8.9 C
Aşkabat
22.11.2024
DURMUŞ

Köşi ýaşaýyş jaý kiçi etrapçasy gurulýar.

Paýtagtda Köşi köçesiniň günbatar tarapynda ähli amatlyklary bolan 4 gatly 25 sany ýaşaýyş jaýynyň gurluşygy tamamlaýjy tapgyra gadam basdy. Şu ýyly fewral aýynyň ortalarynda eýýäm bu jaýlaryň 9-sy ulanylmaga berildi we olara ýaşaýjylar göçüp bardylar. 

Häzirki wagtda ýaşaýyş jaýlarynyň ýene-de 7-si ulanylmaga taýýar edildi, olaryň ikisinde bolsa dükan bardyr. Şu günler bu ýerde ýyladyş we suw üpjünçiligi ulgamlaryny sazlamak işleri alnyp barylýar. Bu ýaşaýyş jaý kiçi etrapçasynyň desgalarynyň soňky bölekleriniň gurluşygy tamamlanyp barýar. Häzirki wagtda bu ýerde bezeg işleri, şeýle hem elektrik energiýasyny geçiriji ugurlary we lagym ulgamyny sazlaşdyrmak işleri alnyp barylýar. 

Gurluşyk işlerini alyp barmak kompanyýalaryň ýedisine ynanyldy, olaryň altysy daşary ýurt we birisi bolsa türkmen kompaniýasydyr. 

Ähli amatlyklary bolan bu täze 25 sany ýaşaýyş jaýlarynda umumylykda 930 sany öý bolar. Bu kiçi etrapçasynyň çäklerinde senagat we azyk harytlary satylýan dükanlaryň 7-si bolar. Ýaşaýyş jaýlaryna ýanaşyk ýerler abadanlaşdyrylar. Ol ýerlerde çagalar we sport meýdançalary, awtomatiki usulda suwarylýan ulgamly gök zolaklary, ýyladyş-suw-energiýa üpjünçiligi, ýangyna garşy suwlaryň berleşýän howuzlary gurular, yşyklandyryjylar bilen üpjün ediler. 

Şertnamalyn borçnamanyň şertlerine laýyklykda, potratçylar Köşi köçesiniň ugrunda ýerleşýän ýaşaýyş jaý kiçi etrapçasynyň giň göwrümli gurluşygyny eýýäm şu ýylyň sentýabr aýynda doly tamamlamagy göz öňünde tutýarlar.

Degişli makalalar

Gyzyl kitap barada maglumat.

syrach

Türkmenistanyň Prezidenti Russiýa Federasiýasynyň Goranmak Ministriniň Orunbasaryny Kabul Etdi

turkmenhabargullugy

Maslahat Köşgündäki Baýramçylyk Konserti

syrach