6.9 C
Aşkabat
25.11.2024
GÜNÜŇ WAKALARY

Ýaşaýyş jaý kodeksi: Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 24-nji maddasy.

Türkmenistanyň raýatlarynyň kontitusion hukuklarynyň esasyny düzýän hukuklaryň arasynda – abadanlaşdyrylan ýaşaýyş jaýyny almakda ýa-de edinmekde we özbaşdak ýaşaýyş jaýyny gurmakda döwletden goldaw almaga hukugy bardyr (Türkmneistanyň Konstitusiýasynyň 24-nji maddasy) diýlip Türkmenistanyň esasy kanynda aýdylýan maddany görkezmek bolar Raýatlaryň ýaşaýyş jaýyna bolan konstitusion hukugy amala aşyrmaga we ýaşaýyş jaý bazaryny emele getormäge hem-de ösdürmäge gönükdirilen täze ykdysady gatnaşyklary düzýän hökmünde kepil bolup durýan kanuny taslama Türkmenistanyň Mejlisiniň nobatdaky on sekizinji mejlisinde kabul edildi. 

Täze Ýaşaýyş jaý kodeksi Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň erkin bazar gatnaşyklaryna çykmagynyň nazara alynmagy bilen işlenilip taýýarlanyldy we ýaşaýyş jaýlaryny bazar ýörelgeleri bilen üpjün etmäge, berk durmuş taýdan goraglylyga esaslanýan täze ykdysady mehanizimini emele getirmäge we üstünlikli işlemegine gönükdirildi. 

Kodeks raýatlara ýaşaýyş jaýlaryny hususylaşdyrmak üçin giň mümkinçilikleri berýär hem-de ýaşaýyş jaý hukuk gatnaşyklaryny sazlaşdyrmagyň täze görnüşlerini we usullaryny düýpli ornaşdyrmak bilen şertlendirilendir. Şunlukda kanun çykaryjy ýaşaýyş jaýyna hukugy, ýaşaýyş jaý gaznasyny ulanmagy sazlaşdyrmagyň düzgünini, köp öýli ýaşaýyş jaýlarynda umumy eýeçiligiň desgalaryny dolandyrmaga we peýdalanmaga, öýleriň ýakynyndaky çäkleri saklamagy amala aşyrmaga täze çemeleşmeleri işläp taýýarlady. 

Kanun çykaryjylaryň bu meselelere täzeçe çemeleşmekleri Kodeksiň üstünde işlemäge gatnaşan ähli gurluşlaryň we edaralaryň hünärmenleri tarapyndan bir agyzdan goldaw tapandygyny bellemelidiris. Bu ýaşaýyş jaý gatnaşyklaryny sazlaşdyrmakda esasy ugur boldy. 

Kodeksde hususy ýaşaýyş jaý gaznasyny peýdalanmak bilen ýüze çykýan gatnaşyklary sazlaşdyrmak meselerine aýratyn bölüm bagyşalnypdyr. Kanunçylyk namanyň düzgünlerine laýyklykdahususy jaý gaznasynyň desgalarynyň eýeçiligi diňe bir raýatlara degişli bolman, eýsem döwlete degişli däl bolmadyk görnüşe esaslanýan ýuridik şahslar hem eýe bolup biler. Şeýle hem hususy ýaşaýyş jaýynyň sany we ölçegleriniň çäklendirlmeýändigi Kodeks bilen kesgitlenendir. 

Kodeksde durmuşda eýeçilige bolan hukugyň döremeginiň täze usullarynyň kanuny taýdan berkidilmegi öz beýanyny tapýar. Olar ýaşaýyş jaýyny almak üçin uzak möhletleýi ýeňillikli karz bermegiň, ýaşaýyş jaýynyň gurluşygyna paýdar hökmünde gatnaşmak, ýaşaýyş jaý birleşigine girmek, hususylaşdyrmak arkaly we beýleki kanuny taýdan göz öňünde tutulan esaslarda amala aşyrylýar. 

Raýatlara ýaşaýyş jaýyna hususy eýeçilik hukugyny edinmegi üpjün etmekde husuy ýaşaýyş jaýyny gurmak üçin ýörite ýer gaznasyny döretmek, munuň üçin uzak möhletleýin ýeňilleşdirilen karz pul bermek ýaly çäreler hem berkidilendir, 

Ýaşaýyş jaý ulgamynda gozgalmaýan emläkleriň bazaryny döretmek we ösdürmek üçin dňwlet guramalaryna ýardam bermek borjy Kodeks tarapyndan kesgitlenendir. 

Bu kanunçylyk akty bilen hususyýetçileriň, kireýine berijileri, kireýine aljjylaryň ýaşaýyş jaýlarynyň abatlygyny üpjün etmek boýunça borçlaryny, olara dolandyryjy edaran tehniki hyzmat ediş boýunça guramany, düýpli we gündelik abatlaýyş boýunça ýaşaýyş jaý gaznasyny saýlap almak hukuklary kesgitlenýär. Şeýle hem Kodeksde döwlet ýaşaýyş jaý gaznasyna ýa-da hususy ýaşaýyş jaý gaznasyna degişli bolan ýaşaýyş jaýlary ulanylanda we abatlaýyş işleri geçirilende maliýe çykdajylaryny kesgitleýän degişli maddalar ýerleşdirilendir. 

Kodekse laýyklykda ýaşaýyş jaýyna bolan islegi kanagatlandyrmak maksady bilen fiziki we eýeçiligi döwlete degişli bolmadyk ýuridik şahslar meýletin başlangyçlarda ýaşaýyş jaý şereketi döredilýär. Şereket meýletin başlangyçlarda döredilýär. Şereket ýaşaýyş jaýlaryny gurmak, edinmek,, dolandyrmak we ony agzalarynyň ýaşamagy üçin peýdalanmak maksady bileb döredilýär. Şereketiň işini malyýeleşdirmek Kodeksiň üörite maddalarynda kesgitlenendir. Ol ýaşaýyş jaý şereketiniň agzalarynyň hususy serişdeleriniň hasabyna maliýeleşdirilýär. Şereketiň işi Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda kabul edilen Tertipnama bilen düzgünleşdirilýär. 

Täze ýaşaýyş jaý Kodeksinde köp öýli ýaşaýyş jaýlaryny dolandyrmak boýunça ýaşaýyş jaý gatnaşyklaryny hukuk taýdan sazlaşdyrmakda düýpli özgertmelere eýedir. Hususanda, köp öýli ýaşaýyş jaýlarynda ýaşaýyş jaý eýeleriniň ählisi bilelikde işini jemgyýetçilik öz-özüňi dolandyryş başlangyçlarynda amala aşyrýan ýaşaýyş jaý eýeleriniň şereketini emele getirýär.. ýaşaýyş jaý eýeleriniň şereketiniň esasy wezipesi köp öýli ýaşaýyş jaýynyň ulanylmagyny we saklanylmagyny üpjün etmek, köp öýli ýaşaýyş jaýynda umumy emläge eýelik etmegiň we peýdalanmagyň şertlerini we tertibini bilelikde kesgitlemek bolup durýar. Şeýle hem Kodeksiň degişli maddalary bilen köp öýli ýaşaýyş jaýlarynda ýaşaýyş jaýynyň her bir eýesiniň jaýy umumy we onuň ýanaşyk ýerlerini umumy saklamak boýunça maliýe çykdajylarynda paýy kesgitlenendir. 

Ýaşaýyş jaý Kodeksiniň durmuşy nazarlaýan kanundygyny bellemek zerurdyr. Şeýlelelikde, kanun çykaryjy ýaşaýyş jaý şertlerini gowlandyrmaga mätäç adamlaryň – eklenjinde çagalykdan maýyp bolan çagasy bolanlar, dört we ondan hem köp çagany terbiýeleýänler döwlet tarapynda goldw bermäge hasaba alynmaly diýip kesgitleýär. Kodeksiň 65-nji maddasynda bu esaslar mese-mälim giňeldilipdir. 

Kodeksde döwlet ýaşaýyş jaý gaznasyndan ilkinji nobatda we nobatsyz ýaşaýyş jaýyny almaga gukukugy bolab raýatlar kesgitlenipdir. Gulluk ýa-da jemgyýetçilik, harby gulluk borçlaryny ýerine ýetirenlerinde, hukuk tertibini goranlarynda wepet bolan adamlaryň we baýleki raýatlyk borçlaryny ýerine ýetirmrgi sebäpli I we II topar maýyplygy bolan adamlar degişlidir. 

Eneleigi we çagalygy goramaga möhüm ähmiýet bermek bilen, kanun çykaryjy döwlet ýaşaýyş jaý gaznasyndan ilkinji nobatda jaý almaga degişli bolan, Türkmenistanda köp çagalylar üçin „Ene mähri” hormatly ady dakmagy tassyklady. Bu topara köp çagaly maşgalalar, dört we ondan hem çagany tebiýeläp ýetişdirenler, ýeke ýaşaýan eneler degişlidir. 

Kodeksiň ýene-de bir ähmiýetli tarapy, ol hem bolsa, döwlet ýerli ýaşaýyş jaý gaznasyndan ýaşaýyş jaýyny, ýyladylşy, elektrink energiýasyny mugt peýdalanmak bolup durýar. Meselem, Türkmenistanyň Ýaşaýyş jaý Kodeksiniň 101-nji maddasynda oba ýerlerinde, ilatly ýerleriň daşynda (Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenen halatlarda – şäherçelerde) işleýän we ýaşaýan hünärmenler ýylatmak we elektrik energiýasy bilen ýaşaýyş jaýyndan mugt peýdalanýar diýlip bellenilýär. Ýaşaýyş jaý Kodeksiniň 98-nji maddasynyň ikinji bölüminde Türkmenistanyň kanunçylygy bilen kesgitlenen möçberleriň çäklerinde suw, gaz we elektrik energiýasy bilenöpjün etmek bellenilen tertipde amala aşyrylýar diýlip bellenilýär. 

Kodeksde ýaşaýyş jaý gaznasynyň görnüşleriniň berkidilmegi hem üns bermeli meseläniň biridir. Kanun çykaryjy ilkinji sapar ýaşaýyş jaý gaznasynyň maksatlaýyn ulanylmagyna kesgitleme berýär. Ol durmuş maksatly peýdalanylaýn gaznasy, ýöriteleşdirilen ýaşaýyş jaý gaznasy, täjirçilik ýaşaýyş jaý gaznasy, ýagny ol durmuşyň hemme ugurlaryny öz içine alýan bölümlerden ybaratdyr. 

Şeýle hem Kodeksde ýaşaýyş jaýlarynyň görnüşleri, nämä niýetlenendigi, ýaşaýyş jaýlaryny ýaşalmaýan jaýa öwürmegiň düzgünleri, gaýtana enjamlaşdyrmagyň weonuň meýilleşdirilmeginiň üýtgedilmegi bilen bagly meseleler kesgitlenendir. Kodeksiň 22-nji maddasy gaýtadan enjamlaşdyrmak ýa-da meýilleşdirilşini üýtgetmegiň taslamasyny boümak bilen geçirilen ýaşayş jaýyň gaýtadan enjamlaşdyrylmagy ýa-da meýilleşdirilşiniň üýtgedilemgi baş-başdaklyk hasap edilýär diýip kesgitleme berilýär. 

Kodeksde ygtyýarly döwlet edarasynyň ýaşýyş jaý gatnaşyklaryny dolandyrmak boýunça degişli döwlet häkimiýet guramalarynyň ygtyýarlyklary anyk kesgitlenilýär. Meselem, Kodeksiň 8-nji maddasynda ýaşaýyş jaýlaryny ulanmakda we olary abat saklamakda ýaşaýjylara ýardam bermek, gurluşyk etmek, ýaşaýyş jaýlaryna ýanaşyk ýer böleklerini peýdalanmak we abadanlaşdyrmak kadalarynyň berjaý edilşine jemgyýetçilik gözegçiligini amala aşyrmak, degişli guramalar ýaşaýjylaryň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowlandymak barada teklip bilen degişli guramala ýüz tutmaga ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary borçly edilýär. 

Şeýlelikde, Türkmenistanyň täze ýaşaýyş jaý Kodeksiniň kabul edilmegi bilen, dürli ýaşaýyş jaý hukuk gatnaşyklaryny beýan edýän ýurduň kanunçylyk binýady üsti berk kanunçylyk akty bilen ýetirildi.

Degişli makalalar

«Türkmenstandartlary» Gullugy Halkara Akkreditasiýasyny Tassyklady

turkmenhabargullugy

GUTLAG

syrach

Gurbanguly Berdimuhamedow Türkiýä Resmi İş Saparynda Bolar

syrach