15.9 C
Aşkabat
22.11.2024
GÜNÜŇ WAKALARY

Aşgabada Täjigistan Respublikasynyň Medeniýet günleri tamamlandy.

Täjigistan Respublikasynyň Türkmenistandaky Medeniýet günleriniň ýapylyş dabarasy boldy. Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde biziň myhmanlarymyzyň beren konserti dostlugyň döredijilik baýramçylygynyň aýdym-saz jemlenmesi boldy. 

Beýik täjik şahyry-akyldary Rudakiniň döredijilik forumynda ýaňlanan “Bu dünýäde ýakynlaryňy we dostlaryňy görmekden uly bagt ýokdur” diýen setirleri tutuş çäräniň içinden eriş-argaç bolup geçip, dostlukly türkmen we täjik halklarynyň biri-birine bolan hoşniýetli duýgularyny aýdyňlyk bilen görkezdi. 

Iki döwletiň baştutanlary—Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Emomaly Rahmonyň başyny başlan giň gerimli medeni çäre hakyky dostluk we döredijilik baýramçylygyna öwrülip, özara düşünişmek, birek-birege hormat goýmak we ynanyşmak ýörelgelerine esaslanan türkmen-täjik gatnaşyklaryny has-da ösdürmäge möhüm goşant boldy. Täjigistanyň Türkmenistandaky Medeniýet günleri taryhyň, medeniýetiň, ruhy gymmatlyklaryň umumylygy bilen birleşen iki doganlyk halkyň dostluk gatnaşyklaryny berkitmäge we hyzmatdaşlygy täze mazmun bilen baýlaşdyrmaga bolan egsizmez islegini ýene bir gezek şöhlelendirdi. 

Ozal habar berlişi ýaly, paýtagtymyz Aşgabada dostlukly Täjigistanyň medeniýet we sungat ulgamynyň wekilleriniň uly wekiliýeti, şol sanda medeniýet ulgamynyň, döredijilik birleşmeleriniň ýolbaşçylary we wekilleri, meşhur döredijilik toparlary, žurnalistler geldiler. Munuň özi kärdeşleriň arasynda göni gatnaşyklary ýola goýmaga, tejribe alyşmaga we döredijilik gatnaşyklaryny işjeňleşdirmäge ýardam etdi. Forumyň çäklerinde Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginde, Döwlet medeniýet merkezinde, Şekillendiriş sungaty muzeýinde geçirilen duşuşyklar gumanitar ulgamda netijeli gatnaşyklaryň ösdürilmegine ýardam etdi. Döredijilik duşuşyklarynyň barşynda medeniýet ulgamynda bilelikdäki çäreleri guramakda täze çemeleşmeleri we däpleri utgaşdyrmagyň möhümdigi bellenildi. 

Biziň myhmanlarymyz Türkmenistanyň öz taryhy-medeni mirasyny wagyz etmek, şol sanda Magtymguly Pyragynyň we türkmen nusgawy şygryýetiniň beýleki wekilleriniň eserlerini täjik diline terjime etmek bolýunça geçirýän işleriniň ähmiýetiniň uludygyny bellediller. Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň akademigi, lukmançylyk we ykdysady ylymlaryň doktory, professor Gurbanguly Berdimuhamedowyň täjik diline terjime edilen ylmy-köpçülikleýin işlerine uly isleg bildirilýär, olar lukmançylyk we ykdysadyýet ulgamlarynda täjik hünärmenleriniň ýan kitaplaryna öwrüldi. 

Täjigistanyň Türkmenistandaky Medeniýet günleriniň çäklerinde geçirilen çäreler aşgabatlylary we paýtagtymyzyň myhmanlaryny dostlukly halkyň sungatynyň köpdürli öwüşginleri, onuň özboluşly däp-dessurlary, medeniýet ulgamynda Täjigistanyň gazanan üstünlikleri bilen tanyşdyrdy. Tanymal täjik aýdymçylarynyň we sazandalarynyň, meşhur toparlarynyň konsert maksatnamasyndaky çykyşlary, täjik kinolarynyň görkezilmegi, häzirki zaman ussat täjik suratkeşleriniň foto işleriniň we amaly-haşam sungatynyň sergisi, dostlukly ýurduň medeniýet işgärleri bilen duşuşyklar türkmen-täjik medeni gatnaşyklaryny ep-esli giňeltdi. 

Jemleýji konsert türkmen paýtagtynyň jemgyýetçiliginiň wekilleriniň, döredijilik işgärleriniň, habar beriş serişdeleriniň we täjik medeniýetiniň köp sanly muşdaklarynyň gatnaşmagynda geçirildi. 

Çäräniň ýapylyş dabarasynda onuň asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alýan we häzir täze mazmun bilen baýlaşýan doganlyk halklaryň köp ugurly gatnaşyklaryny berkitmekde eýeleýän orny bellenildi. 

Täjigistanyň Türkmenistandaky Medeniýet günlerine gatnaşyjylar iki ýurduň Prezidentleri Gurbanguly Berdimuhamedowa we Emomaly Rahmona olaryň ýöredýän parahatçylyk, hoşniýetli goňşuçylyk we netijeli hyzmatdaşlyk, döwletleriň arasyndaky özara peýdaly medeni gatnaşyklaryň çäklerini giňelmek ugrunda alyp barýan syýasaty üçin çuňňur hoşallyklaryny beýan etdiler. Iki döwletiň halklary bir wagtdan bäri parahatçylykda we agzybirlikde ýaşap gelýärler. Türkmenistan gumanitar ulgamyndaky gatnaşyklara dünýäniň ähli ýurtlary we halklary, şol sanda doganlyk täjik halky bilen dostluk we parahatçylyk, hoşniýetli goňşuçylyk we özara düşünişmek gatnaşyklaryny saklamagyň möhüm görnüşi hökmünde garaýar diýlip bellenildi. 

Biziň myhmanlarymyz şeýle hem Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa gadymy türkmen topragynda mähirli kabul edendikleri, şeýle hem häzirki zaman Türkmenistan bilen, Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe biziň ýurdumyzyň medeniýetiniň we sungatynyň ösüşi bilen tanyşmak üçin döredilen mümkinçilige tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler. 

Täjik artistleriniň çykyşlary soňra guralan baýramçylyk konsertiniň maksatnamasyny düzdi. Oňa halk aýdymlary we sazlary, tansly çykyşlar girdi, milli we dünýä saz medeniýetiniň taryhyna aýdyň sahypalary ýazan kompozitorlaryň eserleri ýaňlandy. Milli däpleri aýawly saklamak pikiri täjik artistleriniň ähli çykyşlarynyň içinden eriş-argaç bolup geçdi. Olar aýdym-sazlar we tanslar arkaly tomaşaçylara medeniýetiň milli özboluşlylygyny, öz halklarynyň mährini we paýhasyny açyp görkezmegi başardylar. 

Günüň ikinji ýarymynda Täjigistan Respublikasynyň döredijilik wekiliýeti “Türkmenistan-Owganystan-Täjigistan” demir ýolunyň Atamyrat-Ymamnazar-Akina aralygynyň düýbüni tutmak dabarasyna hem-de Garlyk şäherçesindäki dabaraly çärelere gatnaşmak üçin Lebap welaýatyna ugrady.

Degişli makalalar

Rumyniýanyň Prezidentiniň Türkmenistana resmi saparyna.

syrach

Türkmenbaşyda Hazar ekologiýa maslahaty geçirilýär.

syrach

Türkmenistanyň Döwlet Howpsuzlyk Geňeşiniň Mejlisi

syrach