Paýtagtymyzyň sergi merkezinde Mary çeperçilik mekdebiniň güýçli wekilleriniň biri Ata Akyýewiň özbaşdak sergisi açyldy. Ussadyň 70 ýaşynyň dolmagyna bagyşlanan sergide onuň žiwopis we grafiki işleriniň 200-si goýlupdyr.
Bu ýere gelenler Ata Akyýewiň döredijiligi bilen tanyşlygy nakgaşyň awtoportretler tapgyryna syn etmekden başlaýarlar. Olaryň birinde žiwopisçiniň keşbinde Salwador Daliniň ýüz keşbine çalymdaşlyk göze ilýär, bu bolsa tanymal sýurrealistiň Akyýewiň awtorlyk usulyna täsiri barada pikir döredýär.
Ata Akyýewiň awtoportretleriniň her biri özboluşlygy bilen haýran edýär. Mysal üçin, ýüzi köpgözli keşp – žiwopisçiniň tilsimleriniň we usullarynyň beýany ýaly görünýär. Geçmiş bilen şu güniň arasynda çekilen awtoryň keşbi filosofiki oýlanmalara atarýar. «Başdaky pikirler» işinde Oguzhanyň kanoniki portretine meňzeşlik duýulýar…
-Ata Akyýewiň döredijiligi onuň dünýägaraýşyny we şahsyýet hökmünde özüne çekijiligini görkezýär – diýip onuň kursdaşy, nakgaş Meret Gylyjow pikirini aýdýar. – Heniz ýetginjek döwri hem ol beýlekilerden saýry çekmäge çalşardy. Onuň adaty zatlarda üýtgeşiklik görüp bilýändigini aýtmak gerek. Özi-de Atanyň suratlarynda ýitiligem, çeper garagollygam, özboluşlylygam bar. Ol bütin ömrüne şu häsiýetlerine wepaly.
Çeperçilik orta hünär mekdebini tamamlandan soň Ata Akyýew Lwowyň poligrafiýa institutynda (Ukraina) okuwyny dowam edýär. Daşary ýurtlara saparlary onuň kemala gelmegine uly täsir etdi. Gaýry ýurtlaryň žiwopis däpleri bilen gyzyklnamasy onuň suratlarynda, eserleriniň ýordumlarynyň ekletikalylygynda, meselem, «Çäýnek» natýurmorty ýaly suratarynda açyk göze ilýär, olara kybap kompozisiýasynda häzirki kofe bulgury birneme groteskli görünýär.
«Çaýhana» atly suraty barada-da şeýle diýse bolar. Çaý içişlik – žiwopisde ýoň bolan tema, ýöne awtor gündogara mahsus çaý içişlige günbatar äheňlerini beripdir, tomusky kafeni ýokarsyndan şekillendiripdir welin, çaýhana-da, onuň golaýynda goýlan awtoulaglaram, çaýhananyň töweregindäki jöwzadan ýaňa lasyrdap duran köçeleriň altynsow akymlarynda ýüzüp ýören ýaly görünýär.
Onuň «Esger» diýlip atlandyrylan ýene bir awtoportreti Gündogara mahsus äheňlerden doly. Onuň esasy gyzyl-sarymtyl reňki we fakturaly çotga yzlary çeper elli halyçynyň dokan halysynda dag obasynyň we onuň gözel künjekleriniň keşbi berlen halyny ýada salýar, bular baradaky pikirler dogduk öýünden alysdaky ýigidiň ýüregine mähir inderýär…
Abstraksiýa usulynda çekilen «Ýagtylyga» atly suratyna syn edeniňde gyzjagazyň Güne tarap uzan horja uzyn elleriniň ejizligine haýran galýarsyň. Nakgaş onuň keşbi arkaly erjellik bilen ýagtylyga we ýyla dyrjaşýan şinäni göz öňünde tutan borly. Onuň töwereginde asman jisimleri çekilipdir, ol, belki, başgaça ýaşaýyşly Älem bölekleri bolsa gerek.
Özboluşly tilsimde çekilen bu suratda bolsa bar zadyň gürrüňini edip ýetişýän ýaş gelinler şekillendirilipdir… Bu işde agdyklyk edýän birsydyrgyn tegelek çyzyklar gadymy elipbini ýada salýar, awtor şeýtmek bilen geçmiş bilen häzirki döwri baglanyşdyrýar. Olaryň egnindäki ýiti gyzyl reňkli köýnekleridir ýüzlerindäki güneş nury zenanlaryň durmuşa hyjuwyny we şadyýanlygyny görkezýär.
Ata Akyýew söýgi hakda aşa täsirli gürrüň berip bilýän nakgaş. Onuň «Söýgi» diýlip atlandyrylan suratynda erkek we zenan keşplerine meňzedilen şekiller bir ýüregiň iki bölegi görnüşinde berlipdir, onda deňiz bilen asman utgaşýar, duýgylar bilen hyjuwlar sepleşýär, bar zat söýgüden doly.
Nakgaş durnalaryň owadan söýgüsini hem özblouşly şekillendirýär. Bu işde-de köňül joşduryjy söýgüniň bendiwany bolan asmanda gaýmalap ýören iki guş bir ýürege sygypdyr.
Ata Akyýew diňe bir romantik däl, eýsem realist hem bolup bilýär. Onuň «Awçy» atly suratynda ömründe köp çarşenbäni başdan geçiren goja şekillendirilipdir. Şol bir wagtyň özünde onuň nurana ýüzüniň her ýygyrdynda we gülüp duran gözlerinde mähir duýulýar. Bu iş fotosurat tilsiminde çekilipdir, emma Ata Akyýew awçynyň portretini köpgyraň çarçuwa ýerleşdirip, ýene-de öz saýrylygyny görkezýär.
Özboluşly türkmen däpleri – žiwopisçiniň halaýan temalarynyň biri. «Guşakçözdi» suratynda täze gelen gelniň ýigidiň bilindäki guşagy çözjek bolşy çekilipdir. Ata Akyýew ýiti reňkler bilen toý şadyýanlygy we ondaky däp-dessurlar barada gürrüň berýär.
Ata Akyýew haýsy žanrda işlese-de, özi üçinem, tomaşaçylar üçinem bir üýtgeşiklik tapýar, döwürdeşleri bilen allegoriýalar we simwollar dilinde söhbet edýär. Onuň döredijiliginiň filosifiki gözbaşy, şahyranalygy we ýumora inçe duýgurlygy hyýala jan beriň bilýän zehini üýtgeşik nakgaşyň dürli žiwopis tilsimlerinde işläp bilýändigini görkezýär…