13.9 C
Aşkabat
21.11.2024
BAŞ SAHYPA DURMUŞ GÜNÜŇ WAKALARY Iň Täze Habarlar

Türkmen Kölüniň Daşoguz Golunyň Kenarynda Mekan Tutýan Dürli Görnüşli Guşlaryň Sany Artýar

Gaplaňgyr döwlet goraghanasynyň işgärleriniň gözegçiligine görä, “Altyn asyr” Türkmen kölüniň Daşoguz golunyň kenarynda balyk bilen iýmitlenýän guşlaryň sany artdy. Ozal Sarygamyş kölünde ýaşan gotanlar, jübtünler, çarlaklar, ördekler we beýleki guşlar bu ýerde mekan tutýarlar. Gyşlaga gelýän suwly-batgaly ýerlerde ýaşaýan guşlaryň-da sany artýar. Hünärmenleriň pikirine görä, bu, ozaly bilen, kölüň biologik gorlarynyň baýlaşmagy netijesinde indi balyklaryň onlarça görnüşiniň barlygy, şeýle hem emeli howdanyň ötegçi guşlaryň uçup geçýän ýolunda ýerleşýändigi bilen düşündirilýär.

Bu özboluşly gidrotehniki ulgamyň gurluşygynyň birinji tapgyry onuň töweregindäki ýerleriň melioratiw ýagdaýyny düýpli gowulandyrmaga mümkinçilik berip, ol ekologiýa oňaýly täsir edýär we ösümlik hem-de haýwanat dünýäsiniň baýlaşmagyna ýardam edýär. Gaplaňgyr döwlet goraghanasynyň işgärleri ýerlere yzygiderli saparlarynda goraghananyň golaýyndaky kölüň Daşoguz golunda janly tebigat adajykjlarynyň kemala gelendigini gözi bilen görýärler. Ekologlar guşlaryň köpçülikleýin ýaşaýan ýerlerini öwrenýärler, olaryň görnüşlerine we möwsümleýin göçüşine gözegçilik edýärler.

turkmenistan.gov.tm

Degişli makalalar

Türkmen Žurnalistleri “KHBS Belarusda” Halkara Sergä Gatnaşýarlar

Hytaý Halk Respublikasynyň Ilçisi Ynanç Hatlarynyň Nusgalaryny Gowşurdy

syrach

Prezident Aleksandr Lukaşenko: Biz Iki Halka Uly Peýda Getirýän Ägirt Uly Taslamany Amala Aşyrdyk

turkmenhabargullugy