Gurbansoltan eje adyndaky etrapda kartoşka ekiljek ýerleriň meýdany 200 gektar artdyryldy. 900 gektar ýerden 12 müň 600 tonna azyklyk önüm almak göz öňünde tutlýar, bu bolsa geçen ýyldakydan üç müň tonna töweregi köpdür. Şeýlelikde, etrapda döredilen oba hojalyk ähmiýetli ýörüte ýer gaznasynyň atyzlarynda sebitde göz öňünde tutulan kartoşkanyň dörtden bir bölegi ýetişdiriler.
Daşogyz welaýatynyň ekarançylary ýurduň oba hojalyk toplumynyň öňünde goýlan oba hojalygynyň girdejililigini ýokarlandyrmak, ýer we suw serişdelerinden has rejeli peýdalanmak wezipeleriniň jähtinden hojalygy ýöretmek ulgamyny kämilleşdrimäge çalyşýarlar. Kartoşka ýetişdirmekde baý tejribe toplan Gurbansoltan eje adyndaky etrabyň kärendeçileri her ýyl gowy netije gazanýarlar, bu ýeriň toprak-howa şertleri şu ekin üçin has amatly hasaplanylýar. Etrapda onuň dürli görnüşleri, şol sanda Gollandiýadan getirilen kesellere durnukly we ýokary hasylly “Sante” görnüşi ýetişdirilýär.
Köneürgenç etrabynda hem bu azyklyk ekiniň meýdany elli gektar artdyryldy. Şu ýyl Daşoguz welaýatynda jemi 3 müň 400 gektar kartoşka ekilen ýerleriň her gektaryndan ortaça 140 sentner hasyl almak göz öňünde tutulýar. Bu bolsa 48 müň tonna golaý hasyl almaga we azyk bolçulygyny üpjün etmeklige hem-de daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öz ýurdumyzda öndürmegi ýola goýmak döwlet maksatnamasyny durmuşa geçirmäge saldamly goşant goşmaga mümkinçilik berer.
turkmenistan.gov.tm