2009-njy ýylyň iýun aýynda geçirlen saýlawlarda prezident Mahmud Ahmedinežad bilen reformaçy tarapy bilen tanalýan Mir Hüseýin Musewi, ýene-de reformaçy toparlardan Mehdi Kerrubi we konserwator Mohsen Rizaýy bäsleşipdi. Ahmedinežad saýlawyň birinji tapgyrynda sesleriň 2/3 bölegini alyp, dini lideriň hem godawy bilen Eýranyň Prezidenti hökmünde saýlanypdy. Şol saýlawlarda sesleriň beýan edilmeginiň yzýanyndan ýurtda uly garşlyklar görkezilip, Musewi bilen Kerrubiniň tarapdarlary saýlawlarda galplyk edilendigini öňe sürip, demonstrasiýalar geçiripdi. Bir aýa golaý dowam eden we köp sanly adamyň ýogalmagyna hem-de ýaralanmagyna sebäp bolan wakalardan soň saýlawyň netijelerinde hiç hili özgertme edilmän, galplyk edilendigi barasyndaky öňe sürmeler ret edildi we Ahmedinežad kasam edip, 2-nji döwür üçin Eýranyň prezidenti hökmünde wezipesine başlaýar.
Eýran Yslam Respublikasynyň Konstitutsiýasynda nygtalmagyna görä prezident dini liderden soň ýurduň 2-nji resmi wezipesi we konstitutsiýanyň düzgünlerini berjaý etmek we gönüden göni dini lideriň ygtyýaryndaky ugurlardan daşgary ýerine ýetiriş organyna ýolbaşçylyk edýär. Prezident 4 ýyl möhlet bilen we gönüden göni halkyň sesleri bilen saýlanýar we kanunlara laýyklykda yzly-yzyna 2 gezek şol wezipä saýlanyp biler.
Konstitutsiýada prezidentlige dalaşgärlik üçin diýseň geň galdyryjy we üns çekiji käbir şertler göz öňünde tutulýar. Eýranyň Konstitutsiýasynyň 115-nji maddasynda okap-ýazyp bilýän, dini we syýasy geçmişe eýe we aşakdaky şertlere laýyk gelýän erkekler prezidentlige dalaşgärlik üçin ýüz tutup bilerler:
Asly eýranly bolmak, Eýranyň raýaty bolmak, Dolandyryş ukybyna eýe bolmak, Abraýly, ynamdar we takwa (Alladan gorkýan) bolmak, Eýran Yslam Respublikasynyň esaslaryna we düzgünlerine tabyn we ynamly bolmak, Ýurduň resmi messebine (Şaýy jaferi) degişli bolmak.
Emma bu meselede ygtyýarly organ we konstitutsiýany goramakdan jogapkär Goraýjy geňeş kanunda rijal sözüniň ulanylýandygyna ünsi çekip, aýallaryň dalaşgärligini kabul etmeýär.
Goragçy geňeş
Goragçy geňeş 6 sanysy ýokary bilimli ruhanydan we 6 sanysy hukukçy jemi 12 adamdan ybarat. Ruhanylar gönüden dini lider tarapyndan bellenýärler. Hukukçylar bolsa kazyýet organy tarapyndan mejlise hödürlenýär we halk wekilleriniň ses bermeginde wezipelerine başlaýar. Yslam geňeşi mejlisinde kabul edilen ähli kararlar, şol sanda ýurtda geçirilen ähli saýlawlar Goragçy geňeş tarapyndan tassyklanylmaly.
Eýrandaky hakyky güýç: Dini lider