Aşgabatda we Türkmenbaşy şäherinde üç oýnuň geçirilmegi bilen ýokary liganyň toparlarynyň arasynda Türkmenistanyň futbol býounça çempionatynyň 13-nji tapgyr oýunlary badalga aldy.
Ilkinji oýun Türkmenbaşy şäherinde geçirildi. Ol ýerde ýerli “Şagadam” “Bagtyýarlyk-Lebaby” 2:1 hasabynda utdy. Ýeňijilerde iki pökgini hem geçen ýylda derwezelere iň köp pökgi geçirmek boýunça ýeňiji bolan Aleksandr Boliýan öz hasabyna ýazdy (35-nji minutda 11 metrlik jerime urgudan we 64-nji minutda). Myhmanlarda jogap pökgini Rustam Mämmedow (75-nji minutda) geçirdi.
“Aşgabat” stadionynda geçirilen duşuşyk garaşylmadyk netije bilen tamamlandy. Bu ýerde häzirki çempion “Balkan” ikinji gezek ýeňlişe sezewar boldy, bu gezek ol 0:2 hasabynda “Ahaldan” utuldy. Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň Kubogynyň eýesine bu ýeňşi Didar Hajyýew (15-nji minutda) we Serdarali Ataýew (29-njy minutda) dürs urgy bilen getirdiler. Bu duşuşykda “Ahal” toparynyň derwezebany Mämmet Orazmuhammedow aýratyn tapawutlandy. Ol ilki özi bilen ýeke-ýekä çykan Gahrymanberdi Çonkaýewe hasaby açmaga päsgelçilik döretdi, soňra bolsa 23-nji minutda Ýewgeniý Tkaçenko 11 metrlik jerime urgudan pökgine geçirmäge mümkinçilik bermedi.
Şeýlelikde, “Ahal” 21 utuk toplap, “Aşgabat” we “Şagadam” toparlary bilen bilelikde öňdäki üç toparyň yzyndan barýar.
Üçünji orunda 22 utuk toplan paýtagtyň “Altyn asyr” topary barýar. Ýurduň öňki çempiony, eýýäm on tapgyr oýunlarda ýeňilmän gelýän “Merw” bolsa 23 utuk bilen ikinji orunda barýar. “Köpetdag” stadionynda şu günki geçirilen duşuşykda maryly futbolçylar Türkmenistanyň Kubogynyň eýesi we bassyr bäş duşuşygy ýeňip gelýän HTTU bilen deňme-deň oýnamagy başardylar 1:1. Bu duşyşygyň 74-nji minudynda milli ýygyndynyň hüjümçisi Arslanmyrat Amanow Halkara türkmen-türk uniwersitetiniň toparyny öňe çykardy 1:0. Emma duşuşygyň tamamlanmagyna iki minut galanda, “Merwiň” oýunçysy Begenç Azamow 11 metrlik jerime urgyny dürs ýerine ýetirdi we öz toparyny ýeňilmekden halas etdi.
Soňky minutlarda ýeňşi elden gidiren HTTU-nyň futbolçylary 28 utuk bilen ýaryş sanawynyň başyny çekmegi dowam edýärler.
Çempionatda iň köp pökgi geçirmek boýunça öňdeligi eýelemek ugrundaky bäsleşikde käbir üýtgeşmeler bolup geçdi. Şu günki duşuşykda iki pökgi geçirmegi başaran Aleksandr Boliýanyň (“Şagadam”) hasabynda indi 9 pökgi bar. Ondan bary-ýogy bir pökgi az geçirip Arslanmyrat Amanow (HTTU) ikinji orunda barýar. Mämmedaly Karadanow(“Balkan”), Süleýman Muhadow (HTTU), Didar Durdyýew (“Altyn asyr”), Guwanç Hangeldiýew (“Aşgabat”) we Didar Hajyýew (“Ahal”) üçünji orunda barýarlar. Olaryň her biri 7 pökgi geçirmegi başardylar.