15.9 C
Aşkabat
24.11.2024
BAŞ SAHYPA GÜNÜŇ WAKALARY Iň Täze Habarlar YKDYSADYÝET

Nebit Promyseliniň Ýanynda Ýod Önümçiligi

Türkmenistanyň günbatarynda hereket edýän nebitpromyselleriniň birinde Uglewodorod serişdeleriniň çykarmakda ulanylýan senagat suwundan ýod önümçiliginiň ýola goýmak meýilleşdirilýär.

Şu maksat bilen «Himiýa senagaty» HJ (Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy) kenarýaka sebitinde Ekerem töwereginde täze kärhananyň önümçilik binalarynyň gurluşygyny alyp barýar. Bu ýerde elementar ýody öndürmegiň degişli usuly peýdalanylar.

Ýod alnandan soňra utilizirlenen suw ýaplarda saklanylyp, soňlugy bilen ondan beýleki himiki elementler alnar.

Şeýle hem utilizirlenen suwlar plast basyşyny saklamak üçin nebit plastlaryna doldurylyp bilner, diýip «Türkmenistan: Altyn asyr» elektron neşiri habar berýär.

oilgas.gov.tm

Degişli makalalar

Gutlag

turkmenhabargullugy

Daşoguz Welaýaty: Tut Agaçlarynyň Meýdany Giňeldilýär we Döwrebap Oba Mekdebi Gurulýar

Özbegistan Şu Gün Täze Prezidentini Saýlaýar

syrach