9.9 C
Aşkabat
25.11.2024
BAŞ SAHYPA DÜNÝÄ GÜNÜŇ WAKALARY Iň Täze Habarlar SPORT

Iň Uly Üç Stadion

Futbol, gürrüňsiz, iň meşhur sport görnüşi. Dünýä ilatynyň ýaryndan gowragy futbolyň janköýeri. Şonuň üçin dürli döwletlerde dünýä çempionatlary mynasybetli biri-birinden uly stadionlar guruldy. Olara onmüňlerçe tomaşaçy ýerleşýär.

FIFA-nyň maglumatlaryna görä, 2000-nji ýylda Ýer ýüzünde 250 million futbolçy bardy. Şol wagt muşdaklaryň sany bolsa 1,3 milliarddan geçýärdi. 2010-njy ýyldaky dünýä çempionatyna diňe «mawy ekran» arkaly 3,2 milliardan gowrak adam tomaşa etdi. 2014-nji ýyldaky dünýä çempionatyndan bolsa FIFA diňe göni ýaýlymlardan 1,7 milliard dollar girdeji gazandy.

Eýsem, dünýädäki iň uly üç stadion haýsylarka? Geliň, sowalymyza jogap bereliň!

1. Birinji maý Rungrado stadiony: Bu stadion Koreýa Halk Demoktarik Respublikasynyň Phenýan şäherinde ýerleşýär. Ol häzir dünýäniň iň uly stadiony hasaplanylýar. Stadion 114 müň tomaşaça niýetlenilendir. Gurluşygy 1989-njy ýylda tamamlanan stadionda halkara futbol duşuşyklary we iri sport çäreleri geçirilýär. Stadionyň umumy meýdany 207 müň inedördül metri eýeleýär.

2. Melburndaky kriket meýdany: adyndan hem belli bolşy ýaly, kriket ýaryşlaryny geçirmäge niýelenen stadionda Awstarliýadaky iri futbol duşuşyklary hem geçirilýär. Üýtgeşik dizaýny bilen dünýäniň başga hiç bir stadionyna meňzemeýän toplumda 100 müň 24 tomaşa niýetlenen orun bar.

3. Kamp Nau: bu stadiona 99 müň 354 tomaşaçy ýerleşýär. Ol Ispaniýanyň Barselona şäherinde ýerleşýän stadion «Barselona» futbol klubyna degişlidir. Taryhy maglumatlara görä, stadionyň gurluşygy 1957-nji ýylda tamamlandy. Bu ýerde 1989-njy we 1999-njy ýyllar aralygynda Ýewropa kubogynyň, Karolyk kubogynyň finaly, UEFA-nyň Naýbaşy kubogy ugrundaky duşuşyk ýaly köp sanly iri futbol duşuşyklary geçirildi.

Çeşme: https://www.atavatan-turkmenistan.com/tk/news_details.php?news_id=NDQ5NQ==

Degişli makalalar

Russiýa-Abhaziýa hyzmatdaşlyk şertnamasy.

syrach

Türkmen Seçgiçileri Gowaçanyň Yssa we Gurak Howa Durnukly Görnüşlerini Oýlap Tapmagyň Üstünde Işleýärler

Goňşy Özbegistanyň Çagalary Awaza Dynç Almaga Geldiler

turkmenhabargullugy