6.9 C
Aşkabat
22.11.2024
GÜNÜŇ WAKALARY

Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi.

 Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Mejlisde şu ýylyň iki aýynda ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň işleriniň jemlerine, şeýle hem milli Liderimiziň başyny başlan giň gerimli harby özgertmeleriniň käbir ugurlaryna garaldy.

Mejlisiň barşynda Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalary işleriň ýagdaýy, ozal berlen tabşyryklaryň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdiler.

Ilki bilen Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, milli howpsuzlyk ministri Ý.Berdiýewe söz berildi. Ol ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysyna milli goşunymyzyň kuwwatyny gyşarnyksyz berkitmek bilen birlikde, harby gullukçylaryň mynasyp durmuşy üçin ähli şertleriň döredilmegine gönükdirilen köpugurly harby özgertmeleriň amala aşyrylyşynyň barşy hakynda hasabat berdi. MHM-niň ýolbaşçysy şeýle hem milli Liderimize ministrligiň türkmen jemgyýetinde parahatçylygy we agzybirligi üpjün etmek boýunça geçirýän işleri barada hem habar berdi.

Soňra goranmak ministri B.Gündogdyýew çykyş edip, özüne ynanylan düzümde işleriň ýagdaýy, hususan-da, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçlerininiň işini has-da kämilleşdirmek we maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, hünärli harby işgärleri taýýarlamak, Watan goragçylarynyň gulluk etmegi we durmuşy üçin has amatly şertleri döretmek bilen bagly tabşyryklaryň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.

Soňra Döwlet serhet gullugynyň başlygy A.Garaýewe söz berildi. Ol eziz Watanymyzyň ähli serhetleşýän döwletler bilen türkmen halkynyň köpasyrlyk dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk däplerine eýermek bilen ýurdumyzyň çäkleriniň ygtybarly goralmagyny üpjün etmek boýunça görülýän çäreler hakynda hasabat berdi.

Soňra çykyş eden Türkmenistanyň Baş prokurory Ý.Ýazmyradow ýylyň başyndan bäri geçirilen işler, döwletimiziň hem-de jemgyýetimiziň ähli ugurlarynda kanunçylygyň gyşarnyksyz berjaý edilmegine gönükdirilen çäreler barada hasabat berdi. Ýurdumyzyň kanunçylygynyň bozulmagyny ýüze çykarmak şol işleriň wajyp ugry bolup durýar.

Türkmenistanyň içeri işler ministri I.Mulikow öz gezeginde ýurdumyzda jemgyýetçilik düzgün-tertibini pugta üpjün etmek we düzgün bozmalaryň öňüni almak babatda döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi, şeýle hem şu ýylyň ýanwar-fewral aýlarynda IIM-niň işleriniň netijeleri barada habar berdi.

Soňra Ýokary kazyýetiň başlygy A.Hallyýewe söz berildi. Ol ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysyna geçirilýän işler, ýurdumyzyň kazyýet ulgamyny has-da kämilleşdirmek we hünärli işgäleri taýýarlamak boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi.

Soňra çykyş eden Adalat ministri B.Çaryýew ýolbaşçylyk edýän ministrliginiň alyp baran işleriniň jemleri hem-de milli Liderimiziň döwletimizi ösdürmek babatda öňde goýan wezipelerini ýerine ýetirmek üçin ygtybarly esas bolup durýan milli kanunçylyk binýadymyzy has-da kämilleşdirmek boýunça görülýän çäreler hakynda hasabat berdi.

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň başlygy A.Hojamgulyýew hormatly Prezidentimize hasabat döwründe geçirilen işler hakynda habar berdi. Gullugyň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek we kämilleşdirmek şol işiň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar.

Türkmenistanyň Sagdyn jemgyýet howpsuzlygyny goraýyş döwlet gullugynyň baglygy A.Osmanow alnyp barylýan işler, neşe serişdeleriniň ýaýradylmagyna garşy göreşmäge gönükdirilen “Göknar – 2013” meýilnamasynyň durmuşa geçirilişi barada habar berdi.

Soňra Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy D.Baýramow daşary ýurtly raýatlary bellige almak bilen bagly işleri kämilleşdirmek we döwrebaplaşdyrmak maksady bilen görülýän anyk çäreler we ýylyň başyndan bäri geçirilen işler barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabatlary diňläp, milli bähbitleriň goragynda durýan MHM-niň işgärleriniň sazlaşykly işine ýokary baha bermek bilen, hormatly Prezidentimiz asudalygyň agzybir, jebis halkymyzyň Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň belent maksatlaryna we sepgitlerine tarap üstünlikli ilerlemegine gös-göni ýardam edýär diýip belledi.

Döwlet Baştutanymyz bu işleriň hemmesiniň ýurdumyzda üstünlikli geçirilýän harby özgertmeleriň ileri tutulýan wezipeleriniň hataryna girýändigini belläp, türkmen halkynyň belent ynsanperwer başlangyçlaryna ygrarly bolup galýandygyny aýtdy. Türkmenistanyň ýöredýän parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasaty, şeýle hem diňe goranyş häsiýetine eýe bolan yzygiderli amala aşyrylýan Harby doktrinasy munuň şeýledigine aýdyň şaýatlyk edýär. Goranmak ministrliginiň öňünde durýan jogapkärli wezipeler şahsy düzümiň arasynda düzgün-nyzamy berkitmekden, harby gullukçylaryň hünär derejesini ýokarlandyrmakdan, ýaş nesli watançylyk hem-de harby borja birkemsiz wepalylyk ruhunda terbiýelemekden ybaratdyr.

Biziň özygtyýarly döwletimiziň mukaddes serhetlerini galkan kimin ygtybarly goraýan serhetçileriň üstüne aýratyn jogapkärçiligiň ýüklenendigini bellemek bilen, milli Liderimiz gözegçilik gullugyny alyp barmak, şol sanda häzirki zaman serhet galalaryny gurmak we olary döwrüň talaplaryna laýyklykda abadanlaşdyrmak üçin has amatly şertleri döretmegiň möhümdigine ünsi çekdi.

Prokuratura edaralarynyň işgärleriniň hünär derejesiniň ýokary bolmagynyň möhümdigi barada aýtmak bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow olaryň hatarlarynyň dogruçyl, öz işine wepaly işgärler bilen ýetirilmelidigini belledi. Şeýle hem Belent Serkerdebaşymyz ýurdumyzda kanunlaryň pugta berjaý edilmegini üpjün etmek boýunça işlere jogapkärli çemeleşmegiň möhümdigini aýratyn nygtady.

Döwlet ösüşiniň ilkinji nobatdaky wezipeleri babatda Içeri işler ministrliginiň öňünde durýan wezipeleriň möhümdigi barada aýtmak bilen, milli Liderimiz işgärleri seçip almak we ýerli-ýerinde goýmak ýaly möhüm meselä ünsi çekdi. Düzgün bozmalaryň öňüni almak boýunça geçirilýän işleriň üstünlikli bolmagy köp babatda IIM-niň düzüminde alnyp barylýan köptaraply işleriň kämilleşdirilmegine, jogapkärli wezipeleri eýeleýän ýolbaşçylaryň şahsy häsiýetlerine bagly bolup durýar diýip, hormatly Prezidentimiz belledi.

Kanuny ileri tutýan hukuk döwleti bolmak bilen, Türkmenistan geljekde hem kanuny bozýanlara garşy barlyşyksyz göreşip, olar babatda degişli öňüni alyş çärelerini görer diýip, döwlet Baştutanymyz her bir işiň öwrenilmegine jikme-jik we adalatly çemeleşmegiň möhümdigini, dünýäniň iň kämil kanunçykaryjylyk tejribesini düýpli öwrenmegiň we ony ýurdumyzyň kanunçylyk namalary işlenilip taýýarlananda giňden ulanmagyň wajypdygyny aýtdy.

Biziň ýurdumyzda geljekde hem diňe milletimiziň nesil dowamatyna däl-de, eýsem, tutuş adamzada uly howp salýan neşe serişdeleriniň ýaýradylmagyna garşy barlyşyksyz göreş alnyp barlar diýip, döwlet Baştutanymyz ilatyň, aýratyn-da ýaşlaryň arasynda bu ýowuz belanyň adamlaryň saglygyna we abadançylygyna ýetirýän zyýany hakynda hukuk goraýjy, saglygy goraýyş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleriniň, Mejlisiň deputatlarynyň we il içinde hormatlanýan ýaşulularyň bilelikde gatnaşmagynda wagyz-nesihat we düşündiriş işlerini yzygiderli alyp barmagyň möhümdigini aýtdy.

Ýokary hünärli işgärleri taýýarlamak, olaryň zähmet çekmegi we döwrebap ýaşamagy üçin degişli şertleri döretmek bilen bagly meselelere geljekde hem üns bermegiň zerurdygyny aýdyp, milli Liderimiz gümrük gullugynyň ýolbaşçysyna birnäçe anyk tabşyryklary, şol sanda ýükleri we üstaşyr ýükleri örän eserdeň gözden geçirmek bilen bagly tabşyryklary berdi.

Biz ýurdumyza gelýän hoşniýetli myhmanlara hemişe şatdyrys, olary türkmen myhmansöýerliginiň iň gowy däplerinde güler ýüz bilen garşylamaga mydama taýýardyrys diýip, milli Liderimiz migrasiýa gullugynyň öňünde goýlan jogapkärli wezipeleri nazara almak bilen, onuň işini has-da kämilleşdirmegiň wajypdygyny aýtdy.

Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy, goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow mejlisi jemläp, Türkmenistanyň özygtyýarlylyk esaslaryny pugtalandyrmak, ýurdumyzda parahatçylygy we asudalygy üpjün etmek boýunça harby hem-de hukuk goraýjy edaralaryň geçiren işlerine kanagatlanma bildirdi. Çünki şol işleriň özeninde oňyn Bitaraplyk ugruna ygrarly bolan ýurdumyzyň saýlap alan ösüş we rowaçlyk ýoly bilen üstünlikli öňe ilerlemeginiň möhüm şertleri durýar.

Harby ulgamda başy başlanan giň gerimli özgertmeleri durmuşa geçirmäge örän jogapkärli çemeleşmegiň zerurdygyny nygtamak bilen, döwlet Baştutanymyz döwletimiz geljekde hem milli goşunymyzyň maddy-enjamlaýyn biýnadynyň berkidilmegine, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüne ynamly gadam basan zähmetsöýer, jebis türkmen halkynyň asuda we abadan durmuşynyň kepili bolup durýan ýurdumyzyň goranyş ukyplylygyny ýokarlandyrmaga, harby gullukçylar we olaryň maşgalalary üçin has amatly gulluk hem-de ýaşaýyş şertleriniň döredilmegine uly üns berer diýip belledi. Şeýle hem milli Liderimiz tomus paslynyň ýetip gelýändigi üçin harby we hukuk goraýjy edaralaryň Gökderede ýerleşýän çagalar-sagaldyş merkezlerini möwsüme göwnejaý taýýarlamagyň zerurdygy barada aýdyp, harby gullukçylaryň çagalarynyň hem-de maşgalalarynyň talaba laýyk dynç alşyny guramak üçin zerur çäreleriň görülmegine ünsi çekdi.

Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisinde başga-da birnäçe meselelere garaldy, olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

Mejlis tamamlanandan soň ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşunlaryň aýry-aýry kysymlary üçin niýetlenen täze harby we dabara egin-eşikler bilen tanyşdy. Döwlet Baştutanymyz gaýtalanmajak milli öwüşgüni özünde jemlän harby egin-eşikleri umuman makullap, harby gullukçylar hakyndaky aladanyň, şol sanda olary döwrebap, ykjam, häzirki zaman talaplaryna gabat gelýän egin-eşikler bilen üpjün etmek, eziz Watanymyzyň edermen goragçylary, olaryň abadançylygy we bagtyýarlygy barada aladanyň döwletimiziň hemişe üns merkezinde durjakdygyny belledi.

Soňra Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy, goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylaryna berk jan saglyk, bagt hem-de jogapkärli wezipeleri ýerine ýetirmekde üstünlikleri arzuw edip, olar bilen hoşlaşdy. 

Degişli makalalar

Pederlerimiziň Dag Gaýalarynyň Içinde Gazan Guýylary Köýtendagyň Gözel Ýerleriniň Biridir

Türkmenistanyň Wekiliýetiniň “Täze Söwda we Üstaşyr Ýollarda Neşe Serişdeleriniň Bikanun Dolanşygynyň Öňüni Almak Maksady Bilen Merkezi Aziýada Sebitleýin Serhetüsti Hyzmatdaşlygy Güýçlendirmek” Atly Çäresi

turkmenhabargullugy

Şekillendiriş Sungaty Muzeýinde Ýylyň Şygaryna Bagyşlanan Sergi Açyldy

turkmenhabargullugy