5.9 C
Aşkabat
03.12.2024
GÜNÜŇ WAKALARY

Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow “Oguzhan” köşkler toplumynyň “Ak altyn” mejlisler otagynda ýurdumyzyň Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň bilelikdäki mejlisini geçirdi, Oňa käbir ministrlikleriň we pudaklaýyn düzümleriň ýolbaşçylary hem çagyryldy. Mejlisde döwlet durmuşyna degişli gündelik wezipeler we ilkinji nobatdaky meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy, şeýle hem käbir resminamlaryň taslamalaryna garaldy. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow mejlisi açmak bilen, ýygnananlary ata Watanymyzda giňden we dabaraly bellenilip geçilýän baýram – Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň kabul edilen güni bilen gutlady. 

Milli Liderimiz ýygananlara ýüzlenip, şu ýyl Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň kabul edilen gününe 21 ýyl dolýandygyny aýtdy. Esasy Kanunymyz ýurdumyzyň jemgyýetçilik we döwlet gurluşyny kesgitleýän binýatlaýyn hukuk namasydyr. Şoňa görä-de, ýurdumyzyň Konstitusiýasynyň kabul edilen senesi – 1992-nji ýylyň 18-nji maýy milli taryhymyzda täze döwrüň başlanandygyny, demokratik, hukuk we dünýewi döwlet gurmagyň ýolunda türkmen halkynyň möhüm hem-de aýgytly ädim ädendigini alamatlandyrdy diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady. 

Türkmenistanyň Konstitusiýasy halkymyzyň döwlet gurmakda köpasyrlyk tejribesini, pähim-paýhasa ýugrulan durmuş kadalaryny, ynsanperwer ýörelgelerini we gadymdan gelýän döretmek däplerini, şeýle hem mizemez umumadamzat gymmatlyklaryny, öňdebaryjy dünýä tejribesini özünde jemledi diýip, milli Liderimiz sözüni dowam etdi. Türkmenistanyň iň täze taryhy ösüş ýolunda Esasy Kanunymyz has-da kämilleşdirildi, bu hukuk namasynda örän möhüm taryhy wakalar hukuk taýdan öz beýanyny tapdy. Ýurdumyzyň Esasy Kanunynyň 1-nji maddasynda Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan ykrar edilen hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýy berkidildi diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy. 

Mälim bolşy ýaly, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy 1995-nji ýylyň dekabrynda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy hakynda degişli Rezolýusiýany kabul etdi. Şeýlelikde, biziň berkarar Watanymyz Bitaraplyk derejesi Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan ykrar edilen we bu hukuk ýagdaýy Konstitusiýasynda beýan edilen dünýäde ýeke-täk döwletdir. Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 2008-nji ýylyň 26-njy sentýabrynda rejelenen görnüşiniň tassyklanmagy ýurdumyzyň jemgyýetçilik-syýasy durmuşynda täze taryhy döwrüň başlanandygyny alamatlandyran uly waka boldy diýip, hormatly Prezidentimiz belledi. Ýurdumyzyň Esasy Kanuny döwrüň talaplary we halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalary nazara alnyp kämilleşdirildi. Konstitusiýamyzyň rejelenen görnüşinde döwlet gurmakda halkymyzyň we dünýäniň iň gowy tejribesi, milli hem-de umumadamzat gymmatlyklary jemlendi. Rejelenen görnüşdäki Türkmenistanyň Konstitusiýasynda demokratik, hukuk we dünýewi döwleti gurmagyň ugurlary hem-de maksatlary häzirki döwrüň we geljegiň wezipeleri bilen baglylykda öz beýanyny tapdy diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi. 

Adamy jemgyýetiň we döwletiň iň gymmatly hazynasy diýip yglan eden Türkmenistanyň Konstitusiýasy raýatlaryň hukuklaryny we azatlyklaryny, kanunyň hökmürowanlygyny üpjün etmegiň üýtgewsiz kepili bolup çykyş edýär diýip, milli Liderimiz nygtady. Ýurdumyzyň Esasy Kanuny syýasy, hukuk, ideologiýa we gumanitar wezipeleri ýerine ýetirmek bilen, jemgyýetimiziň durmuşynda örän möhüm birleşdiriji güýç hem bolup durýar. Şoňa görä-de, ata-babalarymyzyň öz nesillerine agzybir, parahat we oňşukly ýaşamagy, eziz Watanymyza wepaly bolmagy wesýet eden ruhy mirasy hakyndaky garaýyşlarynyň Esasy Kanunymyzyň giriş bölüminde beýan edilmegi ýöne ýerden däldir diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy. 

Täze eýýamda-Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Türkmenistanyň Konstitusiýasy ýurdumyzda giň gerim bilen alnyp barylýan, berkarar Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegine, mähriban halkymyzyň, her bir maşgalanyň we türkmenistanlynyň bagtyýar hem-de abadan durmuşda ýaşamagyna gönükdirilen demokratik reformalaryň we durmuş-ykdysady özgertmeleriň berk binýady bolup hyzmat edýär diýip, milli Liderimiz aýtdy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Konstitusiýasynda berkidilen parahatçylykly ýaşaşmak, hoşniýetli goňşuçylyk we özara bähbitli hyzmatdaşlyk ýörelgeleriniň döwletimiziň parahatçylygy söýüji daşary syýasatynyň esasyny düzýändigini belläp, bu syýasatyň Garaşsyz, Bitarap döwlet hökmünde ata Watanymyzyň dünýädäki abraýyny has-da ýokarlandyrmaga mümkinçilik berendigini nygtady. 

Häzirki wagtda Türkmenistanyň Konstitusiýasy döwlet edaralaryny mundan beýläk-de demokratiýa ýoly bilen ösdürmäge, hakyky halk häkimiýetiniň ýörelgelerini pugtalandyrmaga, adamyň we raýatyň hukuklaryny hem-de azatlyklaryny hemmetaraplaýyn goramaga, raýat jemgyýetini kemala getirmäge we kämilleşdirmäge, ýurdumyzy döwrüň talaplaryna laýyklykda gyşarnyksyz ösdürmäge gönükdirilendir diýip, milli Liderimiz sözüni dowam etdi. 

Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň kabul edilen gününiň Galkynyş, Agzybirlik we Magtymguly Pyragynyň şygryýet baýramy bilen gabat gelmeginiň örän giň manysy bardyr. Ägirt uly birleşdiriji, jebisleşdiriji ähmiýete eýe bolmak bilen, bu baýram biziň ýurdumyzda umumymilli baş baýramlaryň biri hökmünde giňden we dabaraly bellenip geçilýär diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy. Çünki ähli türkmen halkynyň ýagşy umytlarynyň beýany bolan erkin we berkarar türkmen döwleti hakynda beýik akyldar şahyrymyz, hakyky watançy Magtymguly Pyragynyň arzuwlary täze taryhy eýýamda amala aşdy diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi. 

Häzirki döwürde milli senenamamyzda Galkynyş, Agzybirlik we Magtymguly Pyragynyň şygryýet baýramy döwürleriň we nesilleriň aýrylmaz baglanyşygynyň, türkmen halkynyň mizemez agzybirliginiň hem-de jebisliginiň, belent ynsanperwerlik garaýyşlaryna, parahatçylyk, abadançylyk we döredijilik ýörelgelerine üýtgewsiz ygrarlydygynyň aýdyň nyşany bolup durýar diýip, milli Liderimiz aýtdy. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bilelikdäki mejlise gatnaşyjylary we olaryň üsti bilen ýurdumyzyň ähli halkyny Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň kabul edilen güni – Galkynyş, Agzybirlik we Magtymguly Pyragynyň şygryýet baýramy bilen tüýs ýürekden gutlap, olara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, asuda we bagtyýar durmuş, berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işleriňizde uly üstünlikleri arzuw etdi. 

Milli Liderimiz mejlisiň gün tertibine geçip, Türkmenistanyň milli howpsuzlyk ministri Ý.Berdiýewe söz berdi. Ol “Galkynyş, Agzybirlik we Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli, iş kesilenleriň günäsini geçmek hakynda” taýýarlanan Permanyň taslamasyny Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Gurbanguly Berdimuhamedowyň garamagynda hödürledi we şu ugurda edilen işler barada hasabat berdi. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, beýik ata-babalarymyzyň rehimdarlyk we ynsanperwerlik ýörelgelerinden ugur alyp, häzirki wagtda türkmen döwletiniň jenaýat edendikleri üçin iş kesilen we eden etmişlerine ökünip, ak ýürekden toba gelen raýatlaryň günäsini geçip, olary jeza çekmekden boşatmak ýaly sahabatly çäreleri yzygiderli dowam etdirýändigini aýtdy. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz iş kesilen 926 raýatyň Garaşsyz Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň kabul edilen güni- Galkynyş, Agzybirlik we Magtymguly Pyragynyň şygryýet baýramy mynasybetli günäsiniň geçilýändigini aýdyp, degişli resminama gol çekdi. 

Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Ý.Berdiýewe we degişli edaralaryň ýolbaşçylaryna günäsi geçilen adamlaryň ählisini tussaglykdan boşadyp, olaryň baýramçylyk güni öz öýlerine, maşgala agzalarynyň arasyna barmagy üçin birnäçe anyk tabşyryklary berdi. 

Milli Liderimiz eden etmişlerine ökünip, toba gelen adamlara öz günälerini halal zähmeti bilen ýuwup, ýurdumyzyň ösüşine işjeň gatnaşmagy üçin döwletimiziň ähli mümkinçilikleri döredýändigini aýdyp, welaýatlaryň, etraplaryň we şäherleriň häkimlerine, şeýle hem beýleki ýolbaşçylara günäsi geçilen adamlary iş bilen üpjün etmek boýunça zerur çäreleri görmegi tabşyrdy. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow günäsi geçilen adamlara yhlasly zähmet çekip, ýurdumyzda amala aşyrylýan giň gerimli işlere öz goşantlaryny goşmagy, ata Watanymyza ak ýürekden hyzmat edip, halal zähmetiň hözirini görüp ýaşamagy arzuw etdi. 

Soňra Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy A.Nurberdiýewa ýurdumyzyň kanunçylygyny mundan beýläk-de kämilleşdirmek boýunça parlamentiň alyp barýan işleri hem-de deputatlaryň golaýda kabul edilen kanunçylyk namalarynyň many-mazmunyny hem ähmiýetini düşündirmek boýunça ýerlerde geçiriýän işleri barada habar berdi. Şeýle hem ýurdumyzyň Konstitusiýasynyň kabul edilen güni we Galkynyş, Agzybirlik we Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli geçiriljek çärelere görülýän taýýarlyk barada maglumat berildi. Şol çäreleriň hatarynda Garaşsyz Bitarap Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň kabul edilen gününiň 21 ýyllygy bagyşlanan “Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwri, hukuk döwletini gurmagyň milli tejribesi” atly halkara ylmy-amaly maslahaty bar. Ol ýurdumyzyň Mejlisi, Türkmenistanyň Daşary işleri ministrligi, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Syýasy geňeşi we beýleki jemgyýetçilik guramalary bilen bilelikde guralar. 

Döwlet Baştutanymyz habary diňläp, deputatlaryň ýerlerde alyp barýan işleriniň, ýurdumyzyň oňyn özgertmeler ýoly bilen ynamly öňe gitmegine ýardam edýän täze kanunçylyk namalarynyň mazmunynyň ilat köpçüligine ýetirilmeginiň örän wajypdygyny nygtady. 

Hormatly Prezidentimiz türkmen jemgyýetiniň okgunly ösmeginde, türkmen halkynyň abadançylygynyň bähbidine ýurdumyzda amala aşyrylýan demokratik özgertmeleri üstünlikli durmuşa geçirmekde Konstitusiýa güni mynasybetli geçiriljek dabaralaryň ähmiýetini belläp, göz öňünde tutulan ähli çäreleri, hususan-da “Berkarar döwletimiziň bagtýarlyk döwri, hukuk döwletini gurmagyň milli tejribesi” atly halkara ylmy-amaly maslahatyny halkyň saýlanlarynyň giňden gatnaşmagynda we ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmelidigini aýtdy. 

Öňümüzdäki baýramçylyk dabaralary türkmen döwletliliginiň esaslarynyň mizemezdigini görkezmelidir diýip, milli Liderimiz nygtady. Şol esaslar bolsa özüne ýokary milli ahlak ýörelgelerini, halkara hukuk kadalaryna ygrarlylygy hem-de okgunly ösüşe meýilliligi birleşdirýär. 

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Nurmyradowa Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň kabul edilen güni we oňa gabat gelýän baýramçylyk – Galkynyş,Agzybirlik we Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli geçiriljek çäreler barada hasabat berdi. Şeýle hem wise-premýer Goňurdepe ýadygärliginde gazuw-agtaryş işlerini amala aşyrýan Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň hormatly agzasy, Magtymguly adyndaky halkara baýragynyň eýesi Wiktor Sarianidiniň ýolbaşçylygyndaky halkara türkmen-rus arheologik topary tarapyndan tapylan gymmatlyklar hakynda habar berdi. 

Goňurdepede arheolog gözleg-agtaryş işleriniň dowam edýän nobatdaky möwsüminiň barşynda halkara topary tarapyndan türkmenleriň gadymy sungatyna we maddy medeniýetine degişli ajaýyp nusgalar tapyldy, ýagny öküziň jaýlanan mazary ýüze çykaryldy. Taryha ser salsak, dünýädäki ilkinji ekerançylar tarapyndan öküze uly hormat goýlandygyny görmek bolýar. Öküziň şeýle uly hormat bilen jaýlanan ýeri arheologlar tarapyndan ilkinji gezek tapyldy. Bellenilişi ýaly, bu tapyndylar ýakyn wagtda dünýäniň ylmy jemgyýetçiligine görkeziler we Türkmenistanyň döwlet muzeýleriniň toplumlarynda mynasyp orny eýelär, onuň öwrenilmegi türkmenleriň gadymy taryhy we medeniýeti barada goşmaça maglumat bilen äşgär etmäge mümkinçilik berer. 

Wise-premýer ählihalk baýramçylygyna gabatlanan çäreler barada hasabat bermek bilen, hususan-da, baýramçylyga bagyşlanyp, Aşgabatda Konstitusiýa binasyna we ýurdumyzyň dürli künjeklerinde Magtymguly Pyragynyň ýadygärliklerine gül goýuljakdygyny, şeýle hem şu günler ýurdumyzyň paýtagtynda we ähli welaýatlarynda edebi agşamlaryň, şahyrana okaýyşlaryň, sahnalaşdyrylan tomaşalaryň we konsertleriň guralýandygyny belledi. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Goňurdepede halkara ylmy topar tarapyndan edilen täze açyşlaryň Türkmenistanyň gadymy taryhyny we medeniýetini mundan beýläk-de öwrenmek üçin uly ähmiýete eýedigini belläp, ýurdumyzyň çäginde alnyp barylýan arheologik gözlegleriň türkmen halkynyň medeniýetiniň kökleriniň gadymydygyny we ýokary derejede ösendigini aýdyň görkezýändigini we biziň muňa buýsanmalydygymyzy nygtady. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz türkmen halkynyň gadymy taryhyny mundan beýläk-de düýpli öwrenmegiň, arheologik gözlegleriň barşynda ýüze çykarylan ýadygärlikleri we beýleki wajyp ähmiýetli maglumatlary ylmy taýdan hemmetaraplaýyn seljermegiň, bulary dünýä jemgyýetçiliginiň dykgatyna ýetirmegiň we giňden wagyz etmegiň möhümdigini aýtdy. Döwlet Baştutanymyz şu wezipeleriň üstünlikli çözülmeginiň ýurdumyzyň dünýädäki at-abraýnyň has-da ýokarlandyrylmagyna hem-de Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe türkmen halkynyň gazananlarynyň wagyz edilmegine ýardam berjekdigini belledi. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň taryhyna degişli bolan hem-de biziň halkymyzyň gadymy we beýik medeniýete eýe bolandygyny subut edýän ylmy-barlag işlerine gatnaşýan ähli alymlara we hünärmenlere tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi. 

Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň güni we Galkynyş, Agzybirlik we Magtymguly Pyragynyň şygryýet baýramy mynasybetli baýramçylyk dabaralarynyň geçirilmegine degişli meseleler barada durup geçip, şol dabaralaryň halkymyzyň ruhuny has-da beýgeldip jebisleşdirmelidigini, adamlarda belent duýgulary döretmelidigini, halkymyzyň Magtymgulynyň döredijilik mirasyna uly sarpa goýmagynyň beýanyna öwrülmeldigini belledi. 

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň we Ministrler Kabinetiniň iş dolandyryjysy H.Muhammedow özüniň gözegçilik edýän düzümlerinde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, şeýle hem Mary şäherindäki ýüňi ilkinji işleýän kärhanasynyň täze önümçilik binasyny gurmak we ony döwrebap enjamlar bilen üpjün etmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzyň ýeňil senagaty ulgamynyň, hususan-da, dokma senagatynyň ösdürilmeginiň ýurdumyzyň ykdysady strategiýasynyň möhüm wezipeleriniň biri bolup durýandygyny, onuň 2016-njy ýyla çenli milli pudaklaýyn maksatnamada öz beýanyny tapandygyny aýtdy. Milli Liderimiz durmuşa geçirilýän ägirt uly çärelere we dokma önümleriniň möçberleriniň yzygiderli artýandygyna garamazdan, entek ulanylmadyk mümkinçilikleriň bardygyny nygtady. 

Şeýle hem hormatly Prezidentimiz haly önümçiliginde esasy çig mal bolup durýan önümleriň ýerlenmegi bilen baglanyşykly meseleleri oýlanyşykly çözmek barada tabşyryk bermek bilen, haly önümleriniň eksport möçberlerini ýokarlandyrmak, olaryň görnüşlerini artdyrmak, şeýle hem daşary ýurtly satyn alyjylar bilen hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ösdürmek boýunça degişli çäreleriň durmuşa geçirilmeginiň zerurdygyny belledi. 

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Goçyýew gözegçilik edýän düzümleriniň işi hem-de Türkmenistanyň Prezidenti tarapynldan ozal berlen tabşyryklaryň ýerine ýetirilişi baradaky hasabat bilen çykyş etdi. Hususan-da, Türkmenistanyň Zähmet kodeksiniň kadalaryna laýyklykda, aýratyn zähmet şertleri bolan işlerde goşmaça hak bellemegiň we tölemegiň Tertibiniň işlenip taýýarlanandygy habar berildi. Aýratyn şertleri bolan işlerde goşmaça hak bellenilýär. Zyýanly we aýratyn agyr şertleri bolan kärhanalardaky işleriň, hünärleriň we wezipeleriň, şeýle hem ýerleriň sanawy, goşmaça tölegleriň anyk möçberleri we olary bellemegiň tertibi Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan bellenilýär. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanynyň garamagyna “Zähmetiň aýratyn şertleri bolan işlerde goşmaça haky bellemek hakyndaky” kararyň taslamasyny hödürledi. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Türkmenistanyň ýöredýän syýasatynyň we ýurdumyzda amala aşyrylýan uly möçberli özgertmeleriň we maksatnamalaryň esasy maksadynyň adamlar baradaky alada bolandygyny we şeýle bolmagynda galýandygyny belledi. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň strategiýasy hut şol maksada ýetilmegine gönükdirilendir. Soňky ýyllarda ýurdumyzyň durmuşy ulgamyndaky abadançylygyny üpjün etmek üçin ähli şertleriň döredilmegine uly üns berilmegi munuň aýdyň subutnamasydyr. Her ýylda Döwlet býujetinde milli ykdysadyýetiň ähli pudaklarynyň işgärleriniň zähmet haklaryny artdyrmak göz öňünde tutulýar. Hormatly Prezidentimiz kararyň hödürlenen taslamasyny umuman oňlap, oňa gol çekdi hem-de wise-premýere onuň ýerine ýetirilişine gözegçilik etmegi tabşyrdy. 

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow DIM tarapyndan geçirilýän işler hakynda aýdyp, Latwiýa Respublikasynyň Prezidenti Andris Berzinşiň şu hepdede ýurdumyza bolan resmi saparynyň netijeleri barada hasabat berdi. 

Mälim bolşy ýaly, 14-nji maýda Aşgabatda ýokary derejede üstünlikli geçen türkmen-latwiýa gepleşikleri dostlukly iki ýurduň netijeli syýasy gatnaşyklarynyň hemmetaraplaýyn pugtalandyrylmagyna, özara peýdaly söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň we däbe öwrülen gumanitar-medeni gatnaşyklaryň mundan beýläk-de ösdürilmegine gönükldirilen ugra ygrarlydygyny tassyklady. Ýokary derejedäki duşuşygyň netijeleri boýunça gol çekilen hem-de dürli ugurlar boýunça netijeli döwletara hyzmatdaşlygynyň işjeňleşdirilmegine gönükdirilen ikitaraplaýyn resminamalaryň toplumyna gol çekilmegi munuň aýdyň subutnmasy bolup durýar. 

Latwiýanyň Pezidenti Türkmenistana resmi saparynyň ahyrky gününde Türkmenbaşy şäherine baryp, bu ýerde Halkara deňiz portunyň düzümi, ony döwrebaplaşdyrmagyň barşy we ösdürmegiň geljekki mümkiçiligi bilen tanyşdy hem-de Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumyna baryp gördi. Şeýle hem Latwiýa Respublikasynyň Baştutany üçin “Awaza” milli syýahatçylyk zolagy – Hazaryň ekologiýa taýdan arassa türkmen kenarynda döredilýän halkara deňiz şypahanasy bilen tanyşdyryş dabarasy guraldy. Latwiýanyň Prezidenti Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça amala aşyrylýan bu uly möçberli taslama ýokary baha berip, onuň geljegine uly umyt baglanýandygyny belledi. 

Türkmen döwletiniň Baştutany Aşgabatda ýokary derejede geçirilen gepleşikleriň netijeleri babatda kanagatlanma bildirip, däbe öwrülen dostlukly döwletara gatnaşyklaryny mundan beýläk-de çalt depgin bilen ösdürilmegine, özara peýdaly we taraplaryň bähbitlerine laýyk gelýän hyzmatdaşlygyň giňeldilmegine we diwersifikasiýa edilmegine gönükldirilip baglaşylan ikitaraplaýyn ylalaşyklaryň ählisini iş ýüzünde yzygiderli amala aşyrmagyň möhümdigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ikitaraplaýyn görnüşde, şeýle hem Ýewropa Bileleşiginiň çäklerinde, beýleki abraýly halkara guramalaryň we düzümleriň, şol sanda BMG-niň we ÝHHG-niň ugurlary boýunça üstünlikli ösdürilýän türkmen-latwiýa gatnaşyklarynyň örän netijeli häsiýete eýedigini nygtady. 

Bu barada aýtmak bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Garaşsyz Bitarap Türkmenistanyň ählumumy abadançylyga, rowaçlyga we ösüşe degişli maksatlara laýyk gelýän giň we netijeli halkara hyzmatdaşlyga gönükdirilen strategiýa ygrarlydygyny ýene-de bir gezek belledi. Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Ýazmyradow ýurdumyzyň meýdanlarynda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň geçirilişi, hususan-da, galla oragyna taýýarlyk görmek we gowaça ideg etmek baradaky hasabat bilen çykyş etdi. 

Wise-premýer tutuş ýurdumyz boýunça galla oragynda jemi 1882 sany kombaýnlary işletmegiň göz öňünde tutulýandygyny, bugdaýy kabul ediş bölümlerine, ammarlara we elewatorlara bökdençsiz daşamakda 6660 sany awtoulaglaryň ulanyljakdygyny aýtdy. Tehnika gyssagly ýagdaýda hyzmat etmek, şol sanda ony abatlamak –ýangyç-çalgy ýaglaryny ýetirmek üçin göçme toparlar döredildi hem-de olar iki çalşykda gije-gündiziň dowamynda işlär. 

Gowaça ideg etmek barada aýdylanda, häzirki wagtda ýerlerde ekinleriň hatar aralaryny bejermek işi alnyp barylýar we beýleki agrotehniki çäreler berjaý edilýär. 

Şeýle hem döwlet Baştutanymyzyň garamagyna “John Deere” we “Case” kysymly sürüm traktorlary, pagta ýygýan kombaýnlar üçin ätiýaçlyk şaýlary, tigirleri, çalgy ýaglaryny we sarp ediş serişdelerini satyn almak hakyndaky” kararyň taslamasy hödürlendi. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hödürlenen resminamany umuman oňlady we oňa gol çekip, häzirki wagtda ýurdumyzyň oba hojalygynyň hem ykdysadyýetiň beýleki pudaklary bilen bir hatarda batly depgin bilen ösdürilýändigini belledi. Obasenagat toplumynyň maddy-enjamlaýyn binýady maksada laýyklykda pugtalandyrylýar. Oba hojalyk önümlerini öndürijilere hemmetaraplaýyn, şol sanda döwrebap we ýokary öndürijilikli tehnikany satyn almagyň hasabyna degerli ýardam berýär. Häzirki wagtda tutuş ýurdumyzda obalary ösdürmek boýunça milli maksatnamanyň çäklerinde oba adamlarynyň ýaşaýyş derejesiniň has-da ýokarlandyrylmagyna gönükdirilen uly möçberli işler alnyp barylýar. Netijede, Türkmenistanda oba hojalyk önümçiliginiň möçberleri ýylsaýyn artýar, daýhanlaryň öz halal zähmeti bilen oba hojalyk ekinleriniň bol hasylyny ösdürip ýetişdirmek arkaly ýurdumyzda azyk bolçulygyny üpjün etmegi üçin ähli zerer şertler döredildi. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow möwsümleýin oba hojalyk işleriniň geçirilmegine degişli meseleler barada durup geçip, wise-premýere galla oragyndaky ähli düzümleriň takyk işlemegini üpjün etmegi tabşyrdy. Döwlet Baştutanymyz esasy maksadyň diňe bir ýetişdirilen bugdaý hasylyny ýygnamak bilen çäklenmän, ony ýitgisiz daşamakdan we aýawly saklamakdan ybaratdygyny aýtdy. Milli Liderimiz gowaça oňat hilli ideg edilmegini üpjün etmegiň zerurdygyny hem-de munuň “ak altynyň” bol hasylyny taýýarlamagyň girewi bolup durýandygyny belledi. 

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Ýegeleýew gözegçilik edýän ulag we aragatnaşyk ulgamlaryndaky işleriň ýagdaýy hem-de ýerine ýetirilen işler barada hasabat berdi. Wise-premýer şeýle hem milli Liderimiziň häzirki günüň talaplaryna laýyklykda demir ýol ulagynyň işini kämilleşdirmek, pudagyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak we döwrebaplaşdyrmak boýunça çäreleri durmuşa geçirmek babatda ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada habar berdi. 

Hökümet Baştutanynyň orunbasary “Demirgazyk-Günorta” halkara demir ýolunyň “Bereket-Etrek” bölegini gurmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berip, umumy uzynlygy 325 kilometre barabar bolan bu ýoluň häzirki wagtda 46-njy kilometrinde degişli işleriň alnyp barylýandygyny, demir ýol köprüleriniň 15-siniň gurluşygynyň tamamlanandygyny aýtdy. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Türkmenistanyň ulag ulgamlarynyň köp şahaly sebitleýin düzümini döretmäge işjeň gatnaşýandygyny belledi. Bu düzüm taslama gatnaşýan ýurtlaryň ägirt uly ykdysady kuwwatyny durmuşa geçirmäge we tutuşlygyna sebitde durnuklylygy, howpsuzlygy pugtalandyrmaga hem-de durmuş-ykdysady taýdan durnukly ösüşe ýardam eder. 

Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz demir ýol ulag ulgamyny mundan beýläk-de döwrebaplaşdyrmagyň zerurdygyna ünsi ýekdi. Ol dünýä ülňülerine laýyklykda hereket etmelidir. Hormatly Prezidentimiz milli ykdysadyýetimiziň ösmeginde ulag we aragatnaşyk pudaklarynyň uly ähmiýete eýedigini belläp, bu ulgamlarda amala aşyrylýan işleriň netijeliligini ýokarlandyrmak üçin ähli çäreleri görmegi tabşyrdy. 

Soňra bilelikdäki mejlise çagyrylan “Türkmenhowaýollary” döwlet milli gullugynyň başlygy M.Aýazow gözegçilik edýän düzümindäki işleriň ýagdaýy we gullugyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak maksady bilen görülýän çäreler barada hasabat berdi. Şonda her ýylda täze dikuçarlar we uçarlar bilen raýat awiasiýasynyň howa parkynyň üstüniň ýetirilip durulýandygy bellenildi. Döwrebap howa menzilleri gurlup ulanmaga berilýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan gol çekilen kararlara laýyklykda, Aşgabatda we Türkmenabat şäherinde Halkara howa menziliniň toplumyny gurmak boýunça işler alnyp barylýar. 

“Türkmenhowaýollary” döwlet milli gullugynyň başlygy Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan ozal berlen tabşyryklar barada hasabat bermek bilen, welaýat merkezlerinde howa menzilleriniň düzümini döwrebaplaşdyrimak boýunça alnyp barylýan işler barada aýtdy. Türkmenistanyň raýat awiasiýasyny ösdürmek boýunça amala aşyrylýan maksatnama boýunça Daşoguz şäherinde emeli uçuş-gonuş zolagyny we beýleki desgalary gurmak göz öňünde tutulýar. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Prezidentiniň buýrugyna laýyklykda döredilen ýörite Pudagara topary bilen bilelikde, degişli işler geçirildi. 

Türkmenistanyň Prezidenti hasabaty diňläp, ulag-aragatnaşyk pudagyny, şol sanda howa ulaglaryna degişli ulgamy mundan beýläk-de ösdürmegiň milli ykdysadyýetiň ileri tutulýan ugry bolup durýandygyny belledi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow pudagyň işini döwrüň talaplaryna we “2012-2030-njy ýyllarda Türkmenistanyň raýat awiasiýasyny ösdürmegiň milli maksatnamasynda” kesgitlenen ilkinji nobatdaky wezipelere laýyklykda kämilleşdirmek maksady bilen, geljekde-de toplumlaýyn çäreleri amala aşyrmagyň möhümdigine ünsi çekip, “Türkmenhowaýollary” döwlet milli gullugynyň başlygyna şu mesele boýunça birnäçe anyk tabşyryklary berdi. Döwlet Baştutanymyz “Daşoguz şäherinde emeli uçuş-gonuş zolagyny we beýleki desgalary gurmak hakyndaky” kararyň hödürlenen taslamasyny umuman oňlady we oňa gol çekip, göz öňünde tutulan işleriň bellenilen möhletlerde ýerine ýetirilmegine berk gözegçilik edildmelidigini tabşyrdy. 

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Durdylyýew ýurdumyzda alnyp barylýan gurluşyk işleriniň ýagdaýy, gurluşyk önümçilik mukdaryny ýokarlandyrmak boýunça durmuşa geçirilän çäreler, şeýle hem milli Liderimiziň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, häzirki döwürde gurluşyk, senagat pudaklarynyň we elektroenergetika ulgamynyň ýokary ösüş depginlerini üpjün etmek möhüm wezipe bolup durýar we olaryň üstünlikli ýenine ýetirilmegi ähli meýilnamalaryň we uzakmöhletleýin milli maksatnamalaryň öz wagtynda durmuşa geçirlmeginiň baş kepilidir diýip belledi. Şu jähetden döwlet Baştutanymyz gurluşygyň, gurluşyk serişdeleriniň önümçiliginiň depginlerini ýokarlandyrmagyň, ýerine ýetirilýän işleriň we hyzmatlaryň hiliniň gowulandyrylmagynyň zerurdygyny belledi we bu işler häzirki döwrüň talaplaryna hem-de ýokary ülňülerine doly laýyk gelmelidir diýip nygtady. Milli Liderimiz täze tehnologiýalary, ýokary netijeli enjamlary we tehnikalary giňden peýdalanmak bilen baglanyşykly wezipeleri öňe sürdi. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, döwletimiz gurluşyk kärhanalarynyň ähli görnüşleriniň toplumlaýyn döwrebaplaşdyrylmagyna aýratyn üns berýär we maddy taýdan goldaýar. Şunda milli Liderimiz öňdebaryjy daşary ýurt tehnologiýalaryny ulanmak esasynda ekologiýa taýdan arassa gurluşyk serişdeleriniň önümçiliginde ahyrky netijäniň hil kadalaryna we ýerli howa şertlerine doly laýyk gelmegini üpjün etmegiň zerurdygyny belledi. 

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Toýlyýewe söz berildi. Wise-premýer öz hasabatyny Gresiýanyň Halkidiki şäherinde 7 ýaşa çenli bolan gyzlaryň arasynda geçirilen dünýä çempionatynda Aşgabat şäheriniň sport baradaky komitetiniň küşt sport mekdebiniň türgeni 6 ýaşly Bägül Ezizowanyň dünýäniň çempiony diýen ada mynasyp bolandygy hakyndaky hoş habardan başlady. Bellenilişi ýaly, şu toparda geçirilýän bäsleşikde soňky ýyllarda dünýänň sport giňişliginde barha ýokary orunlara mynasyp bolýan Türkmenistanyň küşt mekdepleriniň wekilleriniň gazanan ilkinji üstünligidir. 

Şeýle hem wise-premýer durmuş ulgamynya degişli döwlet syýasatyny we ylym, bilim, saglygy goraýyş, sport we syýahatçylyk pudaklaryny ösdürmek boýunça milli maksatnamalary mundan beýläk-de durmuşa geçirmek boýunça alnyp barylýan işler barada aýtdy. Mundan başga-da, wise-premýer döwlet Baştutanymyza “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda “Türkmenistanyň Döwlet Baýdagynyň sütinini gurmak hakyndaky” kararyň taslamasyny taýýarlamak bilen baglanyşykly ýerine ýetirilen işler barada habar berdi. 

Ýaşajyk türkmen küştçüsiniň üstünligi hakyndaky habary kanagatlanma bilen diňläp, milli Liderimiz döwletimiziň mundan beýläk-de ýaşlaryň sport, hususan-da, onuň küşt-şaşka ugurlary bilen meşgullanmaga bolan gyzyklanmalaryny höweslendirmäge gönükdirilen strategiýany yzygiderli dowam etjekdigini belledi. Biziň türgenlerimiziň iri halkara bäsleşiklerinde gazanýan ýeňişleriniň durmuşa geçirilýän şu syýasatyň oňyn netije berýändiginiň aýdyň subutnamasydygyny bellemek bilen, hormatly Prezidentimiz ähli türkmenistanlylary bu üstünlik bilen gutlady. 

Milli Liderimiz ylym, bilim, saglygy goraýyş, sport we syýahatçylyk ulgamlarynyň ýurdumyzyň durmuşynda möhüm orny eýeleýändigini, şol pudaklaryň öňünde goýlan wezipeleriň üstünlikli durmuşa geçirilmeginiň Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegini şertlendirýändigini belledi. Bu barada aýtmak bilen, hormatly Prezidentimiz bu möhüm ugurlarda durmuşa geçirilýän milli maksatnamalaryň amala aşyrylmagy bilen baglanyşykly meseleleri hemişe gözegçilikde saklamak barada we wise-premýere birnäçe degişli tabşyryklary berdi. 

Şeýle hem hormatly Prezidentimiz “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň sütünini gurmak hakyndaky Karara gol çekdi we onuň ýanaşyk ýerlerini abadanlaşdyrmak we desganyň öz wagtynda gurlup gutarylmagyny hem-de onuň ýokary hil derejesini üpjün etmek boýunça wise-premýere anyk tabşyryklary berdi. 

Soňra bilelikdäki mejlise çagyrylan Türkmenistanyň bilim ministri G.Mämmedowa milliiderimiziň ýurdumyzyň bilim ulgamyny kämilleşdirmek, ony okatmagyň ýokary hil derejesine ýetirmek boýunça öňde goýan wezipelerini durmuşa geçirmek babatda alnyp barylýan işler hakynda hasabat berdi. Çykyşda ýurdumyzyň okuw mekdepleriniň maddy” enjamlaýyn taýdan üpjünçiligine, täze okuw kitaplarynyň neşir edilmegine, türkmen hünärmenleri tarapyndan taýýarlanylan we bilim ulgamyna işjeň ornaşdyrylýan täze tehnologiýalara we 12 ýyllyk umumybilime geçmek bilen baglanyşykly beýleki meselelere aýratyn üns berildi. 

Bellenilişi ýaly, milli Liderimiziň ýaş nesillerimiz hakynda edýän yzygiderili aladasy netijesinde soňky ýyllarda Türkmenistanda 1-nji synpa gelýän okuwçylara ykjam kompýuterleri bermek asylly däbe öwrüldi. Şunuň bilen baglylykda, ministr 2013-2014-nji okuw ýylynda ýurdumyzyň umumybilim berýän mekdepleriniň 1-nji synpyna kabul edilýän okuwçylary üçin 193 müňden gowrak netbuklary satyn almak boýunça alnyp barylýan işler hakynda aýtdy. “Lenowo” kysymly has kämilleşdirilen görnüşli netbuklaryň mümkinçilikleri we Türkmenistanyň hem-de welaýatlaryň kartalaryny, bilimiň dürli ugurlary boýunça, şeýle hem ýol hereketiniň howpsuzlygynyň düzgünlerini berjaý etmek hem-de beýleki ugurlar boýunça maglumatlary özünde jemleýän elektron gollanmalar bilen tanyşdyrmak maksady bilen bu kompýuteriň biri döwlet Baştutanymyza berildi. Täze kompýuterler ähli 1-nji synp okuwçylar üçin oňaýly gollanma bolar. 

Döwletimiziň bilim edaralarynyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň berkidilmegine, olary okatmagyň öňdebaryjy tehnologiýalary bilen üpjün edilmegine mundan beýläk-de yzygiderli üns berjekdigini bellemek bilen, hormatly Prezidentimiz 1-nji synp okuwçylaryny netbuklar bilen üpjün etmek tejribesiniň netijeli häsiýete eýe bolandygyny nygtady we bu ýagdaýyň okuwçylarda ilkinji ýyllardan başlap, häzirki zaman kompýuter tehnikalaryny özleşdirmegini şertlendirýändigini aýtdy. 

Elektron tehnologiýalaryny ulanmak arkaly interaktiw multimediýa görnüşinde sapaklary alyp barmagyň tejribesi ýaşajyk türkmenistanlylarda ylyma bolan gyzyklamalarynyň artmagyny üpjün etdi, bu bolsa bilimiň hiliniň ýokarlanýandygynyň aýdyň netijesidir diýip, milli Liderimiz aýtdy. Seçilip alnan täze görnüşdäki kompýuterleri oňlap we olaryň uly tapgyryny satyn almak hakyndaky karara gol çekip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow mugallymlaryň we okuwçylaryň kompýuter sowatlylygyny ýokarlandyrmak boýunça netijeli işi durmuşa geçirmegi, biziň ýaşlarymyzyň täze maglumat tehnologiýalaryny özleşdirmekleri üçin giň mümkinçilikleriň döredilmegi babatda birnäçe tabşyryklary berdi. 

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Hojamuhammedow gözegçilik edýän nebitgaz, himiýa pudaklarynda we balyk hojalygynda işleriň ýagdaýy, döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi. Hususan-da, wise-premýer ýurdumyzda çykarylan nebitiň möçberini ýokarlandyrmak, şol sanda ýangyç-energetika toplumynyň kärhanalaryny täze tehnikalary bilen üpjün etmegiň hasabyna artdyrmak maksady bilen görülýän çäreler barada habar berdi. 

Hasabatyň çäklerinde şeýle hem “Galkynyş” gaz känini senagat taýdan özleşdirmek we abadanlaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada habar berildi. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, birnäçe wezipelere ünsi çekdi. Şol wezipeleriň çözülmegi “Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Maksatnamasyny” mundan beýläk-de üstünlikli durmuşa geçirmäge ýardam eder. Olaryň hatarynda önümçilige häzirki zaman tehnikalaryny we innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak, pudagyň düzümini döwrebaplaşdyrmak, täze nebitgaz desgalaryny gurmak wezipeleri bar. 

Döwlet Baştutanymyz häzirki wagtda ýangyç-energetika toplumynda ýurdumyzyň energetika kuwwatyny berkitmäge gönükdirilen iri maýa goýum taslamalarynyň birnäçesiniň amala aşyrylýandygyny belläp, “Galkynyş” gaz käninde desgalaryň birinji nobatdakysynyň öz wagtynda işe girizlmeginiň wajypdygyny nygtady. 

Miniterler Kabinetiniň orunbasary, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Nebitgaz serişdelerini dolandyrmak we peýdalanmak baradaky döwlet agentliginiň direktory Ý.Kakaýew 21-23-nji maýda Türkmenistanyň IV halkara Gaz kongresini we bu çärä bagyşlanan halkara sergisini geçirmäge görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi. 

Bellenilişi ýaly, türkmen döwletiniň Baştutanynyň amala aşyrýan öňdengörüjilikli energetika syýasaty netijesinde biziň ýurdumyz bilen hyzmatdaşlyk etmäge we bilelikdäki maýa goýum taslamalara gatnaşmaga gyzyklanma bildirýän meşhur daşary ýurt nebitgaz kompaniýalarynyň sany barha artýar.

Türkmenistanyň IV halkara Gaz kongresiniň gün tertibine ýangyç –energetika toplumynda halkara hyzmatdaşlygyny giňeltmäge, önümçilige innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmaga, dünýäniň gaz bazarynyň häzirki ýagdaýyna we ony mundan beýläk-de ösdürmäge degişli meseleler girizildi. Türkmenistanyň energetika strategiýasyna aýratyn üns berler. Milli ýangyç-energetika toplumyny döwrebaplaşdyrmak, onuň senagat düzümini ösdürmek, türkmen energiýa serişdelerini daşary ýurtlara ibermegiň ýollaryny giňeltmek, daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen özara bähbitli gatnaşyklary işjeňleşdirmek şol strategiýanyň esasy ugurlary bolup durýar. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabatda geçiriljek Türkmenistanyň IV halkara Gaz konrgesiniň ähmiýetini belläp, bu forum ýangyç-energetika toplumynda hyzmatdaşlyk etmegiň wajyp meselelerini ara alyp maslahatlaşmak üçin açyk meýdança öwrülmelidir, bu möhüm ulgamda özara peýdaly gatnaşyklary giňeltmäge we tejribe alyşmaga, daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen netijeli gatnaşyklaryň ýollaryny kesgitlemäge ýardam etmelidir diýip nygtady. Döwlet Baştutanymyzyň nygtaýşy ýaly, Türkmenistan ägirt uly uglewodorod kuwwatyna eýe bolmak bilen, özüniň energetika strategiýasyny durmuşa geçirmekde bu ulgamda özara bähbitli halkara hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmaga uly üns berýär we sebitleýin hem-de ählumumy durnukly ösüşiň möhüm şerti hökmünde energiýa howpsuzlygynyň üpjün etmäge degişli meseleleriň sazlaşykly çözgütlerini işläp taýýarlamakda işjeň orny eýeleýär. 

Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow wise-premýerler Ý.Kakaýewe we B.Hojamuhamedowa IV halkara Gaz konrgesini we oňa gabatlanylan sergini ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmegi üpjün etmegi tabşyrdy we bu babatda degişli ýolbaşçylara anyk görkezmeleri berdi. 

Şeýle hem Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň bilelikdäki mejlisinde döwlet durmuşyna degişli beýleki meselelere garaldy we şolar boýunça degişli çözgütler kabul edildi. 

Döwlet Baştutanymyz bilelikdäki mejlisi jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, işde we öňde goýlan möhüm wezipeleri berjaý etmekde uly üstünlikleri gazanmagy arzuw etdi.

Degişli makalalar

Hususy Kärhana Önümlerini Daşary Bazarlara Çykarýar

Aşgabada Boeing-737-800” uçary gelip gondy.

syrach

Azerbaýjan bilen Pakistan harby hyzmatdaşlyk eder.

syrach