9.9 C
Aşkabat
21.11.2024
GÜNÜŇ WAKALARY

Galkan-2013 atly söweşjeň atyşykly görkezme taktiki meýdan okuw türgenleşigi geçirildi.

“Galkan-2013” atly söweşjeň atyşykly görkezme taktiki meýdan okuw türgenleşigi geçirildi 

Beýik Ýeňşiň 68 ýyllygynyň öň ýanynda Türkmenistanda “Galkan-2013” atly nobatdaky söweşjeň atyşykly görkezme taktiki meýdan okuw türgenleşigi üstünlikli geçirildi. 

“Harby hereketleriň” teatry bu ýyl Ahal welaýatynyň Baharly etrabynda ýerleşýän Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň “Kelete” okuw – türgenleşik merkeziniň çäginde ýaýbaňlandy. 

Ir säher bilen bu ýere, ýörite bellenilen meýdança hormatly Prezidentimiziň dikuçary gelip gondy. Milli Liderimizi harby talyp gyzlar ter gül desseleri bilen garşyladylar. 



Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedowa Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, Milli howpsuzlyk ministri Ý.Berdiýew hasabat berýär. Bu ýere ýygnanan ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylary döwlet Baştutanymyzy mähirli mübärekleýärler. 

Soňra milli Liderimiz awtoulagynda Okuw-türgenleşik merkeziniň serkerdeler nokadyna ugraýar, bu ýerde milli Liderimize Türkmenistanyň Goranmak ministri B.Gündogdyýew hasabat berýär. 

Goranmak ministrliginiň harby gullukçylaryndan düzülen aýdym-saz topary Türkmenistanyň Döwlet senasyny ýerine ýetirýär. Onuň belent owazy bu ýere ýygnananlaryň kalbyny watançylyk we ata Watanyňa bolan ägirt uly buýsanç duýgusy bilen gurşap alýar. Döwlet senasynyň yzysüre harby gullukçylaryň sözlerine we sazyna ýazylan “Ak ýol arzuwlap” diýen aýdym ýerine ýetirilýär. 



Soňra döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň “Kelete” okuw-türgenleşik merkeziniň serkerdeler nokadynyň ikinji gatyna galýar. 

Türkmenistanyň Goranmak ministri B.Gündogdyýew Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy, goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedowdan “Galkan-2013” atly söweşjeň atyşykly taktiki okuw türgenleşigini geçirmäge başlamak üçin rugsat soraýar. 

Harby gullukçylaryň söweşjeň taýýarlygyny we Milli Goşunymyzyň kuwwatyny görkezmek maksady bilen, her ýylyň ýazynda Türkmenistanyň Goranmak ministrligi tarapyndan geçirilýän okuw-türgenleşigine ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň ähli kysymlary diýen ýaly : artilleriýa, awiasiýa, pyýada goşun, howa hüjüminden goranyş güýçleri we ýörite maksatly goşunlar gatnaşdylar. 

Ýurdumyzyň harby gullukçylarynyň söweşjeň taýýarlygynyň ýokary derejeliligini alamatlandyrýan “Galkan-2013” harby–taktiki meýdan okuw türgenleşiginiň barşynda söweş atyşykly görkezme taktiki okuw türgenleşigi Hazar deňzinde hem geçirildi. Ol ýerde Türkmenistanyň Harby-deňiz güýçleriniň söweşjeň düzümleriniň gatnaşmagynda söweş atyşykly görkezme taktiki okuw türgenleşigi boldy. 

Şertli taktiki ýagdaýa laýyklykda garşydaş agressiw maksatlaryna ýetmek üçin dünýä jemgyýetçiliginiň ýazgarmagyna garamazdan, zarba urujy toparlaryny taýýarlap, döwlet serhedini böwsüp geçýär we basybalyjylykly söweş hereketlerine başlaýar. 

“Galkan-2013” atly söweşjeň atyşykly görkezme taktiki meýdan okuw türgenleşigi üç tapgyrda geçirilýär. Birinji tapgyrda biziň goşunlarymyzyň öňünde şertli garşydaşa tarap garşylyklaýyn hüjüm etmek we olaryň eýeleýän sepgitlerini basyp almak; ikinji tapgyrda biziň goşunlarymyzyň esasy güýçleriniň ýaýbaňlanmagyna şert döretmek, şertli garşydaşyň zarbasyny yza serpikdirmek we olara uly ýitgi çekdirmek; jemleýji üçünji tapgyrda polkuň esasy güýçleriniň düzüminde şertli garşydaşa hüjüm edip, olary ýeňlişe sezewar etmek, öz goşunlarymyzyň söweşjeň ukybyny we ot-açyş ulgamyny hem-de Döwlet serhedini dikeltmek boýunça çäreleri geçirmek wezipesi durýar. 

Şeýlelikde, ýörite guralan harby hereketleri başlanýar. 

Döwlet serhet gullugynyň goşunlarynyň harby bölümleri we bölünmeleri goranyşa geçip, söweş meýdanlarynda öz öňlerinde goýlan söweş wezipelerini üstünlikli ýerine ýetirip, aldym-berdimli söweş hereketlerini alyp barmak bilen şertli garşydaşyň öňdäki toparlarynyň janly güýjüne, awtobronetank tehnikalaryna uly mukdarda zyýan ýetirip, olaryň hüjümlerini togtadyp, goranyşa geçmäge mejbur edýär. Söweş meýdanyndaky bu ýagdaý biziň goşunymyzyň hemişelik söweşjeň taýýarlykda duran harby bölümleriniň we birikmeleriniň doly söweşjeň ýagdaýa getirilmegine oňaýly şertleri döredýär. 

Biziň goşunlarymyz söweşjeň taýýarlygyň doly derejesine getirilip, birinji goranyş ugurda goranyşa geçmek bilen garşylyklaýyn hüjüm operasiýasyny geçirmäge zerur bolan güýçlerini we serişdelerini toplaýar. 

Şertli garşydaş özleri üçin amatly sepgidi eýeläp, goranyşyny güýçlendirmek üçin goşmaça güýjüň gelmegine garaşýar. Biziňkiler garşydaşyň eýeleýän sepgidini berkitmegine we enjamlaşdyrmagyna maý bermän, oňa zarba urup, garşylyklaýyn hüjüme geçýär. 

Motoatyjylar batalýony ähli güýçlendiriş serişdeleri bilen ýöriş amala aşyryp, hüjüme geçmek üçin başlangyç etrapda jemlendi. 

Biziň goşunymyzyň artilleriýasynyň «D-30» kysymly toplardan düzülen gaubissa artilleriýa diwiziony we «BM-21 Grad» kysymly reaktiw ýaragly söweş maşynlary wagtlaýyn ot açyş nokatlaryndan, ähli güýçleri bilen şertli garşydaşlaryň söweş tertibiniň çuňlugyna, olaryň anyklanan dolandyryş nokatlaryna, motoatyjylar batalýony wzwodlaýyn hatarlara ýaýbaňlanyş zolagyna barýança dowamly ot açyş urgularyny amala aşyrýar. 

Şertli garşydaş tarapyndan ýokary takyklykdaky nyşana urujy ýaraglaryň ulanylmagyny bökdemek, olary aldawa salmak, görüşi çäklendirmek, şeýle hem öz goşunlarymyzyň söweş hereketlerini nikaplamak üçin biziňkileriň himiýa goranyş bölünmesi iki ýerde aerozollary we tüsseleri goýberýär. Şeýlelikde, motoatyjylar batalýonyň bölümçeleriniň ýörişi aerozol tüsseleriniň goýberilmegi bilen penalanýar. 

Söweşjeň bölümleriň şahsy düzüminiň üstüni ýetirmek maksady bilen, şahsy düzümi kabul ediş nokady ýaýbaňlandyryldy. Häzirki wagtda bu ýerde mobilizasiýa gorlary kabul edilýär. 

Şeýle hem söweş meýdanyndan getirilýän ýaralylara we näsaglara meýdan şertlerinde lukmançylyk kömegini bermek üçin, göçme meýdan lukmançylyk bölümi ýaýbaňlandyryldy. 

Şertli garşydaş howadan hüjüm etmäge başlaýar hem-de biziň goşunlarymyzyň hüjümlerine raketa-bomba urgularyny geçirmeklige synanyşýarlar. Şertli garşydaşyň harby howa güýçleri «Su-25» kysymly söweşjeň uçaryndan howa nyşanyny aňladýan «M-6» bomba nyşanyny oklady. 

Motoatyjylar batalýony özüniň güýçlendirilen serişdeleri bilen söweşjeň hatarda hereket edýär hem-de ýaýbaňlanýar. «D-30» kysymly artilleriýa diwiziony çozuş söweşiniň meýilnamasy boýunça bellenen zolaklarda urgularyny dowam etdirýär. 

Motoatyjylar batalýonynyň bölünmeleri hüjüme geçiş sepgidine çykýarlar. Şertli garşydaşlaryň goranyşynyň öň hataryna «D-30» kysymly gaubissaly artilleriýa batareýasy seçmeli fugas oklaryny howada partladýarlar. 

Şertli garşydaşyň awiasiasy artilleriýa, howa hüjüminden goranyş serişdelerine we ýüze çykarylan dolandyryş nokatlaryna ot açýar. Şertli garşydaşyň howadaky urgularyny yzyna serpikdirmek biziň goşunlarymyzyň howa hüjüminden goranmak goşunlarynyň güýçleri bilen amala aşyrylýar. 

Garşydaşyň awiasiýasy hökmünde 152 millimetrlik ýagtylandyryjy artilleriýa snarýady ulanylýar we ol asmana atyjy «Peçora-2M» raketalar toplumyndan ot açylyp, ýok edilýär. 

Şertli garşydaşyň howa nyşanasyny aňladýan «M-6» bomba nyşanasy OSA kysymly asmana atyjy raketalar toplumynyň kömegi bilen ýok edildi. 

Soňra şertli garşydaşyň awiasiýasyny we raketa urgularyny asmana atyjy raketa toplumlary bolan «Peçora-2M» we «S-125» kysymly howa hüjüminden goranyş serişdesi bilen yza serpikdirmek meýilleşdirilýär. 



Şol bir wagtda şertli garşydaşyň ot açyş taýýarlygynyň netijesinde hatardan çykan harby tehnikalar (1 sany BTS-4 we 1 sany BMP-1 kysymly) ýöriteleşdirilen tirkeg çekijiler bilen polkuň tehnikalary bejeriş nokadyna alnyp gidilýär. 

Şertli garşydaşyň goranyşynyň öňdäki hataryna biziň goşunlarymyz hüjüm edýärler. Bölünmeler pyýada ýaýbaňlanma sepgitlerine golaý gelende artilleriýa ot açyşyny şertli garşydaşyň goranyşynyň çuňlugyna gönükdirýär. Tanklardan, PGSM-lerden we atyjylyk ýaraglarynyň ähli görnüşlerinden ot açmak bilen garşydaşa köp zyýan çekdirilip, onuň birinji tranşeýasy böwsülýär. Ýakyn aralykdaky söweşde şertli garşydaş ýok edilip, görkezilen sepgit eýelenýär we eýelenen etrabyň goragyny gurnamaga girişilýär. Gaubisa artilleriýa batareýasy goranyşyň çep tarapyndan wagtlaýyn ot açyş pozisiýasyny eýelemek üçin ýöriş edýär. Şol bir wagtda KRUG kysymly asmana atyjy raketa batareýasy bellenen etrapçada söweşjeň tertipde ýaýbaňlanýarlar. 

Şertli garşydaşyň howa hüjümini yza serpikdirmek maksady bilen asmana atyjy raketa goşunlary herekete girýärler. «OSA» kysymly asmana atyjy raketa toplumy garşydaşyň dolandyryş nokatlary boýunça ot açyşy geçirýär. 

Dolandyryş nokadynyň çep tarapynda biziňkiler şertli garşydaşyň garşylyklaýyn hüjümini yza serpikdirmek üçin taýýarlyk işlerini geçirýärler. Şertli garşydaşyň garşylyklaýyn hüjümini ýok etmäge taýýarlyk görmek maksady bilen, bölümçeleriň söweşjeň mümkinçilikleri dikeldilýär, olara ok-däriler bölünip berilýär, beýleki zerur üpjünçilik çäreleri geçirilýär. 

Bellenen wagtda şertli garşydaşyň yza çekilýän ugruny anyklamak hem-de aňtaw uçuşyny geçirmek üçin biziň goşunlarymyzyň awiasiýasynyň «Mig-29» kysymly söweşjeň uçarlary çagyrylýar. Olar şertli garşydaşyň yza çekilýän ugruny anyklaýar hem-de awiasiýanyň hüjüm ediji esasy toparyny onuň söweş hereketlerini alyp barmaly ugruna gönükdirýär. 

«SU-25» kysymly söweşjeň uçarlardan düzülen esasy hüjüm ediji topary birinji hüjüminde 1000-1700 metr belentlikden raketalary ulanyp, şertli garşydaşyň yza çekilýän güýçleriniň hatarlaryndaky sowutly tehnikalaryny ýok edýär. Söweşjeň uçarlar şertli garşydaşyň zarba urujy toparlarynyň jemlenen etraplaryna zarba urýarlar. 

Awiasiýa özüniň ikinji hüjüminde OFZ kysymly top oklaryny ulanýar hem-de hüjümini tamamlap, söweş meýdanynyň çäginden çykýar. 

Soňra «SU-25» kysymly söweşjeň uçarlardan düzülen hüjüm ediji toparyň şertli garşydaşa ýetiren zyýanyny anyklamak maksady bilen, «Mig-29» kysymly söweşjeň uçarlar şertli garşydaşyň ýerleşýän etrabyny surata düşürýär. 

Biziňkileriň motoatyjylar batalýony şertli garşydaşyň goranyş çägine ýakynlaşanda, onuň ähli ýaýbaňlanma zolagyna şertli garşydaşyň artilleriýasyndan ot açylýar. UMP-3 kysymly dolandyrylýan mina meýdançasy partladylýar. 

Biziň goşunlarymyzyň goranyşynyň jümmüşinden artilleriýa diwiziony, minaatyjylar batareýasy, HHG bölünmeleri söweşjeň ýagdaýdaky ýerlerini eýelemek üçin söweş etrabyna tarap hereket edýärler. 

Şertli garşydaşyň hereket edýän hatarlary boýunça biziň goşunlarymyzyň «D-30» kysymly artilleriýa diwiziony yzygiderlilikde jemlenen ody bilen urgy geçirýär. 

«BM-21 Grad» kysymly söweş maşynlary şertli garşydaşyň anyklanan dolandyryş nokadyna, ot açyş pozisiýalaryna we söweş tehnikalarynyň toplanan meýdançalaryna ot açyş zarbasyny geçirýär. 

Şertli garşydaşlar biziň Ýaragly Güýçlerimiziň tylyna zeper ýetirmek we olary hatardan çykarmak maksady bilen, olaryň jümmüşine taktiki howa desantyny taşlamagy meýilleşdirýärler. Mi-8 dikuçardan taşlanan taktiki howa desanty biziň goranýan goşunlarymyzyň tylyna tarap çalasyn hereket edýärler. Olar biziň goşunlarymyzyň dolandyryş merkezine hem-de artilleriýasynyň ýerleşýän ýerlerine tarap süýşýärler. Olar bilen söweş alyp barmak üçin, Türkmenistanyň Harby we hukuk goraýjy edaralarynyň güýçlerinden düzülen ýörite maksatly toparlar çekilýär. 

Harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýörite maksatly toparlarynyň işjeň hereketi netijesinde şertli garşydaşyň desanty ýok edilýär. 

Şertli garsydaş bar bolan ätiýajy bilen, ýitiren ýagdaýyny dikeltmek üçin garşylyklaýyn hüjüme geçýär. Motoatyjylar we tankçylar bölünmeleri hüjüm edýän şertli garşydaşyň netijeli ýok edip boljak aralyga ýakynlaşmagy bilen, goragyň öňki hatarlaryndaky ot açyş serişdelerinden ot açylýar. Tanklar we «BMP-3» kysymly pyýada goşunyň söweşjeň maşynlary esasy ot açyş ýerlerinden urgy geçirýärler hem-de şertli garşydaşyň söweşjeň hataryny bozmak bilen, olary göni gönükdirmek arkaly ýok edýärler. 

Biziň goşunlarymyzyň harby howa güýçleriniň bölünmesi S-60 we ZU-23-2 kysymly ýaragyndan ot açyp, şertli garşydaşyň howa hüjümini yzyna serpikdirmek üçin göreş alyp barýar. 

Öňdäki goranyş çäginde tanklara garşy şerişdeler, tanklar we pyýada goşunyň söweşjeň maşynlary uly ýitgi çekip gelýän şertli garşydaşa garşy olary ýok edip boljak aralykdan ot açýarlar. 

Biziň goşunlarymyzyň serkerdelik düzümi şertli garşydaşa tarap garşylyklaýyn hüjüme geçmäge taýýarlyk barada hasabat berýär. 

Bellenen wagtda «BM-21 Grad» kysymly artilleriýa söweş maşynlary şertli garşydaşyň söweş hatarlaryna ot açyşa başlaýar hem-de olaryň güýçlerine uly mukdarda ýitgi çekdirýär. 

Uly ýitgileri çekýän garşydaşlar yza çekilmäge mejbur bolýarlar. 

Artilleriýanyň, tanklaryň we beýleki ot açyş ýaraglarynyň ählisiniň goldamagynda biziň goşunlarymyz hüjüme geçmek bilen garşydaşyň galan güýçlerini ýok edýär. 

Şeýlelikde, biziň ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleri harby taýýarlygyň ýokary derejesini we biziň ýurdumyzyň rahatlygynyň goragynda duran gaýduwsyz harby gullukçylaryň ussatlygyny, döwletiň harby howpsuzlygyny aýdyň beýan edip, öňde goýlan wezipäni uly abraý bilen ýerine ýetirdi. 

Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy, goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedowa tüýs ýürekden hoşallyk bildirmek bilen, okuw türgenleşigine gatnaşyjylar mundan beýläk hem merdana türkmen harbyçylygynyň iň oňat däplerini abraý bilen dowam etjekdiklerine we özleriniň harby taýýarlyklaryny ýadawsyzlyk bilen artdyrjakdyklaryna ynandyrdylar. Geçirilen okuw türgenleşikleri şol harby taýýarlygyň ýokary derejesini aýdyň görkezdi. Berkarar döwetimiziň bagtyýarlyk döwründe döwlet Baştutanymyzyň ýolbaşçylygynda Milli Goşunymyz edermenligiň nusgalyk mekdebine öwrülýär. 

Harby gullukçylar öz halkyna, Watanyna we Türkmenistanyň Prezidentine wepalylyk barada kasam edýärler. 

Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe goşunlaryň beýleki kysymlary bilen bir hatarda, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Harby-deňiz güýçleri hakynda edilýän alada hem täze derejä göterildi. Ýurdumyzyň Hazar deňzindäki çäklerini gorap, döwletimiziň howpsuzlygyny hem-de türkmen halkynyň parahatçylygyny we asudalygyny üpjün edýän deňizçi harby gullukçylar munuň üçin milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa aýratyn hoşallyk bildirýärler. Döwlet tarapyndan deňizçi harby gullukçylar barada alada edilmegi netijesinde, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerini ösdürmek boýunça tassyklanan maksatnama laýyklykda, harby flotuň maddy-tehniki binýady yzygiderli ýagdaýda döwrebaplaşdyrylýar. 

Türkmenistanyň Harby-deňiz güýçleri şu günki okuw türgenleşiginiň barşynda öz öňlerinde goýlan wezipäni takyk ýerine ýetirmek bilen, eziz Watanymyzyň deňiz serhetleriniň ygtybarly goralýandygyny, biziň harby deňizçilerimiziň gullugynyň netijeliliginiň ýokarlanýandygyny aýdyň görkezdiler. Olar bu gün öz bilimlerini kämilleşdirip, häzirki zaman deňiz tehnikasyny, enjamlaryny we ýaraglaryny ussatlyk bilen dolandyrýarlar. 

Harby-taktiki okuwlar tamamlanansoň, Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy, goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow oňa gatnaşan serkerdeler, harby gullukçylar bilen duşuşyp, olaryň görkezen ýokary hünär derejeleri we ýokary harby tälimleri üçin tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi. 

Döwlet Baştutanymyz eziz Watanymyz Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe bedew bady bilen ynamly öňe barýar diýip belledi. Bu ajaýyp eýýamda eziz halkymyz ýokary watançylyk ruhy bilen zähmet çekip, her bir gününi beýik üstünliklere, ajaýyp zähmet ýeňişlerine besleýär. 

Watanymyzyň goranmak kuwwatyny pugtalandyrmakda gazanylan netijeler barada aýtmak bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow eziz Diýarymyzda asudalygy we abadançylygy ygtybarly goraýan merdana harby gullukçylarymyzyň uly üstünlikleriň gazanylmagyna saldamly goşantlaryna ýokary baha berdi. 

Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysynyň belleýşi ýaly, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyga esaslanýan daşary syýasatyndan ugur alýan goranyş häsiýetli Harby doktrinamyza laýyklykda, harbylar ýurdumyzyň asudalygyny, halkymyzyň abadan we parahat durmuşyny goramakda uly işleri amala aşyrýarlar. 

Milli Liderimiziň nygtaýşy ýaly, Ýaragly Güýçlerimiziň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, harby gullukçylaryň gulluk we ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak, milli harby hünärmenleri taýýarlamak, harby gullukçylaryň we olaryň maşgala agzalarynyň durmuş taýdan goraglylygyny üpjün etmek döwlet syýasatymyzyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Bu ugurda alnyp barylýan işleriň netijesinde, harby gullukçylaryň söweşjeň taýýarlygy, harby hünär derejesi barha ýokarlanýar, “Galkan–2013” okuw türgenleşigi hem muny ýene-de bir gezek aýdyň görkezdi. 

-Türkmenler ähli döwürlerde ýurt goraýan gerçekleriň harby hünär ussatlygyny ýokarlandyrmaga örän uly ähmiýet beripdirler—diýip, döwlet Baştutanymyz Watan goragçylarymyzyň merdana ata-babalarymyzyň ýol-ýörelgelerini, şol sanda harby ussatlyklaryny mynasyp dowam etmeklerine uly ünsüň berilýändigni belledi. 

-Ýaragly Güýçlerimiziň harby gullukçylarynyň şu gezekki okuw türgenleşigi goşun görnüşleriniň ähli kysymlarynyň bir maksada gönükdirilen sazlaşykly hereketini guramakda olaryň ussatlygyny aýdyň görkezdi – diýip, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy belledi. 

-Biz «Galkan–2013» atly okuw türgenleşigini uly üns hem-de buýsanç bilen synladyk. Okuw türgenleşiginiň dowamynda Watan goragçylarymyzyň Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň hemişe polat galkany, sarsmaz galasy bolandygyna we boljakdygyna ýene-de bir gezek göz ýetirdik—diýip, döwlet Baştutanymyz okuw türgenleşigine gatnaşyp, harby hünär ussatlyklaryny we söweşjeň taýýarlygyny görkezen harby gullukçylara minnetdarlyk bildirdi. Hormatly Prezidentimiziň nygtaýşy ýaly, biz ýurdumyzyň goranmak kuwwatyny artdyrmaga, Ýaragly Güýçlerimiziň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmaga, harby gullukçylarymyzyň we olaryň maşgala agzalarynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmaga mundan beýläk-de uly üns bereris. 

Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy, goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow okuw türgenleşigine gatnaşyp, ýokary hünär ussatlygyny görkezen harby gullukçylara tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirip, Türkmenistanyň Goranmak ministri B.Gündogdyýewe «Galkan–2013» okuw türgenleşigini ýokary derejede guramaçylykly geçirmäge şahsy goşantlaryny goşan we tapawutlanan harby gullukçylary sylaglar bilen sylaglamaga hödürlemegi tabşyrdy. 

Döwlet Baştutanymyz bu ýere ýygnananlar bilen hoşlaşyp, harby gullukçylaryň ählisine berk jan saglyk, mähriban topragy goramak ýaly örän jogapkärli we mukaddes harby borçlaryny halkymyza wepalylyk, harby kasama ygrarlylyk bilen berjaý etmekde uly üstünlikleri arzuw etdi. 

Harby gullukçylar «Belent Serkerdebaşa şöhrat!» diýip aýdýarlar. 

Soňra Türkmenistanyň Prezidenti harby tehnikalary we ýaraglary gözden geçirmäge tarap ugraýar. 

Harby gullukçylaryň aýdym-saz topary “Serkerde” diýen aýdymy ýerine ýetirýär. 

Soňra döwlet Baştutanymyz ýörite meýdança çykarylan harby tehnikalaryň täze nusgalary bilen ünsli tanyşdy. Olar milli goşunymyzyň düzümlerine soňky döwürde alnan täze tehnikalardyr. Şeýle hem bu ýerde häzirki zaman, kämil harby tehnikalary bilen bir hatarda, taryhy pursatlary janlandyrýan harby tehnikalar hem görkezildi. Olaryň içinde Ikinji jahan urşunda ulanylan harby tehnikalar bar. 

Mälim bolşy ýaly, milli Liderimiziň tagallalary netijesinde häzirki wagtda döwletimiz Ýaragly Güýçleriň ählitaraplaýyn pugtalandyrylmagyna we döwrebaplaşdyrylmagyna gönükdirilen uly möçberli işleri alyp barýar. Olaryň kuwwaty soňky ýyllarda iň kämil harby we ýöriteleşdirilen tehnikalar bilen üsti ýetirilýär. Olaryň bir bölegi şu günki harby okuw türgenleşikleriň barşynda görkezildi, olaryň hatarynda “Peçora-2M”, “OSA”, “S-125” zenit-raketa toplumlary, “MiG-29” we “SU-25” harby uçarlary we beýlekiler bar. 

Ýol ugrunda döwlet Baştutanymyz çeper döredijilikde öz ukybyny synaýan harby esgerleriň döreden çeperçilik sergileri bilen tanyşdy. 

Soňra harby bölümlere her sapar baranynda bolşy ýaly, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Gurbanguly Berdimuhamedow özüne däp bolan endigi boýunça harby türgenleşik okuwlaryna gatnaşan harby gullukçylar we harby talyplar, şeýle hem bu günki waka mynasybetli çagyrylan myhmanlar – şu günler bütin ýurdumyzda şanyna dabaralar geçirilýän urşa gatnaşyjylar bilen günortanlyk nahar edindi. 

Döwlet Baştutanymyz urşa gatnaşanlary Beýik Ýeňiş güni bilen tüýs ýürekden gutlap, olara berk jan saglyk, uzak ömür, bagt, asudalyk we abadançylyk arzuw etdi. 

Frontçy ýaşulular uruş ýyllarynyň gowgaly günleri, olaryň kalplarynda we hakydasynda galdyran bitmejek ýarasy barada milli Liderimize gürrüň berdiler. Erkin ýurtda, asuda asmanyň astynda ýaşamak bagtynyň miýesser edendigi barada söz açmak bilen, 1941-1945-nji ýyllaryň urşuna gatnaşan gojalar milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa weteranlar, olaryň durmuşy barada yzygiderli alada edýändigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler. 

–Döwletimiz geljekde hem uruş weteranlary, olaryň saglygy, ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak barada yzygiderli alada eder diýip, hormatly Prezidentimiz ýaşululara ýurdumyzy ösdürmekde, ýaşlarymyzy Watana söýgi ruhunda terbiýelemekde berýän hemaýatlary üçin tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bir stoluň başynda oturan harby gullukçylaryň durmuşy, olaryň gündelik aladalary we geljekki meýilnamalary bilen hem gyzyklanýar. Ata Watany goramak boýunça olaryň ýerine ýetirýän işleriniň ýokary jogapkärçiligi barada gürrüň edip, hormatly Prezidentimiz döwletimiz Ýaragly Güýçleri pugtalandyrmaga, harby gullukçylaryň gullugy we durmuşy hem-de olaryň maşgalalarynyň durmuş goraglylygyny has-da gowulandyrmak üçin iň oňat şertleri döretmäge hemişe örän uly üns berer diýip belledi. 

Döwlet Baştutanymyz uruş weteranlary bilen köne harby tehnikalaryň nusgalarynyň öňünde ýadygärlik surata düşüp, olara berk jan saglyk, eziz Watanymyzyň beýik gazananlaryna buýsanç duýgusy bilen uzak we bagtly ömür sürmegi arzuw etdi. 

Döwlet Baştutanymyza özleri hakda edýän uly tagallalary üçin ýene-de bir gezek hoşallyk bildirip, harby okuw türgenleşigine gatnaşyjylar harby kasamlaryna wepaly bolup, ýurdumyzyň howpsuzlygyny üpjün etmek we mukaddes Garaşsyzlygyň beýik gazananlaryny goramak bilen, mundan beýläk-de ata Watanymyza abraýly gulluk etjekdiklerine ynandyrdylar. 

Bu ýere ýygnananlar bilen mähirli hoşlaşyp, Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy, goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow wakalaryň geçen ýerinden ugrady.

Degişli makalalar

Resul Gylyjowyň Ýolbaşçylygyndaky Simfoniki Orkestr we Tanymal Aýdymçy-Sazandalar Türkmen Kompozitorlarynyň Eserlerini Ýerine Ýetirdiler

turkmenhabargullugy

Türkmennebit DK-sy Hazardaky Ýataklary Özleşdirmek Üçin Bilelikdäki Kärhanalary Döretmegi Meýilleşdirýär

Okuwçylar Köne Nusaý galasyna ekspedisiýa guradylar.

syrach