15.9 C
Aşkabat
22.11.2024
GÜNÜŇ WAKALARY

Welaýatlarda täze desgalar açylýar.

Mary welaýatynyň Baýramaly şäherinde 160 orunlyk döwrebap çagalar bagynyň açylyşy boldy. Munuň özi Çagalary goramagyň halkara gününiň öňüsyrasynda körpelere ajaýyp sowgat boldy.

Dabaralara welaýat we şäher häkimlikleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, hormatly ýaşulular, ýaşlar gatnaşdylar. Olar öz çykyşlarynda milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň türkmenistanlylaryň ýaş neslini sazlaşykly terbiýelemek üçin zerur şertleriň ählisini döretmek barada aýratyn alada edýändigini nygtadylar. Türkmenistanlylar üçin ata Watanymyz bagtly çagalaryň ýurdy bolup durýar. 

Täze desga daşky keşbi hem-de otaglarynyň ýerleşişi babatda däp bolan milli bezegi sazlaşykly ulanmak arkaly häziki zaman binagärlik gazananlarynyň amala aşmasynyň özboluşly nusgasydyr. Mekdebe çenli çagalar edarasynda çagalaryň gowy dynç almagy hem-de boş wagtlaryny oňat geçirmegi üçin ähli şertler döredildi. Sapaklary geçmek üçin giň we ýagty otaglar, oýunlar we başlangyç kompýuter sowatlylygy üçin niýetlenen otaglar, şeýle hem aýdym-saz bilen meşgullanmak üçin otaglar körpeleriň hyzmatyndadyr. Çagalaryň beden taýdan sagdyn ösmegi üçin baga bürenip oturan giň howluda açyk oýun meýdançasy, şeýle hem pawilýonlar göz öňünde tutulypdyr. Howly ertekileriň gahrymanlarynyň şekilleri bilen bezeldi. 

“Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň durmuş-ýaşaýyş şertlerini özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasyny” üstünlikli durmuşa geçirmegiň çäklerinde Murgap jülgesiniň şäherleriniň we obalarynyň köpüsinde soňky ýyllarda şeýle döwrebap çagalar baglarynyň, täze umumybilim berýän mekdepleriniň we sport desgalarynyň onlarçasy gurlup, ulanmaga berildi. Mysal üçin, şu okgunly ösýän Baýramaly şäherinde diňe soňky bir ýarym – iki ýylyň dowamynda stadionly 365 orunlyk sport mekdebi, 160 orunlyk çagalar bagy, orta mekdepleriň ikisi açyldy. Şu gün ulanmaga berlen çagalar bagy ýaly, şol täze desgalar hem ýerli gurluşyk-gurnama edaralary tarapyndan bina edildi. 

Şu dabaranyň barşynda iň gowy gurluşykçylara gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy. Bu ýerde şeýle hem döredijilik toparlarynyň baýramçylyk konserti boldy. Olar öz çykyşlarynda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ata Watanymyzyň haýran galdyryjy üstünliklerini wasp etdiler.

Degişli makalalar

Türkmenistanyň we Russiýanyň Prezidentleriniň Arasynda Telefon Arkaly Söhbetdeşlik

syrach

Täze ýollar barha uzaýar.

syrach

Ministrler Kabinetiniň Mejlisi

syrach