13.9 C
Aşkabat
25.11.2024
DURMUŞ

Türkmenistanda gowaça ekiş möwsümi badalga aldy.

ýurdumyzda möhüm oba hojalyk möwsümi bolan gowaça ekişi badalga aldy. Onuň başlamagyna, mälim bolşy ýaly, Ministrler Kabinetiniň 6-njy martda bolan mejlisinde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ak pata berdi. 

Döwlet Baştutanymyzyň görkezmesine laýyklykda, şu gün Ahal, Balkan, Lebap we Mary welaýatlarynyň pagtaçylary ekişe girişdiler, ol wagty boýunça täze ýylyň başlanmagyny, baharyň dabaralanmagyny hem-de tebigatyň oýanmagyny, sahylygy we bolçulygy, adamlaryň maddy hal-ýagdaýynyň ýokarlanmagyny alamatlandyrýan ajaýyp Nowruz baýramyna gabat geldi. 

Asylly däbe görä, ekişiň başlanmagyna hormatly ýaşulular ak pata berdiler. Olar Watanymyzyň gülläp ösmegini türkmen halkynyň abadançylygyny, hormatly Prezidentimiziň il-ýurt bähbitli işleriniň rowaçlygyny dileg edip, “Her bir dänäň müň bolsun!” diýip gowaçanyň ilkinji tohumlaryny topraga sepdiler, soňra bolsa mehanizatorlar işe başladylar. 

Mälim bolşy ýaly, bu gymmatly ekini ösdürip ýetişdirmek Türkmenistanyň obasenagat toplumynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Geçen ýylda “ak altyn” ussatlary Watan harmanyna pagtanyň 1 million 235 müň tonnasyny tabşyryp, öz şertnamalaýyn borçnamalaryny artygy bilen ýerine ýetirdiler. Ýurdumyzyň pagtaçylyarynyň bu gazanan üstünligi hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen obasenagat toplumynda giňden ýaýbaňlandyrylan iri möçberli özgertmeleriň, oba hojalyk ylmynyň öňdebaryjy işläp taýýarlamalaryny önümçilige ornaşdyrmagyň, ýokary öndürijilikli tehnikanyň hem-de oňat hilli gowaça tohumyny peýdalanmagyň, agrotehniki kadalary gyşarnyksyz berjaý etmegiň äşgär netijesidir. 

“Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2012-2016-njy ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda” onda goýlan esasy wezipelerini nazara almak bilen işlenip taýýarlanylan “Türkmenistanyň oba hojalyk pudagyny ösdürmegiň 2012-2016-njy ýyllar üçin maksatnamasy” ýurdumyzyň obasenagat toplumyny hil taýdan täze sepgitlere çykarmagy we ykdysady taýdan gülläp ösýän döwlet hökmünde biziň ata Watanymyzyň ornuny has-da berkitmegi maksat edinýär. 

Şol maksatnamalary durmuşa geçirmegiň çäklerinde düzümleri döwrebaplaşdyrmaga, pagtaçylyk pudagynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny mundan beýläk-de pugtalandyrmaga, şol sanda täze häzirki zaman pagta arassalaýjy zawodlary gurmaga ilkinji nobatda üns berilýär. Ýakyn iki ýylda Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrabynda we Lebap welaýatynyň Garabekewül etrabynda her biriniň ýyllyk kuwwaty 40 müň tonna bolan, tohumlyk pagtany gaýtadan işlemäge ýöriteleşdirilýän täze pagta arassalaýjy kärhanalary gurlar. Mundan başga hem “Türkmenpagta” döwlet konserniniň buýurmasy boýunça Lebap welaýatynyň Beýik Türkmenbaşy etrabynda we Daşoguz welaýatynyň Görogly etrabynda ýerleşen pagta arassalaýjy zawodlarda täze önümçilik sehleri gurlar. 

Şu hepdäniň başynda bolsa döwlet Baştutanymyz tarapyndan ýurdumyzyň esasy oba hojalyk welaýatlarynda bu pudagyň täze desgalarynyň bada-bat üçüsini gurmak hakynda çözgüt kabul edilendigini belläp geçmeli. Her biriniň ýyllyk kuwwaty 40 müň tonna bolan, tohumlyk pagtany gaýtadan işlemek boýunça pagta arassalaýjy kärhanalary Ahal welaýatynyň Altyn asyr etrabynda hem-de Mary welaýatynyň Sakarçäge etrabynda gurlar. Daşoguz welaýatynyň Akdepe etrabynda pagta arassalaýjy kärhananyň çäklerinde täze önümçilik bölümi bina ediler. Bu kärhanalaryň gurluşygy eýýäm 2013-nji ýylyň aprel aýynda badalga alar, desgalary ulanmaga tabşyrmak 2015-nji ýylyň aprel aýynda bellenildi. 

Iň täze enjamlar bilen üpjün edilen bu kärhanalar pagta öndürmegi täze derejä çykarar. Çünki olar diňe tohumlyk pagtany gaýtadan işlemäge, oňat hilli tohumlary almaga niýetlenendir, şol tohumlar soňra bereketli türkmen topragyna ekiler we has ýokary hasyl almagyň esasy bolar. 

Şu ýyl Türkmenistanda 550 müň gektara gowaça ekiler. Edermen pagtaçylar şol ýerde 1 million 50 müň tonna “ak altyny” Watan harmanyna tabşyrmagy maksat edinýärler. 

Daşoguz welaýatynda ekiş möwsümi hemişe, bolşy ýaly, birneme gijiräk—27-nji martda badalga alar. Munuň özi demirgazyk welaýatyň howa şertleri bilen şertlenendir. 

Ekiş möwsüminiň barşynda, öňki ýyllarda bolşy ýaly, her bir welaýatyň toprak-howa häsiýetnamalaryna aýratyn üns berler. Şundan ugur almak bilen, Ahal, Balkan, Lebap we Mary welaýatlaryda esasan gowaçanyň “Ýolöten-7”, “133”, “S-2606” ýaly gowaçanyň orta süýümli sortlary ekiler. Mundan başga hem, Ahal we Mary welaýatlarynyň ekerançylary şu ýyl gowaçanyň inçe süýümli “9871-i”, “Ýolöten-14”, we beýleki sortlaryny hem ekerler, muňa ýerli şertler mümkinçilik berýär. 

“Türkmenobahyzmat” assosiasiýasynda TDH-niň habarçysyna habar berişleri ýaly, şu ýylky gowaça ekişi möwsüminde dürli kysymdaky traktorlaryň 8 müňden gowragy, ekijileriň 2 müňden gowragy, bejergi agregatlarynyň 5 müňe golaýy we ekişi bökdençsiz geçirmegi üpjün etmek, şeýle hem gowaça ideg etmek bilen bagly agrotehniki çäreleri ýerine ýetirmek üçin zerur bolan beýleki oba hojalyk gurallary işlediler. 

Ekişiň öňüsyrasynda Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň “Watan”, Balkan welaýatynyň Serdar etrabynyň “Goç”, Lebap welaýatynyň Farap etrabynyň “Farap” we Mary welaýatynyň Sakarçäge etrabynyň “Zähmet” daýhan birleşiklerinde obany mundan beýläk-de döwrebaplaşdyrmagyň möhüm meselelerine bagyşlanylan maslahatlar boldy, şolarda obasenagat toplumynyň depginli ösüşini, ýokary düşewüntliligini, oba hojalyk önümlerini öndürmegiň möçberleriniň durnukly ösüşini üpjün etmegiň ýollary ara alnyp maslahatlagşyldy. 

Welaýat we etrap häkimlikleriniň, “Türkmenpagta” döwlet konserniniň, “Türkmenobahyzmat” assosiasiýasynyň, Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrliginiň beýleki düzüm birlikleriniň, şeýle hem “Türkmenstandartlarynyň”, “Daýhanbankyň”, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylarynyň we wekilleriniň, ýaşulularyň, agronomlaryň, mehanizatorlaryň, kärendeçi pagtaçylaryň gatnaşmagynda geçirilen şol maslahatlarda “ak altynyň” bol hasylyny ösdürip ýetişdirmek bilen baglanyşykly möhüm meseleler üns merkezinde boldy. Hususan-da, gowaça ekişini guramaçylykly we öz wagtynda geçirmek, ony ösdürip ýetişdirmegiň ähli tapgyrlarynda agrotehnikanyň kadalaryny göwnejaý berjaý etmek, oba hojalyk ekinleriniň hasyllylygyny ýokarlandyrmak, oba hojalyk ýerleriniň melioratiw ýagdaýyny gowulandyrmak, suw serişdelerini we mineral dökünleri rejeli peýdalanmak, ekinleri zyýan beriji mör-möjeklerden we haşal otlardan goramak barada gürrüň edildi. 

Maslahatlara ýygnananlar öz çykyşlarynda türkmen obasyny hemmetpraplaýyn ýokary götermäge ägirt uly üns berýändigi, ýurdumyzyň ekerançylarynyň iş we durmuş şertlerini gowulandyrmak barada alada edýändigi üçin Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa çäksiz hoşallyk bildirip, milli Liderimiz tarapyndan obasenagat toplumynda geçirilýän özgertmeleri üstünlikli amala aşyrmak üçin ähli tagallalaryny, bilimlerini we tejribesini sarp etjekdigini ynandyrdylar. 

Şeýle hem onuň çäklerinde oba hojalyk tehnikasynyň we Türkmenistanyň obasenagat toplumynyň gaýtadan işleýän kärhanalarynyň önümleriniň sergileri guraldy. Welaýatlaryň artistleri, aýdym-saz we tans halk döredijiligi toparlary özleriniň gyzykly çykyşlary bilen pagtaçylaryň ruhlaryny götererler.

Degişli makalalar

Medeniýetleriň Gatnaşygy Halklaryň Ruhy Gymmatlyklaryny Artdyrýar

syrach

Türkmenistanyň Daşary Işler Ministrliginiň Habary

Aşgabat Stadionynda Gecirilen Baýramçylyk Dabaralary

syrach