçberini artdyrmak üçin mümkinçilikleriň dörediljekdigi habar berildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň elektrik energetikasynyň ägirt uly kuwwaty barada aýdyp, energiýa serişdeleriniň möçberi boýunça Türkmenistanyň dünýäniň iň baý döwletleriniň biridigini belledi. Mälim bolşy ýaly, elektrik energiýasyny öndürmek tutuş dünýäde iň girdejili önümçilikleriň biri hasaplanylýar.

Şundan ugur alnyp, bu möhüm pudaga gönükdirilýän maýa goýumlarynyň mukdary yzygiderli artdyrylýar. Şunuň netijesinde, häzirki wagtda türkmen energetika senagaty ýokary depginler bilen ösýär we dünýä bazarlarynda uly islegden peýdalanýan elektrik energiýasynyň daşary ýurtlara iberilýän möçberini artdyrmaga ukyplydyr.

Milli Liderimiz ýurdumyzda elektrik energetikasy pudagynda ýangyjyň sarp edilişini azaltmaga we şol bir wagtyň özünde elektrik energiýasynyň öndürilýän möçberini artdyrmaga mümkinçilik berýän ekologiýa taýdan arassa tehnologiýalary ornaşdyrmaga aýratyn üns berilýändigini belledi.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň «Açyk gapylar” syýasatyny yzygiderli durmuşa geçirmek bilen, uzak möhletli deňhukukly hyzmatdaşlygy ýola goýmaga, aýratyn hem özlerini ygtybarly hyzmatdaş hökmünde görkezen hem-de iň täze işläp taýýarlamalara, ägirt uly ylmy we önümçilik kuwwatyna eýe bolan esasy daşary ýurt kompaniýalary bilen gatnaşyklary ösdürmäge çalyşýandygyny nygtady.

Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz alnyp barylýan gurluşyk işleriniň öz wagtynda tamamlanmagynyň hem-de ýokary hilli ýerine ýetirilmeginiň esasy talap bolandygyna we şeýle bolmagynda galýandygyna ünsi çekdi.

Hormatly Prezidentimiz hödürlenen resminamanyň taslamasyna gol çekip we ony wise-premýere elektron resminama dolanyşygynyň sanly ulgamy arkaly ugradyp, degişli meseleleriň ählisini berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Soňra wise-premýer Lebap welaýatyna bolan iş saparynyň netijeleri, geljekki şäherçeleriň guruljak ýerleri bilen tanşylandygy barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, islendik maýa goýumly gurluşyk taslamasyna sebitiň durmuş we ykdysady ýagdaýy babatda garalmalydygyny hem-de serişdeleri netijeli peýdalanmagyň esasynda amala aşyrylmalydygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz gurluşyk işlerini guramaga hemmetaraplaýyn oýlanyşykly we rejeli çemeleşmegiň wajypdygyna wise-premýeriň ünsüni çekdi.

Döwlet Baştutanymyz täze binalaryň we desgalaryň gurluşygynda her bir meseläni göz öňünde tutmagyň, şol sanda welaýatyň tebigy-howa şertlerine laýyklykda, ýokary hilli gurluşyk we timarlaýjy serişdeleri seçip almagyň hem-de gurluşygyň amala aşyryljak ýerleriniň aýratynlyklaryny, ekologiýa we bezeg ýagdaýlaryny nazara almagyň hem-de soňra desgalary netijeli ulanmagyň wajypdygyny nygtady. Obalaryň keşbinde milli binagärligiň iň gowy däpleri hem-de häzirki zaman binagärligiň hem-de bezeginiň gazananlary öz beýanyny tapmalydyr.

Milli Liderimiz şeýle-de şäherçeleriň ylmy esasda we oýlanyşykly gurulmagynyň, olarda ekerançylyk hem-de maldarçylyk bilen meşgullanmak, dürli gök ekinleri ýetişdirmek üçin mümkinçilikleriň döredilmeginiň wajypdygyny belläp, wise-premýere bu meseleleri hemişe gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Şeýle hem hormatly Prezidentimiz wise-premýere paýtagtymyzda gurulýan desgalaryň ýagdaýyny seljermek we gurluşyk işleriniň ýokary hilini we bellenen möhletlerde bina edilmegini üpjün etmek babatda anyk görkezmeleri berdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Gylyjow döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowa ýurdumyzda balyk hojalygy pudagyny ösdürmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

«Ahalbalyk», «Balkanbalyk», «Daşoguzbalyk», «Lebapbalyk» we «Marybalyk» kärhanalary Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary tarapyndan hususylaşdyryldy. Şunuň bilen birlikde, olaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak işleri alnyp barylýar.

Şeýle hem «Balkanbalyk» kärhanasynyň Hazar deňzinde balyk tutýan gämileri tapgyrlaýyn abatlandy. Häzirki döwürde balyk tutmagyň möçberlerini 3 esse artdyrmaga mümkinçilik döredi.

Howdanlarda balyk gorlaryny köpeltmek maksady bilen, «Daşoguzbalyk» kärhanasy tarapyndan 16 million balyk tohumy welaýatyň köllerine we howdanlaryna goýberildi. «Marybalyk» kärhanasy tarapyndan Murgap etrabynda balyk tohumlaryny ösdürip ýetişdirýän meýdany 76 gektar bolan howdanda abatlaýyş-gurluşyk işleri alnyp barylýar. «Ahalbalyk» kärhanasy Kaka etrabynda geotekstil we geomembrana düşelen howuzlaryň gurluşygyny alyp barýar.

«Hazarbalyk» kärhanasynda senagat usulda ýetişdirilen bekre balyklaryndan 2020-nji ýylda işbil almak hem-de içerki we daşarky bazarlarda ýerlemek meýilleşdirilýär.

Içerki bazary üpjün etmek boýunça alnyp barylýan işleriň netijesinde, 2018-nji ýylda ýurdumyza getirilen balyk önümleriniň mukdary 43,5 göterim azaldy. Gaplanan balyklary daşary ýurtlara ibermegiň mukdary 73,3 tonna ýetdi. 2019-njy ýylyň ýanwar — fewral aýlarynda balyk önümleriniň mukdary 480 tonna barabar boldy.

Döwlet maksatnamalaryny ýerine ýetirmegiň çäklerinde, pudaga degişli täze kärhanalaryň onusynyň gurluşygy dowam edýär. Şolaryň ulanylmaga berilmegi bilen, ýakyn wagtda balyk önümleriniň mukdaryny 574 tonna ýetirmek mümkinçiligi dörär. Şeýlelikde, içerki bazar bu önümler bilen doly üpjün ediler hem-de onuň durnukly eksporty ýola goýlar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, kärhanalaryň hususylaşdyrylmagynyň ykdysadyýetiň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmaga, senagat önümçiliginiň netijeliligini artdyrmaga, hususy telekeçiligi depginli ösdürmäge mümkinçilik berjekdigini belledi.

Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümçiligini hem-de önümleriň eksportyny artdyrmak, bazar ykdysadyýetine geçmegi çaltlandyrmak boýunça bar bolan mümkinçilikleriň doly derejede ulanylmalydygyny belledi.

Hormatly Prezidentimiz bu ugurda ýurdumyzyň telekeçileriniň işjeňligini artdyrmagyň zerurdygyna ünsi çekip, bagçylyga degişli täze desgalary gurmak babatda wise-premýere anyk görkezmeleri berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Abdyýewa Türkmenistanyň milli maddy däl medeni mirasyny toplamagyň, hasaba almagyň, öwrenmegiň we gorap saklamagyň 2015 — 2020-nji ýyllar üçin döwlet maksatnamasyna laýyklykda, türkmen halkynyň gadymdan gelýän däp-dessurlaryny, pähimlerini we medeni-ruhy gymmatlyklaryny öwrenmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, 2015-nji ýylda «Milli maddy däl medeni mirasy gorap saklamak hakynda» Karar kabul edildi. Oňa laýyklykda, Türkmenistanyň milli maddy däl medeni mirasy boýunça bilermenler toparynyň Geňeşi hakynda düzgünnama işlenip taýýarlanyldy we onuň düzümi tassyklanyldy.

Türkmenistanyň milli maddy däl medeni mirasynyň nusgalarynyň sanawy we tertibi döredildi.

Milli maddy däl medeni mirasy toplamak, hasaba almak, öwrenmek, goramak, şeýle hem nesilden-nesle geçirmek bilen bagly işleri alyp barmak üçin ýerlerde hünärmenler topary döredildi. Olar ýörite bellenen wekiller bilen bilelikde, ýerlerden maddy däl medeni mirasa degişli maglumatlary toplamak işlerini alyp barýarlar.

Hormatly Prezidentimiziň tabşyrygyny ýerine ýetirmek maksady bilen, halkymyzyň gadymdan gelýän däp-dessurlaryny, pähimlerini we beýleki medeni-ruhy gymmatlyklaryny düýpli öwrenmek boýunça ýörite toparlar döredildi. Toparyň düzümine alymlar we medeniýet ugruna degişli hünärmenler girizildi. Olar ýerlerde bolup, köp möçberdäki maglumatlary topladylar. Häzirki döwürde şolary öwrenmek hem-de tapgyrlaýyn esasda jemlemek işleri alnyp barylýar.

Medeniýet ulgamyndaky täzelikler Medeniýet ministrliginiň internet sahypalarynda yzygiderli goýulýar. Ýurdumyzyň teleradioýaýlymlary we metbugat neşirleri maddy däl medeni mirasyň wagyz edilmegine aýratyn ähmiýet berýärler.

Hormatly Prezidentimiz halkymyzyň umumadamzat ähmiýetli ruhy mirasa baýdygyny belläp, şolary saklamak, mundan beýläk-de düýpli öwrenmek hem-de geljek nesillere ýetirmek we dünýäde giňden wagyz etmek üçin zerur şertleri döretmek çärelerini işjeňleşdirmegiň zerurdygyny aýtdy.

Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz maddy däl medeni mirasy ýaşlaryň watansöýüjilik ruhunda terbiýelenilmeginde işjeň peýdalanmak boýunça alnyp barylýan işleriň wajypdygyna ünsi çekdi. Türkmen halkynyň ruhy mirasyny diňe bir aýawly saklamak däl, eýsem, ony ösdürmegiň hem-de baýlaşdyrmagyň zerurdygyny belläp, bu babatda wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary P.Agamyradow döwlet Baştutanymyzyň garamagyna «Döwlet mekdebe çenli çagalar edaralary hakyndaky hem-de Döwlet umumybilim edaralary hakyndaky düzgünnamalary tassyklamak barada» kararyň taslamasyny hödürledi.

Bellenilişi ýaly, bilim ulgamynda gazanylan oňyn milli we dünýä tejribeleri, «Bilim hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň kämilleşdirilmegi, 12 ýyllyk orta bilime geçilmegi göz öňünde tutulyp, döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň bilimi yzygiderli ösdürmek hem-de bu ulgamda halkara guramalary bilen hyzmatdaşlygy ösdürmek baradaky görkezmelerini ýerine ýetirmek maksady bilen, häzire çenli hereket eden kadalaşdyryjy namalara täzeden garaldy we olara üýtgetmeler girizildi. Döwrüň talaplaryna laýyklykda, kämilleşdirilen resminamalarda dünýäniň iň gowy işläp taýýarlamalary hem-de ylmy gazananlara we täzeliklere esaslanýan täze wezipeler hem-de olary durmuşa geçirmegiň tertibi beýan edildi.

Hususan-da, umumybilim edaralary hakyndaky düzgünnama üýtgetmeler girizildi. Şoňa laýyklykda, döwlet tarapyndan her bir raýata umumy orta bilim almak hukugy kepillendirilýär. Saglygy babatda mümkinçilikleri çäklendirilen, şeýle hem wagtynda umumy orta bilim alyp bilmedik adamlara bilim almak babatda zerur şertler döredilýär.

Şeýle hem kadalaşdyryjy namalardaky üýtgetmelere laýyklykda, okuw işi türkmen halkynyň milli däpleriniň iň oňat nusgalaryny peýdalanmak bilen, dünýäniň häzirki zaman öňdebaryjy mugallymçylyk ylmynyň we usulyýetiniň gazananlary esasynda guralýar. Çagalaryň tebigy zehinini açmak, ösdürmek we höweslendirmek şertleriniň we görnüşleriniň barha artýandygyny, şonuň esasynda halkara tejribä laýyklykda, umumybilim okuw maksatnamasyny kesgitlenen möhletinden gysgaldylan möhletde özleşdirmäge mümkinçilik döredilýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp we bilim özgertmeleriniň wezipelerinden gelip çykýan üýtgetmeleri makullap, täze düzgünnamalary tassyklamak hakyndaky resminama gol çekdi. Resminama elektron dolanyşyk ulgamy arkaly wise-premýere iberildi.

Hormatly Prezidentimiz bilim ulgamyny kämilleşdirmegiň esasynda ösüşiň täzeçil ýoluny saýlap almak bilen, Türkmenistanyň ruhy taýdan baý, hemmetaraplaýyn ösen jemgyýeti kemala getirmäge, ösüp gelýän nesli terbiýelemäge örän jogapkärli çemeleşýändigini, çagalaryň ukyplaryny açmak üçin ähli şertleri döredýändigini aýtdy.

Şonuň bilen baglylykda, milli Liderimiz mekdebe çenli çagalar edaralarynyň hem-de umumybilim edaralarynyň işinde Düzgünnamanyň talaplarynyň takyk berjaý edilişine yzygiderli gözegçiligiň üpjün edilmeginiň wajypdygyny nygtady. Şunuň bilen birlikde, hormatly Prezidentimiz çagalara bilim we terbiýe bermek işiniň täze netijeli usullaryny gözlemek üçin mugallymlaryň mümkinçiliklerini höweslendirmek, döredijilik başlangyçlaryny ösdürmek, ýaşlaryň arasynda sagdyn we işjeň durmuş ýörelgesini berkarar etmek babatda wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow sanly aragatnaşyk arkaly geçirilýän mejlisiň dowamynda Hazar deňzi — Gara deňiz aralygynda halkara ulag geçelgelerini döretmegiň taslamasy boýunça Türkmenistanyň, Azerbaýjan Respublikasynyň, Gruziýanyň we Rumyniýanyň daşary işler ministrleriniň 4-nji martda Buharest şäherinde geçiriljek ýörite duşuşygyna görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.

Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ulag we aragatnaşyk ulgamyna köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge gönükdirilen strategik taýdan wajyp başlangyçlarynyň dünýä bileleşigi tarapyndan giň goldawa eýe bolýandygy bellenildi. Döwlet Baştutanymyzyň yzygiderli tagallasy netijesinde, ulag diplomatiýasyny öňe ilerletmek we ösdürmek üçin ägirt uly mümkinçilikler üpjün edilýär.

Türkmenistanyň başlangyçlary bilen 2014-nji, 2015-nji we 2017-nji ýyllarda kabul edilen BMG-niň Baş Assambleýasynyň Kararnamalary durnukly ulag meseleleri boýunça halkara hukuk binýady bolup durýar we bu ugurdaky özara peýdaly gatnaşyklaryň berkidilmeginiň wajypdygyny alamatlandyrýar.

Şunda Hazar deňzi — Gara deňiz multimodal ulag geçelgesiniň ähmiýeti nygtaldy. Onuň döredilmegi ugrunda ýurdumyz ulaglaryň dürli görnüşleriniň mümkinçiliklerini doly herekete girizmek arkaly maksatnamalaýyn işleri alyp barýar.

Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň, Gruziýanyň we Rumyniýanyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň duşuşygynyň gün tertibine Türkmenbaşy, Baku, Poti, Batumi we Konstansa portlarynyň üsti bilen ýük gatnawlaryny artdyrmak, ähli gyzyklanma bildirýän taraplaryň, şol sanda Ýewropa Bileleşiginiň hyzmatdaşlygyny höweslendirmek, bu taslamany durmuşa geçirmek boýunça dörttaraplaýyn işçi toparyny döretmek bilen baglanyşykly meseleler giriziler.

Ulag hyzmatlarynyň hilini ýokarlandyrmak maksady bilen, sanly tehnologiýany peýdalanmagyň we maglumat alşylmagyny ýola goýmagyň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşmak meýilleşdirilýär. Duşuşygyň jemleri boýunça Buharest Jarnamasyny kabul etmek göz öňünde tutulýar.

Hormatly Prezidentimiz uzak möhletleýin esasda dünýä ösüşiniň möhüm ugurlarynyň biri hökmünde ulag pudagynyň eýeleýän ornuny we ähmiýetini nygtap, bu ugurdaky döwrebap, utgaşykly, deňeçer we ýokary tehnologiýaly düzümiň, sebitleýin, yklymlaýyn we ählumumy derejedäki Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmekde aýratyn zerurdygyny belledi. Munuň özi dünýä hojalyk gatnaşyklaryny berkitmegiň, maýa goýum işjeňligini höweslendirmegiň, ykdysady ösüşi we durmuş abadançylygyny üpjün etmegiň möhüm şerti bolmak bilen, halkara bileleşigiň strategik bähbitlerine laýyk gelýär.

Milli Liderimiz Türkmenistanyň öz tarapyndan garyşyk ulag-üstaşyr we logistik ulgamyň döredilmegine anyk teklipleri öňe sürýändigini belledi. Gürrüň Hazar deňziniň giňişligini, Gara deňiz, Baltika sebitleriniň, Günorta we Günorta-Gündogar Aziýanyň, Ýakyn Gündogaryň deňiz terminallaryna, Aziýa — Ýuwaş ummany sebitiniň ýurtlaryna çykalgasy bolan Ýewraziýanyň yklymlaýyn giňişligini öz içine alýan köpşahaly multimodal düzümiň döredilmegi barada barýar.

Şolaryň hatarynda Owganystan — Türkmenistan — Azerbaýjan —Gruziýa — Türkiýe ugry boýunça «Lazurit» ulag geçelgesi ýaly öňe sürlen birnäçe möhüm taslamalar bar. Olar Aziýa bilen Ýewropanyň arasynda söwda-ykdysady we medeni köprini döretmekde aýratyn ähmiýetlidir.

Bu ulgamda ägirt uly mümkinçiliklere eýe bolan hem-de «Demirgazyk — Günorta» we «Günbatar — Gündogar» ugurlary boýunça çatrykda çäk taýdan amatly ýerleşen ýurdumyz milli derejede ulag ulgamyny döwrebaplaşdyrmak hem-de ösdürmek boýunça ugurdaş maksatnamalary durmuşa geçirýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Hazar deňzi — Gara deňiz halkara ulag geçelgesini döretmegiň taslamasynyň ähmiýetine ünsi çekip, Buharestde daşary işler ministrleriniň geçiriljek ýörite duşuşygyna ýurdumyzyň wekiliýetiniň gatnaşmagyna degişli derejede taýýarlyk görmek babatda anyk tabşyryklary berdi.

Hormatly Prezidentimiz sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisiniň jemini jemläp, şu gün döwlet durmuşynyň möhüm meseleleriniň birnäçesine garalandygyny, milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynyň okgunly ösmegine gönükdirilen resminamalaryň kabul edilendigini belledi.

Milli Liderimiz ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň 2019 — 2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde durnukly ösüş üçin şertleri döretmek maksady bilen ykdysadyýetiň ähli pudaklaryny sanly ulgama geçirmek, olara öňdebaryjy maglumat tehnologiýalaryny ornaşdyrmak boýunça tagallalary işjeňleşdirmegiň zerurdygyny nygtap, wise-premýerlerden bu wezipeleriň çözülmegini berk gözegçilikde saklamagy talap etdi.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly wideoaragatnaşyk arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini tamamlap, oňa gatnaşanlaryň ählisine berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, Garaşsyz Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmeginiň bähbidine alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

tdh

Degişli makalalar

Türkmenistanyň howpsuzlyk mejlisi

syrach

Döwletmämmet Azady

syrach

Zenan Futzalçylar Türkmenistanyň Birinjiliginde Bäsleşerler