14.9 C
Aşkabat
21.11.2024
BAŞ SAHYPA GÜNÜŇ WAKALARY Iň Täze Habarlar

Parahatçylyk Döretmegiň Sungaty

Türkmen Bitaraplygy, onuň taryhy ähmiýeti hakynda gürrüň gozgalanda, ilki bilen, şeýleräk pursatlar göz öňümde janlanýar: 2015-nji ýyl — «Bitaraplyk we parahatçylyk ýyly». Şol ýylda türkmen diplomatiýasynyň milli mekdebiniň gapysyndan ätläp, geljekki ýaş hünärmen hökmünde ýurdumyzda geçirilýän iri halkara derejeli çärelere, maslahatlardyr forumlara gatnaşmaga mümkinçilik alypdyk. 2015-nji ýylyň 12-nji dekabry. Şol senede paýtagtymyzda Türkmenistanyň Bitaraplygynyň şanly 20 ýyllygy mynasybetli «Bitaraplyk syýasaty: parahatçylygyň, howpsuzlygyň we ösüşiň ugrunda halkara hyzmatdaşlygy» atly halkara maslahat geçirilipdi. Ýokary derejeli maslahatyň işine dünýäniň ençeme ýurtlaryndan döwlet we hökümet Baştutanlary, sebit we halkara guramalaryň wekilleri, diplomatlardyr bilermenler gatnaşdy. Şol taryhy maslahata ilkinji gezek meýletinçi hökmünde gatnaşyp, bir hakykata göz ýetirdik: maslahatyň wekilçilikli geriminiň giňdigi, oňa şeýle köp adamyň gatnaşmagy dünýä jemgyýetçiliginde Türkmenistana uly hormat goýulýandygynyň, türkmen Bitaraplygyna ýokary gyzyklanma bildirilýändiginiň anyk-aýdyň beýany boldy…
2020-nji ýyl — «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýyly. Hormatly Prezidentimiziň Kararyna laýyklykda, paýtagtymyzda 2020-nji ýylyň 11-12-nji dekabrynda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygy mynasybetli «Bitaraplyk syýasaty we onuň halkara parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmekdäki ähmiýeti» atly halkara maslahat geçiriler.
Şeýle-de bu ýylda ýörite taýýarlanan meýilnama esasynda, Türkmenistanda hem-de daşary ýurtlarda türkmen Bitaraplygy bilen bagly dürli görnüşli dabaralardyr çäreleriň ençemesi geçiriler. Islendik bir çäre ýa-da maslahat hakynda öňünden nämedir bir zat aýtmak çetin hem bolsa, biziň ynam bilen aýdyp biljek bir hakykatymyz bar: «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýylynda ýurdumyzda geçiriljek çäreler arkaly türkmen Bitaraplygynyň şan-şöhraty nobatdaky gezek dünýä ýaýylar, türkmen Lideriniň parahatçylyk döretmek sungatynyň — türkmen diplomatiýasynyň abraý-mertebesi, ähmiýeti has-da belende galar, ýokary ykrarnama eýe bolar.
* * *
Garaşsyzlygyny, özygtyýarlylygyny gazanan islendik döwlet geljekki ykbaly bilen bagly käbir möhüm wezipeleri kesgitlemeli bolýar. 1991-nji ýylyň güýzünde döwlet Garaşsyzlygyny gazanan Türkmenistan daşary syýasat bilen bagly meselede aýgytly karara geldi: ýurduň daşary syýasat strategiýasy oňyn bitaraplyk ýörelgeleri esasynda alnyp barylmaly. Şundan ugur alyp, 1992-nji ýylyň iýulynda häzirki Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Helsinkide geçirilen sammitinde Türkmenistan ilkinji gezek öz daşary syýasat ugrunyň esasy hökmünde oňyn bitaraplyk ýörelgesini saýlap alýandygyny mälim etdi. Beýleki döwletleriň çäk bitewüligini we özygtyýarlylygyny hormatlamak, olaryň içerki işlerine goşulmazlyk, döwletara gatnaşyklarda güýç ulanmazlyk, halkara işlerde Birleşen Milletler Guramasynyň çözgütlerini ileri tutmak, ähli ýurtlar bilen hyzmatdaşlygy we hoşniýetli goňşuçylygy berkitmek ýaly ýörelgeler türkmen Bitaraplygynyň esasy aýratynlyklary hökmünde görkezildi.
1995-nji ýylyň martynda Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Yslamabatda geçirilen sammitiniň jemleýji Jarnamasynda Türkmenistanyň daşary syýasatdaky bitaraplyk ýörelgesi ilkinji gezek sebit derejesinde ykrar edildi. Bu duşuşykda Türkmenistan hemişelik Bitarap döwletiň borçlaryny konstitusion esasda öz üstüne alýandygy hakynda ýörite Beýannama bilen çykyş etdi. Şol ýylyň oktýabrynda Kartahenada geçirilen Goşulyşmazlyk hereketine agza ýurtlaryň hökümet we döwlet Baştutanlarynyň duşuşygynda bolsa gurama agza ýurtlaryň wekilleri tarapyndan Türkmenistana hemişelik Bitaraplyk derejesini bermek hakynda Milletler Bileleşigine Ýüzlenme kabul edildi. Netijede, 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 50-nji ýubileý mejlisinde «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» atly Kararnama kabul edildi. Bu Kararnama halkara gatnaşyklaryň tejribesinde bitaraplyk babatda Milletler Bileleşigi tarapyndan kabul edilen ilkinji resminama hökmünde taryha girdi.
«Bitaraplyk» düşünjesi örän giň manyny öz içine alýar. Taryhyň dürli döwürlerinde uruşýan taraplara goşulyşmazlyk, bir çetde galmak, emma olar bilen dostluk gatnaşyklaryny saklap galmak bilen baglylykda, bitaraplygyň dürli görnüşleri kemala geldi. Şweýsariýanyň, Belgiýanyň, Lýuksemburgyň, Albaniýanyň, Islandiýanyň, Awstriýanyň, Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň, Maltanyň, Gondurasyň, Kambojanyň, Laosyň dürli döwürlerde alyp baran syýasaty bitaraplygyň ýörelgelerini özünde saklapdy. Şweýsariýa we Awstriýa bu syýasaty häzir hem dowam etdirýär. Mysal getiren ýurtlarymyzyň bitaraplyk ýörelgesi bu ugurda halkara şertnamany baglaşmak ýa-da degişli kanuny kabul etmek bilen berkidilendir. Ýöne türkmen Bitaraplygy özüniň käbir aýratynlyklary bilen olardan düýpli tapawutlanýar. Gelip çykyşy boýunça «ykrar edilen», görnüşi boýunça «hemişelik», manysy boýunça «oňyn» häsiýete eýe bolan Türkmenistanyň Bitaraplygy dünýäde iň ýokary wekilçilikli halkara düzüm bolan Birleşen Milletler Guramasynyň şol wagtky agza döwletleriniň 185-si tarapyndan biragyzdan ykrar edilen, taryhy Kararnama bilen berkidilen halkara hukuk ýagdaýydyr. Ol öz gözbaşynda türkmen halkynyň müňýyllyklaryň dowamynda baýdak edinen parahatçylyk söýüjilik, birek-birege hormat goýmak, ynsanperwerlik ýaly belent adamkärçilik ýörelgelerini saklaýar. Şoňa görä-de, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk derejesinden gelip çykýan wezipeler tutuş dünýäde parahatçylygyň pugtalandyrylmagynda, durnukly ösüşiň we abadançylygyň üpjün edilmeginde möhüm ähmiýete eýedir.
* * *
Häzirki wagtda bitaraplygyň «türkmen nusgasynyň» maksatlarynyň ählumumy ösüşiň wezipelerine we talaplaryna doly laýyk gelýändigini, bu ugurda alnyp barylýan işlerde Birleşen Milletler Guramasynyň ýörelgeleriniň ileri tutulýandygyny dünýä jemgyýetçiligi biragyzdan ykrar edýär. Merkezi Aziýa döwletleriniň ählisiniň goldaw bermeginde, 2007-nji ýylyň dekabrynda Aşgabatda Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkezi öz işine başlady. Merkeziň esasy wezipesi Merkezi Aziýada döräp biläýjek howplaryň öňüni almak, sebitiň çäklerinde netijeli gatnaşyklary berkitmek üçin täze ugurlary kesgitlemek boýunça Merkezi Aziýa döwletlerine pikir alyş we gepleşikler meýdançasyny döretmäge ýardam bermek bilen baglydyr. Syýasatşynaslar bitaraplyk bilen öňüni alyş diplomatiýasynyň özara aýrylmaz baglanyşyklydygyny tassyklaýarlar. Şundan ugur alyp, biz häzirki döwrüň ählumumy meselelerini çözmekde, halkara hyzmatdaşlygyň has täze ugurlaryny kemala getirmekde türkmen Bitaraplygynyň netijeli gurala öwrülendigini ynam bilen aýdyp bileris.
Bu günki gün türkmen Bitaraplygynyň ýörelgeleri goňşy Owganystandaky ýagdaýlary parahatçylykly ýollar arkaly kadalaşdyrmak, ýaragsyzlanmak boýunça sebitde alnyp barylýan işlere ýardam bermek, suw-energetika meselelerini deňhukuklylyk ýörelgeleri esasynda çözmek, ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek ýaly meselelerde milli Liderimiziň halkara derejede öňe sürýän başlangyçlarynda hem aýdyň beýanyny tapýar. Çünki bu ugurlar 1995-nji ýylyň 27-nji dekabrynda kabul edilen «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy hakynda» Türkmenistanyň konstitusion Kanunynda göz öňünde tutulan türkmen Bitaraplygynyň syýasy, ykdysady we medeni jähetlerini iş ýüzünde amala aşyrmagyň möhüm görkezijileridir. Şoňa görä-de, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 2011-nji ýylda geçirilen 66-njy mejlisinde hormatly Prezidentimiziň öňe süren «Ösüş arkaly parahatçylyk» diýen şygary hem syýasy meseleler, ykdysadyýet, energetika, ekologiýa we ynsanperwer ulgam ýaly strategik ugurlarda ýola goýulýan gatnaşyklarda bitaraplygyň esasy ýörelgesiniň — hoşniýetliligiň ileri tutulmagyny göz öňünde tutýar.
…Ýer ýüzünde näçe ynsan bar bolsa, şonça hem filosofiýanyň bardygy aýdylýar. Munuň özi islendik zat barada her adamyň garaýşynyň başgaçadygyny, meňzeş däldigini aňladýar. Ýöne bir meselede — «parahatçylyk» diýen düşünjede hemmeleriň pikir-garaýşynyň birmeňzeşdigine asla şek-şübhe ýokdur. Hut şonuň üçin-de, Türkmenistanyň Bitaraplyk syýasaty ählumumy parahatçylyga çagyryş hökmündäki ornuny yzygiderli pugtalandyrmak bilen, parahatçylyk döretmek mümkinçiliginiň gerimini barha giňeldýär. 2015-nji ýylyň 3-nji iýunynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 69-njy mejlisinde «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» atly Kararnamanyň 193 döwletiň goldamagynda ikinji gezek kabul edilmegi türkmen Bitaraplygynyň, parahatçylyk söýüjilikli diplomatiýanyň dünýä jemgyýetçiligindäki ýokary ykrarynyň nobatdaky güwäsidir.
Megerem, habarlysyňyz, hormatly Prezidentimiz türkmen Bitaraplygynyň şanly 20 ýyllygyna bagyşlanyp 2015-nji ýylyň 12-nji dekabrynda geçirilen maslahatda eden taryhy çykyşynda bitaraplygyň dünýä derejesindäki ähmiýetini has-da pugtalandyrmak maksady bilen, Halkara Bitaraplyk gününi döretmek hakyndaky başlangyjy öňe sürüpdi. 2017-nji ýylyň 2-nji fewralynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 71-nji mejlisinde 12-nji dekabry Halkara Bitaraplyk güni diýip yglan etmek hakyndaky Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi bu ugurda milli Liderimiziň 2015-nji ýylda öňe süren teklibiniň halkara bileleşikde giň goldawa mynasyp bolandygynyň aýdyň subutnamasydyr. Türkmen Bitaraplygynyň toplan tejribesiniň ykbal çözüji ähmiýetini has-da ýokarlandyran bu waka mynasybetli watandaşlarymyza ýüzlenmesinde döwlet Baştutanymyz: «Biz Türkmenistanda bitaraplygy berkitmäge uly ähmiýet berýäris, onuň özboluşly hukuk ýagdaýyna buýsanýarys. Bitaraplyk biziň doktrinamyzdyr, ol tutuş dünýäde parahatçylygy saklamaga, halklaryň arasynda dost-doganlyk gatnaşyklaryny ösdürmäge çagyrýar, ynsanperwerlik ýörelgelerini yglan edip, agzybirlige ýardam berýär» diýmek bilen, bu ugurda Türkmenistanyň alyp barýan syýasatynyň yzygiderli dowam etdiriljekdigini nygtapdy. Bu bolsa, täze taryhy şertlerde Türkmenistanyň Bitaraplyk halkara hukuk derejesiniň mümkinçiliklerini giňeltmekde möhüm ädimleriň biridir.
* * *
«Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» diýlip atlandyrylan 2019-njy ýylda ähli ugurlar bilen bir hatarda, ýurdumyzyň daşary syýasatynda hem uly üstünlikler gazanyldy, mertebeli menzillere ýetildi. Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan «2021-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnamanyň kabul edilmegini türkmen diplomatiýasynyň 2019-njy ýyldaky nobatdaky ajaýyp ýeňşi diýip hasap etmek bolar. Çünki 2019-njy ýylyň 12-nji sentýabrynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 73-nji mejlisiniň 106-njy umumy mejlisinde, 73 döwletiň awtordaşlygynda kabul edilen bu resminama, ozaly bilen, häzirki zamanyň çylşyrymly şertlerinde tutuş dünýäde parahatçylygy we asudalygy üpjün etmek boýunça Bitarap Türkmenistanyň garaýyşlarynyň dowamlydygyny, bu ugurda dünýä bileleşiginiň tagallalaryny birleşdirmäge goşant goşmaga taýýardygyny alamatlandyrdy.
Bu taryhy Kararnamanyň kabul edilmeginiň yzysüre ýurdumyzyň Daşary işler ministrliginde brifing geçirilipdi. Şol çärede BMG-niň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysy Ýelena Panowa: «Parahatçylygyň we ynanyşmagyň ýok ýerinde gülläp ösüş hem bolup bilmez, durnukly ösüş-de üpjün edilip bilinmez» diýip nygtapdy. BMG-niň Baş sekretarynyň Merkezi Aziýa boýunça ýörite wekili, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ýolbaşçysy Natalýa German bolsa bu resminamanyň ähmiýeti hakynda şeýle diýdi: «73 ýurduň awtordaş bolmagynda kabul edilen «2021-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly bu Kararnama hormatly Türkmenistanyň Prezidentiniň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 73-nji mejlisinde öňe süren başlangyjynyň iş ýüzünde amala aşyrylmasydyr. Bu Kararnama häzirki «ynamyň pese düşen» eýýamynda ýurtlary bir maksada gulluk etmäge özboluşly çagyryşdyr». Natalýa Germanyň sözlerindäki «bir maksada gulluk etmäge çagyryşyň» aňyrsynda bolsa, elbetde, ynanyşmak, birek-biregiň milli bähbitlerine hormat goýmak arkaly tutuş Ýer ýüzünde parahatçylygy we gülläp ösüşi üpjün etmek hakyndaky garaýyşlar ýatyr.
* * *
Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan ykrar edilen taryhy senesinden bäri çärýek asyra golaý wagt geçdi. Bu döwrüň içinde Türkmenistan dünýäniň 147 ýurdy bilen diplomatik gatnaşyklary ýola goýup, 47 sany halkara guramanyň agzasy boldy. Bu günki gün Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasy, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygy, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy, Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasy, Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasy ýaly iri sebitleýin we halkara guramalar bilen netijeli gatnaşyklary barha ösdürýär. Munuň özi ýurdumyzyň daşary syýasat strategiýasynyň dünýä döwletleri we abraýly halkara guramalar bilen ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmek bilen bagly maksatlaryna doly laýyk gelýär.
Ýurdumyzyň oňyn bitaraplyk ýörelgeleri esasynda halkara guramalar bilen alyp barýan gatnaşyklarynyň döwrüň talabyna laýyklykda, hil taýdan täze derejä çykarylýandygyna 14-nji ýanwarda hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda paýtagtymyzda geçirilen «Türkmenistan we halkara guramalary: parahatçylygyň we ösüşiň hatyrasyna hyzmatdaşlyk» atly halkara maslahatyň mysalynda-da magat göz ýetirmek bolýar. Ýurdumyz bilen hyzmatdaşlyk edýän abraýly sebitleýin we halkara guramalaryň ýolbaşçylaryny, diplomatlary, döwletimiziň ýolbaşçy düzüminiň we milli hem-de daşary ýurt habar beriş serişdeleriniň wekillerini bir ýere jemlän maslahatyň gün tertibi milli we umumadamzat bähbitli möhüm meseleleri öz içine aldy. Milli Liderimiz halkara maslahatda, hemişekiler ýaly, giň mazmunly, maksatnamalaýyn çykyş etdi, halkara guramalaryň wekillerini türkmen Bitaraplygynyň 25 ýyllyk şanly senesine bagyşlanyp geçiriljek forumy bilelikde ýokary derejede guramaga we geçirmäge çagyrdy.
«Türkmenistan we halkara guramalary: parahatçylygyň we ösüşiň hatyrasyna hyzmatdaşlyk» atly halkara maslahatda hormatly Prezidentimiziň eden taryhy çykyşy dünýä jemgyýetçiliginde uly gyzyklanma döretdi. Maslahatyň yzysüre Russiýanyň «Interfaks», «Meždunarodnaýa žizn», Azerbaýjanyň «Trend», «AzerNews», «QHT», «Kaspiý online», «Ýewraziýanyň ritmleri», Täjigistanyň «Avesta», Gyrgyzystanyň «Kabar», Ermenistanyň «ArmInfo», Belarusuň «Belta», Ukrainanyň «Fashion diplomacy», Hytaýyň «Sinhua», «CRLonline», Gruziýanyň «News day», Hindistanyň «Diplomacy today»… ýaly iri habar beriş serişdelerinde — habarlar agentlikleriniň, internet neşirleriniň, gazet-žurnallarynyň sahypalarynda berlen maglumatlardyr syn beriş-seljerme häsiýetli makalalar munuň şeýledigine doly güwä geçýär. Dünýäniň abraýly habarlar gulluklarynyň berýän maglumatlarynda milli Liderimiziň maslahatda sözlän sözünden jümleler getirilýär, türkmen Bitaraplygynyň çärýek asyra golaý döwürde milli, sebit we dünýä derejesinde parahatçylygyň we durnukly ösüşiň üpjün edilmegindäki ähmiýeti anyk mysallar arkaly delillendirilýär. Bu bolsa, öz gezeginde, «Bitaraplyk — bu biziň bütin dünýäde parahatçylygy ündeýän, halklary bagtyýarlyga çagyrýan hem-de ynsanperwerligi wagyz edýän ýörelgelerimizi dünýä ýaýýan taglymatdyr» diýýän Gahryman
Arkadagymyzyň Bitaraplygyň ähmiýetini has-da ýokarlandyrmak, parahatçylygyň we howpsuzlygyň bähbidine Bitaraplygyň dostlarynyň toparyny döretmek hakyndaky öňe süren täze başlangyjyny iş ýüzünde amala aşyrmak boýunça wezipeleriň üstünlikli çözülmeginde tagallalary birleşdirmäge doly mümkinçilik berýär.
Gündogaryň meşhur akyldary Jelaleddin Rumuda şeýle jümleler bar: «Şol bir dilde gürleşýänler däl-de, şol bir duýgulary paýlaşýanlar düşünişip bilýändir». Taryhyň ähli döwürlerinde-de ynsanlaryň parahatçylykly ýaşaýyş hakyndaky duýgy-düşünjeleri meňzeş bolupdyr. Bu häzirem şeýle. Geljekde-de şeýle bolmagynda galar. Sebäbi parahatçylyk umumadamzat gymmatlygydyr. Milli Liderimiziň nygtaýşy ýaly, bitaraplyk we parahatçylyk diýen düşünjeler bölünmezdir. Ýurdumyzda 2020-nji ýyl — «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýyly diýlip yglan edildi. Bu, elbetde, ilkinji nobatda, içeri syýasat bilen baglanyşykly. Ýöne aýdylyşy ýaly, daşary syýasat içerden başlanýar. Türkmenistanyň daşary syýasaty ýurdumyzyň içeri syýasatynyň logiki dowamy bolup, milli bähbitleri üpjün etmek bilen deň hatarda, bir maksada gulluk etmäge — ählumumy derejede parahatçylygy we durnukly ösüşi üpjün etmäge özboluşly çagyryşdyr.

Çeşme: metbugat.gov.tm

Degişli makalalar

Türkmenistanyň Döwlet Migrasiýa Gullugynyň Balkan Welaýaty Boýunça Müdirliginiň Etrek Etrap Bölüminiň Täze Binasynyň we Gulluk Ýaşaýyş Jaýynyň Açylyş Dabarasy

Berkarar Döwletimiziň Bagtyýarlyk Döwrüniň Ýyl Ýazgysy-2018-nji Ýyl: Söwda Toplumy we Telekeçilik

turkmenhabargullugy

Küştdepdi Tansy-Hindistanda Geçirilen Halkara Tans Festiwalynda

turkmenhabargullugy