18-nji maýda Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň kabul edilenine 21 ýyl doldy. Türkmenistan garaşsyz döwlet hökmünde özüniň esasy kanunynda döwlet gurluşyny, raýatlaryň we adamlaryň hukuklary we azatlyklary, jemgyýetiň we döwletiň ykdysady binýady we strategiki ösüş ugurlarynyň ýörelgelerini berkitdi.
Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň kabul edilen güni Galkynyş, agzybirlik we Magtymgulynyň şygyrýet güni bilen gabat gelmegi Türkmenistanyň azatlygyny we garaşsyzlygyny dabaralandyrýan, halkyň agzybyrligi we jebisligi güni hökmünde döwlet baýramçylygynyň senenamasyna girizildi.
Konstitusiýasy berk düzgünnamany saklamak bilen, döredijilik taýdan ösdürilýan resminama hem boup durýar, ýurtda bolup geçýän özgertmeleri, yzygiderli döwlet gurluşyny, ykdysadyýetiň bazar gatnaşyklaryna geçmegiň ugurlaryny kämilleşdirmek we döwletiň durmuş taýdan nazarlaýan resminamasy hökmünde Türkmenistanyň emele gelmegini nazara almak bilen, onuň üsti ýetirilip durulýar,
we 2008-nji ýyllar konstitusion özgertmeleriň möhüm tapgyrlary boldy. 1995-nji ýylda ilkinji düzedişler girizildi, hususanda 1-nji madda, BMG-niň Baş Assambleýasynyň Türkmenistanyň hemişelik bitarplygy” Rezolýusiýasynyň kabul edilmegi bilen, soňra bolsa Türkmenistanyň halkara derejesiniň üýtgedilmegi bilen ilkinji üýtgeşmeler girizildi. 1999-njy ýylda Konstitusiýa jeza hökmünde ölüm jezasynyň ýatyrylýandygy barada ikinji üýtgeşme girizildi.
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen, 2008-nji ýylda girizilen konstitusion özgertme türkmen döwletiniň ösmegi üçin möhüm ädim boldy. Konstitusion özgertmäniň möhümdügini bellemek bilen, milletiň baştutany Häzirki zaman türkmen jemgyýetiniň gazanan üstünlikleri ýurduň Esasy Kanunynyň kämilleşdirilmegini talap etdi” diýip belledi. Şu maksatlar bilen konstitusion topar döredildi. Konstitusiýanyň maddalarynyň predmete gabat gelýändigini seljermek, olaryň düşnükli, aýan, gysga, olaryň umumy kabul edilen halkara kadalaryna we ýurduň ösüşiniň täze tapgyryna we öňde goýlan wezipelere gabat gelmegini seljermek bu toparyň wezipesi boldy. Konstitusiýanyň taslamasy metbugatda çap edildi. Giň ähli halk tarapyndan ara alnyp maslahatlaşylandan soňra esas hökmünde kabul edildi. 28-nji sentýabrda Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň täze redaksiýasy kabul edildi.
Türkmenistanyň konstitusion gurluşynyň seljermesiniň geçirilmegini nazara almak bilen, Halk Maslahatynyň öz taryhy işini ýerlikli ýerine ýetirendigini görkezmek bilen, döwlet häkimiýetiniň we dolandyryşynyň ýokary guramasy ulgamyndan aýryldy. Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň täze redaksiýasynyň 78-nji maddasyna laýyklykda, halk maslahaty wekilçilikli gurama hökmünde welaýatlarda, welaýat hukukly şäherde, etrapda, etrap hukukly şäherde döredilýär. Olar öz ygtyýarlyklaryna laýyklykda çäkleriň ykdysady, sosial we medeni taýdan ösüşiniň meselelerini çözmäge gatnaşýarlar.
Konstitusiýanyň täze redaksiýasy Türkmenistanyň Prezidentine Döwlet howpsuzlyk geňeşini döretmek we oňa ýolbaşçylyk etmek hukugyny berkitdi. Bu bolsa bu geňeşiň konstitusion hukugyny ep-esli berkitdi. Türkmenistanyň Mejlisine Konstitusiýasyny kabul etmek, oňa üýtgetmeleri, goşmaçalary girizmek, syýasy we sosial-ykdysady ösüş maksatnamalaryna garamak, halkara şertnamalaryny ratifisirlemek we denonsirleme ýaly ygtyýarlyklar berildi.
Esasy Kanunyň täze redaksiýasynda hususy, döwlet we hususyýetçiligiň beýleki görnüşlerine esaslanýan bazar gatnaşyklaryny emele getirmäge aýratyn ähmiýet berilýär. Döwlet telekeçiligi höweslendirýär we goldaýar, kiçi we orta telekeçiligiň ösdürilmegine şertleri döredýär diýip, goşmaça girizildi.
ýokary amatlyklary bolan jaýlardan ýa-da hususy ýaşaýyş jaý gurluşygyndan ýaşaýyş jaýlaryny edinmäge kepil geçýän Konstitusion kadalaryň girizilmegi Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň Döwlet adam üçündir” diýen syýasatynyň esasy ýörelgesiniň beýany boldy. Konstitusiýa laýyklykda raýatlaryň ýaşaýyş jaýlary el degrilmesizdir.
Raýatlaryň bilim hukugyny üpjün etmek böleginde döwlet tarapyndan ýokary bilim standartlary kesgitlenende tölegli bilim almaga döredilen mümkinçilik kadalary täze redaksiýa girizildi.
Esasy kanunda daşky gurşawy goramak we saklamak maksady bilen, tebigy baýlyklary netijeli goramaga döwlet gözegçiligi baradaky maddanyň girizilmegi uly ähmiýete eýe boldy.
Öňki Konstitusiýadaky adyl kazyýetiň birnäçe jenaýatçylykly hereketleri we ýörelgeleri amala aşyrmakdaky kadalaryň bölünmegine täzeden garalandygyny belläp geçmelidiris. Olar täze redaksiýanyň tekstinden aýryldy.
Şeýleleik bilen, Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň täze redaksiýasynda wagtyň hakykatkarynyň ählisi öz beýanyny tapdy. Esasy Kanun adamy döwletiň iň gymmatly hazynasy diýip kesgitledi, ýurduň her bir raýatyna demokratiki hukugy we azatlygy, azat durmuş, iş we döredijilik üçin ähli zerur şertleri döretmegi kepil geçýär,
Esasy Konstitusiýa ýörelgeleri we düzgünleri milli kanunçylyk ulagmyny jikme-jik ösdürýär. Milli parlamentariýeler raýatlara öz hukuklaryny we azatlyklaryny amala aşyrmak we goramak üçin hakyky hukuk şertlerini döredýän kanunlary işläp taýýarlamaga aýratyn üns berýärler. Hususanda, soňky ýyllaryň dowamynda Türkmenistanyň Zähmet kodeksi, Ýaşaýyş jaý kodeksi, Maşgala kodeksi, Saýlaw kodeksi, Ilaty durmuş taýdan goramak kodeksi, Bilim hakynda”, Agyz suwy hakynda”, Medeniýet hakynda”, Ätiýaçlandyryş hakynda”, Orta we kiçi telekeçiligi döwlet tarapyndan goldamak hakynda”, Köpçülikleýin habar beriş serişdeleri hakynda” we beýleki kanunlar kabul edildi.
Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň kadalary esasynda döwletiň we jemgyýetiň ähli ugurlaryny hukuk taýdan özgertmek boýunça uly we maksada gönükdirilen tagallalaryň netijesi Milli maksatnamalary we iri göwrümli halkara taslamalary amala aşyrmaga, Türkmenistany syýasy, sosial-ykdysady we medeni taýdan ösdürmäge, halkara derejesinde abraýyny ýokarlandyrmaga hyzmat edýär.