6.9 C
Aşkabat
25.11.2024
BAŞ SAHYPA DURMUŞ GÜNÜŇ WAKALARY Iň Täze Habarlar YLYM

Döredijilik Bäsleşiginiň Ýeňijileri Sylaglandy

Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Merkezi serkerdeler öýünde «Milli goşun» žurnalynyň redaksiýasy we Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi bilen bilelikde «Gaýratyňyz egsilmesin, mertebäňiz beýgelsin!» atly döredijilik bäsleşiginiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy geçirildi.

Çäre döwrümiziň zehinli şahyrlarynyň, ýazyjylar we žurnalistleriň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleriniň, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň harby gullukçylarynyň, harby talyplardyr harby okuwçylaryň hem-de döredijilik bäsleşiginiň ýeňijileriniň gatnaşmagynda geçirildi. Dabaranyň dowamynda Merkezi serkerdeler öýüniň «Merdana nesiller» aýdym-saz toparynyň agzalary tarapyndan aýdym-sazly çykyşlar guraldy.

Bäsleşigiň şertleri boýunça bäsleşige gatnaşyjylar watançylyk temasyna degişli bir proza ýa-da goşgy eserlerini hödürlediler. Bäsleşige döredijilik işi bilen 150 golaý awtorlar gatnaşdy. Bäsleşikde dört sany esasy baýrakly orun, şeýle-de bäsleşikde aýratyn tapawutlanan eserleriň awtorlarynyň birnäçesine höweslendirji baýraklar dabaraly ýagdaýda gowşuryldy. Esasy baýrakly orunlaryň tertibi şeýle kesgitlenildi:

Baş baýrak (Redmi note 8) – Gülnar Geldimyradowa, «Eserim».

1-nji ýer (tozan sorujy) – Saparnepes Atabaýew, «Deňizçi esgeriňhaty».

2-nji ýer (mikrotolkunly peç) – Serdar Açylow, «Watandan uzakda».

3-nji ýer (akylly sagat) – Aknur Rozyýewa, «Bäbekli».

– Bäsleşik ýaş zehinli awtorlary ýüze çykarmaga mümkinçilik döretdi. Bäsleşige gelen 150-den gowrak eserleriň arasynda mynasyp eserleri tapmak – bu eýýäm uly şowlulyk. Biz bolsa ondan has köp tapdyk! Şonuň üçin, meniň pikirimçe, bäsleşik örän şowly geçirildi we ýurdumyzyň ýaşlarynyň döredijilik ukyplaryny açmaga ajaýyp mümkinçilik boldy – diýip, habarçymyza şahyr Gülşirin Hanowa aýtdy.

Çärede çykyş eden myhmanlar harby gullukçylaryň hünär baýramçylygynyň – Watan goragçylary gününiň giňden bellenip geçirilmegine hem öz goşandyny goşdy diýip nygtadylar. Şeýle-de, bäsleşige gatnaşyjylaryň sosial torlarda ýaýradan Watan goragçylary güni mynasybetli taýýarlanan ýörite elektron gutlaglary hem ýardam etdi.

Guramaçylaryň nygtaýşyna görä, ýakynda redaksiýa ýurdumyzda giňden bellenilýän şanly senelere bagyşlanan ýene-de birnäçe bäsleşikleri geçirmegi meýilleşdirýär. Bäsleşikleriň geçirilmegi barada bildirişler www.milligosun.gov.tm web-saýtymyzda çap ediler.

çeşme: milli goşun

Degişli makalalar

Köşi ýaşaýyş jaý kiçi etrapçasy gurulýar.

syrach

Köpasyrlyk Taryhy Pursatlarda Ýurdumyzyň Täze Ýyl Ýazgysy

syrach

29-31-nji Martda Belarus Respublikasynyň Prezidentiniň Türkmenistana Resmi Sapary Bolar