17.9 C
Aşkabat
22.11.2024
GÜNÜŇ WAKALARY

Türkmenobahyzmatyna CLAAS kompaniýasynyň bäş ýüz «Axion-850» traktory geldi.

“Türkmenobahyzmata” nemes ulag gurluşyk CLAAS kompaniýasynyň bäş ýüz «Axion-850» traktorlary geldi. 

Geçen ýylyň awgust aýynda traktorlaryň getirilmegine badalga berildi. Her getirilen topar sebitlere paýlananda meýdanda alnyp barylýan işlere göni başlar ýaly gurnaldy. Umuman aýdanymyzda geçen ýylyň maý aýynda ylalaşylan şertnama esasynda gelen traktorlar ýurdumyzyň welaýatlarynyň ählisiniň tehnikasynyň üstüni doldy. Iň soňky gelen traktorlar Mary welaýatyna iberildi. 

Täze traktorlar olara düşýän agramyna laýyklykda öz kuwwatyny 225-den 260 at güýjüne çenli kuwwatyny üýtgedip bolýan ulgam bilen üpjün edilen. Şoňa laýyklykda ýangyç netijeli harçlanýar we traktorlary oýlanyşykly ulanylýar. Lemken kompaniýasynyň «EurOpal» azallary üpjün edilen traktorlar dürli toprak we howa ýagdaýlarynda meýdanlarda dürli taraplaýyn işleri geçirip bilýňrler. 

Tehnikanyň has netijeli we doly ulanmaklygy ýola goýmak maksady bilen Türkmenistanyň welaýatlaryndan bolan inženerler topary Germaniýanyň GLAAS kompaniýasynyň okuw bazasynda hünňr derejelerini kämilleşdirýärler, tejribeligini Fransiýanyň öndüriji zawodlarynda geçýärler. Türkmenistanyň çäklerinde mehanikleriň okuwlay geçirilýär. Şertnama laýyklykda 50 inženeri we bir müň sany mehanikleri okatmaklyk göz öňünde tutuldy. Okuwlar şu ýylyň dowamynda geçiriler. 

Özüniň bir asyra barabar ýaşyny belleýän GLAAS kompaniýasy bilen Türkenistanyň arasynda hyzmatdaşlyk 2007-nji ýyldan bäri dowam edýär we şu gelen traktorlar , hyzmatdaşlygyň dowamyndaky iň iri taslamadyr.

Degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidenti Gyrgyz Respublikasynyň Prezidentine Gynanç Hatyny Iberdi

Saýlawlara taýýarlyk çäreleri dowam edýär.

syrach

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmen Halkyna Täze Ýyl Gutlagy

turkmenhabargullugy