13.9 C
Aşkabat
21.11.2024
BAŞ SAHYPA DURMUŞ Iň Täze Habarlar YKDYSADYÝET

Taryhy Ýoluň Gurluşygynda

600 kilometr töweregi menzile uzajak Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtoulag ýolunyň gurluşygy güýçli depginde dowam edýär.
Mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiziň Kararyna laýyklykda, şu ýylyň dekabrynda ýoluň gurluşygynyň birinji tapgyryny üstünlikli tamamlamak ugrunda taslamanyň baş potratçysy hökmünde çykyş edýän Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy «Türkmen Awtoban» ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň buýurmasy boýunça gurluşyk meýdanynda iş alyp barýan «Nusaý ýollary» hususy kärhanasynyň, «Altyn nesil», «Hyzmat merkezi», «Edermen» hojalyk jemgyýetleriniň gurluşykçylarynyň yhlaslary abyrsyz uly.
Gurluşygyň birinji tapgyry bolan Aşgabat — Tejen bölegine ýoluň 203 kilometri degişlidir. Ol Ahal welaýatynyň Ak bugdaý, Kaka, Tejen, Babadaýhan etraplarynyň çäginden geçer. Bu aralykda suw geçelgeleriniň 67-si bolup, şolaryň 41-si eýýäm gutarnykly taýýar edildi. Galan 26-synda bolsa işler gyzgalaňly dowam edýär. Ýer düşegini taslama boýunça beýiklik derejesine ýetirmek işleri üstünlikli alnyp barylýar.
Ýoluň gurluşygynyň başlanýan ýerinden 100-nji kilometrligine çenli aralygyň çagyl-çäge garyndysynyň birinji gatlagy düşelip gutaryldy we ikinji gatlagy düşemek işleri dowam edýär. Şonuň ýaly-da, edermen gurluşykçylar ýerasty ýol, oba hojalyk tehnikalary hem-de mal geçelgelerini gurmakda hem netijelilik görkezýärler.
Infrastruktura desgalarynda, ýola goşulyşmak mümkinçiligini döredýän uly trompet köprüsinde, şeýle hem beýleki köprüleriň gurluşygynda-da işler köstsüz ýerine ýetirilýär.
— «Edermen» hojalyk jemgyýetimiziň paýyna degişli ýoluň 40 — 60 kilometrliginiň gurluşyk meýdançasynda işjanly gurluşykçylarymyzyň 550-si zähmet çekýär. Iki çalşykda dowam edýän gurluşyk işinde tehnikalaryň 190-sy işledilýär. Geotekstil, çagyl düşegi, ýerasty suw we mal geçelgelerinde gurluşygymyz öndürijilikli dowam edýär. Biz taryhy ýoluň gurluşygyna goşant goşmakda mundan beýläk-de yhlasymyzy gaýgyrmarys — diýip, «Edermen» hojalyk jemgyýetiniň awtobanyň 40 — 60-njy kilometrligindäki gurluşyk meýdançasynyň başlygy Muhammetjelil Rejepow aýdýar.
Döwlet Baştutanymyzyň başlangyjy bilen gurulýan Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtoulag ýolunyň gurluşygynyň birinji tapgyrynyň «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýylynda tamamlanmagy milli Liderimiziň dünýä nusgalyk işlerini has-da şöhratlandyrar.
Hormatly Prezidentimiziň geçen ýylyň jemlerine bagyşlanyp, 7-nji fewralda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde Türkmenabat — Aşgabat — Türkmenbaşy ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň gurluşygynyň hem örän möhüm gurluşyklaryň hatarynda görülmelidigini aýratyn nygtamagy awtobançylary ýeneki zähmet üstünliklerine ruhlandyrdy.
— Biz Awstriýadan geldik. Biziň kompaniýamyz «Türkmen Awtoban» ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti bilen şertnama baglaşdy we şol esasynda iş alyp barýarys. Biz Aşgabat — Türkmenabat awtobanynyň gurluşyk meýdançasynda ýoluň hil-barlag işlerini meýilnama laýyklykda, her günde amala aşyrýarys. Gözegçilik etmekde dünýä ülňülerine laýyk gelýän iň kämil tehnologiýalary ulanýarys. Bu bolsa awtobanyň hiliniň ýokary bolmagyna ýardam eder. Talabalaýyk işlerimiziň netijesinde, hatda tomsuň yssy günlerinde hem agyr ýükli ulaglar gatnanynda-da ýola hiç hili zeper ýetirmez.
Häzirki wagtda «Türkmen Awtoban» ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň tehniki gözegçilik bölüminiň işgärleri bilen bilelikde kompaniýamyzyň maslahatçylary degişli işleri-de geçirýärler. Awtobanyň hil-barlag işleri boýunça yzygiderli okuw sapaklary guralýar.
Ýeri gelende aýtsak, «VCE» kompaniýamyz Ýewropanyň ähli ýerinde diýen ýaly iş alyp barýar. Katarda, Rumyniýada, Germaniýada, Gollandiýada, Slowakiýada, Gresiýada şahamçalarymyz işleýär.
Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtoulag ýoly örän bähbitli işdir. Elbetde, munuň özi taryhy Beýik Ýüpek ýolunyň ýüreginde, gadymy dostluk ýolunyň ýene bir gezek dabaralanmasyna öwrüler. Dostlukly ýurtda taryhy ýoluň gurluşygyna goşant goşmaga, önjeýli zähmet çekmäge ähli şertleri döredýän hormatly Türkmenistanyň Prezidentine tüýs ýürekden sagbolsun aýdýarys — diýip, «VCE» kompaniýasynyň Türkmenistandaky wekili Domagoj Perkowiç gürrüň berdi.

Çeşme: metbugat.gov.tm

Degişli makalalar

Çeperçilik Sungaty Muzeýinde Türkmen Halysyna Bagyşlanan Sergi Guraldy

Dokma Senagatyň Harytlary Türkmenistan Fotogaleriýa

turkmenhabargullugy

HYY we ÖU-niň Topary F.F. Martens Adyndaky Bäsleşige Gatnaşanlygy Üçin Ýörüte Diploma Mynasyp Boldy