9.9 C
Aşkabat
21.11.2024
BAŞ SAHYPA DURMUŞ Iň Täze Habarlar

Agzybirlik Bilen Beýiklik Tapan Nurberdi Han Hakynda Buýsançly Söhbet

Ýaradanyň özi ýalkajak bolanda ýol tapýar. Taryhyň ýowuz pursatlary hasap edilýän ýyllarda-da ilagasy bolup, öz halkyny döş gerip gorap biljek ärler döräberýär eken. Gürrüň türkmeniň gerçek ýigidi Nurberdi han hakynda. Emma ondan öňürti üns bermeli käbir maglumatlara ser salmak gerek. Arçmanda doglup, önüp-ösüp kemala gelen Myrat serdar 20 ýyllap ile ýolbaşçylyk edýär.

ХIХ asyryň gowgaly döwründe çärýek asyr öz halkyna ýolbaşçylyk edip, öz döwrüniň dört sany uly söweşlerinde toply-tüpeňli, düzgün-nyzamly, tälim berlen (regulýar) keseki ýurtly goşunlary özüniň halky bilen ýeňen türkmeniň gaýduwsyz, batyry Onbegi kethudanyň taňlygy, Kermene serdaryň geňligi, Garry batyryň gowlugy, Anan onbeginiň ýuwlugy, Garry baýyň çowlugy, Mürrük baýyň agtygy, Döwletýar baýyň ogly Hanlar hany Nurberdi handyr.

Aýdyşlaryna görä, türkmeniň ägirt ogullarynyň biri bolan Amangeldi Gönibek geň düýş görüpdir. Onuň düýşinde säher bilen dogan Gün Nurberdiniň boýnundan halka bolup dakylypdyr. Döwletýar baý, düýşi ýorup, Nurberdiniň han boljagyny aýdypdyr.

Nurberdi hanyň doglan senesi barada halk arasynda kän çekişmeler bolandygyna garamazdan, ýaşuly alym Atabaý Nazarow «Edebiýat we sungat» gazetiniň 2016-njy ýylyň 19-njy maýyndaky 21 (2938) belgili sanynda «Nurberdi han haçan doglupdyr» atly makalasynda öňki çap edilen makalara seljerme-syn geçirip, hakykatdanam Nurberdi hanyň 1826-njy ýylda doglandygyny deliller bilen subut edipdir.

Döwletýar baý ilki bilen oglyny ýedi ýaşynda Gökdepeli Nyýazdurdy molla okuwa berip, gerekli sowadyny alanyndan soň bolsa Baharlynyň Akdepe obasyndan bolan adybir garyndaşy Däli batyryň eline tälim bermek üçin beripdir. Nurberdi özi ýaly oglanlar bilen ömrüniň oglanlyk möwrütini külterläp geziberipdir. Ýetginjekler bir güni sözleri azaşyp, bir ejizräk, emelsizje oglanyň daşyna geçipdirler. Şonda Nurberdi: «Oglanlar, oňa degmäň, ol ozalam näsag. Oňa derek, meni uraýyň….» diýipdir. Öz islegi bilen ejize arka durmagy islän Nurberdi olara hiç gaýtawul bermän, diňe goranypdyr. Olaryň özleri ahyrsoňy ýadap aýrylýarlar. Şondan soň olar ýolda gelýärkäler, biri ellerini owkalap: «Endamy dagy nähili-aý, elimiň işini gördi…» diýipdir. «Iki aýakly iki günde» diýlişi ýaly, Nurberdi bugdaýdan doly ýedi putluk argyş çuwallary göterip, düýä ýükläp bilýän goç ýigit bolup ýetişýär. Gazy gazylanda iki-üç paý alyp, ilden öň tamamlaýar-da, ejizräklere kömek bermäge-de ýetişýär. Nurberdi hiç-haçanam ejize ganym bolmandyr. Büdräniň ezeneginden, ýykylanyň golundan tutup, goltgy beripdir. Il agysyny aglapdyr.

1850-nji ýylyň ahyrynda Gökdepede uly maslahat bolupdyr. Oňa Mary aýaklaryndaky ilatly mekanlardan, Tejen-Sarahs etraplaryndaky galalardan, Kürtüş, Gyzylarbat (häzirki Serdar) we Balkan sebitlerindäki ýaýlalardan il sylagly ýaşulular, sypaýylar, serdarlar, kethudalar… gelýär. Maslahatda keramatly Ak işan atamyz hem-de onuň ylym agzasy Atajyk molla maslahata gatnaşypdyr we maslahaty alyp barypdyr. Han bolmaga iki adam Nurberdi Döwletýar baý ogly hem-de Orazmämmet han Hajygurban ogly görkezilýär. Adalatly saýlawda artyk ses alan Orazmämmet hanlygy öz üstünden aýyrmaklaryny haýyş edip şeýle diýipdir: «Owaly Biribaryň güwäliginde, men hanlyk ornuny Nurberdi Döwletýar baý ogluna bagyşlaýaryn. Ol gadymy Was eýýamynda ýaşululyk eden teke türkmenleriniň Keýmirdenem öňki aksakgaly Döwletmämmet düýegöz aganyň tälimini alan Aman onbeginiň yzydyr. Munuň atasy Mürrük baý bilen kakasy Döwletýar baý örän çörekli-çykymly adamlardyr. Nurberdiniň ähli taraplaýyn ukyplaryny hem biz bilýäris. Han bolmak üçin goly giňligem gerek. Il-günden nökerlige çekmeli, olary at-ýarag bilenem üpjün etmeli. Şu nukdaýnazardanam men hanlyk-ýaşululyk mertebesini öz razylygym bilen Nurberdä bagyşlaýaryn». Şeýlelik bilen Nurberdi biragyzdan hanlyga göterilýär. Esasy mesele çözülenden soň toý dabarasynyň dowamyny Döwletýar baý aganyň toýhanasyna – gadymy we müdimi Yzgant obasyna geçirýärler. Atajyk molla ilki öz şägirdi Ak işan atamyzy orta çykaryp, oňa-da ak pata berdirýär. Atajyk mollanyň özi-de ak pata berensoň, «Hangöter» dabarasy berjaý edilýär.

N.W.Atamämmedowyň redaksiýasy bilen 1992-nji ýylda çykarylan «Türkmen hanlary we serdarlary» kitabynda Nurberdi hany şeýle sypatlandyrýarlar: «Nurberdi juda uzyn boýly, süňkbaşy iri, eginlek, süýrüräkden uly kelleli, tüňňüräk maňlaýy giňden ýaýbaň, gönüburunly, garasy köpräk goýun gözli, gaşlagrak, bugdaýreňk gyzgylt ýüzli, az-uz sözli, diňlemegi söýýän, synçy ýiti nazarly, ynanç-ygtykatly, nebsinden ynsaby ýokary, rehimli, ýürekli, gahar-gazabyna erk edip bilýän akyl-paýhasly, söweş-syýasatdan başy çykýan, berk bedenli, sabyr-kanagatly, sowatly sada adam bolupdyr.»

Patyşa goşunynyň harby serkerdeleriň biri bolan N.I.Grodekow: «Özüniň şahsy durmuşynda Nurberdi han adalatly we myhmana duz-çörekli bolmak bilen tapawutlanypdyr. Ol owadan, uzyn boýly, fiziki taýdan güýçli adam bolupdyr we onuň ägirt göwresi köpleri ätiýaç etdiripdir» diýip ýazýar.

Nurberdi han saýlanandan soňra, Orazmämmet serdar hanyň weziri bolýar. Garaja batyryň ogly Çopan kir söweş hereketleriniň baş serkerdesi, Börmäniň gala hany Öwezmyrat-Dykma serdar baş serdarlyga göterilipdir. Baş han saýlanan Nurberdi han Ahal etek obalaryna, Gyzylarbat (häzirki Serdar) -Tejen aralygyna aýlanyp, oba kethudalaryny, hanlaryny, serdarlaryny, oba kazylaryny, miraplaryny, mollalaryny halkyň razylygy bilen belläp, agzybirligi berkidip, her obada atly toparlary ýola goýup, duşman gelende, obalaryň bileleşip gaýtawul berilmegini gazanýar.

1862-nji ýylda bolsa hanlar hany Nurberdi han Mara gelende oňa abraýly ýeriň asylly maşgalasyny – Töre sokunyň gyzy Güljemaly nikalap alyp berýärler. Onuň mülki Baýramalyda tutulýar.

Nurberdi han bilen Gowşut han öz güýçlerini, baglanyşyklaryny barha berkidýärler. Olaryň «Ýedi ölçäp, bir kesip» hereket edýändikleri üçin garşydaşlaryň goşunlary güýçli ýitgilere sezewar bolýarlar. Onsoň olar türkmeniň şöhratly ogullaryny assyrynlyk bilen ýok etmekligiň hilegärlik meýilnamasyny düzüpdirler. Şeýlelikde, Gowşut han 1878-nji ýylda garşydaşlaryň jansyzy tarapyndan awulanyp öldürilýär. Nurberdi hanyň «Sag omurdanym goparylan dek boldum» diýmegi onuň şeýle agyr ýagdaýa düşendigini aňladýar.

Şeýle gowgaly günlerde müňde bir aladaly Nurberdi han keselleýär. 1878-nji ýylyň aýaklarynda we 1879-njy başlarynda Hazaryň kenarynda türkmenlere garşy hüjüme taýýarlyk görýändikleri barada Nurberdi han habarly bolupdyr. Trans-Kaspidäki goşun güýçlerine serkerde edilip, täzeden bellenen general (Lomakin) Ahaly eýelemek niýeti bilen gelipdir. Türküstanyň general-gubernatoryna Mary türkmenleriniň ünsüni sowmak we şunlukda Ahal türkmenlerine kömege barmagynyň öňüni almak maksady bilen Mara tarapa hüjüm edýän ýaly ýalan howsala döretmek barada telegramma arkaly buýruk berlipdir. Nurberdi han garşydaşyň Mara ýörüş etmeklerine garşylyk görkezmäge taýýarlyk görýär. Nurberdi hanyň ogullarynyň içinde iň ukuplysy, ugurtapyjysy bolan we geljekde halkyň umyt baglaýan gerçek ogly Berdimyrat Ahala han saýlanypdyr.

Nurberdi han nowbahar ogly Berdimyrat han söweşde wepat bolýar. Nurberdi han ýürek nalasyny halka şeýle mälim edipdir: «Ähli adamlar üçin şeýle agyr günde men we meniň maşgalam pida çekmedik bolsa, bu meniň üçin ullakan biabraýçylyk bolardy. Gönübegiň, Gara batyryň ölümi welin maňa agyr degdi. Bu biziň üçin öwezini dolup bolmajak agyr ýitgidir. Başga Gönübek, Gara batyr dünýä inmez» – diýýär.

1879-1880-nji ýyllarda türkmen topragynda bolup, häzirki Balkan we Daşoguz welaýatlaryna syýahat eden türk syýahatçysy, Stambulda neşir edilýän «Terjumany hakikat» gazetinde ýazarmany Mehmet Emin Efendiniň syýahatlary baradaky giňişleýin makalalary oňa örän uly meşhurlyk getiripdir. Mehmet Emin Efendi Gürjüstanyň paýtagty Tbilisiň üsti bilen Bakuwa, soňra bolsa Hazar deňziniň üsti bilen Krasnowodsk (häzirki Türkmenbaşy) şäherine gelýär. Şol ýerde oňa Nurberdi han bilen duşuşmaklyk nesibesi çekýär. Onuň «Stambuldan Merkezi Aziýa syýahat» atly eseri Stambulyň «Ewerest» neşirýaty tarapyndan 2007-nji ýylda neşir edilipdir. Mehmet Emin Efendi Balkan welaýatynyň çäginde Garagum çölündäki birikme mekanynda Nurberdi han bilen bolan duşuşygy barada şeýle ýazýar: «Nurberdi hanyň ýasawuly meniň bilen Käbeden gelen adam ýaly görüşdi. Onuň bilen bir ýarym sagat gürrüňdeşlikde boldum. Men general Lomakini ýeňen edermen hany görmegi arzuw edýändigimi aýtdym. Ol ýasawulyň özi hem 500-600 atlynyň ýolbaşçysy eken. Ady agzalan ýasawul bilen Nurberdi hanyň esgerleriniň ýerleşýän ýerine bardyk. Nurberdi han meniň Osmanly döwletinden gelendigimi bilenden soňra meni gaty uly hormat bilen kabul etdi. Ýanyndaky teke esgerleri örän agras we örän zehinli adamlardy. Olar duşmanlaryň ot açýan ýarag ulanýanyny görüp, derrew ot açýan ýaraglar bilen ýaraglanypdyrlar. Ot açýan ýaraglary şeýle bir çalt özleşdiripdirler welin, görseň asyrlardan bäri ot açýan ýarag ulanýan söweşijilerdir diýip pikir edersiň. Şoňa garamazdan, olar öz ýaýlaryny hem ýanlaryndan aýyrmandyrlar.

Türkmenler bütin Aziýada öz azatlygyny iň eý görýän milletdir. Şu wagta çenli hiç bir döwlete we hökümdara boýun egmän, öz ygtyýarlyklaryny gorap saklapdyrlar. Olar öz ýurtlaryna çozan döwletleriň goşunlaryny ýeňipdirler. Türkmenleriň general Lomakini ýeňendiklerini bolsa hemmeler bilýär. Seljuklaryň asly, ine şu türkmenlerdir. Olar öz seljukly ata-babalary bilen buýsanyp bilerler. Gadym döwürden bäri türkmenleriň üstüne köp sanly hökümdarlar goşun dartyp gelen hem bolsa, bularyň hemmesi ýeňildiler. Türkmenleriň Magtymguly atly meşhur şahyrlary bardyr, şygyrlary bilen öz milletini ruhlandyrandyr.

Biz Nurberdi han bilen köp zatlar barada gürrüň etdik. Nurberdi han örän parasatly we düşünjeli adam eken. Ol türkmen topragyna hüjüm eden Patyşa goşunlaryna garşy göreşleri we gazanan ýeňişleri barada kän gürrüň berdi».

Nurberdi han galanyň hemme tarapynda berkitmeleri, janpenalary dikeltdirýär. Ýigrimi iki müňe barabar goşuny jemläp, olary ýaraglandyrmak aladasy bilen bolýar. Azyk-galla ýetmezçiligine garamazdan, çar taraplara söwda-satyk edip, ok-ýaraglara çalyşýarlar. Ähli tarapdan gysylyp-gowrulýan tekeler ruhdan düşmän, garşydaşa garşy ykjam taýýarlanýarlar. Syryklaryň ujuna gyrkylyklary, syndylary berkidýärler. Sapanlara salyp atmak üçin golalar (logalalar) taýýarlaýarlar. Kement, pyçak, orak, keser, syndy ýaly ýönekeý ýaraglary-da elýeterlerinde goýýarlar. At üstünde, ýerde pyýada gylyçlaşmak, garpyşmak, goç, öküz, gaplaň, ýolbars topulyşlary, tilki sapalaklary, laçyn kakyşlary, iner serpişi, at depişi ýaly her hili söweşleri guraýarlar. Galada güýçli taýýarlyk-türgenleşik gidýär.

Türkmen ýigitlerinde diňe ýeňiş duýgusynyň ynamly durnuklaşmagynda ähmiýetli orny eýeleýän Nurberdi hanyň diriligi duşmanlary örän howatyrlandyrandygy üçin duşman serkerdeleri onuň kellesini getirene baýraklar goýup, jansyzlaryny ýerteýinden ýollaýardylar. Iki sany derwüş sypatly adamyň hanyň ynamyna girip, oňa däri-derman edendigi barada gürrüňler bar. Han az salymdan ganymatlaşýar. Olar gidensoň welin hanyň haly ýene peselip başlaýar. Haly teň ýagdaýdaka Nurberdi hanyň haýyşy boýunça ony işige çykarýarlar. Han gala-kybla tarapa garap: «Nähak gan ýerde ýatmaz» diýip, ahmyr-armanly, gahar-gazaply, namys-ardan doly gara gözlerini açyp jan berýär. Hanyň jynazasyna Akmolla ymam bolupdyr. Gurbanmyrat işan halka Hakyň eradasy bilen onuň arkasynda bäş barmagyň yzynyň bolandygyny yglan edipdir.

Nurberdi hanyň tabydyny belent mertebe we hormat bilen Gökdepäniň Diňlidepesinden takmynan 30 km aradaşlykdaky Baharly etrabynyň Hankäriz obasynyň gaýrasyndaky Döwletýar baýyň ýatan Şyhy (Seýitmyrat işan) gonamçylygyna egin-egne alyp, pyýada äkidip jaýlapdyrlar.

Ata Berdiýewiň «Edebiýat we sungat» gazetinde çap edilen «Nurberdi hanyň we Magtymguly hanyň nebereleri barada» makalasynda Nurberdi hanyň üç aýalynyň bolandygy aýdylýar. Uly aýaly Nurgözelden Berdimyrat han, ortanjy aýaly Nardan Magtymguly han we Döwlet beg, üçünji aýaly Güljemaldan bolsa Muhammetýusup (halk arasynda tutulýany Ýusup han) han bolupdyr. Nurberdi han nowbahar ogly Berdimyrat hana aýratyn uly umyt baglar eken. Ahaldan uzakda sapardaka Berdimyrat hany öz ornuna goýup, oňa geňeşdary ornunda hem Orazmämmet hany goýupdyr.

Nurberdi hanyň nesilleri Ahal welaýatynyň Baharly etrabynyň Hankäriz, Gökdepe etrabynyň Gökdepe şäherinde, Yzgant we gum obalarynda, Ak bugdaý etrabynyň Änew şäherinde we obalarynda, Mary welaýatynyň etraplarynyň obalarynda, Aşgabat şäherinde we ýurdumyzyň beýleki künjeklerinde ýaşaýarlar.

Ýurt Garaşsyzlygymyzy alanymyzdan halk özüniň şöhratly ogly hanlar hany Nurberdi hanyň, onuň iki gapdal tarapynda ogullary: sagynda Magtymguly hanyň we solunda bolsa Döwlet begiň guburlarynyň üstüne halkymyz tarapyndan ýigrimi sekiz günüň içinde haşamly belent kümmet bina edildi.

Ahal welaýatynyň Änew şäheriniň we Kaka etrabynyň Duşak şäherçesiniň köçelerine Nurberdi hanyň ady dakyldy.

Türkmen halkynyň taryhynda öçmejek yz galdyran şöhratly Nurberdi hanyň mertebesi ýurt Baştutanymyzyň ýolbaşçylygynda her bir güni üstünliklere beslenýän bagtyýarlyk zamanasynda has-da dabaralanýar. Mirasa sarpa goýmak arkaly Watany özgertmek syýasatyny öňe sürýän Belent Serkerdebaşymyzyň jany sag, ömri uzak, mertebesi belent bolsun!

Çarymyrat Garahanow,

ätiýaçlykdaky podpolkownik.

Çeşme: Milli Goşun

Degişli makalalar

Ýylanly Basyş Kompressor Stansiýasynda Suwuklandyrylan Gaz Almak Boýunça Iki Sany Tehnologiki Desgany Gurmak Meýilleşdirilýär

Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň Eksport…

Ýapylyş Dabarasy Aşgabat 2017 Fotosuratlary