17.9 C
Aşkabat
22.11.2024
DURMUŞ

Howaçylar gowy howany wada berýärler.

 ýurdumyzyň gidrometeorologiýa gullugynyň işgärleri BMG-iň başlangyjy bilen geçirilýän Meteorologiýanyň Halkara gününi belleýärler.

Türkmenistanyň ministrler kabinetiniň ýanyndaky gidrometeorologiýa boýunça Milli komiteti 1993-nji ýylyň 3-nji ýanwaryndan bäri Bütündünýä meteorologiýa guramasyna girýär. Bu gulluk häzirki zaman derejesinde meterorologiýa ylmynyň ösmeginde hökmany şerti bolan beýleki goňşy ýurtlar bilen dürli çaklama meselelerini çözmeklik üçin maglumatlary alyş-berişi hasaba almaklyk bilen öz işini alyp barýar.

gidrometereologiýa gullugynyň düzümine Gidrometeorologiýa Merkezi girýär. Merkeziň garamagynda bütin ýurduň çäginde ýüzden gowrak meteorologiki, gidrometeorologiki we agrometeorologiki bölümleri, welaýat gidrometeorologiýa merkezlerini, şeýle-de ýurdumyzyň iri uçar menzillerinde ýerleşýän awiameteorologiki merkezini we stansiýalary öz içine alýar. Olarda meteorologlar, sinoptikler, çaklaýjylar, radistler, aragatnaşykçylar we gözegçi tehnikler zähmet çekýärler.

esasy we wajyp wezipeleriniň biri ýurdumyzyň howa şertleri bilen gyzyklanýan sarp edijilerini agrogidrometeorologiki maglumatlar bilen üpjün etmekden ybaratdyr. Howa maglumaty bölüminde günde gysga we uzak wagt üçin çaklamalary, gidrologiki bölümler bolsa hepdelik gidrometeorologiki we agrometeorologiki kepilnamalary taýýarlaýarlar. Mundan başga dürli pudaklaýyn edaralara hakykatda bolýan howa şertleri barada habarlary we garaşylýan gidrologiki we atmosferiki hadysalar baradaky duýduryşlary berýärler.

gullugynyň işgärleri çöllerde, düzlüklerde, dag we dag eteklerindäki ýerlerde, şeýle-de Hazar deňziniň kenarýaka zolagynda , esasy derýalaryň uzboýuna we iri suw howdanlarynda atmosfera üýtgeşmelerine gözegçilik edýärler. Gije-gündiziň dowamynda her üç sagatdan gözegçi – meteorologlar meteorologiki üýtgeşmeleriň kanunylyklaryna düöünmek maksady bilen gymmatly we wajyp maglumatlary ýygnaýarlar. Bu maglumatlara howanyň temperaturanyň, çyglylygyň we basyşynyň görkezijileri, ýeliň ugrunyň we tizliginiň görkezijileri girýär. Alynan maglumatlar işlemeklik üçin howa bölümine we tehniki merkeze iberilýär.

Düzülýän howa çaklamalary takyklygyny gowulandyrmaklyklyga milli derejede geçirilýän okuw – seminarlaryň we maslahatlaryň dowamynda tejribe alyşmalar hem uly ýardam berýär. Halkara hyzmatdaşlygyň hem orny uly- türkmen meteorologlary Ýewropa ýurtlaryna gysga wagtlaýyn okuwlara hem gatnaşdylar. Häzirki zaman tehnikasynyň kämil kompýuter tehnologiýalaryň ulanylmagy, çaklamaçylaryň tejribe endiklerini hemişe ýokarlandyrmak, şeýle-de meteostansiýalaryň enjamlaýyn binýadyny täze kämil tehnologiýalar bilen baýlaşdyrmak çäreleri meteorologlara öz ussatlygyny meteorologiýa ylmy bilen bilelikde ýokary derejelere çykarmaklyga mümkinçilik berýär.

Degişli makalalar

Syýahatçylyk

Türkmenistan BMG-nyň Gender Deňligi Meseleleri Boýunça Düzümine Saýlanyldy

syrach

Deňziň düýbünden çykan ýyldyzlar!!!

syrach