Türkiýe bilen Türkmenistan ekerançylyk pudagynda ýakyndan hyzmatdaşlyk eder.
İki ýurduň arasynda ekerançylyk pudagynda hyzmatdaşlyk edilmegi bilen baglanşykly şetnama baglaşylmagy meselesinde ylalaşyga gelindi.
Türkmen bedewiniň baýramyna bagyşlanan dabaralara gatnaşmak üçin Aşgabada giden Türkiýäniň Azyk, ekerançylyk we maldarçylyk ministri Mehdi Eker saparynyň çäginde Ministrler Kabinetiniň Agro senagat pudagy boýunça orunbasary Annageldi Ýazmyradow bilen duşuşdy.
Türkiýäniň maldarçylyk, tohumçylyk, gök we miwe önümçiligi boýunça Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk etmek isleýändiklerini aýdan Mehdi Eker, iki ýurduň arasynda ekerançylyk pudagynda hyzmatdaşlyk edilmegi bilen baglanşykly şetnama gol çekişilmegi bilen gatnaşyklaryň pugtalanjakdygyny aýtdy.
Türkiýäniň Azyk, ekerançylyk we maldarçylyk ministri Mehdi Eker bar bolan ekerançylyk potensialyndan ýeterlik peýdalanylmaýandygyna ünsi çekip, Türkmenistan bilen oba hojalyk önümleriniň eksportynda we importunda islenýän derejä ýetmek üçin hyzmatdaşlygyň ýokarlandyrylmagynyň ähmiýetini nygtady.
Ministrler Kabinetiniň Agro senagat pudagy boýunça orunbasary Annageldi Ýazmyradow hem Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň ekerançylyk pudagyndaky hyzmatdaşlykdan anyk netije alynmagy üçin görkezme berendigini we etabyň gysga wagtda netijelenmegini arzuw edýändiklerini aýtdy.