9.9 C
Aşkabat
21.11.2024
BAŞ SAHYPA DURMUŞ GÜNÜŇ WAKALARY Iň Täze Habarlar SYÝASAT

Türkmen Wekilýeti Russiýa Federasiýasynyň Tatarstan Respublikasynda Duşuşyklar we Gepleşikler Geçirdi

17-18-nji fewralda Türkmenistanyň senagat we gurluşyk önümçilgi ministri Serdar Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasyna iş saparynyň çäklerinde Tatarstan Respublikasyna baryp gördi diýlip, ýurduň daşary syýasat edarasynyň saýtynda habar berilýär.

Saparyň dowamynda Tatarstanyň Prezidenti Rustam Minnihanow bilen gepleşikler geçirildi. Taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy, şol sanda gurluşyk we senagat ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň ugurlary boýunça pikir alyşdylar.

Duşuşykda Russiýa Federasiýasy we onuň sebitleri bilen oňyn gatnaşyklaryň Türkmenistanyň daşary syýasat strategiýasynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridigi bellenildi. Ýurdumyz bilen RF-iň Tatarstan Respublikasynyň arasynda özara hyzmatdaşlygyň köp ugurlaryny öz içine alýan netijeli gatnaşyklar ýola goýuldy.

Türkmenistanyň wekilýetiniň, şeýle hem Tatarstanyň ministrlikleriniň we iri kärhanalarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda tegelek stol geçirildi. Şeýle hem Serdar Bedimuhamedowyň baştutanlygyndaky türkmen wekilýeti Tatarstan Respublikasynyň iri senagat we ylmy-önümçilik kärhanalaryna baryp gördi.

Tatarstanyň degişli ministrlikleriniň we esasy gurluşyk-senagat kompaniýalarynyň ýolbaşçylary bilen gepleşikleriň barşynda hyzmatdaşlygy diwersifikasiýlaşdyrmagyň esasy ugurlary, öňdebaryjy tehnologiýalary, senagaty döwrebaplaşdyrmagyň we ykdysadyýete sanly ulgamy ornaşdyrmagyň ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.

Türkmenistanyň senagat we gurluşyk önümçilgi ministri Serdar Berdimuhamedowyň Tatarstan Respublikasyna saparynyň çäklerinde Tatarstanyň iri ylmy we gurluşyk-senagat kompaniýalary bilen ikitaraplaýyn resminamalaryň birnäçesine gol çekildi.

Russiýa Federasiýasynyň ykdysady taýdan ösen, durnukly we innowasion sebitleriniň biri bolan Tatarstan Respublikasy durmuş-ykdysady görkezijileriň birnäçesi boýunça ýurtda öňdäki orunlary eýeleýär, senagat önümleriniň ençeme görnüşini öndürýär, aýratyn ykdysady zolaklary, döwrebap senagat meýdançalaryny, senagat parklaryny ösdürmek boýunça işjeň iş alyp barýar.

Nebit ýataklaryny gözlemek, nebit çykarmak, gaz ugratmak, awtomobil, uçar, gämi gurluşygy, energetika, himiýa önümlerini ugratmak, derman senagaty, lukmançylyk, obasenagat toplumy, maglumatlar tehnologiýasy ýaly ulgamlarda Türkmenistan bilen Tatarstanyň arasynda hyzmatdaşlygyň uly mümkinçilikleri bar.

Häzirki wagtda Türkmenistan bilen Tatarstanyň «KAMAZ» APJ, «Tatneft» we beýleki kärhanalarynyň arasynda netijeli işewürlik gatnaşyklary ýola goýuldy.

Degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidenti ÝHHG-niň Baş Sekretary Bilen Duşuşdy

syrach

Ministrler Kabinetiniň Mejlisi

syrach

Türkmenistanda Irlandiýanyň Adatdan Daşary we Doly Ygtyýarly Ilçisi Işläp Başlady