Hormatly Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň hökümet Baştutanlary!
Hormatly wekiliýetleriň agzalary!
Hanymlar we jenaplar!
Ilki bilen, Arkalaşygyň ýurtlarynyň hökümet ýolbaşçylaryny Aşgabatda mähirli we tüýs ýürekden mübäreklemek isleýärin. Gatnaşyjylaryň ählisine çakylygy kabul edendikleri, biziň duşuşygymyzy taýýarlamagyň hemme tapgyrlarynda işjeň we bilelikde netijeli işländikleri üçin minnetdarlyk bildirýärin.
Hormatly mejlise gatnaşyjylar!
Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygy, özboluşly, köp babatda ýeke-täk birleşik bolmak bilen, häzirki wagtda täze syýasy we ykdysady şertlerde öz işlerini amala aşyrýar, bu ýagdaýlar ählumumy ösüş meýilleri bilen şertlendirilendir.
Şunuň bilen baglylykda, biziň çuňňur ynamymyza görä, häzirki zaman dünýäsinde bolup geçýän hadysalar oýlanyşykly, düýpli seljermäni talap edýär. Munuň özi dünýä syýasatynda we ykdysadyýetinde bolup geçýän üýtgemelere degişli derejede hem-de öz wagtynda seslenmek, Arkalaşygyň çäklerinde işleriň esasy ugurlarynyň ösüşine anyk çemeleşmeleri kesgitlemek üçin zerurdyr.
Biziň ýurtlarymyz geografik taýdan birleşendir, umumy taryhy tejribä eýedir, şolary köpugurly ynsanperwer gatnaşyklar birleşdirýär we biz üýtgäp durýan häzirki zaman şertlerinde öz mynasyp ornumyzy eýelemelidiris. Elbetde, her bir döwlet, her bir halk kim bilen hem-de hyzmatdaşlygyň haýsy ugurlary boýunça gatnaşyk etmekde öz ýoluny saýlamaga haklydyr.
Ýöne GDA döwletlerine özleriniň eýe bolan tebigy artykmaçlyklaryndan, ozaly bilen bolsa, geoykdysady babatda ählumumy we yklym derejeli wakalara doly derejeli, netijeli we deňhukukly gatnaşmak üçin bu mümkinçiliklerinden peýdalanmak zerurdyr. Muňa, ilkinji nobatda, Arkalaşygyň çäklerinde hyzmatdaşlygy has giň geografiýa we ykdysady giňişliklere çykarmak boýunça Türkmenistanyň başlangyçlary gönükdirilendir.
Gürrüň, ozaly bilen, biziň 2017-nji ýylda Soçi şäherinde geçirilen GDA-nyň sammitiniň barşynda çykyş edip, ulag, logistika we energetika ulgamynda ilkinji gezek öňe süren tekliplerimiz barada barýar. Mälim bolşy ýaly, bu başlangyçlaryň esasy many-mazmuny GDA ýurtlarynyň Ýewraziýada giň gerimli düzümleýin taslamalary, Arkalaşygyň çäklerinden çykýan gündogar — günbatar we demirgazyk — günorta ugry boýunça iri taslamalary durmuşa geçirmäge has işjeň gatnaşmagyndan ybaratdyr.
GDA ýurtlarynyň şeýle taslamalara gatnaşýandygy barada eýýäm oňat mysallar bar. Her ýylda 10 — 12 million tonna ýük daşamaga ukyply Gazagystan — Türkmenistan — Eýran demir ýolunyň gurulmagy Arkalaşygyň ähli döwletleri üçin günorta ugurda — Pars aýlagy we Ýakyn Gündogar ugry boýunça ulag düzümine goşulyşmaga mümkinçilik döredýär.
Türkmenistan Özbegistan bilen bilelikde täze üstaşyr geçelgäni döredýär, ol gysga ýol bilen Eýranyň, Omanyň we Hindistanyň deňiz portlaryna çykmaga mümkinçilik berer. Biz Azerbaýjan bilen bilelikde Merkezi Aziýa, Hazar we Gara deňizleriniň sebitlerini netijeli birleşdirmegiň ugrunda işjeň işleýäris.
Bir söz bilen aýdanyňda, ägirt uly yklym giňişliklerini öz içine alýan köp şahaly birleşdirilen ulag ulgamy kemala gelýär. Şeýle görnüşde Arkalaşygyň ýurtlarynyň gatnaşmagy tebigy we bähbitli bolup durýar. Şeýle hem ol deňze göni çykalgasy bolmadyk GDA döwletleriniň kanuny bähbitleriniň üpjün edilmeginiň maksadyna laýyk gelýär.
Şunuň bilen baglylykda, geçen ýylyň maý aýynda Türkmenistanyň Hazar kenarynda Türkmenbaşy şäheriniň portuny gurmak hem-de ony döwrebaplaşdyrmak işleriniň tamamlanandygyny aýratyn nygtamak isleýärin. Häzirki wagtda bu kuwwatly, köpugurly terminal tehnikanyň iň soňky gazananlary bilen üpjün edilip, Aziýanyň we Ýewropanyň arasynda ulag gatnawlarynyň gowulandyrylmagyna gönükdirilendir. Türkmenbaşynyň porty yklym ähmiýetli ägirt uly ulag merkezleriniň biri hökmünde ykrar edildi. Onuň mümkinçiliklerini doly derejede peýdalanmagyň GDA-nyň ýurtlary üçin örän bähbitlidigi äşgärdir.
Umuman, Ýewraziýa ykdysady hyzmatdaşlygy nukdaýnazaryndan, Hazar deňzi möhüm orun eýeleýär diýip hasap edýärin. Hazar sebiti diňe bir kenarýaka ýurtlaryň özi üçin däl-de, beýleki döwletler, şol sanda GDA gatnaşyjy ýurtlar üçin hem işewürlik bähbitleriniň birleşdirilýän strategik merkezi bolmagyna gönükdirilendir. Biziň birinji Hazar ykdysady forumyny geçirmek baradaky başlangyjymyz hem şu maksada gönükdirilendir, ol şu ýylyň 12-nji awgustynda Türkmenbaşy şäherinde geçiriler.
Öňde boljak bu forumda Hazarda hut şeýle giň gerimde hyzmatdaşlygyň geljegi barada çynlakaý hem-de anyk gürrüňleriň geçiriljekdigine garaşýarys. Pursatdan peýdalanyp, GDA-nyň ähli ýurtlarynyň wekiliýetlerini oňa gatnaşmaga çagyrýaryn.
Arkalaşygyň döwletleriniň energetika ulgamynda köptaraply taslamalary durmuşa geçirmäge gatnaşmagy wajypdyr diýip hasap edýärin. Gürrüň, ilkinji nobatda, GDA bilen gündogar we günorta ugurlarda serhetdeş sebitler bolan Hytaýa, Owganystana, Pakistana, Hindistana energiýa serişdelerini uzak möhletleýin ibermek barada barýar.
Arkalaşygyň birnäçe ýurtlary Ýewraziýada iň iri uglewodorod serişdelerini öndürijileriň we iberijileriň hataryna girýär. Kuwwatly serişde binýady, üstaşyr geçirmegiň artykmaçlyklary energiýa serişdelerini halkara bazarlara ibermek boýunça iri möçberli, köp babatda täsin taslamalaryň amala aşyrylmagyna mümkinçilik berýär. Türkmenistandan Hytaýa çekilen gaz geçiriji munuň aýdyň mysalydyr. Onuň bir bölegi Özbegistanyň we Gazagystanyň çäklerinden geçirildi.
Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň taslamasy barada-da şulary aýdyp bolar. Bu ugurdaky işler eýýäm doly güýjünde barýar. Bu taslama oňa gyzyklanma bildirýän GDA döwletleriniň dürli görnüşde gatnaşmagy üçin geljegi açýar diýip pikir edýärin. Ugurdaş düzümleriň gurulmagy, hyzmatlar, taslamany amala aşyrmak üçin zerur enjamlary we tehnikalary ibermek barada hem gürrüň edip bolar.
Men energiýa akymlarynyň diwersifikasiýalaşdyrylmagy babatda Arkalaşygyň döwletleriniň öz kuwwatlyklaryny durmuşa geçirmek üçin hemme mümkinçiliklere eýedigine ynanýaryn.
Bu işlere yklymyň iri ýakynlaşdyryjy düzümleriniň goşulyşmagy üçin anyk geljek görünýär. Şol düzümlere gatnaşyjylar GDA-nyň, Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň we Ýewraziýa Ykdysady Bileleşiginiň ýurtlarydyr. Şeýle özara hereketleriň, onuň umumy bähbitlere kybap gelýändiginiň maksadalaýykdygyna ynanýaryn.
Arkalaşygyň kuwwatynyň häzir aragatnaşyk we kommunikasiýa ýaly geljegi uly ulgamda doly açylmandygyna ynanýaryn. Diňe bu ulgamda döwrebap, ygtybarly düzümleriň bolmagy biziň döwletlerimize dünýä hojalyk gatnaşyklary ulgamyna doly bahaly goşulyşmagyna, geljekde bolsa yklymda söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň öňdäki orunlaryna çykmaga mümkinçilik berer.
Geçen ýylyň 23-nji fewralynda Türkmenistan — Owganystan — Pakistan optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamynyň düýbi tutuldy. Bu waka köp döwletleri hem-de tutuş sebitleri gurşap alýan giň kommunikasiýa ulgamyny döretmek boýunça maksatnamalaryň durmuşa geçirilmeginiň başlangyjy hökmünde garaýarys. GDA boýunça hyzmatdaşlary özleriniň şeýle taslamalaryň amala aşyrylmagyna gatnaşmagynyň mümkinçiliklerini dykgatly öwrenmäge çagyrýarys.
Serhetüsti ulag, energetika, kommunikasiýa düzümleriniň gurulmagynyň häzirki wagtda döwletlerimiziň depginli ykdysady ösüşiniň, adamlaryň hal-ýagdaýynyň ýokarlanmagynyň, goşmaça iş orunlaryny döretmegiň, iri daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmegiň has pugta we esaslandyrylan kepili bolup çykyş edýändigine ynanýaryn.
Bularyň ählisi, öz nobatynda, sebit howpsuzlygynyň yzygiderli pugtalandyrylmagyna, bähbitli döwletara hyzmatdaşlygy, wehimlere bilelikde netijeli jogap bermek üçin zerur bolan oňyn syýasy ýagdaýyň döredilmegine ýardam berer.
Hormatly mejlise gatnaşyjylar!
Innowasion ösüş, ýokary tehnologiýalar ulgamynda hyzmatdaşlyk häzir biziň gatnaşyklarymyzyň iň ýokary derejede möhümi bolup çykyş edýär. Bu bolsa ýene-de häzirki zamanyň ählumumy ösüşiniň barşyndan ugur alýar, şunda innowasiýa netijelilik hem-de bäsdeşlige ukyplylyk bilen deň derejede çykyş edýär.
Men GDA döwletleriniň ählisinde innowasion ösüşiň mümkinçilikleriniň, ajaýyp ylmy mekdepleriň, öňdebaryjy tehnologik işläp taýýarlamalaryň bardygyna çuňňur ynanýaryn. Bu ugurda tagallalarymyzy birleşdirmek gerek, biziň ýurtlarymyzyň ykdysadyýetlerine aýdyň ýüze çykan innowasion häsiýet, sanly ölçegleri bermek zerurdyr.
Arkalaşygyň degişli düzümleriniň, GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň anyk teklipleri taýýarlamagynyň maksadalaýyk boljakdygyny hasap edýärin.
Elbetde, GDA-nyň çäklerinde özara söwda, haryt dolanyşygynyň möçberiniň artdyrylmagy, onuň diwersifikasiýa ýoly arkaly ösdürilmegi möhüm mesele bolmagynda galýar. Biziň ykdysadyýetlerimiziň düzümleýin utgaşmagy, bilelikdäki söwda işleriniň tejribesi bize netijeli işlemäge, ykdysady aragatnaşyklaryň we söwda amallarynyň gurallaryny kämilleşdirmäge, önümçilik, hyzmatlar ulgamynda taslamalara çykmaga mümkinçilik berýär.
Şu babatda serhetýaka hem-de sebit söwdasynyň, kiçi we orta işewürligiň eýeleýän orny möhüm bolup görünýär. Şunuň bilen baglylykda, biz bilelikdäki taslamalara, GDA-nyň çäklerinde haryt öndürijileriň sergilerini we ýarmarkalaryny giňden geçirmek arkaly, işewür jemgyýetçilikleriň ugry boýunça has ýakyndan gatnaşyk etmegi maksat edinýäris.
Hormatly wekiliýetleriň agzalary!
Parahatçylygy we howpsuzlygy ygtybarly saklamak meseleleri GDA-nyň çäklerinde hyzmatdaşlyk etmegiň gün tertibinde möhüm bolmagynda galýar.
Arkalaşygyň giňişligi dürli sebäplere görä, halkara dartgynlylygyň käbir ojaklaryna gönüden-göni ýa-da ýeterlik ýakynlykda ýerleşýär. Munuň özi biziň üns bermeli hakykatymyzdyr we şoňa görä, häzirki gün howpsuzlygy üpjün etmek işinde GDA döwletleriniň ysnyşykly, iş ýüzünde hyzmatdaşlyk etmegi has zerur bolup durýar. Şunda biziň ýurtlarymyzyň diplomatiýasy aýratyn orun eýelemäge gönükdirilendir.
Bu işlere zerur depgin bermek maksady bilen, Türkmenistan tarapyndan Arkalaşygyň döwletleriniň daşary syýasat edaralarynyň arasynda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek boýunça hereket etmegiň maksatnamasynyň taslamasy taýýarlanyldy hem-de GDA ýurtlarynyň ählisine garamaga iberildi. Biz olardan maksatnamanyň taslamasyna gelip gowşan tekliplere we maslahatlara ýokary baha berýäris. Maksatnamanyň ylalaşylan möhletde kabul ediljekdigine we mundan beýläk-de bilelikde işlemegi işjeňleşdirmäge badalga berjekdigine ynanýaryn.
GDA döwletleriniň halkara guramalarda, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasynyň, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň çäklerinde alyp barýan işleri daşary syýasat gatnaşyklarynyň möhüm ugry bolmagynda galýar. Bu düzümlerde biziň ýurtlarymyzyň işleriniň utgaşdyrylmagyny güýçlendirmek, GDA döwletleriniň umumy bähbitleri aýdyň görünýän ulgamlarda bilelikdäki başlangyçlar we teklipler bilen çykmak gerek.
Meniň pikirimçe, bu ulgamlar terrorçylyga, ekstremizme, narkotrafige, kiberjenaýatçylyga garşy göreşmek, umuman, maglumat howpsuzlygyny üpjün etmek ýaly möhüm ugurlardyr.
Häzir energetika, ekologiýa, azyk howpsuzlygyna, migrasiýa syýasatyna degişli meseleler hem möhümdir.
Medeni-ynsanperwer ulgam GDA döwletlerini we halklaryny birleşdiriji berk hem-de ygtybarly halka bolmagynda galýar. Bu ugurda köp işler amala aşyryldy we ýerine ýetirilýär, hyzmatdaşlyk yzygiderli ösdürilýär, täze ulgamlary gurşap alýar. Iň esasy zat şeýle gatnaşyklar Arkalaşygyň ýurtlarynyň halklary tarapyndan doly goldawdan peýdalanýar.
Türkmenistan GDA-nyň Başlygy hökmünde 2019-njy ýyl üçin medeni ugurly çäreleri geçirmegiň meýilnamasyny taýýarlady. Şol çäreler eýýäm başlandy. Iki hepde mundan ozal Aşgabatda GDA gatnaşyjy döwletleriň döredijilik we ylmy intelligensiýasynyň XIV forumy üstünlikli geçirildi. Ol Arkalaşygyň ähli ýurtlaryndan görnükli ylym, bilim, medeniýet we sungat işgärlerini bir ýere jemledi. Biziň ýurdumyzda beýleki çäreler hem geçiriler, şolarda biz GDA-nyň ähli döwletlerinden geljek adamlary görmäge şat bolarys.
Medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryň ösdürilmeginde çagalar we ýaşlar baradaky işler, talyplary we mugallymlary alyşmak möhüm orun eýelemelidir. Bu ýerde GDA gatnaşyjy döwletleriň Ynsanperwer hyzmatdaşlygynyň halkara gaznasynyň başlangyçlar bilen çykyş etmegine umyt edýäris hem-de oňa ýardam we goldaw bermäge taýýardyrys.
Biziň halklarymyzyň baý medeni-taryhy mirasyny öwrenmekde we wagyz etmekde, Arkalaşygyň ýurtlarynyň çäklerinde arheologiýa we etnografiýa işlerini geçirmekde, kitaphana hem-de arhiw işinde, edebi ýadygärlikleri goramakda gatnaşyklary işjeňleşdirmegi zerur diýip hasap edýärin.
Hormatly hökümet Baştutanlary!
Hormatly mejlise gatnaşyjylar!
Türkmenistan şu ýyl Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynda Başlyklyk etmegi kabul edip, bu wezipelere örän jogapkärçilikli çemeleşdi. Biz hyzmatdaşlygymyzyň neneňsi wajypdygyna örän aýdyň düşünýäris, bu bolsa, köplenç, biziň ýurtlarymyzda ýaşaýan adamlaryň bähbitlerine hem-de möhüm isleglerine gönüden-göni täsir edýär. GDA döwletleriniň arasyndaky gatnaşyklarda birek-birege hormat goýmak we deňhukuklylygy saklamak, bir-biregiň bähbitlerini göz öňünde tutmak, zerur bolanda oňşuklylygy hem-de özara kabul ederlikli çözgütleri tapmagy başarmak şonça-da wajypdyr.
Men biziň halklarymyzyň zehinine we zähmetsöýerligine, baý taryhy tejribesine daýanýan GDA-nyň mümkinçiliginiň beýikdigine hem-de köptaraplydygyna ynanýaryn. Häzir biz şol mümkinçiligi açmaga, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň diňe bir syýasy durmuşda däl, eýsem, ählumumy möçberdäki ykdysady ösüşde hem kuwwatly we oňyn ýagdaýlaryň hatarynda pugta orun eýelemegini gazanmak üçin bar bolan önümçilik, logistik, serişde, ylym, tehnologiýa mümkinçiliklerini has doly herekete getirmäge netijeli ýardam bermelidiris. Türkmenistan bu ýolda örän işjeň hyzmatdaşlyga taýýardyr.
Sözümiň ahyrynda bu ýere ýygnananlaryň ählisine üstünlikli we netijeli işlemegi arzuw etmek, Arkalaşygyň döwletlerinden bolan hyzmatdaşlara hem-de häzirki mejlisi taýýarlamakdaky we geçirmekdäki uly goşantlary üçin GDA-nyň Ýerine ýetiriji sekretary Sergeý Nikolaýewiç Lebedewe, onuň toparynyň ähli agzalaryna ýene-de bir gezek minnetdarlyk bildirmek isleýärin.
Aşgabat, 2019-njy ýylyň 31-nji maýy