4.9 C
Aşkabat
24.11.2024
BAŞ SAHYPA Iň Täze Habarlar SYÝASAT

Türkmenistanyň Prezidenti Ministrler Kabinetiniň Sanly Wideokonferensiýasyny Geçirdi

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly wideokonferensiýasyny geçirdi. Onda Türkmenistanyň daşary syýasy strategiýasynyň möhüm ugurlary, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň, şol sanda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy, ýakynlaşyp gelýän şanly senelere we beýleki dabaralara taýýarlyk görlüşi baradaky meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Hormatly Prezidentimiz, ilki bilen, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredowa söz berdi.

Wise-premýer ýurdumyzyň daşary syýasat edarasynyň şu ýylyň ýanwar-fewral aýlarynda alyp baran işleriniň netijeleri barada hasabat berip, Türkmenistanyň milli Liderimiziň ýolbaşçylygynda amala aşyrýan daşary syýasy strategiýasynyň üstünliklere beslenýändigini nygtady. Munuň özi ýurdumyzyň hyzmatdaş daşary döwletler bilen özara bähbitli gatnaşyklarynyň has-da pugtalandyrylmagyny we ösdürilmegini üpjün edýär.

Ýylyň başyndan bäri Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň üsti bilen 35 sany dürli derejedäki wekiliýet ýurdumyza sapar bilen geldi. Bu döwürde daşary ýurtlara wekiliýetleriň 77-si ugradyldy.

Şeýle hem 2020-nji ýylyň ýanwar-fewral aýlarynda Türkmenistanda daşary ýurtlar we halkara guramalar bilen bilelikde dürli derejeli maslahatlaryň we duşuşyklaryň 59-sy geçirildi.

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň we beýleki döwletleriň daşary syýasat edaralarynyň arasynda syýasy maslahatlaşmalary geçirmek boýunça işler dowam edip, bu ugurda 6 duşuşyk guraldy. Olar Katar Döwleti bilen Doha şäherinde, Russiýa Federasiýasy bilen Aşgabat şäherinde, Hindistan bilen Nýu-Deli şäherinde, Owganystan bilen Kabul şäherinde geçirildi, şeýle hem Daşkent şäherinde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň arasyndaky «C5+1» köptaraplaýyn hyzmatdaşlyk görnüşinde ministrler derejesindäki nobatdaky duşuşygy hem-de Berlin şäherinde Merkezi Aziýa döwletleriniň, Owganystanyň we Germaniýanyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda «Ýaşyl Merkezi Aziýa» atly halkara maslahat geçirildi.

Türkmenistanyň daşary syýasy işiniň möhüm ugurlarynyň biri-de ilçihanalaryň üsti bilen diplomatik gatnaşyklary ýola goýmakdan hem-de olary giňeltmekden ybaratdyr.

Wise-premýer hasabatyny dowam edip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan daşary syýasatynda Türkmenistanyň dünýäniň döwletleri bilen daşary ykdysady hyzmatdaşlygy hemmetaraplaýyn ösdürmek meselesine aýratyn orun berilýändigini nygtady. Bu ugurda dürli döwletler bilen ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki hökümetara toparlaryň mejlislerini geçirmek boýunça işler alnyp barylýar.

Şunuň bilen baglylykda, 2020-nji ýylyň ýanwar aýynda Wengriýanyň paýtagtynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-wenger toparynyň hem-de Aşgabatda bilelikdäki türkmen-german iş toparynyň nobatdaky mejlisleriniň geçirilendigi habar berildi. Şeýle hem Budapeştde türkmen-wenger hem-de Aşgabatda türkmen-german we türkmen-owgan işewürler maslahatlary geçirildi.

Soňra wise-premýer, daşary işler ministri «Türkmenistan bilen Birleşen Milletler Guramasynyň arasynda durnukly ösüş boýunça 2021 — 2025-nji ýyllar üçin hyzmatdaşlygyň Çarçuwaly Maksatnamasy» barada hasabat berdi.

2005-nji ýyldan başlap durmuşa geçirilýän hem-de ýurdumyzyň halkara guramalar bilen gatnaşyklaryny ösdürmäge gönükdirilen bu çarçuwaly maksatnamada göz öňünde tutulan wezipeleriň ähmiýeti nygtaldy. Bu resminama adamlaryň bähbidine gönükdirilen döwlet dolandyryşyny we kanunyň hökmürowanlygyny; hemmetaraplaýyn «ýaşyl» we durnukly ykdysady ösüşi; ýokary hilli, umumy we elýeterli saglygy goraýyş, bilim we durmuş üpjünçiligi ulgamlaryny öz içine alýar. Durmuşa geçiriljek çäreler ileri tutulýan maksatlara ýetmäge gönükdirilendir.

Nygtalyşy ýaly, BMG bilen durnukly ösüş ugrunda 2021 — 2025-nji ýyllar üçin hyzmatdaşlygyň Çarçuwaly Maksatnamasyna esaslanyp, bu guramanyň ýöriteleşdirilen edaralary bilen bir we iki ýyllyk Hereketler meýilnamalarynyň taslamalaryny taýýarlamak göz öňünde tutulýar.

Hususan-da, agzalan resminamalaryň üstünde Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy, BMG-niň Ösüş maksatnamasy, Halkara çagalar gaznasy, Ilat gaznasy we bu guramanyň beýleki düzüm birlikleri bilen bilelikde degişli işleriň geçirilmegi meýilleşdirilýär.

Soňra wise-premýer hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrmagy boýunça Marokko Patyşalygyna bolan gulluk iş saparynyň netijeleri barada hasabat berdi. Marokkonyň Premýer-ministri bilen duşuşygyň barşynda bellenilişi ýaly, döwletleriň ikisiniň hem ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmäge bolan gyzyklanmalary uludyr.

Bütin dünýäde parahatçylygy, durnuklylygy we howpsuzlygy üpjün etmek işindäki nukdaýnazarlaryň meňzeşdigi aýratyn nygtaldy. Taraplar iki döwletiň we olaryň halklarynyň taryhy gymmatlyklaryna hem-de däp-dessurlaryna ygrarlydyklaryny bellediler. Syýasy, ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlardaky türkmen-marokko gatnaşyklaryny ösdürmegiň geljegine degişli meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Saparyň çäklerinde Türkmenistan bilen Marokkonyň daşary syýasat edaralarynyň arasynda syýasy geňeşmeler geçirildi. Marokko Patyşalygynyň wekiliýetine daşary işler we halkara hyzmatdaşlyk ministri ýolbaşçylyk etdi. Ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy, şeýle hem halkara guramalaryň, hususan-da, Birleşen Milletler Guramasynyň hem-de Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň çäklerinde hyzmatdaşlyga degişli meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Diplomatlar söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer gatnaşyklary ösdürmegiň mümkinçiliklerine seretdiler. Iki ýurduň arasyndaky haryt dolanyşygyny ýokarlandyrmaga ýardam berýän bilelikdäki işewürler maslahatlaryny guramak boýunça pikir alşyldy. Şeýle hem Medeniýet günlerini guramagy öz içine alýan medeni çäreleri geçirmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Geňeşmeleriň barşynda taraplar ikitaraplaýyn gatnaşyklary pugtalandyrmaga gönükdirilen resminamalaryň birnäçesine gol çekdiler. Wise-premýer «Türkmengaz» döwlet konserni bilen «OCP S.A.» (Marokko Patyşalygy) we «Sun International FZE» (Birleşen Arap Emirlikleri) kompaniýalarynyň arasynda 1 million tonna kükürdi satmak hakynda gol çekilen Şertnamanyň ähmiýetini aýratyn belledi.

Mundan başga-da, gulluk iş saparynyň çäklerinde türkmen wekiliýetiniň Marokkonyň Mejlisiniň Wekiller Palatasynyň başlygy, Marokkonyň Geňeşçiler Palatasynyň başlygy, Marokkonyň ykdysadyýet, maliýe we dolandyryş özgertmeleri ministri hem-de dostlukly ýurduň hususy pudagynyň wekilleri bilen duşuşyklary geçirildi.

Duşuşygyň barşynda Marokkonyň Patyşasyna hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň şu ýylyň dekabr aýynda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygyna bagyşlanyp geçiriljek çärelere gatnaşmaga iberen çakylyk haty gowşuryldy.

Soňra wise-premýer Türkmenistanyň hökümet wekiliýetiniň Azerbaýjan Respublikasyna boljak resmi saparyna görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, Türkmenistanyň «Açyk gapylar» we oňyn bitaraplyk syýasatyny amala aşyryp, parahatçylykly, dost-doganlyk, hoşniýetli gatnaşyklara esaslanan giň gerimli halkara hyzmatdaşlyga ygrarlydygyny görkezýändigini nygtady.

Türkmenistanyň alyp barýan daşary syýasatynda daşary döwletler bilen bir hatarda, abraýly halkara guramalar bilen hyzmatdaşlyga möhüm ähmiýet berilýär. Şol hyzmatdaşlygyň çäklerinde, hususan-da, Birleşen Milletler Guramasy hem-de onuň iri düzümleri bilen gatnaşyklaryň ösdürilmegine uly üns berilýär.

Milli Liderimiz bular barada nygtap, «Türkmenistan bilen Birleşen Milletler Guramasynyň arasynda durnukly ösüş boýunça 2021 — 2025-nji ýyllar üçin hyzmatdaşlygyň Çarçuwaly Maksatnamasyny» ýerine ýetirmegiň uly ähmiýete eýedigini belledi. Döwlet Baştutanymyz bu maksatnamany tanyşdyrmak, degişli çäreleri ara alyp maslahatlaşmak üçin ylmy-amaly maslahaty geçirmegi tabşyrdy. Bu çäreleriň «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» diýlen şygar astynda geçýän şu ýylda guralmagynyň uly ähmiýetini nygtamak bilen, hormatly Prezidentimiz degişli ara alyp maslahatlaşmalardan soň, daşary işler ministrine maksatnama gol çekmek barada görkezme berdi.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasy bilen Türkmenistanyň arasyndaky gatnaşyklaryň netijeli häsiýete eýedigini aýratyn belledi. Bu ugurda BMG-niň sebitdäki iri düzümleri bilen ýola goýlan gatnaşyklar hem-de degişli maksatnamalaryň, hususan-da, 2030-njy ýyla çenli ählumumy gün tertibiniň möhüm wezipelerini berjaý etmekde ýurdumyzyň öz üstüne alan borçnamalaryny durmuşa geçirişi aýdyň mysal bolup biler.

Döwlet Baştutanymyz hyzmatdaş dostlukly ýurtlar, hususan-da, Marokko Patyşalygy bilen gatnaşyklary ösdürmek ugrunda alnyp barylýan işlere oňyn baha berip, şol işleri dowam etmegiň we bu ugurda gazanylan ylalaşyklary yzygiderli ýerine ýetirmegiň möhümdigini aýtdy. Şol gatnaşyklarda ýurtlaryň bähbitleri hem-de özara hormat goýmak we dost-doganlyk ýörelgeleri ileri tutulmalydyr.

Ýola goýlan gatnaşyklaryň ösdürilmegi bilen baglylykda, Marokko Patyşalygynda «Türkmengaz» döwlet konserni bilen baglaşylan şertnamanyň ähmiýetine üns çekildi. Bu şertnama ýurtlaryň arasyndaky hyzmatdaşlygy has-da pugtalandyrmakda hem-de özara bähbitli gatnaşyklaryň giňeldilmeginde, şeýlelikde, döwletara syýasy, ykdysady hyzmatdaşlygyň barha ösdürilmeginde möhüm ähmiýete eýedir. Onuň durmuşa geçirilmegi Türkmenistanyň ykdysadyýetimizi diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek babatda alyp barýan ugrunyň hem üstünlikli amala aşyrylýandygynyň aýdyň subutnamasyna öwrüler.

Şeýle hem hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň hökümet wekiliýetiniň Azerbaýjan Respublikasyna boljak resmi saparyna hemmetaraplaýyn ýokary derejede taýýarlyk görmek barada degişli tabşyryklary berdi. Biziň ýurtlarymyzy taryhy-medeni umumylyk hem-de ýakyn dost-doganlyk hyzmatdaşlygy birleşdirýär diýip, milli Liderimiz aýtdy.

Nygtalyşy ýaly, müňýyllyklardan bäri iki döwletiň halklary goňşy bolup ýaşaýar, olaryň arasynda syýasy, ykdysady, medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça gazanylan ylalaşyklaryň hem-de olaryň durmuşa geçirilmeginiň uly ähmiýeti bar.

Döwlet Baştutanymyz Azerbaýjan Respublikasyna boljak resmi saparyň ýokary derejede guralmalydygyny aýdyp, şunuň bilen baglylykda, wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.

Soňra göni wideoaragatnaşyga Aşgabat şäheriniň häkimi Ý.Gylyjow çagyryldy. Häkim şu günler paýtagtymyzda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, ýaşaýyş jaýlarynyň we beýleki desgalaryň gurluşyk işleriniň depginini güýçlendirmek, öňde boljak şanly senelere, köpçülikleýin bag nahallaryny ekmek dabarasyna görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Aşgabatda ähli ugurlar boýunça amala aşyrylýan işleriň nusgalyk derejede bolmalydygyna ünsi çekip, ýurdumyzyň baş şäheriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmak, şäherde arassaçylyk, abadançylyk işlerini yzygiderli alyp barmak bilen baglanyşykly meselelere aýratyn ähmiýet berilmelidigini belledi.

Döwlet Baştutanymyz Milli bahar baýramynyň — Halkara Nowruz gününiň golaýlap gelýändigini belläp, şäheriň ähli künjeklerinde baýramçylyk dabaralarynyň ýokary derejede guralmagy üçin degişli taýýarlyk işlerini alyp barmak boýunça anyk tabşyryklary berdi.

Hormatly Prezidentimiz bag ekmek boýunça ählihalk dabarasynyň guramaçylygyna aýratyn ünsi çekmek bilen, ony ýokary derejede geçirmegiň zerurdygyny nygtady.

Soňra Ahal welaýatynyň häkimi Ý.Gurbanow sebitde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, oba hojalyk ekinleriniň ekiş möwsümine taýýarlyk işleriniň derejesi hem-de bugdaý ekilen meýdanlarda dowam edýän ideg işleri barada hasabat berdi. Şeýle hem welaýatyň ilatynyň durmuş derejesini ýokarlandyrmak boýunça bellenilen işleriň çäklerinde amala aşyrylýan işler, öňde boljak şanly senelere, bag ekmek boýunça ählihalk dabarasyna görülýän taýýarlyk barada habar berildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, oba hojalygynda möhüm möwsümleriň biri bolan ýaz ekişine ünsi çekdi. Döwlet Baştutanymyz gowaça ekişini ýokary guramaçylykly geçirmek üçin zerur taýýarlyk çärelerini görmelidigini, ýerleri agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda möwsüme ýokary hilli taýýarlamalydygyny, gowaça tohumlaryny hem-de ekişde ulanyljak oba hojalyk tehnikalaryny we gurallaryny doly taýýar etmelidigini nygtady.

Milli Liderimiz welaýatyň bugdaý meýdanlarynda alnyp barylýan ideg işleriniň depginini güýçlendirmegi, agrotehniki çäreleriň bellenen möhletde geçirilmegini üpjün etmegi tabşyrdy.

Mundan başga-da, ýeralmanyň hem-de gök-bakja ekinleriniň ekilýän meýdanyny artdyrmak, şol ekinlere agrotehnikanyň talaplaryna laýyk ideg etmek hem-de ýokary hasylyň kemala getirilmegini üpjün etmek babatda anyk görkezmeler berildi.

Döwlet Baştutanymyz ählihalk bag ekmek dabarasyna ýokary derejede taýýarlyk görülmelidigi barada aýdyp, bu ugurda zerur bag nahallaryny we şolaryň ekiljek ýerlerini doly taýýarlamak, bu çärä welaýatyň ähli edara-kärhanalarynyň işgärleriniň işjeň gatnaşmagyny üpjün etmek barada tabşyryk berdi. Şunuň bilen baglylykda, welaýatda Halkara Nowruz gününe hem ýokary derejede taýýarlyk görülmelidir diýip, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.

Soňra Balkan welaýatynyň häkimi T.Atahallyýew şu günler sebitde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, ýerleri we oba hojalyk tehnikalaryny ekiş möwsümine taýýarlamak, bugdaý ekilen meýdanlarda degişli agrotehniki çäreleri geçirmek boýunça ýaýbaňlandyrylan işler barada hasabat berdi. Şeýle hem öňde boljak şanly senelere, şol sanda köpçülikleýin bag nahallaryny ekmek boýunça ählihalk dabarasyna görülýän taýýarlyk işleri barada habar berildi.

Hormatly Prezidentimiz welaýatyň ak ekin meýdanlarynda alnyp barylýan işleriň agrotehniki kadalara laýyk derejede ýola goýulmalydygyna ünsi çekip, ýaz ekişine taýýarlyk işleriniň talabalaýyk ýerine ýetirilmelidigini belledi.

Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz oba hojalyk ekinleriniň öndürilişiniň mukdaryny artdyrmagyň, hususan-da, ýeralmanyň we gök-bakja ekinleriniň ekilýän meýdanyny giňeltmegiň, şol ekinlere degişli derejede ideg edip, ýokary hasylyň öndürilmegini üpjün etmegiň zerurdygyny aýtdy.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Halkara Nowruz baýramyna, şeýle hem ählihalk bag nahallaryny ekmek dabarasyna taýýarlyk görlüşi barada aýdyp, baýramçylyk dabaralaryny ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmelidigini tabşyryp, bu babatda häkime birnäçe anyk görkezmeleri berdi.

Soňra göni wideoaragatnaşyga Daşoguz welaýatynyň häkimi N.Nazarmyradow çagyryldy. Welaýatyň ýolbaşçysy sebitde möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy, ýaz ekişine guramaçylykly taýýarlyk görmek boýunça alnyp barylýan işler, güýzlük bugdaýa idegiň derejesi barada hasabat berdi.

Mundan başga-da, häkim öňde boljak şanly senelere we aýratyn-da, köpçülikleýin bag nahallaryny ekmek boýunça ählihalk dabarasyna taýýarlyk görlüşi hakynda habar berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, welaýatyň ekerançylyk meýdanlarynda alnyp barylýan işleriň, şol sanda ýaz ekişine taýýarlyk işleriniň ýokary guramaçylyk derejesinde ýola goýulmalydygy nygtap, munuň üçin degişli düzümleriň işleriniň utgaşdyrylmalydygyny belledi.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň nygtaýşy ýaly, gowaça ekiljek ýerler agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ekiş möwsümine ýokary hilli taýýarlanylmalydyr. Gowaça tohumlary hem-de ekişde ulanyljak tehnikalar we gurallar möwsüme doly taýýar edilmelidir.

Hormatly Prezidentimiz welaýatyň bugdaý meýdanlarynda alnyp barylýan ideg işleriniň depginini güýçlendirmelidigini, agrotehniki çäreleriň bellenen möhletde geçirilmelidigini tabşyrdy.

Milli Liderimiz beýleki oba hojalyk ekinleriniň, hususan-da, ýeralmanyň hem-de gök-bakja ekinleriniň ekilýän meýdanyny köpeltmegiň, şol ekinlere degişli derejede ideg etmek arkaly ýokary hasylyň öndürilmegini üpjün etmegiň möhümdigini nygtady.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow ählihalk bag nahallaryny ekmek dabarasynyň, Halkara Nowruz güni mynasybetli çäreleriň ýokary derejede guralmalydygyny belläp, bu ugurda zerur bolan taýýarlyk işleriniň guramaçylyk derejesine ünsi çekdi.

Soňra Lebap welaýatynyň häkimi Ş.Amangeldiýew sebitde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, ekerançylyk meýdanlarynda ýaýbaňlandyrylan giň gerimli çäreler, şol sanda güýzlük bugdaýa edilýän ideg işleri barada hasabat berdi. Şeýle hem gowaça we beýleki ekinleriň ýaz ekişine taýýarlyk, bu ugurda amala aşyrylýan agrotehniki çäreler barada habar berildi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, ekerançylyk ulgamyna öňdebaryjy ylmy usullaryň ornaşdyrylmagynyň, oba hojalyk önümçiliginiň netijeliligini ýokarlandyrmak boýunça zerur çäreleriň görülmeginiň wajypdygyny belledi. Ekiş möwsümine toplumlaýyn esasda çemeleşilmelidir. Çünki ekişiň ýokary hilli we öz wagtynda geçirilmegi geljekki bol hasylyň girewidir diýip, milli Liderimiz belledi hem-de bu babatda häkime anyk görkezmeleri berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow güýzlük bugdaýa edilýän ideg işleriniň güýçlendirilmelidigi barada aýdyp, zerur bolan hemme agrotehniki çäreleriň bellenilen möhletde geçirilmegini tabşyrdy. Milli Liderimiz şeýle hem ýeralma ekmäge bölünip berlen ýerleri giňeltmegiň zerurdygyny belledi.

Döwlet Baştutanymyz köpçülikleýin bag nahallaryny ekmek boýunça geçiriljek ählihalk dabarasyna we Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni mynasybetli guraljak çärelere toplumlaýyn esasda taýýarlyk görmek babatda zerur tabşyryklary berdi.

Soňra Mary welaýatynyň häkimi D.Annaberdiýew möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy, ýerleriň we oba hojalyk tehnikalarynyň ekiş möwsümine taýýarlyk derejesi, durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň meýilnamasyny ýerine ýetirmek ugrunda gurluşygy alnyp barylýan desgalarda amala aşyrylýan işleriň ýagdaýy barada hasabat berdi.

Milli Liderimiz hasabaty diňläp, ak ekin meýdanlarynda bugdaýa ideg işleriniň ýokary hil derejesiniň üpjün edilmelidigine, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleriniň degişli derejede alnyp barylmalydygyna ünsi çekip, ähli agrotehniki çäreleriň ýokary hilli we bellenilen möhletinde ýerine ýetirilmelidigini talap etdi.

Döwlet Baştutanymyz gowaça ekişine taýýarlyk çärelerini işjeňleşdirmegiň, oba hojalyk tehnikalarynyň we enjamlarynyň ulanyş ýagdaýyny gözden geçirmegiň wajypdygy barada aýdyp, daýhanlaryň netijeli işi üçin şertleri döretmek babatda degişli işleriň geçirilmelidigini tabşyrdy.

Milli Liderimiz ýeralmanyň, gök-bakja ekinleriniň dürli görnüşleriniň ekilýän meýdanyny giňeltmegiň möhümdigi barada nygtap, bu ugurda geçirilmeli işleri agrotehniki kadalara laýyklykda ýerine ýetirip, bereketli hasylyň alynmagyny üpjün etmek barada görkezme berdi.

Şeýle hem hormatly Prezidentimiz welaýatda Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni hem-de Watanymyzyň her bir künjegini bagy-bossanlyga öwürmäge gönükdirilen ählihalk dabarasy mynasybetli geçiriljek işleriň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek babatda häkime anyk tabşyryklary berdi.

Soňra göni wideoaragatnaşyga Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýew çagyryldy. Wise-premýer obasenagat toplumynda alnyp barlan işleriň netijeleri, oba hojalygynda özgertmeleriň geçirilişi, bag nahallaryny ekmek boýunça ählihalk dabarasyna görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, oba hojalygynda ýaýbaňlandyrylan özgertmeleriň amala aşyrylmagyny çaltlandyrmagyň wajypdygyna ünsi çekip, ýerlerde dowam edýän işleri berk gözegçilikde saklamak barada wise-premýere görkezmeleri berdi.

Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzda ýeralma ýetişdirmekde ulgamlaýyn seçgiçilik işiniň ähmiýetine ünsi çekdi. Bu ekiniň bereketli hasylyny almak üçin onuň toprak-howa şertlerine laýyklygyny üpjün etmek, aýratyn-da, ýeralma ýetişdirmegiň ylmy taýdan esaslandyrmalaryny taýýarlamak möhüm, şunuň esasynda ýokary hilli we hasylly tohumy almagy gazanmak zerur diýip, milli Liderimiz aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz oba hojalyk önümleriniň, hususan-da, ýeralmanyň ekilýän möçberlerini artdyrmagyň zerurdygyny, munuň üçin ähli çäreleri görmegiň, şol sanda ekiljek ýerleri giňeltmegiň, ýerden bol hasyl almagyň möhümdigini aýratyn nygtap, bu babatda wise-premýere degişli tabşyryklary berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýerleriň hasyllylygyny ýokarlandyrmak hem-de melioratiw ýagdaýyny gowulandyrmak, ilatymyzy öz topragymyzda ösdürilip ýetişdirilen ýokary hilli azyk önümleri bilen bolelin üpjün etmek üçin ähli şertlerden, şol sanda bu ekinleriň ýazky hem-de güýzki görnüşlerini ösdürip ýetişdirmegiň hasabyna ýylda iki hasyl almagyň mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanmagyň ähmiýetini nygtap, bu ugurda düýpli özgerişlikleri gazanmak barada anyk tabşyryklary berdi.

Döwlet Baştutanymyz bag nahallaryny köpçülikleýin ekmek baradaky gürrüňe ünsi çekip, Diýarymyzda tokaý zolaklaryny giňeltmek işlerine örän jogapkärçilikli we toplumlaýyn çemeleşmegiň zerurdygy barada aýtmak bilen, bu çärä halk köpçüliginiň işjeň gatnaşmagynyň il içinde mukaddes saýylýan asylly işiň ýagşy dessura öwrülendigini aňladýandygyny belledi.

Bag nahallaryny ekmek boýunça ählihalk çäresine ekologiýa babatda möhüm ähmiýet berilýär. Bu çäräniň ýaş nesilleri halal zähmete söýgi esasynda terbiýelemekde hem örän uly orny bar. Şoňa görä-de, bagy-bossanlyga büremek ugrundaky möwsüme örän jogapkärçilikli, toplumlaýyn we guramaçylykly çemeleşilmelidir diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady.

Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly wideokonferensiýasyna gatnaşýanlara ýüzlenip, 12-nji martda Lebap welaýatyna iş saparynyň amala aşyryljakdygyny, şol ýerde welaýaty senagat taýdan mundan beýläk hem ösdürmegiň meselelerine serediljekdigini belledi.

Lebap welaýatynda gazylyp alynýan tebigy baýlyklaryň örän köpdügini göz öňünde tutup, täze iş orunlaryny döretmek hem-de mähriban halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da gowulandyrmak maksady bilen, dürli taslamalary, şol sanda täze kärhanalary gurmagyň meselelerini ara alyp maslahatlaşarys diýip, milli Liderimiz aýtdy.

Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz Lebap welaýatyna boljak iş saparyna gowy taýýarlyk görmegi tabşyrdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sözüni dowam edip, ýurdumyzyň ykdysadyýetini has-da ösdürmek maksady bilen, bu ugurdaky işleri her gün seljermegi, esaslandyrylan teklipleri taýýarlamagy tabşyrdy.

Milli Liderimiz kiçi we orta telekeçiligi ösdürmegiň, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümçilikleri, ýurdumyzda öndürilýän oba hojalyk önümleriniň görnüşlerini giňeltmegiň ähmiýetini nygtady.

Şeýle hem döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygynyň belleniljek şu ýylynda ulanylmaga berilmegi maksat edinilýän desgalaryň gurluşyklarynyň öz wagtynda tamamlanyp, ýokary hil derejesiniň üpjün edilmelidigini tabşyrdy.

Milli Liderimiz ýurdumyzyň durmuşynyň ähli ugurlaryna sanly ulgamy ornaşdyrmak işlerini hem mundan beýläk-de dowam etmegiň möhümdigini aýtdy.

Şeýle hem döwlet Baştutanymyz Milli bahar baýramy bolan Halkara Nowruz gününe taýýarlyk görlüşini ýokary derejede alyp baryp, giň gerimli medeni maksatnamanyň taýýarlanylmalydygyny tabşyrdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow wideokonferensiýany jemläp, oňa gatnaşanlara berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegine, mähriban halkymyzyň bagtyýar we abadan durmuşynyň üpjün edilmegine gönükdirilen möhüm wezipeleri çözmek ugrunda alyp barýan işlerinde täze üstünlikleri arzuw etdi.

Türkmenistan hakynda täze habarlar

Degişli makalalar

Paýtagtymyzda Ýol-Ulag Mümkinçilikleri Ýokarlanýar

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmen Halkyna Täze Ýyl Gutlagy

turkmenhabargullugy

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Mejlisi

turkmenhabargullugy