15.9 C
Aşkabat
24.11.2024
GÜNÜŇ WAKALARY

Dünýä metbugatynyň sahypalarynda.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň agzalygyny togtatmak hem-de döwlet Baştutany wezipesini ýerine ýetiren döwründe partiýanyň Başlygy wezipesini öz üstünden aýyrmak barada Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň 17-nji awgustda bolan VII gurultaýynda beýan eden taryhy çözgüdi dünýä metbugatynda giň oňyn seslenmä eýe boldy. 

Bu täzelik bütin dünýä örän çalt ýaýrap, öz ýurduny öňde baryjy demokratiki özgertmeler ýoly bilen ynamly öňe alyp barýan türkmen Lideriniň bu oýlanyşykly ädimini mübäreklän halkara jemgyýetçiliginde uly seslenme döretdi. 

Häzirki wagtda, ýokary tehnologiýalar asyrynda ählumumy maglumatlar giňişliginde uly ähmiýete eýe bolan köp sanly internet-saýtlar şol günler bu meselä bagyşlanan syn beriji teswirlemelerden hem-de gysgajyk habarlardan doly boldy. Meşhur elektron neşirler dünýäniň esasy habar beriş gulluklaryna salgylanyp, özleriniň köpsanly okyjylaryna Türkmenistanyň durmuşyndaky möhüm jemgyýetçilik-syýasy waka – esasy syýasy partiýanyň nobatdaky gurultaýy hem-de olarda kabul edilen taryhy çözgütler barada habar berdiler. Şol çözgütler bolsa demokratik, hukuk we dünýewi türkmen döwletiniň esaslaryny berkitmäge ýardam eder. 

“Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow özüniň ýolbaşçylyk edýän Demokratik partiýasyna agzalygyny togtatmak baradaky çözgüdini beýan etdi. Bu çözgüt onuň ýurduň haýsydyr bir partiýasy üçin artykmaçlyk döretmezlige çalyşmagy, şeýle hem kanunyň talaplary bilen şertlendirilendir. Bu kanun bolsa, ýurduň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysyna syýasy iş bilen meşgullanmagy gadagan edýär” diýip, Russiýanyň “Westi” teleýaýlymy habar berdi. 

“Türkmenistanyň Baştutany özüniň Prezidentlik döwründe dolandyryjy partiýanyň agzalygyny togtatdy” – meşhur “RIA-Nowosti” habarlar gullugy özüniň saýtynda şeýle sözbaşyly makalany berdi. Habar berlişi ýaly, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow özüniň çözgüdini köp partiýalylyk şertlerinde Prezidentiň partiýalaryň birine agza bolmagy şol partiýa üçin beýlekileriň öňünde artykmaçlyk döredýändigi bilen düşündirdi. 

“Men kanunlar esasynda şeýle giň mümkinçilikleriň döredilýän, ýurdumyzyň syýasy ulgamynyň kämilleşýän şertlerinde hem-de dürli pikirleri ýöredýän partiýalaryň emele gelýän döwründe hemmeleriň hukuklarynyň deňligini, dürli partiýalaryň işlemekleri üçin deň şertleri üpjün etmek maksady bilen, özümiň Türkmenistanyň Prezidenti wezipesinde işleýän döwrümde Türkmenistanyň Demokratik partiýasyna agzalygymy togtatmak barada karara geldim. Şeýle hem partiýanyň Başlygy wezipesini öz üstümden aýyrmak barada netijä geldim” diýip, köpçülikleýin habar beriş serişdeleri türkmen döwletiniň Baştutanynyň sözlerini getirdiler. 

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň çykyşyna salgylanyp, Russiýanyň beýleki bir habarlar gullugy – “INTERFAKS” ýurtda demokratiýany ösdürmäge, raýat jemgyýetiniň institutlaryny we döwletiň hukuk binýadyny berkitmäge gönükdirilen netijeli işleriň alnyp barylýandygyny habar berdi. Ýerli habar beriş serişdeleri türkmen Lideriniň çykyşynyň doly tekstini şol günüň özünde ýaýratdylar. 

“Diňe ähli raýatlarynyň abadan durmuşyny üpjün edýän döwletde jemgyýetçilik agzybirligini, durnukly ösüşi, demokratiýanyň esasy ýörelgeleriniň mizemezligini üpjün edip bolar” diýip, Russiýada we daşary ýurtlarda meşhur bolan “Komsomolskaýa prawda” gazeti şu çykyşdan jümläni mysal getirdi. 

Habar beriş portallary, şol sanda Gazeta.RU we Lenta.RU özleriniň köp sanly okyjylaryna özüniň hatarlaryna partiýa agzalarynyň 190 müňe golaýyny birleşdirýän Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň döwlet Garaşsyzlygynyň ilkinji ýylynda — 1991-nji ýylda döredilendigini hem-de 20 ýyla golaý wagtyň dowamynda ýurtda ýeke-täk partiýa bolandygyny ýatlatdy. 

Daşary ýurt metbugatynyň belleýşi ýaly, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 2007-nji ýylyň fewralynda döwlet Baştutany wezipesini ýerine ýetirip başlan ilkinji günlerinden ýurtda köp partiýaly ulgamy döretmegiň zerurdygyny aýtdy. Şunda ol Türkmenistanyň Demokratik partiýasy uly syýasy güýç hökmünde çykyş etmek bilen, öňküsi ýaly, öň hatarda bolmalydyr diýip nygtady. 

Şunuň bilen baglylykda, dünýäniň habar beriş serişdeleri şu gurultaýda hem Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň öz toplan tejribesiniň, guramaçylyk güýjüniň, jemgyýetdäki möhüm ornunyň esasynda jemgyýetiň we döwletiň depginli ösüşini üpjün etmekde geljekde hem uly işleri bitirjekdigine ynam bildirendigine ünsi çekdiler. 

Daşary ýurt habar beriş serişdeleri özleriniň habarlarynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrmagy boýunça 2010-njy ýylyň maýynda Türkmenistanyň Mejlisiniň “Syýasy partiýalar hakyndaky” Kanunyň taslamasynyň üstünde işläp başlandygyny bellediler. Bu kanun 2012-nji ýylyň ýanwar aýynda kabul edildi. Şol ýylyň awgustynda bolsa, Aşgabatda kiçi we orta telekeçiligiň wekilleriniň dörediji gurultaýy boldy. Onda Senagatçylar we telekeçiler partiýasyny döretmek hakyndaky çözgüt kabul edildi. Bellenilişi ýaly, bu partiýanyň döredilmegi raýat jemgyýetiniň institutlaryny mundan beýläk-de ösdürmegiň ýolunda möhüm ädim boldy. 

Esasy halkara synçylary Türkmenistanda hakyky demokratik döwletiň binýadyny berkitmek boýunça geçirilýän uly işlere ýokary baha berip, şu ýylyň dekabrynda geçiriljek parlament saýlawlarynyň örän wajypdygyny nygtadylar. Bu saýlawlar köp partiýalylyk şertlerinde geçiriljek ilkinji saýlawlar bolar. 

Türkmen Lideriniň gurultaýda nygtaýşy ýaly, şu ýylyň dekabr aýynda boljak Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň saýlawlary hem demokratik ösüşiň derejesini görkezýän ýene bir möhüm syýasy çäre bolar. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Prezidenti bu saýlawlary ýokary derejede guramaçylykly geçirmäge düýpli taýýarlyk görmegiň zerurdygyny belledi. 

Dünýä metbugatynyň Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň VII gurultaýynda möhüm çözgütleriň kabul edilendigini, şol sanda partiýanyň birnäçe üýtgetmeler hem-de goşmaçalar girizilen Maksatnamasynyň täze redaksiýasynyň we Düzgünnamasynyň tassyklanandygyny, şeýle hem Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň täze başlygynyň saýlanandygyny habar berendigini bellemelidiris. Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň ýolbaşçylygyna TDP-niň Syýasy Geňeşiniň ozalky biriniji sekretary Kasymguly Babaýew saýlanyldy. 

Daşary ýurt köpçülikleýin habar beriş serişdeleri bu waka baradaky öz habarlaryny jemlemek bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň özüniň nobatdaky syýasy taýdan öňden görüjilikli ädimi bilen täze eýýämyň Lideri hökmünde dünýä jemgyýetçiliginiň öňündäki ýokary abraýyny ýene bir gezek tassyklady.

Degişli makalalar

Prezidentimiz Tailandyň Patyşasyna Gynanç Hatyny Iberdi

syrach

Türkmenistanyň Prezidenti Döwlet Howpsuzlyk geňeşiniň göçme mejlisini geçirdi we harby okuw merkezine bardy

syrach

Bildiriş (Türkmenistan İstanbul Başkonsolosluğu Hakynda)