9.9 C
Aşkabat
24.11.2024
DURMUŞ

Türkmenistanda güýzlük galla ekişine girişildi.

Türkmenistanda köpçülikleýin galla ekişine badalga berildi. Ozal habar berlişi ýaly, Ministrler Kabinetiniň 16-njy awgustda geçirilen mejlisinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow däne ekişiniň senesini tassyklady. Oňa laýyklykda, ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda bu möhüm oba hojalyk möwsümine badalga berildi. 

Asylly däbe görä, Beýik Biribardan ak bugdaýyň bol hasylyny eçilmegini dileg edip, hormatly ýaşulular galla ekişine ak pata berdiler. Göwnejaý taýýarlanylan meýdanlara bugdaýyň ilkinji dänelerini taşlamak bilen, ýaşulular “Her bir dänäň müň bolsun!” diýip, ekiş möwsümini guramaçylykly geçirmek wezipesi ynanylan mehanizatorlara üstünlik arzuw etdiler. Olar häzirki zaman ýokary öndürijilikli tehnikalara ussatlyk bilen erk edip, işe girişdiler. 

Şu ýyl hem ozalkylar ýaly ýurdumyzda 860 müň gektara bugdaý ekiler. 2013-nji ýylda kärendeçiler şonça meýdandan 1 million 600 müň tonna hasyl alarlar. Şeýlelikde, Ahal welaýatynda 450 müň, Mary welaýatynda 380 müň, Lebap welaýatynda 350 müň, Daşoguz welaýatynda 300 müň we Balkan welaýatynda bolsa 120 müň tonna ak bugdaý ýygnalýar. 

Ýurdumyzyň gallaçy kärendeçileri bugdaý oragy tamamlanandan soň, ýerleri sürmek işlerine girişdiler we topragy agrotehniki kadalara laýyk derejede gurplandyryp, ýerleriň taýýarlygyny göwnejaý ýerine ýetirdiler. Ekiş möwsümine bugdaýyň ýokary hasylly sortlary – “Sähraýy”, “Ýolöten-1”, “Bitarap”, “Juwan”, “Türkmenbaşy-1”, “Türkmenbaşy”, “Batko”, “Ýubileýnaýa-100”, şeýle hem “Irişka”, “Wassa” we “Nota” ýaly görnüşleri irgözinden taýýarlanyldy. 

Gallaçylar zerur bolan ekiş tehnikalary bilen doly üpjün edildi. “Türkmenobahyzmat” döwlet birleşiginde TDH-nyň habarçysyna habar berişleri ýaly, şu möwsümde ýurdumyz boýunça “Keýs”, “Jon DIr”, “Klaas”, “MTZ-80N” we “MTZ-82.1” ýaly kuwwatly traktorlaryň 3370-si we ekiş tehnikalarynyň 1665-si ýokary derejede taýýarlyk hataryna çykaryldy. Şeýlelikde, ekiş möwsümini öz wagtynda we üstünlikli geçirmek üçin ähli zerur şertler üpjün edildi. Munuň özi geljekki bol hasylyň kepilidir. 

Mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň halkymyzyň durmuş derejesiniň we abadançylygynyň ýokarlandyrylmagyna gönükdirilen ykdysady syýasatynda ýurdumyzyň obasenagat toplumyna aýratyn ähmiýet berilýär. Milli Liderimiziň başlangyjy bilen ýurdumyzyň oba hojalyk pudagyna maksatnamalaýyn goldaw bermegiň çäklerinde pudagyň ähli önümçilik düzümleriniň tehniki parky doly döwrebaplaşdyrylýar, düzümiň mineral dökünler bilen üpjün edilmegi, meliorasiýa we suw üpjünçilik meseleleriniň oňyn çözülmegi ugrunda yzygiderli çäreler durmuşa geçirilýär. Obasenagat toplumy üçin häzirki zaman traktorlary, kombaýnlar we beýleki tehnikalary satyn alynýar. 

Daýhan birleşiklerine oba hojalyk önümleriniň önümçiligi boýunça zerur bolan çykdajylar, oba hojalyk tehnikalaryny satyn almak üçin ýeňillikli şertlerde karz serişdeleri berilýär. Oba hojalyk önümleriniň, şol sanda bugdaýyň satyn alnyş nyrhlarynyň yzygiderli ýokarlandyrylmagy, önüm öndürijiler bilen döwlet hasaplaşygynyň has kämil usulynyň ornaşdyrylmagy daýhanlaryň zähmetini höweslendirýän çärelerdir. 

Mundan başga-da, “Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etrapdaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň durmuş-ýaşaýyş şertlerini özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasynyň”, “Türkmenistanyň ilatly ýerlerini arassa agyz suwy bilen üpjün etmek boýunça Baş maksatnamanyň” we beýleki iri möçberli durmuş-ykdysady maksatnamalaryň çäklerinde, ýurdumyzyň ähli künjeklerinde türkmen obalarynyň durmuşyny düýpli özgertmäge gönükdirilen iri maýa goýum taslamalary durmuşa geçirilýär. 

Döwletimiziň okgunly ösüşi nukdaýnazaryndan Türkmenistanyň azyklyk dänäni eksport edip başlamagy ähmiýetli wakadyr. Munuň özi ýurdumyzyň obsenagat toplumyny hil taýdan täze derejelere çykarmakdaky, şol bir wagtyň özünde döwletimiziň ykdysady taýdan ösüşine gönükdirilen “Türkmenistanyň oba hojalyk pudagyny 2012-2016-njy ýyllarda ösdürmegiň maksatnamasyny” üstünlikli durmuşa geçirmekdäki ornuny pugtalandyrýar. Gaýtadan işleýän ulgamy ösdürmek maksatnamada möhüm orny eýeleýär. Häzirki döwürde tutuş ýurdumyz boýunça döwrebap enjamlar we önümçilik ugurlarynyň hemmesi awtomatlaşdyrylan kämil ulgamlar bilen üpjün edilen täze elewatorlaryň, däne üweýän toplumlaryň, oba hojalyk önümlerini gaýtadan işleýän toplumlaryň gurluşygy giň gerimde alnyp barylýar. 

Tutuşlygyna alnanda, munuň özi, ýurdumyzda azyk bolçulygyny, şol sanda içerki sarp ediş bazaryny çörek bilen üpjün etmek boýunça öňde durýan wezipeleriň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr. 

Güýzlük däne ekişiniň başlanmagy mynasybetli Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň “Watan”, Balkan welaýatynyň Serdar etrabynyň “Azatlyk”, Daşoguz weldaýatynyň Gubadag etrabynyň “Gökçäge”, Lebap welaýatynyň Sakar etrabynyň “Gülüstan” we Mary welaýatynyň Garagum etrabynyň “Tarp ýer” daýhan birleşiklerinde maslahatlar geçirildi. Oňa welaýat we etrap häkimlikleriniň, “Türkmengallaönümleri” we “Türkmenobahyzmat” döwlet birleşikleriniň, “Türkmentstandartlary” Baş döwlet gullugynyň wekilleri, pudagyň beýleki hünärmenleri, daýhan birleşikleriň ýolbaşçylary, agronomlar, mehanizatorlar, miraplar we gallaçy kärendeçiler, hormatly ýaşulular gatnaşdylar. Maslahatlarda edilen çykyşlar ekiş möwsüminiň meselelerine, ekişiň ähli tapgyrlarynda degişli agrotehniki kadalaryň berjaý edilişine, şeýle hem bu ulgam boýunça tejribe alyşmagyň işjeňleşdirmegine bagyşlanyldy. 

Maslahata gatnaşyjylar oba zähmetkeşleriniň netijeli işi barada yzygiderli alada edilýändigini, mähriban Watanymyzyň gülläp ösmeginiň we rowaçlygynyň, ýurdumyzda azyk bolçulygynyň mundan beýläk-de yzygiderli üpjün edilmeginiň bähbidine ägirt uly goşant goşýan kärendeçiler üçin oňaýly şertleriň döredilýändigini bellediler we munuň üçin hormatly Prezidentimize alkyş sözlerini aýtdylar. 

Maslahatlaryň çäklerinde obasenagat toplumynyň gaýtadan işleýän pudaklarynyň önümleriniň sergisi ýaýbaňlandyryldy. Welaýatlaryň aýdym-saz we folklor toparlary bu waka mynasybetli aýdym-sazly çykyşlary guradylar. 

Soňra mähriban Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmeginiň hatyrasyna, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baş saglygyna sadaka berildi.

Degişli makalalar

Dünýä Jemgyýetçiligi Türkmenistanyň Neşekeşlige Garşy Göreş Baradaky Tagallalaryny Goldaýar

syrach

TÜRKMENISTANYŇ KANUNY Türkmenistanyň Içeri Işler Edaralary Hakynda

turkmenhabargullugy

Türkmenistanyň Prezidenti Russiýa Federasiýasynyň Goranmak Ministriniň Orunbasaryny Kabul Etdi

turkmenhabargullugy