Oba hojalygy we daşky gurşawy goramak ministrliginiň, şeýle hem Suw hojalygy döwlet komitetiniň hünärmenleri 3-4-nji aprelde Daşkentde geçiriljek howanyň üýtgemeginiň meseleleri boýunça Merkezi Aziýa maslahatynda Türkmenistana wekilçilik ederler.
Duşuşyk Bütindünýä bankynyň başlangyjynyň çäklerinde geçirilýär we döwlet edaralarynyň, sebit hem-de halkara guramalarynyň hünärmenleriniň 200-e golaýyny birleşdirer. Forum Araly halas etmegiň Halkara gaznasynyň Ýerine ýetiriji komitetiniň, Merkezi Aziýa Sebit ekologiýa merkeziniň we “Özgidrometiň” goldamagynda geçiriler.
Geljekki maslahatyň gün tertibinde tebigat-howa üýtgemeleriniň ugurlary, olaryň tebigat ekoulgamyna, daşky gurşawa we ilatyň saglygyna täsiri barada pikir alyşmalar göz öňünde tutulýar. Oňa gatnaşyjylar bu meselede häzirki zaman ylmy maglumatlary ara alyp maslahatlaşarlar we howanyň üýtgemeginiň ýaramaz täsirini peseltmek çäreleriniň toplumyny hem-de uýgunlaşma çärelerini bellärler.
turkmenistan.gov.tm