8.9 C
Aşkabat
22.11.2024
BAŞ SAHYPA DURMUŞ GÜNÜŇ WAKALARY Iň Täze Habarlar SYÝASAT

Türkmenistanda Kipr Respublikasynyň Adatdan Daşary we Doly Ygtyýarly Ilçisi Işe Başlady

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Mejlisiň Başlygy G.Mämmedowa şu gün Kipr Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Andreas Zinonosdan ynanç hatyny kabul etdi.

Milli parlamentiň ýolbaşçysy doly ygtyýarly wekili ýokary diplomatik wezipä bellenilmegi bilen döwlet Baştutanymyzyň adyndan gutlady hem-de iki ýurduň arasynda dostluk gatnaşyklaryny pugtalandyrmakda we hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmekde üstünlikleri arzuw etdi.

Hoşniýetli arzuwlary üçin hoşallyk bildirip, ilçi, öz nobatynda, wekilçilik edýän ýurdunyň ýolbaşçylarynyň hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa mähirli salamyny ýetirdi hem-de iki döwletiň bähbidine hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin tejribesini we bilimini gaýgyrmajakdygyna ynandyrdy.

Doly ygtyýarly wekil Kipr Respublikasynda türkmen Lideriniň alyp barýan daşary syýasatynyň hem-de öňe sürýän möhüm halkara başlangyçlarynyň doly goldanylýandygyny nygtap, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk halkara-hukuk derejesiniň şu ýyl bellenilýän şanly senesiniň 25 ýyllygynyň dünýä bileleşigi üçin ähmiýetini aýratyn belledi.

Şunuň bilen baglylykda, milli parlamentiň ýolbaşçysy hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça türkmen, iňlis we rus dillerinde resmi saýtyň işlenilip taýýarlanylandygyny hem-de internete goýberilendigini, şonda Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 25 ýyllyk baýramçylygyna bagyşlanan çäreler hakynda zerur habarlaryň hem-de ýurdumyzda we onuň ykdysady we durmuş ulgamlarynda gazanylan üstünlikler baradaky umumy maglumatlaryň ýerleşdirilýändigini habar berdi.

Söhbetdeşligiň dowamynda diplomat döwletimiziň gülläp ösmegine we türkmen halkynyň abadançylygyna gönükdirilen giň gerimli durmuş-ykdysady we ykdysadyýetimizi sanlylaşdyrmak hem-de ýurdumyzy senagatlaşdyrmak boýunça taslamalar bilen tanyşdyryldy.

Mejlisiň alyp barýan işleri, döwlet Baştutanymyzyň başlangyjy boýunça amala aşyrylýan demokratik özgertmeler bilen baglylykda, onuň orny gürrüňdeşligiň aýratyn meselesi boldy. Şunda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmagyň möhüm şerti bolan parlamentara gatnaşyklary işjeňleşdirmegiň ähmiýeti barada pikir aýdyldy.

Kiprde Türkmenistanyň ähli babatda okgunly ösüşine uly gyzyklanma bildirilýär, bu ösüşler hyzmatdaşlygy giňeltmek, şol sanda iri halkara guramalaryň, hususan-da, BMG-niň çäklerinde gatnaşyklary ösdürmek üçin täze mümkinçilikleri açýar diýip, diplomat belledi. Söwda-ykdysady we ynsanperwer gatnaşyklary, ylym-bilim ulgamy, syýahatçylyk pudagy ugurlarynda hyzmatdaşlygyň uly geljegi bar.

Söhbetdeşligiň ahyrynda milli parlamentiň ýolbaşçysy ilçä hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly kitabyny sowgat berdi.

***
Şu gün Kipr Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Daşary işler ministrliginde kabul edildi, duşuşykda özara bähbitli hyzmatdaşlygyň dürli ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.

Medeni maksatnamanyň çäklerinde jenap Andreas Zinonos «Nusaý» döwlet taryhy-arheologiýa toplumyna baryp görer, Türkmen halysynyň milli muzeýiniň gymmatlyklary hem-de Aşgabadyň beýleki ajaýyp künjekleri bilen tanşar.

Degişli makalalar

Pudaklaýyn Forumlar-2018: Ýangyç-Energetika Toplumynyň Gazananlary we Geljegi

turkmenhabargullugy

Ahalteke Bedewlerine Bagyşlanan Döredijilik Işleriniň Bäsleşik Sergisi Wideo

Gözellik Nusgasy Türkmen Halysy Atly Halkara Sergi Fotosuratlary