17.9 C
Aşkabat
22.11.2024
DURMUŞ

Magtymgulynyň goşgular ýygyndysy türk dilinde neşir edildi.

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň mejlisler zalynda türkmen edebiýatynyň nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň türk dilinde neşir edilen goşgular ýygyndysynyň tanyşdyrylyş dabarasy boldy. 

Täze neşir türkmen nusgawy şahyrynyň goşgularynyň Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Golýazmalar institutynyň hünärmenleri tarapyndan taýýarlanan eserler ýygyndysynyň esasynda terjime edildi. Oňa şahyryň 400-e golaý goşgusy girizildi. Olaryň hatarynda köp wagtlap giň okyjylar köpçüligine belli bolmadyk eserler bar. Häzirki döwürde türkmen alymlarynyň yhlasly zähmeti netijesinde ol eserler giň okyjylar köpçüligine ýetirildi. 


Türkmen we türk edebiýaty öwreniji alymlarynyň tanyşdyrylyş dabarasynda çykyş edip belleýişleri ýaly, Türkiýe Respublikasynyň Prezideniniň Türkmenistana saparynyň öňýanynda Magtymguly Pyragynyň goşgular ýygyndysynyň türk dilinde neşir edilmegi Türkmenistanyň we Türkiýäniň däbe öwrulen medeni gatnaşyklary giňeltmäge bolan meýillerini alamatlandyrýar. Çünki türkmen-türk döwletara gatnaşyklary diňe bir giň möçberli bilelikdäki taslamalaryň ýerine ýetirilmegine däl, eýsem, gumanitar hyzmatdaşlygyň ösdürilmeginde, doganlyk halklaryň arasynda gatnaşyklaryň ýygjamlaşdyrylmagynda öz beýanyny tapýar. Bu ugur bolsa iki döwletiň Baştutanlarynyň gepleşikleriniň gün tertibinde möhüm orny eýelär. 

Ýygyndy hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň giriş sözi bilen açylýar. Döwlet Baştutanymyz kitabyň okyjylaryna gutlagynda türkmen halkynyň öz görnükli nusgawy şahyryna bolan çäksiz hormaty we buýsançly duýgulary beýan edilýär. 

Magtymguly Pyragy türkmen medeniýetiniň taryhyny öwrenijiler, şol sanda daşary ýurtly edebiýatçylar üçin özüne çekiji şahsyýetdir. Ylmy barlagçylar Magtymguly Pyragynyň eserleriniň Gündogar ýurtlarynyň milli edebiýatlarynyň ösüşine bolan täsirine aýratyn üns berýärler. Şol ösüşde birnäçe kanunalaýyklyk ýüze çykýar. Olaryň iň esasysy bolsa halk döredijiliginiň dilden-dile geçmeginiň ýazuw edebiýatynyň kemala gelmeginde möhüm orun eýeländigidir. 

Bu babatda Magtymguly Pyragy täze sahypany açdy. Ol şygryýeti çeper beýan etme we öz döwrüniň asylly ýörelgeleri bilen baglanyşykly halk äheňleri arkaly baýlaşdyrdy. Türkmen diliniň özboluşly tebigy ýagdaýyndan ugur almak, şol döwrüň edebiýatyny dürli daşary ýurt dilleriniň öwrümlerinden arassalamak arkaly, Magtymguly öz şahyrana dilini hereket edýän gepleýiş diline ýakynlaşdyrdy. Onuň goşgulary halk döredijiliginiň ruhy ýörelgesine aralaşyp, olar halk tarapyndan mähirli kabul edildi. 

Magtymguly Pyragynyň döredijiligi türkmen edebiýatynyň dünýä şöhratyna eýe bolmagyny şertlendirdi. Olar tutuş adamzadyň şahyrana hazynasyna mynasyp goşant bolup, şahyryň ynsanperwerlik garaýyşlary ajaýyp goşgularda öz beýanyny tapyp, diňe bir XVIII-XIX asyr türkmen halkynyň durmuşyna däl, eýsem, Gündogaryň beýleki halklaryna hem ägirt uly täsirini ýetirdi. 

Häzirki döwürde asyrlar aşyp, Magtymguly Pyragynyň goşgulary tutuş dünýäde millionlarça adamlaryň kalbyny joşdurýar. Çünki şol eserlerde umumadamzat ruhy-ahlak gymmatlyklary öz beýanyny tapypdyr. 

Mälim bolşy ýaly, döwlet Baştutanymyzyň başlangyjy boýunça 2014-nji ýylda beýik akyldar we şahyr Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 290 ýyllygy giňden belleniler. Dabaranyň çäklerinde “Magtymguly Pyragy we umumadamzat medeni gymmatlyklary” atly halkara ylmy maslahatyny geçirmek meýilleşdirildi. Onuň maksady beýik türkmen nusgawy şahyrlarynyň we akyldarlarynyň baý medeni mirasyny mundan beýläk-de wagyz etmekden, degişli ylmy barlaglary giňeltmekden, halkara ylmy-edebi jemgyýetçiliginiň ünsüni nusgawy şahyrlaryň şahyrana we pelsepewi mirasyna işjeň çekmekden ybarat bolar. 

Özara gatnaşyk we tejribe alyşmak ösüşiň, çeper aň ýetirmegiň has kämil görnüşlerine tarap hereketiň we hakykaty beýan etmegiň baş alamatlary bolupdy we şeýle bolmagynda hem galýar. Bu ýörelge ähli döwürlerde yzygiderli dowam edýär. Häzirki wagtda Magtymgulynyň gözelligi, ajaýyplygy, ýakymly owazy hem-de gündogaryň şygryýetiniň inçe paýhasyny özünde jemleýän döredijiligi sebitiň we dünýäniň halklarynyň milli edebiýatlarynyň, ruhy medeniýetleriniň ösüşiniň ýoluny ýagtylandyrýär.

Degişli makalalar

Nowruz Hem-de Tebigatyň Gözelligi

Türkmen Awiasiýasy Täze Belentliklere Cykýar

syrach

«Ahalteke Bedewleriň Taryhy Kökleri» Atly Ylmy-Amaly Maslahat we «Behişdi Bedewleriň Waspу Sungatda» Atly Sergi

turkmenhabargullugy