13.9 C
Aşkabat
25.11.2024
GÜNÜŇ WAKALARY

Gämi obasynda täze Medeniýet öýi ulanmaga berildi.

Ak bugdaý etrabynyň Gämi obasynda täze Medeniýet öýi ulanmaga berildi. Bu desganyň açylyş dabarasy hakyky baýramçylyga öwrüldi. Baýramçylyk lybasyna beslenen täze binanyň öňündäki meýdança etrap we welaýat häkimlikleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, hormatly ýaşulular, ýaşlar, obanyň köpsanly ýaşaýjylary ýygnandylar. Bu ýerde döredijilik toparlary ruhubelentlik bilen çykyş etdiler. 

Özboluşly binagärlik keşbinde gurlan iki gatly ak mermerli Medeniýet öýi “Ahalgurluşyk” önümçilik birleşiginiň 4-nji gurluşyk-gurnama müdirliginiň gurluşykçylary tarapyndan bina edildi. Olaryň iň gowularyna gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy. 

Ýygnananlar mähriban halkymyzyň abadançylygyny artdyrmak, milli medeniýetiň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak barada yzygiderli alada edýändigi hem-de bu ulgama hemmetaraplaýyn goldaw berýändigi üçin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler. Munuň özi milletiň baý taryhy we medeni mirasy bilen bilelikde türkmen medeniýetiniň we sungatynyň mundan beýläk-de ösdürilmegine hyzmat edýär. 

Täze Medeniýet öýünde ýaşlaryň döredijilik gurnaklary üçin köpsanly otaglar göz öňünde tutuldy. Mejlisler zaly, kompýuter merkezi, surat çekmek, hor bolup aýdym aýtmak, teatr sungaty, horeografiýa üçin niýetlenen studiýalar bar. Binada okalga zally kitaphana, şeýle hem etnografiki muzeý göz öňünde tutulypdyr. Şol muzeýde eýýäm ilkinji gymmatlyklar ýerleşdirildi. Zerur zatlaryň ählisi bilen üpjün edilen repetisiýa we grim otaglary, uly tomaşaçylar zaly bolan teatr sahnasy bar. Bu ýerde medeni-köpçülikleýin çäreleri we teatr oýunlaryny, konsertleri hem-de höwesjeň toparlaryň repetisiýalaryny geçirmek bolýar. Ine, şu gün hem täze oba medeniýet merkeziniň açylmagy mynasybetli onuň esasy sahnasynda Ahal welaýatynyň döredijilik toparlarynyň uly baýramçylyk konserti boldy. 

Täze desga uly meýdany eýeleýär, onuň ýanaşyk ýerleri bagy-bossanlyga öwrüldi, owadan çyraly sütünler ornaşdyryldy, seýilýodalar çekildi, oturgyçlar oturdyldy. Şeýle hem ýanaşyk ýerde täze desganyň durmuş üpjünçiligi bilen bagly tehniki toplum ýerleşdirildi. 
Şu gün Ahal welaýatynyň merkezinde – Änew şäherinde 4 gatly, köp öýli ýaşaýyş jaýlarynyň birbada üçüsi dabaraly ýagdaýda ulanmaga berildi. 

Ýagty we giň otaglary, myhman otaglary bolan üç, dört we bäş otagly öýlerde amatlyklaryň hözirini görüp ýaşamak üçin ähli oňaýlyklar döredildi. Durmuş tehnikasy bilen üpjün edilen aşhananyň, kir ýuwulýan otagyň, sanuzelleriň diwarlary keramiki plitalar bilen örtüldi. Olarda eýwanlar hem göz öňünde tutulypdyr, şol ýerde giň gerimde gurulýan şähere ajaýyp görnüş açylýar. Uly meýdany eýeleýän öýleriň otaglarynyň ýerleşişi gowulandyrylandyr. Binalar gurlanda we olarda timarlaýyş işleri geçirilende ekologiýa taýdan arassa gurluşyk materiallary ulanyldy. 

Aşaky bölegi çal reňkli granit bilen örtülen jaýlaryň töwereginde pyýadalar üçin ýollar çekildi, gök otly aýmançalar döredildi, pürli agaç nahallary oturdyldy. Binalaryň giň içki howlusynda sport we çagalar üçin oýun meýdançalary, jemgyýetçilik çärelerini geçirmek üçin bassyrmalar ýerleşýär. Binalar gyzgyn we sowuk suw, ýylylyk we elektrik üpjünçiligi ulgamlary bilen üpjün edildi. 

Şahsy gurluşyk kärhanasy tarapyndan gurlan ýaşaýyş jaýlarynyň açylyş dabarasynda tapawutlanan gurluşykçylara gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.

Degişli makalalar

Futzal Möwsümi Naýbaşy Kubogy Bilen Badalga Alar

Türkmen-Hytaý Dostluk Maslahaty Öz Işini Tamamlady

syrach

Türkmenistanyň Prezidenti Türkmenbaşy Şäheriniň Halkara Howa Menzilinde Iş Maslahatyny Geçirdi