17.9 C
Aşkabat
22.11.2024
DURMUŞ

Köýtendag halkara syýahatçylygy üçin ajaýyp künjekdir.

Köýtendag etraby – çuň jülgeli, syrly gowakly, arassa çeşmeli we gök dereli ajaýyp künjekdir. Onuň tebigy owadanlygy we däp-dessur häsiýetli ýerleri köp sanly syýagatçylarda örän uly gyzyklanma döredýär. 
Köýtendagyň baý ösümlik we haýwanat dünýäsi, onuň tebigy landşaftynyň gaýtalanmajak owadanlygy we gadymýetiň ajaýyp ýadigärlikleri bu sebiti iri halkara syýahatçylyk merkezleriniň birine öwürmäge mükinçilikleri berýär. 

Bu günki gün Köýtendag döwlet goraghanasynda ösümlikleriň müň töweregi, guşlaryň takmynan 120 görnüşi, süýdemdirijileriň 40 görnüşi hasaba alyndy. Goralýan haýwanlary hasaba alyş möwsümi burma şahly geçileriň we dag goçlarynyň umumy baş sanynyň köpelendigini we olaryň baş sanynyň 1200 töweregidigini görkezdi. 

Ajaýyp, ýöne entek bu sebitiň ýeterlik derejede öwrenilmedik däp-dessur häsiýetli ýerleri, saýaly kanonlary we şaglawuklar, şeýle hem, öz goýnunda ajaýyp tebigy minerallary, öz owadanlygy bilen haýran galdyrýan ýersty karst gowaklar dünýäsi dürli taryhy döwürlere degişli bolan 30-dan gowrak arheologiki ýadigärlikleriň üstüni ýetirýär. 

Goraghananyň hünärmenleri tarapyndan bu sebitiň ýabany tebigatyny gorap saklamaga gönükdirilen ylmy taýdan esaslandyrylan çäreler işlenilip taýýarlanylýar. Bu ýerde gürrüň diňe bir baý haýwanat we ösümlik dünýäsini goramak barada gitmeýär. Bu ýerde tebigaty goraýjylaryň – hünärmenleriň öňünde ilata düşündiriş işlerinden başlap, syýahatçylaryň barjak ýerlerini abadanlaşdyrmak we syýahatçylyk gurluşyny döretmek ýaly meseleleri toplumlaýyn çömek meseleleri dur. 

Hojaýpil obasynyň golaýyndaky “Dinozawrlaryň ýapgydy”, Umbardere şaglawugy, örän ajaýyp Kyrkgyz gowagy, seýrek duş gelýän arnap agaçlarynyň tokaýlygy, örän owadan gowaklar we Köýtendagyň günbatar ýapgytlarynyň çöketlikleri ýaly tebigy ýadigärlikleri syýahatçylar üçin aýratýn özüne çekijiligine eýdir hem-de olbu sebiti syýahatçylyk merkezine öwürmek üçin çykarylan çykdajylary tiz wagtda ödemek mümkinçiligine eýedir. 
Ýakyn ýyllarda Köýten şäherçesinde üç ýyldyzly myhmanhana gurlar, Hojapil çäkli gatghanada bolsa, syýaahatçylary dinozawrlaryň daşa öwrülen aýak yzlary bilen tanyşdyrmaga mümkinçilik berjek asma ýoluň gurluşygyna başlanar. Özüniň ajaýyp kükürtwodorodly suwy bilen meşhur bolan Gaýnarbaba kölünde baneologiki şypahasyny gurmak meýilleşdirilýär. 
Syýahatçylyk kempingleriniň üçüsini gurmak göz öňünde tutulýar. Örän owadan Daraýdere dag kanonynyň başlanýan ýerinde ýerleşjek kempinigleriň biri alpinistler üçin niýetleniler. Ýurduň iň belent nokady dürli görnüşli dag landşaftyna eýe bolan Köýtendagyň gerşinde hem-de belentligi 3137 metr balan Aýrybabada, 300-400 metr belentlikde ýerleşýän Daraýderede, Hojaçilgazda, Katta-kingde we içiniň adaty däl owadanlygy bilen syýahatçylaryň ünsüni ösüne çekýän Garlyk gowaklar ulgamynda alpinistler, daga çykýanlar we speologlar üçin dürli ugurlary gurap bolýar. 

Köýtendag etrabynyň diňe bir ekologiki syýahatçyly we alpinizmi guramak üçin mükinçilikleri bolman, eýsem bu ýeriniň ýerli halkynyň örän baý we täsin medeni mirasy bardyr. Şonuň üçin hem geljekde bu ýerde etnosyýahaty guramak üçin mümkinçilikler bardyr. 

Geçen ýyldan bäri bu ýerde ÝUNESKO-nyň işleri boýunça Türkmenistanyň milli topary bilen goraghananyň, TYA Botanika institutynyň işgärleri, Türkmenistanyň Tebigaty goramak ministrliginiň we Türkmenistanyň Syýahatçylyk baradaky döwlet komitetiniň hünärmenleri bilen bilelikde guralýan ylmy ekspedisiýalar yzygiderli geçirilýär. Bu bilelikdäki halkara ylmy ekspedisiýalaryň dowamynda atlaryň sanawyny taýýarlamakda, Köýtendag döwlet goraghanasyny ÝUNESKO-nyň Bütindünýä miras sanawyna goşmak üçin ulanyljak ylmy maglumatlar toplanýar.

Degişli makalalar

TDÇA-da Geçirilen Maslahata Gatnaşanlar Ýaş Nakgaşlaryň Eserleriniň Sergisi Bilen Tanyşdylar

Nebitgaz Toplumynyň Täze Binasynyň Açylyş Dabarasy

syrach

Aşgabatda Halkara Pudaklaýyn Sergi Açyldy

syrach