Söwda halk hojalyk toplumynyň okgunly ösýän ulgamlarynyň biridir. Ol milli ykdysadyýetde özgertmeleri, bazar gatnaşyklaryna geçiş şertlerinde onuň aýratynlyklaryny aýdyňlyk bilen görkezýär. Söwda toplumynyň ösdürilmeginiň durmuş abadançylygynyň — hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň durmuşa geçirýän durmuş-ykdysady özgertmeleriniň üstünlige eýe bolýandygynyň möhüm görkezijisidigini aýtmak bolar.
Daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürmek, oba hojalygyny, gaýtadan işleýän önümçilikleri ösdürmek hem-de türkmen ykdysadyýeti üçin täze senagat ugurlaryny döretmek boýunça giň gerimli işleriň amala aşyrylmagy netijesinde ýurdumyzda çykarylýan bäsdeşlige ukyply önümleriň sanawy barha artýar.
Içerki haryt dolanyşygynyň möçberiniň artmagy ilatymyzyň abadançylygynyň we ýaşaýyş-durmuş derejesiniň has-da ýokarlanýandygyna şaýatlyk edýär. Daşary söwda dolanyşygynda importyň we eksportyň düzümleýin paýy bolsa döwletara hyzmatdaşlygyň ugurlaryny, ýurdumyzyň önüm öndürijileriniň barha berkeýän işewürlik gatnaşyklaryny aýdyň görkezýär, şonuň netijesinde Türkmenistanda öndürilen önümleriň daşary ýurtlara iberilişiniň gerimi barha giňelýär.
Türkmenistanyň eksportynyň möçberi 2018-nji ýyldaky bilen deňeşdirilende, ençeme esse ýokarlandy. Mundan başga-da, eksportyň düzüminde täze harytlar peýda boldy, daşary ýurtlara iberilýän oba hojalyk azyk önümleriniň mukdary ep-esli artdy.
2019-njy ýylyň başynda döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň garamagyna Türkmenistanda hereket edýän söwda desgalarynyň işini kämilleşdirmek maksady bilen, şolary hasaba almagyň tertibi hödürlenildi.
Bitewi sanaw hem-de elektron görnüşinde maglumatlaryň ýygnalmagy döwrebap tehnologiýalary we innowasiýalary giňden ulanmagyň hasabyna söwda ulgamynyň netijeliligini ýokarlandyrmaga ýardam etmelidir we ahyrky netijede, ilatyň harytlara hem-de hyzmatlara bolan isleglerini doly kanagatlandyrmaga mümkinçilik berer. Mundan başga-da, söwda pudagynyň doly maglumat binýadynyň döredilmegi ony ösdürmegiň maksatnamalaryny işläp taýýarlamaga ýardam eder.
Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz tutuş söwda ulgamyny guramagy, dolandyrmagy we maglumatlaşdyrmagy gowulandyrmak, onuň hojalyk ulgamlarynyň jogapkärçiligini ýokarlandyrmak üçin döwrebap gural hökmünde şeýle hasaby ýöretmegiň daşary ýurt tejribesini öwrenmegiň we ornaşdyrmagyň wajypdygyny nygtady. Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow söwda ulgamynyň kärhanalarynyň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmegiň, alyjylaryň isleglerini öwrenmegiň, ilata hyzmat etmegiň medeniýetini ýokarlandyrmagyň möhümdigini belledi.
Ýurdumyzda eksport-import amallaryny kadalaşdyrmagyň esasy edarasy hökmünde Döwlet haryt-çig mal biržasynyň işini gowulandyrmak boýunça möhüm çäreler görüldi. Hususan-da, Türkmenistanyň nebitgaz pudagynyň, oba hojalyk toplumynyň, senagat we kommunikasiýa toplumynyň harytlyk önümlerini daşary ýurtlara ýerlemek boýunça birža söwdalaryny geçirmegiň Tertibi tassyklanyldy.
13-14-nji aprelde Söwda-senagat edarasynyň sergiler merkezinde geçirilen «Söwda we hyzmat — 2019» atly sergi-ýarmarkasy milli söwda pudagynyň ösüşiniň ugurlaryny, içerki bazaryň ýagdaýyny, türkmen önüm öndürijileriniň eksport mümkinçiliklerini aýdyňlyk bilen görkezdi.
Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi tarapyndan guralan hem-de Diýarymyzdan we daşary ýurtlardan çärä gatnaşyjylaryň iki ýüze golaýyny birleşdiren bu gözden geçirilişiň barşynda şol ulgamy döwrebaplaşdyrmagyň esasy ugurlary, dükanlaryň, bazarlaryň, söwda merkezleriniň işine ornaşdyrylýan täze usullary, jemgyýetçilik iýmiti ulgamynyň we durmuş hyzmaty merkezleriniň işini guramagyň usullary görkezildi.
Sergi-ýarmarka gabatlanylyp geçirilen maslahatyň gün tertibine içerki sarp ediş bazarlarynda haryt dolanyşygyny artdyrmak we söwda hyzmatlaryny, ýurduň eksport kuwwatyny guramakda häzirki zaman usullaryny, döwrebap bank we birža hyzmatlaryny, elektron söwdasyny hem-de sanly hyzmatlar ulgamyny, bu ugurda öňdebaryjy halkara iş tejribesini peýdalanmak baradaky meseleler girizildi.
Sergä gatnaşyjylaryň hatarynda BMG-niň wekilleri hem-de Ýewropanyň täzeleniş we ösüş bankynyň, Türkiýäniň daşary ykdysady aragatnaşyklar komitetiniň Türk-Türkmen işewürler geňeşiniň, «Gazprombank Lizing» paýdarlar jemgyýetiniň, şeýle hem türkmen işewürligi bilen gatnaşyklary ýola goýmaga we bar bolan hyzmatdaşlygy giňeltmäge gyzyklanma bildirýän daşary ýurt kompaniýalarynyň wekilleri bar.
Duşuşygyň barşynda Türkmenistanyň halkara maliýe guramalary — Bütindünýä banky, Ýewropanyň täzeleniş we ösüş banky, Aziýanyň ösüş banky, Yslam ösüş banky we beýlekiler bilen hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak boýunça geçirýän işleri bellenildi. Maslahat bazar ykdysadyýeti şertlerinde söwda ulgamyny mundan beýläk-de ösdürmekde döwlete dahylsyz ulgamyň aýratyn ornuny aýdyňlyk bilen görkezdi.
Milli ykdysadyýetimiziň pudaklaryny döwrebaplaşdyrmakda we diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmekde, ýokary hilli, bäsdeşlige ukyply önümleriň öndürilýän möçberlerini artdyrmakda we görnüşlerini giňeltmekde, azyk bolçulygyny üpjün etmekde hem-de ýurdumyzyň eksport kuwwatynyň artmagynda hususy telekeçilige möhüm orun degişlidir.
Hut kiçi we orta telekeçilik pudagyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, onuň düzümini giňeltmek, eksport mümkinçiliklerini pugtalandyrmak, öndürilýän önümleriň mukdaryny artdyrmak, ilaty iş bilen üpjün etmek babatda Türkmenistanyň söwda ulgamynyň mundan beýläk-de ösmegine kuwwatly itergi berdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sebit we ählumumy meýilleriň hemişe üýtgeýän isleglerini hasaba almak bilen, Türkmenistanyň çeýe eksport syýasatyny emele getirmek üçin dünýä bazarlarynyň ýagdaýyna yzygiderli seljerme berilmeginiň zerurdygyny hemişe nygtaýar. Şunda döwlet Baştutanymyz telekeçiligiň ösdürilmeginiň milli ykdysadyýetimiziň bäsdeşlige ukyplylygyny hem-de netijeliligini ýokarlandyrmagyň ygtyýarly ýoludygyny belleýär.
2019-njy ýylyň döwlet — hususy hyzmatdaşlygy ösdürmek babatda has netijeli ýyllaryň biri bolandygyny ynamly aýtmak bolar. Bu bolsa, öz nobatynda, ýurdumyzyň telekeçileriniň işiniň ugurlarynyň, olaryň ygtyýarlyklarynyň giňeldilmegini, işewürleriň iri maýa goýum taslamalaryny we döwlet maksatnamalaryny durmuşa geçirmäge has işjeň gatnaşmagyny şertlendirdi.
Milli ykdysadyýetiň möhüm ugry hökmünde hususy işewürlik önümçilik ulgamy hususy kompaniýalaryň we kärhanalaryň innowasion işini işjeň ösdürmegi göz öňünde tutýar. Köpugurly, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürýän kärhanalary döretmekde we Diýarymyzyň eksport kuwwatyny artdyrmakda uly ösüş gazanyldy. Telekeçiler eksport ugurly önümleriň mukdaryny artdyryp, ýerli çig malyň esasynda olaryň görnüşlerini giňeltdiler.
Hususy kärhanalar bazaryň, şol sanda daşary ýurt bazarlarynyň has täze ugurlaryny işjeň özleşdirdiler. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, olar bu babatda öndürýän önümleriniň ýokary hili bilen bäsdeşlige ukyplydyrlar.
Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň halkara işewür gatnaşyklary gol çekilen ylalaşyklaryň birnäçesinde, dünýä döwletleriniň esasy işewür toparlary bilen giň hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ýola goýmakda öz aýdyň beýanyny tapdy.
Döwlet eýeçiligine degişli emlägi hususyýetçilere bermek boýunça işler giň gerime eýe boldy. Munuň özi köp sanly hususy kärhanalaryň, täze telekeçilik düzümleriniň açylmagyna ýardam etdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu işiň geljegi barada aýdyp, hususy ulgamyň önümçiliginiň işgärler bilen üpjünçiligine, onuň maliýe taýdan goldanylmagyna, şol sanda telekeçilere ýeňillikli şertlerde karzlaryň berilmegine, salgytlardan boşadylmagyna ünsi çekdi.
Şunuň bilen baglylykda, 2019-njy ýylda syýahatçylyk kärhanalaryny döwlet eýeçiliginden aýyrmak boýunça görlen çäreleriň ähmiýetini bellemelidiris. Şol kärhanalar bellenilen tertipde hususylaşdyryldy, olaryň işini utgaşykly dolandyrmak maksady bilen, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň gözegçilik edýän «Rowaçsyýahat» syýahatçylyk kärhanasy döredildi.
Täze düzümiň wezipesi Diýarymyzyň syýahatçylyk pudagyny kämilleşdirmek boýunça teklipleri taýýarlamakdan, bu ulgamda dürli çäreleri geçirmekden, dünýä tejribesini öwrenmekden we daşary ýurtlaryň iň gowy iş tejribesini ornaşdyrmakdan ybaratdyr.
Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, işewürligiň bu ulgamyň ösdürilmegine, şol sanda onuň sanly ulgama geçirilmegine işjeň çekilmegi syýahatçylyk hyzmatlarynyň eksportynyň artdyrylmagyna ýardam eder, halkara jemgyýetçiligiň ýurdumyzyň syýahatçylyk desgalarynyň we ugurlarynyň ählisi baradaky maglumatlara giň elýeterliligini üpjün eder.
Hususy işewürligiň ýurdumyzyň ykdysadyýetinde ornunyň barha artýandygyny nazara almak bilen, hormatly Prezidentimiz hökümetiň 7-nji martda bolan mejlisinde bazar ykdysadyýetiniň birinji derejeli menejerlerini we hünärmenlerini taýýarlaýan instituty döretmek meselesiniň üstünde işlemegi tabşyrdy. Menejment, marketing we beýleki ugurlar boýunça hünärmenleri taýýarlaýan täze ýokary okuw mekdebiniň açylmagy döwrüň talabydyr.
Şu maksat bilen, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi tarapyndan Bilim ministrligi bilen bilelikde degişli guramaçylyk işleri geçirildi.
Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň 17-nji maýda bolan bilelikdäki mejlisiniň barşynda döwlet Baştutanymyz bu möhüm taslamany durmuşa geçirmek boýunça anyk tabşyryklary berdi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow dünýä derejesinde öz garaýşy, strategik pikirlenişi hem-de durmuş taýdan jogapkärçiligi bolan, jemgyýetimiziň we döwletimiziň ösmegine uly goşant goşmaga ukyply halkara derejeli işewürleri kemala getirmegiň zerurdygyny aýtdy.
Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz öňdebaryjy tehnologiýalary we okatmagyň usullaryny peýdalanmak, tejribeli mugallymlary çekmek bilen işewürlik biliminiň innowasion gurşawynyň döredilmelidigine ünsi çekdi.
Döwlete dahylsyz ulgamy goldamak boýunça yzygiderli geçirilýän işler babatda hereket edýän kanunlary kämilleşdirmäge hem-de türkmen kompaniýalarynyň maýa goýum işini höweslendirýän täze kanunçylyk namalaryny döretmäge we telekeçiligi ösdürmek üçin has amatly şertleri döretmäge aýratyn ähmiýet berilýär.
Geçen ýylyň 7-nji fewralynda Mejlisde deputatlar bilen bolan duşuşygyň barşynda hormatly Prezidentimiz hususy telekeçiligi kanunçylyk taýdan mundan beýläk-de goldamagyň wezipelerini kesgitledi.
Olaryň hatarynda raýatlaryň telekeçilik başlangyçlaryny goldamak, maýa goýum işjeňligini höweslendirmek, döwlet emlägini hususylaşdyrmak we paýdarlar jemgyýetlerine öwürmek ýaly gaýragoýulmasyz wezipeler bar.
Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hususy telekeçiligi ösdürmegiň maksatnamasynyň uly ähmiýetini belläp, döwlet bilen hususy pudagyň hyzmatdaşlygy hakyndaky kanunlary taýýarlamagyň wagtynyň ýetendigini aýtdy. Oba hojalyk önümçiligine telekeçileri çekmek üçin hukuk şertlerini döretmek möhüm wezipeleriň hatarynda görkezildi.
Ulag ulgamynyň hukuk binýadyny kämilleşdirmek bilen baglylykda hem telekeçiligi kanunçylyk taýdan goldamak meselesi gozgaldy.
Bu babatda pudaga telekeçileriň maýalaryny çekmek, hususy kompaniýalary ösdürmek we ulag hyzmatlaryny etmek ulgamynda bäsdeşligi ösdürmek esasy maksat bolmalydyr diýip, hormatly Prezidentimiz nygtady.
Bank işini kanunçylyk taýdan kadalaşdyrmak ulgamynda, hususan-da, döwlete dahylsyz banklary döretmek babatda aýratyn wezipeler goýuldy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow «Işiň aýry-aýry görnüşlerini ygtyýarlylandyrmak hakynda» we «Standartlaşdyrmak hakynda» Türkmenistanyň Kanunlaryny kämilleşdirmek boýunça işleriň geçirilmeginiň maksadalaýyk boljakdygyna ünsi çekdi. Munuň özi hususy işewürligiň wekilleri üçin uly ähmiýete eýedir.
Deputatlaryň öňünde kanunlary kämilleşdirmek boýunça goýlan wezipeler Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň hem-de partiýasynyň işini işjeňleşdirmek babatda hem möhüm ähmiýete eýedir. Şol kanunlar syýasy partiýalaryň we jemgyýetçilik birleşmeleriniň hukuk meselelerini kesgitleýär.
«Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi hakynda» (rejelenen görnüşi) Türkmenistanyň Kanunynda hususy telekeçiligi hukuk taýdan goldamak meselesiniň öz beýanyny tapandygyny bellemek möhümdir. Bu Kanun milli Parlament tarapyndan 2019-njy ýylyň oktýabr aýynda kabul edildi. Döwlete dahylsyz ulgamy mundan beýläk-de ösdürmek üçin hukuk ulgamyny kämilleşdirmäge gönükdirilen bu resminamada Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň ygtyýarlyklary giňeldildi, bu jemgyýetçilik guramasynyň hukuklary we borçlary anyklaşdyryldy.
Dekabr aýynda ýuridik şahsy döretmezden telekeçilik işi bilen meşgullanýan fiziki şahslary — hususy telekeçileri döwlet tarapyndan bellige almagyň Tertibi tassyklanyldy. Bu resminama milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrmagy boýunça Maliýe we ykdysadyýet ministrligi tarapyndan beýleki ministrlikler hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralary bilen bilelikde kiçi we orta telekeçiligiň işini kadalaşdyrmak hem-de salgyt-hukuk gatnaşyklaryny kämilleşdirmek maksady bilen taýýarlanyldy.
2019-njy ýylyň başyndaky wakalara gaýdyp gelmek bilen, 24-nji ýanwarda ýokary tizlikli Aşgabat — Türkmenabat awtomobil ýolunyň gurluşygyna badalga berlendigini bellemelidiris. Jemi bahasy ABŞ-nyň 2 milliard 300 million dollaryna barabar bolan bu giň möçberli taslamany durmuşa geçirmek Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy «Türkmen Awtoban» ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetine ynanyldy. Ol taslamanyň baş potratçysy hökmünde çykyş edýär.
Hormatly Prezidentimiziň Kararyna laýyklykda, awtoulag ýoluny hem-de onuň desgalaryny üç tapgyryň dowamynda ulanmaga bermek bellenildi. Işleriň şol tapgyrlarynyň soňkusy 2023-nji ýylyň dekabrynda tamamlanmalydyr.
2019-njy ýylyň ahyrynda, 17-nji dekabrda döwlet Baştutanymyz bu awtomobil ýolunyň hem-de paýtagtymyzyň Tähran köçesiniň ugrunda «Beýik Bina» hususy kärhanasy tarapyndan gurulýan täze Söwda we dynç alyş merkeziniň gurluşygynda alnyp barylýan işler bilen tanyşdy.
Milli Liderimiz hususy işewürligiň wekilleriniň işine, olaryň iri şähergurluşyk taslamalaryny durmuşa geçirmäge gatnaşmagyna ýokary baha berip, döwletimiziň telekeçiligi mundan beýläk-de ösdürmäge hemmetaraplaýyn kömek we aýratyn üns berjekdigini nygtady.
2019-njy ýylda amala aşyrmaga telekeçiler hem çekilen iri taslamalaryň hatarynda Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkezini görkezmek bolar. 10-njy aprelde Gökdepe etrabynyň çäginde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda onuň düýbüni tutmak dabarasy boldy.
Taryhy waka gatnaşanlaryň hatarynda birleşmäniň we Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň, bu giň gerimli taslamany durmuşa geçirmäge gatnaşjak hususy gurluşyk kärhanalarynyň ýolbaşçylary we wekilleri hem bar.
Döwlet Baştutanymyz ilkinji desgalaryň gurluşygyna badalga bermek dabarasynda çykyş edip, nesip bolsa, ýene-de üç-dört ýyldan gözel Köpetdagyň eteginde ähli şertleri bolan ýurdumyzyň ýene bir dolandyryş, işewürlik we maýa goýum merkezi dörär diýip belledi.
Däp bolşy ýaly, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 11 ýyllygyna gabatlanylyp, birnäçe çäreler geçirildi. Şu waka mynasybetli 16-17-nji martda Söwda-senagat edarasynyň binasynda türkmen hususy önüm öndürijileriniň sergi-ýarmarkasy guraldy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalaryna Gutlag hatyny iberip, ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ösüşinde hususy işewürligiň ornunyň barha artýandygyny nygtady.
Her ýyl geçirilýän sergide senagat, oba hojalygy, gurluşyk hem-de gurluşyk serişdeleri, gaýtadan işleýän we azyk senagaty, ulag, logistika, syýahatçylyk, bilim, söwda hem-de hyzmatlar, maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalary ýaly ugurlarda ýöriteleşdirilen, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary bolup durýan hususy kompaniýalaryň 188-si öz diwarlyklaryny görkezdiler.
Birleşmäniň düzümleýin edaralary hem-de «Rysgal» paýdarlar täjirçilik banky, Türkmenistanyň ştrih kodlar boýunça Milli guramasy hem öz diwarlyklaryny hödürlediler. Sergä gatnaşanlaryň hatarynda öz taslamalaryny hem-de öndürýän önümlerini ilkinji gezek hödürlän hususy kärhanalar hem bar. Döwlet düzümleriniň wekilleri hem-de ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň kompaniýalarynyň wekilleri sergä uly gyzyklanma bildirdiler.
14-nji martda Aşgabatda Türkmenistanda azyk önümleriniň howpsuzlygyny barlamak boýunça ilkinji barlag merkeziniň açylmagy Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilen senesine gabatlanylan möhüm wakalaryň biri boldy.
Bu düzüm Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň başlangyjy hem-de goldawy bilen «Hil Standart» hojalyk jemgyýeti tarapyndan döredildi. Barlaghananyň işi ýurdumyzyň azyk howpsuzlygyny üpjün etmäge, milli ykdysadyýetimiziň hususy ulgamyny goldamaga, azyk önümlerini öndürijileriň eksport kuwwatyndan netijeli peýdalanmaga, olaryň garaşsyz barlaglary geçirmegiň esasynda halkara ykrarnamalary almaga ýardam etmelidir.
Barlaghana halkara nusga esasynda döredildi hem-de dünýäniň esasy önüm öndürijileriniň döwrebap we ýokary takyklykdaky enjamlary bilen enjamlaşdyryldy. Barlaghana edarasynyň işi birnäçe tapgyrda guralar. Bu ýerde bir ýylyň dowamynda 11 ugur boýunça bir ýarym million barlagy geçirmek bolýar.
Türkmen telekeçileriniň azyk önümleriniň barlaglary ulgamyndaky işiniň netijeliligi, hususan-da, barlag merkeziniň işiniň talabalaýyk gelýändigi ISO/IEС 17025:2017 standarty boýunça halkara ygtyýarnama bilen tassyklanyldy.
Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi işewürligiň innowasion ösüşinde sanly ykdysadyýetiň gurallarynyň ornuna hem-de mümkinçiliklerine göz ýetirmek bilen, Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyny durmuşa geçirmäge işjeň goşuldy. Maglumat tehnologiýalary ulgamynda işleýän Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary 2019-njy ýylda IT — ulgamy döretmek baradaky başlangyjy öňe sürdüler. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň öňde goýan wezipelerine laýyklykda döredilýän bu taslamany durmuşa geçirmek maksady bilen, ýokarda agzalan konsepsiýany amala aşyrmak boýunça Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi okuw-tanyşdyryş maslahatlaryny gurady.
Okuwlary 7-nji we 12-nji martda «e-government» («elektron hökümeti») ulgamyny ornaşdyrmak, kiberhowpsuzlyk babatda ýöriteleşdirilen Türkiýäniň öňdebaryjy «Inovera» hem-de «Telekom Telekominikasyon Dis Tiс. ve San. A.S.» kompaniýalarynyň hünärmenleri geçirdiler. Ýylyň dowamynda IT-tehnologiýalary we kiberhowpsuzlygy ornaşdyrmagyň möhüm meselelerine bagyşlanan birnäçe duşuşyklar we okuw maslahatlary hem guraldy.
«IT-Park» ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň döredilmegi bu ugurda geçirilen işleriň netijesi bolup, onuň işi innowasion ugurly kiçi we orta telekeçiligi ösdürmäge, ylmyň, önümçiligiň hem-de maýadaryň arasyndaky gatnaşyklary pugtalandyrmaga, innowasion önümleriň halkara bazaryna çykmaga hem-de Diýarymyzda sanly düzümi ösdürmäge gönükdirilendir.
«Akylly şäher» hem-de «sanly döwlet» ýaly ulgamlaryň ornaşdyrylmagyna, bank işinde, saglygy goraýyş ulgamynda, uzak aralykdan okatmakda, ykjam operatorlaryň işinde hem-de harytlaryň aýry-aýry görnüşlerini belgilemekde, ýasama önümlere garşy göreşde sanly tehnologiýalaryň ulanylmagyna aýratyn üns berildi.
«Rysgal» paýdarlar täjirçilik banky 2019-njy ýylda sanlaşdyrmak babatda uly işleri geçirdi. 24-nji sentýabrda bu bank ilkinji gezek Diýarymyzda «MasterCard» simsiz ulgamy ornaşdyrdy. Bu taslama banky ösdürmek, onuň maliýe durnuklylygyny hem-de ýurdumyzyň we daşary döwletleriň karz edaralarynyň arasynda bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmak strategiýasynyň bir bölegine öwrüldi.
Internet-banking ulgamynyň girizilmegi bank hyzmatlarynyň toplumyny öz içine alýar, hususan-da, müşderilere uzak aralykdan öz hususy serişdelerini dolandyrmaga, dürli töleg amallaryny we beýlekileri amala aşyrmaga mümkinçilik berýär. «Rysgal» paýdarlar täjirçilik bankynyň meýilnamasynda QR kod ulgamyny girizmek işi bar.
TSTB-niň agzalarynyň Diýarymyzda hem-de onuň çäklerinden alyslarda geçirilen halkara forumlara we pudaklaýyn sergilere gatnaşmagy daşary ýurtlaryň işewür toparlary bilen hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga ýardam etdi.
Şolaryň hatarynda 13-nji fewralda geçirilen Türkmen-german işewürler maslahaty bar, ol ÝB-niň ýurtlary bilen hyzmatdaşlygy amala aşyrmak üçin täze mümkinçilikleri açdy. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalarynyň Germaniýa iş saparynyň maksady türkmen telekeçilerine ynanylan iri taslamalary durmuşa geçirmek üçin maýalary, täze nemes tehnologiýalaryny çekmekden ybarat boldy. Şolaryň hatarynda Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtobany gurmagyň taslamasy, ulag we logistika ulgamynda beýleki taslamalar, kaliý dökünleriniň ýatagyny işläp taýýarlamak, iri önümçilik kärhanalaryny gurmak işleri bar.
Dürli ugurlarda özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmäge ýardam edýän resminamalaryň toplumyna gol çekilmegi Türkmenistanyň we Germaniýanyň işewür toparlarynyň duşuşygynyň üstünlikli bolandygyna şaýatlyk edýär.
22-nji fewralda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary Seul şäherine bardylar hem-de Koreýanyň halkara söwda assosiasiýasy tarapyndan guralan türkmen-koreý işewürler maslahatyna gatnaşdylar. Taraplar düzüm babatda hyzmatdaşlygy giňeltmegiň, serişdeleri işläp taýýarlamagyň, hyzmatdaşlygyň gurluşyk we beýleki geljegi uly ugurlaryny giňeltmegiň ýollaryny ara alyp maslahatlaşdylar. «Ak tam» hojalyk jemgyýetiniň koreý hyzmatdaşlary bilen suw hojalygy, oba hojalygy ulgamlarynda we beýleki ugurlarda hyzmatdaşlyk etmek hakynda gol çeken üç sany ylalaşygy geçirilen gepleşikleriň netijesine öwrüldi.
Seulda türkmen telekeçileri «Samsung D`Light» sergiler toplumyna baryp gördüler, täze önümler bilen tanyşdylar, şol ýerde kompaniýanyň iň gowy we üýtgeşik tehniki gazananlary toplandy. Işewür gatnaşyklary giňeltmegiň meseleleri Koreýa Respublikasynyň awtomobil gurluşyk senagatynyň kerwenbaşysy — «KIA» kompaniýasyna saparyň barşynda hem gozgaldy.
11-12-nji awgustda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda birinji Hazar ykdysady forumynyň çäklerinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen geçirilen Hazar innowasion tehnologiýalary halkara sergisinde türkmen hususy işewürliginiň gazanan üstünlikleri hem-de geljekki meýilnamalary bilen tanyşdyryldy.
Eziz Diýarymyzyň telekeçileriniň sergi bölümleri daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleriň önümçiliginde ulanylýan öňdebaryjy tehnologiýalar hem-de eksportuň çäklerini giňeltmekde türkmen işewürliginiň mümkinçilikleri bilen tanyşdyrdy.
Hazar ykdysady forumynyň jemleri boýunça dürli derejede halkara resminamalarynyň 57-si kabul edildi. Şol sanda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalarynyň hem-de olaryň daşary ýurtly hyzmatdaşlarynyň arasynda ulag we logistika ulgamynda, obasenagat toplumynda bilelikdäki önümçilikleri döretmek, ýokary tehnologiýaly enjamlary getirmek, syýahatçylyk hyzmatlary ulgamynda hem-de beýleki ugurlarda hyzmatdaşlyk etmek hakynda ähtnamalar we ylalaşyklar bar.
26-njy awgustda «Shangri-La» myhmanhanasynyň mejlisler zalynda Singapuryň Işewürler federasiýasy hem-de Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy tarapyndan guralan türkmen-singapur işewürler maslahaty geçirildi. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň ugry boýunça «Vallianz Holdings» we «Sun Connect Pte. Ltd.» kompaniýalary bilen özara düşünişmek hakynda ähtnamalaryň 2-sine gol çekildi.
Forumyň mejlisiniň öň ýanynda açylan Türkmenistanyň eksport harytlarynyň sergisinde bu ýere gelýänlere halylar hem-de haly önümleri, öýde ulanylýan dokma önümleri we egin-eşikler, ýuwujy serişdeler, gönden tikilen aýakgaplar, azyk önümleri, şol sanda tebigy şire suwlary, süýji-köke önümleri görkezildi. Mundan başga-da, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary maglumat beriji prospektler hem-de dürli pudaklarda türkmen hususy telekeçiliginiň mümkinçilikleri hakynda gürrüň berýän bukletler bilen tanyşdyrdylar.
Hususy syýahatçylyk kompaniýalary — Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary singapurly syýahatçylyk operatorlaryny eziz Diýarymyz boýunça gyzykly gezelençleri guramakda öz hyzmatlary bilen tanyşdyrdylar.
Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk meselelerini ara alyp maslahatlaşmak maksady bilen, 16 — 18-nji oktýabr aralygynda Argentina Respublikasynyň paýtagty Buenos-Aýres şäherinde boldular. Duşuşygyň möhüm meseleleriniň hatarynda önümçilikde täze oba hojalyk tehnologiýalarynyň orny, ýerleri özleşdirmegiň täze usullary, topragyň hasyllylygyny artdyrmak boýunça täze oýlap tapyşlar bilen bagly meseleler boldy. Türkmenistanyň wekiliýetiniň düzüminde hususy bölegiň wekilleri 21 — 23-nji oktýabrda Ýaponiýada boldular. Telekeçiler Türkmenistanyň Prezidentiniň dostlukly ýurda iş saparyna gabatlanyp geçirilen Türkmen-ýapon işewürler maslahatyna hem-de ikitaraplaýyn duşuşyklara gatnaşdylar. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalarynyň bu ýurtda eýýäm 24 — 28-nji mart aralygynda bolandyklaryny bellemelidiris. 6-njy noýabrda Milanda (Italiýa) hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň bu dostlukly ýurda resmi saparyna gabatlanyp, Türkmen-italýan işewürler maslahaty geçirildi. Forumyň işine gatnaşan Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary dürli italýan kompaniýalary bilen şertnamalaryň 20-sine, şol sanda daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümçilik üçin enjamlary we tehnologik ulgamlary getirmek hakynda şertnama gol çekdiler. 27-nji noýabrda Bahreýn Patyşalygynyň Manama şäherinde Türkmen-bahreýn işewürler maslahaty geçirildi. Oňa hem türkmen telekeçiliginiň wekilleri gatnaşdylar. Çäräniň çäklerinde iki ýurduň dürli edaralarynyň hem-de işewür toparlarynyň arasynda ikitaraplaýyn duşuşyklar guraldy, şolaryň barşynda bilelikdäki taslamalary, şol sanda azyk senagaty, dokma senagaty, maliýe we syýahatçylyk ulgamlarynda taslamalary durmuşa geçirmegiň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy.
Şol aýda hem türkmen işewürleri Şymkent şäherine baryp gördüler, bu ýerde «Gök miwe bölüminde maýa goýum we innowasion çemeleşmeler» atly IX Merkezi Aziýa söwda forumy geçirildi. Foruma gatnaşyjylar Günorta Gazagystanda «AgriTech 2019» atly halkara ýöriteleşdirilen oba hojalyk sergisine baryp gördüler.
Türkmenistanyň önümleri bilen tanyşdyrmak çäresi myhmanlara Diýarymyzda aýawly saklanylýan däp-dessurlary, milli halyçylyk sungaty hem-de senetçiligiň halk-amaly görnüşleri, şeýle hem ýurdumyzyň syýahatçylyk mümkinçilikleri bilen tanyşdyrmaga mümkinçilik berdi.
Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň geçirýän sergi işleri babatynda aýdyp, onuň wekilleriniň Eýran Yslam Respublikasynyň Maşat şäherinde awgust aýynda guralan halkara sergä gatnaşandygyny bellemelidiris. Sergide Aşgabatda we Ahal welaýatynda öndürilen harytlaryň dürli görnüşleri görkezildi.
Olar azyk we senagat, haly, dokma önümleri, kagyz hem-de mebel, gönden önümler, gurluşyk serişdeleridir. Şeýle hem ulag-logistika ulgamynda, obasenagat toplumynda, hususan-da, ýyladyşhana hojalyklaryny guramakda telekeçileriň mümkinçilikleri görkezildi.
9-10-njy oktýabrda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda «Syýahatçylyk we gezelenç» atly halkara sergisi we onuň çäklerinde pudaklaýyn maslahat geçirildi. Her ýyl geçirilýän bu forum ilkinji gezek Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi tarapyndan guraldy, 2019-njy ýylda ýurdumyzyň syýahatçylyk pudagy onuň garamagyna berildi.
Öňdebaryjy türkmen hem-de daşary ýurt kompaniýalarynyň 70-e golaýynyň wekilleriniň gatnaşan sergisi dünýäniň syýahatçylyk bazarynda Türkmenistanyň ornuny ilerletmegi, öňdebaryjy tejribäni alyşmagy hem-de bu ulgamda innowasion çemeleşmeleri ornaşdyrmagy ugur edindi.
Ýurdumyzyň syýahatçylyk mümkinçilikleri 24 — 27-nji oktýabrda Ýaponiýanyň Osaka şäherinde geçirilen «TOURISM EXPO JAPAN — 2019» atly halkara sergide görkezildi. «Aşgabatsyýahat», «Owadansyýahat», «Durdynyýaz», «Nurana aý» kompaniýalary abraýly, pudaklaýyn sergä gatnaşyjylary Türkmenistan boýunça gyzykly syýahatçylyk ugurlary bilen tanyşdyrdylar. Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň garamagyndaky «Rowaçsyýahat» kärhanasy saparyň guramaçysy hökmünde çykyş etdi.
Hususy syýahatçylyk kompaniýalary 16 — 18-nji oktýabrda Singapurda geçirilen «ITB Asia 2019» atly iri halkara sergä, şeýle hem beýleki birnäçe pudaklaýyn sergilere gatnaşdylar.
Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary halkara forumlaryň ýokary sylaglaryna mynasyp boldular. 29-30-njy maýda Mumbai şäherinde (Hindistan) geçirilen Eksportçylaryň möwsümleýin oba hojalyk önümleriniň halkara sergisine we maslahatyna gatnaşan «Ter önüm» hojalyk jemgyýeti altyn medal bilen sylaglandy.
Güneşli Türkmenistanyň sowgatlary, şol sanda ter we gaplanan gök önümleri hem-de miweleri, gawunlary we kakadylan önümleri bilermenleriň uly bahasyna mynasyp boldy. Türkmen telekeçileriniň sergide görkezen önümleriniň esasy artykmaçlyklary hökmünde şolaryň ekologiýa taýdan arassalygy we ýokary tagamlary bellenildi.
9-njy maýda Saraýewo şäherinde (Bosniýa we Gersegowina Respublikasy) Ýewropanyň täzeleniş we ösüş bankynyň 28-nji her ýyl geçirilýän ýygnagynyň we işewürler maslahatynyň çäklerinde ekologiýa hem-de durmuş durnuklylygyny üpjün etmäge uly goşant goşan bu bank bilen amallary amala aşyrýan ýurtlardan bolan kärhanalaryň 12-sini sylaglamak dabarasy geçirildi. Şolaryň hatarynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy — «Hoş zaman» hususy kärhanasy bar.
«Hoş zaman» kompaniýasynyň ýyladyşhana hojalygynyň taslamasy «Howanyň üýtgemegine durnuklylyk» bölüminde altyn medala mynasyp boldy. Daşary ýurt hünärmenleriniň belleýişleri ýaly, türkmen oba hojalyk kärhanalarynyň Merkezi Aziýa zolagynda gurak howada işleri geçirmegi aýratyn önümçilik töwekgelçilikleri bilen baglydyr, emma «Hoş zaman» howanyň üýtgemeginiň täsirini nazara almak bilen, bäsdeşlige ukyply kärhana bolmagy başardy.
Moskwada geçirilen «Russiýanyň we GDA-nyň ýyladyşhana toplumlary — 2019» atly 4-nji maýa goýum sergi-maslahatynda «Ýigit» hojalyk jemgyýeti «GDA-nyň ýyladyşhana pudagynda innowasion ösüş» atly bölümde diplom we kubok bilen sylaglanyldy.
Türkmen telekeçileri sergide ekologiýa taýdan arassa önümleri görkezdiler, bu önümlere çärä gatnaşan 20 ýurduň wekilleri, şol sanda Russiýadan hem-de GDA ýurtlaryndan iri ýyladyşhana toplumlarynyň we agroholdingleriň ýolbaşçylarynyň 700-si ýokary baha berdiler. Forumyň çäklerinde önümçilik işiniň öňdebaryjy usullary — şitili seçip almakdan eksport meselelerine çenli işler boýunça tejribe alşyldy.
«Ýigit» hojalyk jemgyýetiniň milli hem-de halkara sergileriniň birnäçe gezek ýeňijisi we diplomlarynyň eýesi, 2019-njy ýylda bolsa bu hojalyk jemgyýetiniň Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň geçiren bäsleşiginde «Oba hojalyk önümlerini öndüriji» diýen bölümde baýrak eýesi bolandygyny hem-de «WorldFood Ukraine 2019» atly 22-nji halkara serginiň diplomyna mynasyp bolandygyny bellemek gerek.
2019-njy ýylda gazanylan üstünlikleriň hatarynda «Tekmil» kompaniýasynyň EXPO-2020 Bütindünýä sergisinde Türkmenistanyň sergi bölümini döretmäge gatnaşmagyny görkezmek bolar. Bütindünýä sergisi 2020-nji ýylyň 20-nji oktýabryndan 2021-nji ýylyň aprel aýyna çenli «Akyllary birleşdirip, geljegi döredýäris» diýen şygar astynda Dubaý şäherinde (BAE) geçiriler. «Ykjamlyk» diýlip atlandyrylýan milli sergi bezegçileriň pikiri boýunça türkmen halkynyň üstünlikleriniň hem-de özboluşly däpleriniň, taryhy-medeni mirasynyň, ruhy-aýratynlyk esaslarynyň beýanyna öwrüler.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň milli ykdysadyýetimiziň döwlete dahylsyz pudagyny goldamak boýunça geçirýän syýasaty halkara söwda gatnaşyklaryny giňeltmäge ýardam edýär. Häzirki wagtda Hytaý Halk Respublikasynda, Birleşen Arap Emirliklerinde, Awstriýa Respublikasynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň söwda wekilhanalary işleýär.
Ýurdumyzyň telekeçileriniň öndürýän önümleriniň agramly böleginiň Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky söwda merkezlerinde ýerlenilmegi milli önümleriň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmaga ýardam edýär.
16-njy iýunda Dubaý şäherinde (BAE) Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň ýöriteleşdirilen dükanynyň açylmagy mynasybetli dabara boldy. Türkmen halylaryny, dokma we sowgatlyk önümlerini alyjylara hödürleýän dükan «Dubai Marina» söwda merkezinde ýerleşýär.
2019-njy ýylda obasenagat toplumyny ösdürmekde uly öňegidişlik boldy. Bu pudakda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başyny başlan özgertmeleri işjeň durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzyň dürli sebitlerinde hususy telekeçiler — Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary tarapyndan bina edilen döwrebap ýyladyşhana toplumlary, maldarçylyk we guşçulyk hojalyklary, oba hojalyk önümlerini saklamak üçin täze desgalar açyldy.
Iri taslamalaryň hatarynda 22-nji maýda Ahal welaýatynyň Kaka etrabynda ulanmaga berlen guşçulyk toplumy bar. «Gozgan gala» hojalyk jemgyýeti tarapyndan gurlan döwrebap guşçulyk toplumy guşlaryň bir wagtda 100 müňüsini saklamaga hem-de her ýylda 30 million ýumurtga hem-de 80 tonna towuk etini öndürmäge niýetlenendir.
«Nurly meýdan» hususy hojalygy ilkinji gezek Türkmenistanda inkubasion guşçulyk boýunça taslamany amala aşyrdy. Bu taslama döwrebap guşçulykda işlenen tehnologiýany ulanmak arkaly broýler towuk etini hem-de ýumurtgasyny senagat esasynda öndürmäge mümkinçilik berýär hem-de ýylyň dowamynda emeli usul bilen jüýje çykarmak onuň esasy aýratynlygy bolup durýar.
Bulardan başga-da, «Nurly meýdan» «Herbacon GmbH» nemes kompaniýasy bilen bilelikde Balkan welaýatynyň Bereket etrabynda ady agzalan hususy hojalyk tarapyndan gurlan zawodyň binýadynda mallar üçin iým öndürmegi ýola goýdy.
21-nji sentýabrda paýtagtymyzyň Bagtyýarlyk etrabynda «Gündogar akymy» hojalyk jemgyýetiniň ösümlik ýagyny öndürýän kärhanasy ulanmaga berildi. Daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürmek boýunça maksatnamanyň çäklerinde, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Kararyna laýyklykda gurlan zawod döwrebap enjamlar bilen üpjün edildi hem-de içerki bazarda isleg bildirilýän önümiň ýylda 7 müň 200 tonnasyny öndürmäge niýetlenendir.
Ýurdumyzyň kiçi we orta işewürliginiň wekilleri ýurdumyzyň bazarlaryny ýokary hilli harytlar bilen doldurmak, olary daşary ýurtlara ugratmak, ýyladyşhanalary, oba hojalyk çig malyny gaýtadan işleýän dürli kärhanalary gurmagyň depginini çaltlandyrmak boýunça wezipeleriň üstünlikli çözülmegine öz goşantlaryny goşýandygyny bellemek gerek.
2019-njy ýylda senagat we gazylyp alynýan pudaklary ösdürmekde uly üstünlikler gazanyldy. Telekeçiler ýod öndürip başladylar. 26-njy iýunda Balkan welaýatynyň Bereket etrabynda «Himiýa senagat» hojalyk jemgyýeti degişli kärhanany işe girizdi. Bu himiýa pudagynda türkmen telekeçileriniň ilkinji tejribesi boldy.
Täze kärhana döwrebap innowasion enjamlar bilen üpjün edildi, bu bolsa tutuş çylşyrymly tehnologik işi awtomatlaşdyrmaga mümkinçilik berip, ýoduň ýokary hilli bolmagyny üpjün edýär. Kärhananyň kuwwaty her ýylda ýerli tebigy çig mal serişdelerinden eksport ugurly, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümiň 150 tonnasyny öndürmäge niýetlenendir.
Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy — «Türkmen Milli Logistik» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti ýük göterijiligi 13 tonna bolan halta-konteýnerlerde daşalýan täze tehnologiýalar boýunça tehniki gaz kükürdini daşamaga girişdi.
Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary ulanylan önümleri — plastik, kagyz, polietilen, rezin, agaç önümlerini gaýtadan işlemek hem-de şolardan dürli önümleri öndürmek boýunça kiçi önümçilikleri ýola goýdular. Bu işiň dowamy hökmünde ýurdumyzyň welaýatlarynda zir-zibili we gaty galyndylary gaýtadan işleýän kärhanalary gurmagyň taslamalaryny amala aşyrmak bellenildi.
Mälim bolşy ýaly, döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow telekeçileriň bu tekliplerini goldap, uzak möhletleýin geljekde galyndylaryň gaýtadan işlenilmeginiň hem-de ikilenç çig maldan önümleriň öndürilmeginiň «ýaşyl» ykdysadyýet üçin uly ähmiýetiniň bardygyny belledi. Şeýle hem bu pudaga maýanyň goýulmagy ony girdejili işe öwrüp biler.
Şeýle hem ýurdumyzyň işewürleri Watanymyzyň dürli sebitlerinde durmuş meseleleriniň çözülmegine hem-de ýaşaýyş jaýlarynyň gurulmagyna, täze şäherçeleriň döredilmegine işjeň gatnaşýarlar. Häzirki wagtda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary ençeme millionlyk gurluşyk taslamalaryny amala aşyrýarlar.
Hususy kärhanalaryň hünärmenleriniň tagallalary netijesinde, 2019-njy ýylda saglygy goraýyş ulgamynyň desgalary, täze mekdepler, çagalar baglary ulanmaga berildi. Ýurdumyzyň işewürleri paýtagtymyzyň şähergurluşyk özgertmelerine hem işjeň gatnaşýarlar.
Dürli gatly ýaşaýyş jaýlarynyň onlarçasynyň: köp öýli jaýlaryň we hususy kottejleriň, elektrik beketleriň, mekdebiň, çagalar bagynyň, bazaryň hem-de söwda merkeziniň, sport we oýun meýdançalarynyň, dükanlaryň hem-de beýleki ençeme durmuş-medeni desgalarynyň gurulmagyny öz içine alýan Aşgabady gurmagyň 16-njy nobatdakysy iri gurluşyk meýdançalarynyň biridir. Bularyň hemmesini Diýarymyzyň hususy kärhanalary gurýar.
2019-njy ýylda Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan «Gündogdy» hususy kärhanasy Lebap welaýatynyň Kerki şäherinde howa menzilini gurmak ugrunda halkara bäsleşikde ýeňiş gazanyp, raýat awiasiýasynyň giň gerimli düzümleýin desgasyny gurmakda öz ygtyýarlylygyny tassyklady. Mälim bolşy ýaly, ozal bu hususy kompaniýa Lebap welaýatynyň dolandyryş merkezinde — Türkmenabatda Halkara howa menzili toplumynyň gurluşygyny üstünlikli tamamlady.
Hususy telekeçiler ýurdumyzda elektron senagatyny ösdürmäge öz goşantlaryny goşup, kompýuter tehnikalarynyň, terminallaryň hem-de beýleki ýokary tehnologiýaly önümleriň önümçiligini ýola goýýarlar. Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürmek diňe importyň umumy mukdaryny azaltmaga däl-de, eýsem, harytlaryň bahasyny arzanlatmaga hem mümkinçilik berýär.
Elbetde, söwda ulgamynyň hem-de Diýarymyzyň telekeçileriniň 2019-njy ýylda gazanan ähli üstünliklerini bir sözde agzap geçmek mümkin däl, geçen ýyl şol ugurlarda ýakyn hem-de uzak geljegiň bähbidine täze üstünlikleri gazanmak üçin mäkäm binýat döredildi.
Söwda hem-de hyzmatlar ulgamyny ösdürmäge iri döwlet serişdeleriniň goýulmagy, kiçi we orta telekeçiligi goldamak, aslyýetinde, täze döwrüň talaplaryna kybap gelýän ykdysadyýetiň nusgasyny döredýär, bu bolsa maýalar üçin ýurdumyzyň özüne çekijiligini, türkmenistanlylaryň abadan durmuşyny, ata Watanymyzyň gülläp ösüşini üpjün edýär.