Goturja Mäki altyn ýumurtga berenden soň Möjek üçin ýakyn howandara öwrülen Jüýjejik bilen baglanşykly wakalar başlanýar…
-Üns beriň! Üns beriň! Gepleýär «Çelgi» radionokady, ýaýlymda habarçy Awusiýdik. Täzeligimizi eşidiň: goturja Maki mama bilen baba üçin altyn ýumurtga guzlapdyr.
Bu habary eşidenden mekir Tilkiniň kellesinde: ýumurtgany ogurlamaly, goturja Mäkini ulanyp, ondan alynýan altyn ýumurtgalaryň söwdasyny ýola goýmaly diýen betpygyl pikir döreýär. Ol pygylyny amala etmäge Möjegi-de çekýär…
…Ýumurtga gabygy jaýrylýar-da, ondan Jüýjejik çykýär.
Hüžžük çal Möjege gözi düşen Jüýjejik:
-Kaka! Ine, men – seniň ogluň! – diýýär.
Ýüregi doly doňmadyk haýwan geň galyp hem-de guwanyp:
-O nähhili oglum!?- diýýär.
Onsoň Möjek nädip Tilkini al salyp bolarka diýip oýa batýar. Ýogsa-da, men näme bar zady gürrüň berip otyryn-a, Jüýjegiň ykbalyny biljek we oýundan lezzet aljak bolsaňyz A. S. Puşkin adyndaky Döwlet rus drama teatrynda çagalara niýetleinp goýlan « Altyn jüýjejik» oýnuna tomaşa edäýmeli ahyryn.
Oýun goýujy režisýor Öwez Şarlyýew ony ukrain çagalar ýazyjysy Wladimir Orlowyň belli ertekisi esasynda sahnalaşdyrypdyr. Oýun gyzykly we şadyýan, özem diňe bir çagalary däl, eýsem ulularam özüne çekýär, çünki onda gozgalýan maşgala gymmatlyklary meseleleri netijesinde ol pajygaly däl-de, gaýta oňyn jemlenýär.
Aktýorlaram jaýdar saýlanypdyr: naşyja we sadaja Jüýjejigiň keşbini Anna Hommadowwa, oýnuň dowamynda ýüregine mähir inýän gazaply Möjegiň keşbini «Prostokwaşino» oýnunda Fýodor daýynyň keşbi bilen tomaşaçylaryň ýadynda galan Atajan Garýagdyýew, telekeçi Tilkiniň keşbini Lýubow Ýemelýanowa dagy döredipdirler.