Gepleşikler şu gün hem dowam etdirilýär.
Gazagystanyň Almaty şäherinde ýadro maksatnamasy bilen baglanşykly gepleşiklere gatnaşan Eýranyň, ABŞ-nyň, Russiýanyň, Hytaýyň, Fransiýanyň, Britaniýanyň we Germaniýanyň wekillerinden ybarat bolan 5+1 ýurtlarynyň wekilleri “urany baýlaşdyrmagy bes et” çagyryşyna jogap bermedi.
Waşingtonda beýanat beren ABŞ-nyň DİM-niň metbugat geňeşçisi Wiktoria Nuland Eýranyň toparyň talaplaryna jogap bermändigini, gepleşikleriň depginli geçendigini aýtdy.
Eýran tarapyndan bolsa ilkinji beýanat Eýranyň wekiliýetiň başlygy Ali Bageri tarapyndan berildi. Bageri Eýranyň täze teklibini taraplara hödürländigini aýtdy.
Şol teklibiň geçen ýyl Moskwada geçirilen gepleşiklerde hödürlenen teklipleri öz içine alýandygyny nygtan Bageri 5+1 topary bilen täze gatnaşyklaryň açylmagy üçin teklibiň geriminiň giňeldilendigini, detallaryň üstünde işlemäge dowam etjekdiklerini aýtdy.
ABŞ-nyň başda durmagynda günbatar ýurtlary Eýrany ýadro ýaragyny öndürmek üçin iş alyp barmakda aýyplaýar.
Eýran bolsa alynyp barylýan işleriň diňe energiýa öndürmäge gönükdirlendigini öňe sürýär.
5+1 toparyna girýän ýurtlar urany baýlaşdyryş işlerini bes etmegiň öwezinde Eýrana goýlan embargonyň ýeňilleşdirilmegini teklip edýär.