«Türkmenhimiýa» Döwlet konserniniň «Garabogazkarbamid» zawody himiýa önümlerini iri eksport ediji kärhanadyr. Ýylyň başyndan bäri zawodda öndürilen dökünleriň üçden iki bölegi -261 müň tonna dökün daşary ýurtlara ugradyldy. Türkmen karbamidine dünýä mineral dökünler bazarlarynda uly isleg bildirilýär. Olary Bolgariýa, Türkiýe, Rumyniýa, Ispaniýa we beýleki ýurtlar satyn alýarlar.
Geçen ýylyň sentýabr aýynda işe girizilen, doly awtomatlaşdyrylan kärhana sebitde kybapdaşy ýokdur. Ol Daniýanyň, Italiýanyň, Gollandiýanyň we ABŞ-nyň tehnologiýalary bilen üpjün edilendir. Zawodyň önümlerini çalt ibermäge ýörüte gämi duralgasy ýardam edýär, onda karbamid gämilere transpotýor arkaly ýüklenilýär, bu bolsa deňizden ýük ugratmagy ýeňilleşdirýär we işiň düşýän gymmatyny arzanladýar.
Dünýä bazarlarynda täze himiýa önümçiliginiň önümlerine barha artýan isleg, şeýle hem logistik artykmaçlyklary ýurtda tebigy gazy gaýtadan işlemegiň möçberiniň artmagyny, şeýle hem uglewodorod önümleriniň eksportuny diwersifikasiýalaşdyrmagy şertlendirýär.