16.9 C
Aşkabat
24.11.2024
BAŞ SAHYPA Iň Täze Habarlar YKDYSADYÝET

Paýtagtly Dokmaçylar Ýaz Eşikleriniň Tapgyryny Çykarmaga Girişdiler

Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň Aşgabat Modalar öýüniň dizaýnerleriniň işläp taýýarlan çagalar we ulular üçin eşikleriniň ýazky kolleksiýasy köpçülikleýin çykarylyp başlandy.

Paýtagtly dokmaçylaryň öndürýän täze önümleri dürli reňkli arassa nah matalardan tikilip, olar dürli biçüwliligi, ölçegleri we görnüşleri bilen tapawutlanýar.

Modalar öýüniň trikotaž sehinde milli don kysmy örme zenan paltolaryny, şeýle hem kardiganlary, trikotaž köýnekleri, gyzjagazlar we oglanjyklar üçin mekdep eşiklerini çykarmak ýola goýuldy.

Bu ýerde köýnekçeler, ýeňsiz köýnekler, gyzjagazlar üçin tomus köýnekleri, şeýle hem dürli aksessuarlar öndürilýär. Modelýerler kolleksiýany döredenlerinde Ýaponiýanyň Shima Seiki kompaniýasynyň düz örme awtomatik enjamlarynyň giň mümkinçiliklerinden peýdalandylar. Ýörite programma üpjünçiligi ýylda erkekler, zenanlar we çagalar eşikleriniň ýigrimi müňden gowragyny çykarmaga mümkinçilik berýär.

Degişli makalalar

Katar Bilen Baglanyşykly Diplomatik Dartgynlyk Gaz Bazaryna Barha Köp Täsir Eder

BSG-nyň Ýewropa Sebitleýin Edarasynyň Direktory Bilen Duşuşyk

Pudaklaýyn Forumlar-2018: Ýurdumyzyň Ykdysady Kuwwatynyň Artmagynyň Aýnasy

turkmenhabargullugy