13.9 C
Aşkabat
21.11.2024
BAŞ SAHYPA DURMUŞ GÜNÜŇ WAKALARY Iň Täze Habarlar

Watanymyzyň Sebitlerinde Täze Jaýlar Açyldy

Watan goragçylarynyň gününde Amyderýanyň boýundaky şäherde Lebap welaýatynyň Polisiýa müdirliginiň işgärleri üçin niýetlenen döwrebap ýaşaýyş jaý toplumynyň açylyş dabarasy boldy.

Welaýat we şäher häkimlikleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleriniň, ýaşulularyň gatnaşan dabarasynyň barşynda döredijilik toparlary sazly çykyşlary bilen Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň parasatly ýolbaşçylygynda amala aşyrylýan beýik işleri wasp etdiler. Işde tapawutlanan gurluşykçylara gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.

«Lebapobataslama» institutynyň binagärleri tarapyndan taslamasy düzülen ýaşaýyş jaý toplumy welaýatyň dolandyryş merkeziniň günorta böleginde Zergär demirbeton önümleri zawodynyň gurluşykçylary tarapyndan guruldy. 4 gatly jaýlaryň dördüsinden ybarat bolan toplumda şu gün polisiýa işgärleriniň maşgalalary jaý toýlaryny tutdylar.

Döwrebap timarlaýyş serişdelerini peýdalanmak bilen gurlan bu jaýlaryň her biri 3 we 4 otagly öýlerden ybarat bolup, şolarda durmuş tehnikalary hem-de mebelleri bilen üpjün edilen aşhanalar we eýwanlar guruldy.

Ýaşaýyş topluma ýanaşyk ýerler doly abadanlaşdyryldy, şol ýerlerde çagalar üçin niýetlenen hem-de sport bilen meşgullanmak üçin meýdançalar, dynç alyş zolaklary göz öňünde tutuldy.

Watan goragçylarynyň gününiň öň ýanynda Saýat, Hojambaz we Döwletli etraplarynda Türkmenistanyň Milli howpsuslyk ministrliginiň etrap bölüminiň işgärleri üçin edara jaýlarynyň we ýaşaýyş jaýlarynyň dabaraly açylyşy boldy.

Täze jaýlara göçüp gelenler Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedowa harby hem-de hukuk goraýjy edaralaryň gullukçylarynyň we işgärleriniň hem-de olaryň maşgala agzalarynyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň yzygiderli gowulandyrylýandygy üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler.

Çykyş edenler milli Liderimizi geljekde hem mähriban halkymyzyň asuda we abadan durmuşynyň ygtybarly goralmagyny üpjün etmek babatda öz mukaddes borçlaryny päk ýürekden ýerine ýetirjekdiklerine ynandyrdylar.

Degişli makalalar

Ajy Tüsse-Jana Gussa

18 ýaşa çenli gyzlaryň arasynda küşt oýny geçirildi.

syrach

Prezidentimiz Aziýanyň Sport Metbugaty Assosiasiýasynyň Altyn Medaly Bilen Sylaglandy

syrach