9.9 C
Aşkabat
21.11.2024
BAŞ SAHYPA DURMUŞ Iň Täze Habarlar

Röwşen Nepesowyň Orkestri: Zenanlara Söýgi Bilen

«Türkmenistan» kinokonsert merkezinde ýurdumyzyň sungatda at gazanan işgäri Röwşen Nepesowyň ýolbaşçylygyndaky orkestriň çykyşy boldy. Halkara zenanlar gününe bagyşlanan konsert goşgular bilen açyldy. Aleksandr Puşkiniň, Bella Ahmadullinanyň we beýleki görnükli şahyrlaryň şirin zyban goşgularyny artistler Tatýana Öwezmyradowa bilen Igor Annagyllyjow labyzly okadylar.

Röwşen Nepesowyň «Zenanlara söýgi bilen» atly eserinde Bahram Dolyýewiň skripkada solo ýerine ýetirmeginde çuň manyly we mähirli melodiki frazalar ýaňlandy. Oňa awtoryň özi dirižýorlyk etdi. Tomaşaçylar kompozitoryň gözel zenanlara saz arkaly beýan eden söýgisine şowhunly el çarpmalar bilen jogap berdiler.

Kakajan Haldurdyýew, Türkmenistanyň at gazanan artisti Selbi Annadurdyýewa, Umyt Amanow, Döwran Tokgaýew dagy öz döwründe meşhur bolan aýdymlary ýerine ýetirdiler. Kakajan Halmyradow owadan mahmal bariton sesde Muslim Magomaýewiň aýdan aýdymlarynyň birnäçesini aýdyp, tomaşaçylary haýrana goýdy.

Enelere bagyşlanan aýdym-sazlaryň arasynda Röwşen Nepesowyň öz ejesine bagyşlan eseri duýgylara baýlygy bilen aýratyn orun tutdy, kompozitor saz tamamlanandan soň konserte gelen ejesine gülli sebet gowşurdy.

Dogrusy, konsertiň guramaçylary zenanlaryň ählisini geň galdyrdylar: baýramçylyk agşamy «Mähirli Zenan» Modalar öýünden dizaýner Oksana Şukulyň döreden ýazky lybaslarynyň görkezilişi bilen jemlendi. Owadan we inçebil gözelleriň sekisisi kežual stilindäki gündelik egin-eşikleri we türkmen zergärleriniň nepis şaý-sepleri bilen üsti ýetirilen üýtgeşik toý lybaslaryny görkezdiler.

Konsert tamamlanandan soňam artistleriňem, tomaşaçylaryňam bu ýerden gidesi gelmeýärdi. Artistlere gül desseleri gowşuryldy, olar bilen bile el telefonyna surata düşüldi, mübäreklendi, sazandalar öz döredijiligine muşdaklar bilen pikir alyşdylar…

– Siz özüňizi ozaly bilen kim — kompozitor, dirižýor ýa-da pianinoçy saýýarsyňyz? – diýip Röwşen Nepesowdan soradym.

– Gürrüňsiz, kompozitor saýýaryn.

– Siz şu wagta çenli näçe eser döretdiňiz?

– Sanamog-a welin, ýöne ýüzden agdykdygyn-a anyk bilýän…

… Ýogsa-da, zehini san bilen ölçemek gerekmikä beri?! Özüme we saz muşdaklarynyň ählisine Röwşen Nepesowyň dürli röwüşli ekletiki dilli eserleri, şeýle hem onuň ýolbaşçylgyndaky orkestriň ýerine ýetirmeginde nusgawy sazlaryň özboluşly çalnyş usuly bilen täze duşuşyklary arzuw edýärin.

Degişli makalalar

Şanly Baýramy Dabaralandyran Çäreler

Küştdepdi Tansy-Hindistanda Geçirilen Halkara Tans Festiwalynda

turkmenhabargullugy

Sagdyn Durmuş Ýörelgeleriniň Dabaralanmagy