Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Botanika institutynyň Milli gerbariý gaznasynda toplanan toplumlaryň maglumatlar-gözleg binýady döredilýär. Maglumatlaryň kompýuter binýady gymmatly gerbariý nusgalarynyň sanly nusgalaryny öwrenmäge şertleri döreder. Netijede bolsa, olar ulanylanda zaýalanar howpy aradan aýrylýar.
Elektron görnüşindäki gerbariý gaznasy ýörite saýtda ýerleşdirilip, ol giň köpçülik üçin mekdep mugallymlaryna we okuwçylaryna, mugallymlara we talyplara, aspirantlara, lukmanlara, oba hojalyk işgärlerine, syýahatçylara botaniki we ekologiki bilimler üçin görkezme esbaby bolup hyzmat eder. Elektron toplumy seýrek duş gelýän, endemiki, ýitip batýan ösümlikleri goşmak bilen, Türkmenistanyň ajaýyp tebigat dünýäsi bilen tanyşmak isleýänleriň ählisine tanyşmaga mümkinçilikleri döredýär.
Botanika institutynyň hünärmenleri türkmen tebigatynyň ajaýyp ösümlikleriniň gerbariý nusgalarynyň gaznasynyň toplumyny aýap saklaýar we baýlaşdyrýarlar. Milli gerbariý gaznasyny öz taryhyny 1930-njy ýyldan alyp gaýdýar. Soňky ýyllaryň dowamynda gerbariý toplumynyň üsti Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň alym-botanikleriniň maksada gönükdirilen ekspedisiýalarynyň hasabyna ýetirildi. Gerbariý sahypalarynyň umumy sany ýüz müňden hem geçdi. Olarda ösümlikleriň 2319 görnüşi görkezilýär.
Gaznanyň toplumy taksonlaryň toplumlaýyn aýratynlyklary barada düşünje berýär, görnüşleriň geografiki taýdan ýaýrawy, fenologiki ýütgeşmeler, ýerli ösümlik dünýäsiniň flora taýdan gurluşy we kesgitli çäkleri, dürli faktorlaryň täsiri netijesinde ösümlik gatlagynyň üýtgemegi barada maglumatlary berýär. Gymmatly gerbariý materiallaryň esasynda Türkmenistanyň ösümlik dünýäsiniň ýedinji tomy, Aşgabadyň töwereginiň ösümliklerini bezelen görnüşdäki kesgitleýjisi , Türkmenistanyň ösümliklerini kesgitleýji, Türkmenistanyň Gyzyl kitabynyň üçünji tomy we beýleki düýpli işler neşir edildi.