16.9 C
Aşkabat
24.11.2024
BAŞ SAHYPA DURMUŞ Iň Täze Habarlar

Daşoguzda Zenanlara Bagyşlanan Sergi Açyldy

Daşoguz welaýatynyň Taryhy-ülkäni öwreniş muzeýinde Halkara zenanlar gününe bagyşlanyp we “Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany” ýylynyň maksatnamasynyň çäklerinde «Gözellig wasp edip» atly sergi açyldy. Ony Nakgaşlar birleşmesiniň welaýat bölümi, sebit medeniýet müdirligi we muzeýiň işgärleri guradylar.

Tematiki sergide žiwopis we heýkeltaraşlyk, şeýle hem amaly-haşam sungaty eserleri görkezilýär. Onuň bölümleriniň birinde demirgazyk sebitiň çagalar sungat mekdebiniň mugallymlarynyň we okuwçylarynyň işleri goýlupdyr. Sergide esasy orny tanymal ussatlaryň işleri eýelese-de, bu ýerle gelýänler ýaşajyk nakgaşlaryň ýürekden çykýan duýgylaryny beýan edýän, elbetde, enelere bagyşlanan işleriniň ýanynda hem eglenýärler.

Serginiň tematikasyna laýyklykda eserlerde gözellik, nepislik we näziklik wasp edilýär. Nurjahan Şyhyýewanyň paleh suratlary tilsiminde çekilen «Pasyllar» atly işi üýtgeşik tilsimi we köpgat ýordumy bilen tapawutlanýar.

Türkmenistanyň Nakgaşalr birleşmesiniň agzasy Nargiz Şamyradowa sergä akril reňklerde panbarhata çeken üýtgeşik suratyny hödürläpdir. Döwlet Çeperçilik akademiýasynyň uçurymy Orazguly Kakaýew nepis şaý-sepleri ýasapdyr, Nakgaşlar birleşmesiniň agzasy, heýkeltaraş Baýgeldi Annamedow bolsa «Bilbil» atly kompozisiýasyny zenan bagşylara bagyşlapdyr.

Daşoguzly heýkeltaraş Sapa Akbaýewiň «Binagär», «Dirižýor», «Deprekçi» ýaly işleri üýtgeşik döredijilik usuly we abstraksion äheňleri bilen tapawutlanýar. Dilaram Allaberenowanyň günebakar çigitlerinden edilen «Günebakarlar» gobeleni hakykata ýakynlygy bilen görene güýçli täsir edýär.

Degişli makalalar

Mejlisiň Deputatlygyna, Halk Maslahatynyň we Geňeşleriň Agzalygyna Dalaşgärleriň Saýlawçylar Bilen Duşuşyklary Geçirilýär

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Aýal-Gyzlary Halkara Zenanlar Güni Bilen Gutlady

Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany