Futbol boýunça Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň kapitany Arslanmyrat Amanow badalga berlen Özbegistanyň futbol çempionatyndaky ilkinji duşuşygyny geçirdi. Ildeşimiziň çykyş edýän AGMK topary Özbegistanyň futbol çempionatynyň birinji tapgyrynda “Metallurg” topary bilen duşuşdy. Bu barada «turkmenportal.com» saýtynda habar berilýär.
Almalyk şäherinde geçirilen duşuşyk 1:1 hasabynda tamamlandy. Futbolçymyzyň duşuşygyň 59-njy minutynda ätiýaçlyk oturgyjyndan oýna girendigini bellemek gerek.
Birinji tapgyryň netijelerinden soň A.Amanowyň çykyş edýän AGMK topary ýaryş tertibinde bäşinji orny eýeleýär.
Şu gün, 1-nji martda “Kyzylkum” toparynyň düzüminde çykyş edýän ýygyndy toparymyzyň oýunçylary Abdy Bäşimow bilen Wezirgeldi Ylýasowyň “Nasaf” toparynyň garşysyna geçiriljek duşuşykda meýdana çykman mümkinçilikleri örän ýokary. Ildeşimiz Selim Nurmyradowyň çykyş edýän “Bunýodkor” topary bolsa birinji tapgyryň duşuşygynda “Surhan” topary bilen güýç synanyşar.
Çeşme: http://tff.com.tm/