10.9 C
Aşkabat
23.11.2024
SPORT

Olimpiýa şäherjiginiň gurluşygy.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherçesiniň gurluşygynyň barşy, şeýle hem şähergurluşyk ulgamynda ýurdumyz bilen köpden bäri hyzmatdaşlyk edip gelýän Türkiýäniň belli “Polimeks” kompaniýasy tarapyndan taýýarlanylýan beýleki iri taslamalaryň birnäçesi bilen tanyşdy. 

Irden döwlet Baştutanymyz Aşgabadyň günorta böleginde gurulýan iri sport toplumy bolan Olimpiýa şäherçesine tarap ugrady. Bu ýere gelenden soň, hormatly Prezidentimiz toplumyň binasyna bardy. Şol ýerde milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlarynyň birnäçesi, käbir ministrlikleriň we pudaklaýyn edaralaryň ýolbaşçylary, Aşgabat şäheriniň häkimi garşyladylar. Şeýle hem bu ýerde hormatly Prezidentimizi “Polimeks” kompaniýasynyň ýolbaşçysy Erol Tabanja mähirli mübärekledi. Ol döwlet Baştutanymyza bu kompaniýa tarapyndan gurulýan desgalardaky işleriň ýagdaýy barada hasabat berip, ýola goýlan özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de dowam etdirmäge uly gyzyklanma bildirdi. 

Bu ýerde hormatly Prezidentimize Olimpiýa şäherçesi bilen tanyşdyrýan ýörite wideofilm görkezildi. 

Mälim bolşy ýaly, ýokary netijeler sportuny, köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketini ösdürmek, sagdyn ýaş nesli terbiýelemek meseleleri sagdyn durmuş we yzygiderli sport bilen meşgullanmak ýörelgesiniň tarapdary bolan döwlet Baştutanymyzyň hemişe üns merkezinde durýar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça täze taryhy eýýamda amala aşyrylýan ägirt uly işleriň netijesinde biziň ýurdumyzda sport ulgamynyň ösdürilmegine kuwwatly itergi berildi. Milli Liderimiziň bu giň möçberli işi halkara jemgyýetçsiliginiň ýokary bahasyna hem-de ykrarnamasyna eýe boldy. Aziýanyň Olimpiýa geňeşiniň 2017-nji ýylda Aşgabatda ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryny geçirmek baradaky çözgüdi hem munuň aýdyň subutnamasydyr. Bu iri halkara ýaryşlary türkmen paýtagtynda gurulýan Olimpiýa şäherçesiniň desgalarynda geçiriler. 

Toplumyň binasynda täze ägirt uly sport toplumynyň düzümine girýän desgalaryň taslamalary hem-de çyzgylary ýerleşdirilen planşetler goýlupdyr. Tanyşdyrylyş dabarasynyň başynda hormatly Prezidentimiziň garamagyna paýtagtymyzdaky Olimpiýa stadionyny döwrebaplaşdyrmak bilen baglanyşykly taslamalar görkezildi. Stadionyň durkuny täzelemek işleri onuň münberlerini 30 müň tomaşaçy orunlykdan 45 orunlyga çenli giňeltmegi göz öňünde tutýar. 

Döwlet Baştutanymyz taslamalaryň teklip edilen görnüşleri bilen tanşyp, Olimpiýa stadionynyň gurluşlaryny işläp taýýarlamak, onuň wezipeleri hem-de bezegi babatda anyk bellikleri aýtdy we degişli maslahatlary berdi. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz degişli ýolbaşçylara bu sport desgasyny döwrebaplaşdyrmak bilen baglanyşykly meseleleriň ählisini içgin öwrenmegi tabşyrdy. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz paýtagtymyzyň sport düzümi bilen birlikde, welaýatlarda hem şeýle düzümleri işjeň ösdürmegiň zerurdygyny, ilaty, ilkinji nobatda bolsa, ýaşlary bedenterbiýe we sport bilen yzygiderli meşgullanmaga çekmek boýunça anyk çäreleriň görülmeginiň wajypdygyny belledi. 

Soňra döwlet Baştutanymyz 12 müň orunlyk döwrebap myhmanhana toplumynyň taslamasyna garady. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Olimpiýa şäherçesiniň myhmanhanalarynda 2017-nji ýylda ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça Aziýa oýunlaryna gatnaşmak üçin Aşgabada geljek türgenler we ähli daşary ýurtly myhmanlar üçin iň amatly şertleriň döredilmelidigini nygtap, bu babatda degişli ýolbaşçylara anyk tabşyryklary berdi. Şunuň bilen birlikde, döwlet Baştutanymyz Aziýada tamamlanandan soň, myhmanhana düzüminiň desgalaryny netijeli ulanmak meselesine degip geçip, bu meseläniň üstünde işlemegiň wajypdygyny belledi. 

Tanyşdyrylyş dabarasynyň barşynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň garamagyna Olimpiýa şäherçesiniň Halkara ýaýlyma beriş we metbugat mekreziniň taslamasy hödürlenildi. Döwlet Baştutanymyz taslama bilen içgin tanşyp, Aziýa oýunlaryny şöhlelendirjek žurnalistleriň netijeli işlemegi üçin ähli şertleriň döredilmeginiň möhümdigini nygtady. Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň ýaryşlar baradaky teswirlemeleri çalt taýýarlamaklary hem-de olaryň netijeleri barada habarlary öz wagtynda bermekleri üçin ähli zatlar, şol sanda kämil enjamlar we aragatnaşygyň häzirki zaman ulgamlary bilen üpjünçiligi meselelerini göz öňünde tutmak wajypdyr. Döwlet Baştutanymyzyň nygtaýşy ýaly, 2017-nji ýylda geçiriljek Aziýa oýunlary halkara ähmiýetli iri sport wakasy bolar. Şoňa görä-de, oňa ykjam we ýokary guramaçylyk derejesinde taýýarlyk görmek möhümdir. 

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Jemgyýetçilik-medeni merkeziň taslamasy bilen tanşyp, bu ýerde Aziýa oýunlaryna gatnaşyjylar we myhmanlar üçin ähli şertler döredilmelidir, biz olary türkmen halkynyň myhmansöýerliginiň iň gowy däpleriniň esasynda garşylamalydyrys diýip belledi. 

Şeýle hem paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherçesiniň taslamasynyň zerur bolan inžener-tehniki, ulag we beýleki degişli düzümleriň döredilmegini göz öňünde tutýandygyny bellemelidiris. Mysal üçin, sport toplumynyň çäginde monorels ýoly çekiler, oňa hyzmat etmek üçin ýörite bina gurlar. Şu ýerde her biri 400 orunlyk häzirki zaman awtoduralgalarynyň ikisi gurlar. 

Soňra, tanyşdyryşyň barşynda hormatly Prezidentimiz doping-gözegçilik merkeziniň taslamasy bilen tanyşdy. Döwlet Baştutanymyz bu desganyň wajypdygy barada aýdyp, ony doping-gözegçiligini çalt we anyk amala aşyrmaga mümkinçilik berýän iň täze ýörite enjamlar bilen üpjün etmegi tabşyrdy. 

Şeýle hem milli Liderimiziň garamagyna degişlilikde 15 müň orunlyk we 5 müň orunlyk münberli uly we kiçi ýapyk arenalaryň taslamalary, 6 müň tomaşaçy orunlyk üsti ýapyk welotregiň, 5 müň orunlyk münberli üsti ýapyk atletika desgasynyň, 4 müň orunlyk üsti ýapyk tennis meýdançasynyň taslamalarynyň görnüşleri hödürlenildi. Döwlet Baştutanymyz olar bilen içgin tanşyp, sport desgalarynyň içki bezegine aýratyn üns berdi hem-de bu ýerde ähli meseleleri göz öňünde tutmagyň, münberleriň, sport meýdançalarynyň düşeginiň reňkine oýlanyşykly çemeleşmegiň wajypdygyny belledi. Olimpiýa şäherçesiniň desgalarynyň bezegleri özboluşlylygy, aýdyňlygy hem-de innowasion döredijilik işläp taýýarlamalaryň giňden ulanylmagy bilen tapawutlanmalydyr diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy we bu babatda degişli ýolbaşçylara anyk tabşyryklary berdi. 

Döwlet Baştutanymyzyň garamagyna şeýle hem degişlilikde 1200 we 450 orunlyk myhmanhanalaryň taslamalary hödürlenildi. Milli Liderimiz Olimpiýa şäherçesiniň myhmanhanalarynda hyzmatyň iň ýokary derejede bolmalydygyny hem-de halkara ülňülerine laýyk gelmelidigini nygtap, türgenleriň ýaryşlaryň öň ýanynda oňat dynç almaklary üçin olarda örän amatly şertleriň döredilmegini üpjün etmegiň zerurdygyny belledi. 

Tanyşdyryş dabarasynyň barşynda hormatly Prezidentimiz ýapyk binalarda we söweşjeň sungat boýunça V Aziýa oýunlarynyň nyşanynyň görnüşleriniň çyzgylaryna aýratyn üns berdi. Şunda döwlet Baştutanymyz Aziýadanyň nyşanyny seçip almak meselesine örän jogapkärli çemeleşmegiň zerurdygyny nygtady. Çünki, şeýle nyşanyň esasy wezipesi sport ýaryşlaryny kabul edýän ýurduň özboluşly nyşany bolmakdan, Oýunlaryň ruhuny beýan etmekden, sport ýaryşlarynda baýramçylyk ýagdaýyny döretmekden ybaratdyr. Milli Liderimiz olar barada aýtmak bilen, degişli döredijilik bäsleşigini yglan etmeginiň maksadalaýyk boljakdygyny belledi. Aziada – 2017-niň nyşany boýunça teklipleriň tanyşdyrylyşynyň hem habar beriş serişdelerinde giňden beýan edilmegi guralmalydyr diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy. 

Mälim bolşy ýaly, köp halatlarda şeýle nyşan sport Oýunlaryny kabul edýän ýurtda has meşhur bolan jandar hökmünde şekillendirilýär. Şoňa görä-de, Aziada–2017-niň nyşany bolmaga ahalteke bedewi, laçyn, alabaý, tazy, şeýle hem Türkmenistanyň haýwanat dünýäsine wekilçilik edýän beýleki haýwanlar “dalaş edip bilerler” diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy. Şunuň bilen birlikde, milli Liderimiz ähli tehniki meseleleri, şeýle hem ýaryşlaryň geçirilýän döwründe howa şertlerini nazara almak bilen, ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň alawynyň nusgalaryny işläp taýýarlamak babatda anyk tabşyryklary berdi. 

Şunuň bilen baglylykda, tapgyrlaýyn gurulýan Olimpiýa şäherçesiniň düzümine dürli maksatly desgalaryň 30-dan gowragynyň girjekdigini bellemelidiris. Şol desgalar bolsa ähli görkezijiler babatda ýokary halkara ülňülerine laýyk geler. 

Görkezilişi ýaly, toplumyň çäklerinde Gökdepe söweşiniň gahrymanlaryna, faşizme garşy söweşde gahrymanlarça wepat bolan türkmenistanly esgerlere we 1948-nji ýylyň Aşgabat ýer titremesinde heläk bolanlara bagyşlanan ýadygärlikler bolar. Şeýle hem bu toplumda ýanaşyk ýerleri göwnejaý abadanlaşdyrylan suw çüwdürimleri we dürli heýkelleri öz içine alýan muzeýler toplumy hem bina ediler. Taslamalarda görkezilişi ýaly, binalar zerur bolan degişli düzümler bilen üpjün ediler. Mundan başga-da, toplumyň çäginde dikuçar meýdançasy gurlar. 

Milli Liderimiz taslamalar bilen jikme-jik tanşyp, öz gahrymanlary, şeýle hem 1948-nji ýylyň ýer titremesinde heläk bolan watandaşlary hakynda halk hakydasynyň öçmez nyşanyny alamatlandyrjak Ýadygärlikler toplumynyň döredilmegine döredijilikli çemeleşmegiň zerurdygyna ünsi çekdi. Olaryň bezeg we reňk aýratynlyklaryna ähmiýet bermegiň zerurdygyny belledi. Şunlukda, toplumyň gurluşygynda gurluşyk serişdeleriniň, şol sanda mermeriň degişli görnüşleriniň seçilip alynmagyna aýratyn ähmiýet bermegiň zerurdygyna ünsi çekdi. Bu ýerde görkezilýän “Ýer titreme muzeýiniň”, “Hatrya muzeýiniň” we”Gahrymanlara şöhrat” muzeýiniň atlarynyň niýetlenen maksatlaryna we mazmunyna gabat gelmelidigini, degişli muzeýe gireniňde onuň aýratynlygyny alamatlandyrýan bezegiň hem-de reňkiň oýlanyp düzülmelidigini bellemek bilen, hormatly Prezidentimiz bu babatda degişli ýolbaşçylara birnäçe anyk tabşyryklary berdi. 

Bu ýerde bina edilýän ýadygärlikler toplumynda halk hakydasynyň hatyrasynyň, pederlerimiziň umyt-arzuwlarynyň, şeýle hem milletimiziň şöhratly taryhynyň öz beýanyny tapmalydygyny bellemek bilen, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi. Bu toplum türkmen halkynyň Watana gulluk etmek ýaly belent borjunyň, watansöýüjiligiň we edermenliginiň aýdyň nyşanyna öwrülmelidigini nygtady. 

Ýadygärlikler toplumynyň baş meýilnamasynda Watan goragyny ähli zatdan ileri tutýan halkymyzyň edermenligi, watansöýüjiligi hem-de şöhratly pederlerimiziň hatyrasynyň halk içinde belent tutulýandygy aýdyň görünmelidir diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy. 

Soňra hormatly Prezidentimiz Aşgabatda gurulýan Tehnoparkyň taslamasyna garady. Häzirki wagtda ylmy-barlag edaralarynyň birnäçesini, şol sanda laboratoriýalary, nano we biotehnologiýa, energetika we beýleki bölümleri, ylmy kitaphanany, şeýle hem çaphanany we neşirýaty, muzeýi, sport zolagyny we beýleki desgalary özüne birleşdirýän iri alty gatly toplumyň gurluşygy tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýar. 

Ýurdumyzyň ylmyny mundan beýläk-de ösdürmekde we höweslendirmekde, dürli ugurlarda ylmy-barlag işlerini geçirmekde möhüm orun berilýän paýtagtymyzdaky Tehnoparkyň iň täze enjamlar we öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilmelidigini nygtap, döwlet Baştutanymyz degişli ýolbaşçylara anyk görkezmeleri hem-de tabyşyryklary berdi. 

Şeýle hem milli Liderimiziň garamagynda paýtagtymyzda guruljak binalaryň we seýilgähleriň birnäçesiniň taslamalary hödürlenildi. 

“Polimeks” kompaniýasynyň işläp taýýarlan taslamalary bilen tanyşlygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz türkiýeli hyzmatdaşlara birnäçe bellikleri we teklipleri aýdyp, bu taslamalar durmuşa geçirilende öňdebaryjy inženerçilik-tehniki pikir we innowasion tehnologiýalar, şeýle hem oýlanyşykly, toplumlaýyn we ulgamlaýyn çemeleşme esasy görkezijiler bolmalydyr diýip nygtady. Döwlet Baştutanymyz gürrüňi dowam edip, ähli täze binalaryň we desgalaryň keşbinde hem-de bezeginde häzirki zaman binagärligiň öňdebaryjy ýörelgeleri hem-de milli binagärligiň iň gowy däpleri sazlaşmalydyr diýip belledi. 

“Polimeks” kompaniýasynyň ýolbaşçysy Erol Tabanja bildirilen ynam üçin hormatly Prezidentimize çuňňur hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyzy beren maslahatlarynyň we teklipleriniň ählisiniň hökmany suratda göz öňünde tutuljakdygyna ynandyrdy. Işewüriň belleýşi ýaly, özüniň ýolbaşçylyk edýän kompaniýasy mundan beýläk hem hyzmatdaşlyk borçlaryny ýerine ýetirmäge jogapkärli çemeleşer. 

Tanyşdyrylyş dabarasy tamamlandan soň, döwlet Baştutanymyzyň şu günki duşuşygyň jemini jemläp, 2017-nji ýylda geçiriljek Aziýa oýunlaryna taýýarlyk görmäge degişli möhüm wezipeleriň birnäçesini belledi hem-de degişli ýolbaşçylara anyk tabşyryklary berdi. 

Hususan-da, hormatly Prezidentimiz ýapyk binalarda we söweşjeň sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň açylyş we ýapylyş dabarasynyň tertibini işläp taýýarlamagy we görkezmegi tabşyrdy hem-de Aziadanyň däbe öwrülen nyşanynyň – Aziýa Olimpiýa oýunlarynyň alawynyň getirilmegi bilen baglanyşykly çärelere örän oýlanaşykly çemeleşmegiň zerurdygyny belledi. Şunuň bilen bir hatarda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Aziada 2017-niň şygary we nyşany barada oýlanmagyň möhümdigini nygtady hem-de degişli bäsleşigi yglan etmegiň wajypdygyny belledi. Şol bäsleşigiň jemlerini bolsa abraýly eminler topary jemlär. 

Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, oýunlaryň başlanmagyna 100 gün galanda, ýaryşlara çenli galan günleriň senenamasyny girizmek möhümdir. Munuň özi bu wajyp sport wakasyna garaşylýan günlerde baýramçylyk ýagdaýyny döretmäge ýardam eder. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu mesele baradaky gürrüňi dowam edip, Aziada—2017-niň medallarynyň, sowgatlaryň, bukletleriň we beýleki gerekli zatlaryň zerur bolan möçberini taýýarlamak barada öňünden alada etmegiň möhümdigini nygtady. Olaryň keşbinde milli nyşanlarymyz beýanyny tapmalydyr. Şeýle hem iň häzirki zaman enjamlary, aragatnaşyk ulgamlary we serişdeleri, şol sanda Internet bilen üpjün edilen Oýunlaryň maglumat merkeziniň guralmagyny göz öňünde tutmak zerurdyr. Munuň özi žurnalistleriň üstünlikli işlemegi üçin ähli şertleri döreder. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz ýapyk binalarda we söweşjeň sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň ýaryşlarynyň köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde giňden beýan edilmeginiň üpjün edilmeginiň wajypdygyny nygtady. 

Hormatly Prezidentimiz Aziada–2017-niň ýaryşlaryny guramak we geçirmek boýunça esasy meselelere ünsi çekip, ýaryşlarda türgenler üçin ähli amatly şertleri döretmegi tabşyrdy. 

Biz häzirden 2017-nji ýylda geçiriljek Aziýa oýunlaryna toplumlaýyn we düýpli taýýarlyk işlerini başlamalydyrys diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy we medeni çäreleri geçirmegiň maksatnamasyny işläp taýýarlamagyň wajypdygyny nygtady. Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, Aziada—2017-niň çäklerinde guraljak medeni çäreleriň ählisi parahatçylygyň, dostlugyň we hoşniýetli goňşuçylygyň hakyky baýramçylygyna öwrülmelidir. 

Ýokarda aýdylanlary jemlemek bilen, hormatly Prezidentimiz ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna taýýarlyk görmäge we geçirmäge degişli meseleleriniň ählisini çözmäge örän jogapkärli çemeleşmegiň möhümdigini nygtady. 

Soňra Türkiýäniň belli “Polimeks” kompaniýasynyň ýolbaşçysy hormatly Prezidentimize Olimpiýa şäherjiginde bina edilýän desgalaryň birnäçesinde sport enjamlarynyň oturdylandygyny we olarda zerur bezeg işleriniň doly ýerine ýetirilendigini aýdyp, milli Liderimizden olar bilen tanyşmagy haýyş etdi. 

Döwlet Baştutanymyz Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň döwrebap desgalar toplumyny özünde jemleýän Olimpiýa şäherjiginiň binalar toplumyna bardy. Bu ýerde milli Liderimiz ilki bilen suw howzuny synlady. Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzda suw sportunyň dürli görnüşleriniň hemmetaraplaýyn ösdürmegi ugrunda zerur çäreleriň yzygiderli geçirilmelidigini belledi. 

Milli Liderimiz bu ýerde gurnalan bouling oýun zalyna bardy we onuň zyňylýan guralyny ykjam tutup, ýörite küýzejikleriň düzülen hataryna tarap gönükdirdi. Hormatly Prezidentimiziň zyňan bouling topy hatar duran küýzejikleriň köp sanlysyny ýykdy. 

Şondan soň döwlet Baştutanymyz zalda oturdylan sport abzallarynyň her biriniň ýanyna baryp, olaryň käbirinde türgenleşik maşklaryny ýerine ýetirdi. Milli Liderimiz bu ýerde oturdylan enjamlaryň kompýuterleşdirilmegi, olaryň iň häzirki zaman görnüşleriniň bolmagy zalyň häsiýetli aýratynlygydygyny belledi. Bu ýerde oturdylan sport we saglygy goraýyş ulgamyna degişli enjamlaryň dünýäde iň kämilleridigini, olaryň birnäçesiniň bolsa has täze görnüşlidigini aýratyn bellemeli. 

Hormatly Prezidentimiz halkymyzyň, esasan-da, ösüp gelýän ýaş nesilleriň şular ýaly kämil sport enjamlarynda türgenleşik maşklaryny ýerine ýetirmäge işjeň gatnaşmagyny üpjün etmegiň zerurdygyna ünsi çekdi we bu abzallaryň her biriniň ynsan bedeniniň dürli synalary üçin has ähmiýetlidigini aýratyn nygtady. Olaryň hersiniň beden agzalaryna özboluşly täsiri bardyr diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi. 

Ösüp gelýän ýaş nesilleriň şunuň ýaly döwrebap sport toplumlarynda yzygiderli meşgullanmagy, olaryň beden taýdan sagdyn, belent ruhly bolmaklary bilen bir hatarda ýaşlaryň syratly, gujur-gaýratly we syrdam bolup ýetişmeklerini şertlendirýändigini bellemek bilen, döwlet Baştutanymyz degişli ýolbaşçylara bu ugurda maksatnamalaýyn we netijeli çäreleriň durmuşa geçirilmegini guramak boýunça birnäçe maslahatlary berdi. 

Ýurdumyzda sagdyn durmuş ýörelgesiniň berkarar bolmagy, ilatyň, esasan-da, ösüp barýan ýaş nesilleriň bedenterbiýe-sagaldyş hereketine işjeň çekilmegi döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir diýip bellemek bilen, hormatly Prezidentimiz ýurdumyzda köpçülikleýin bedenterbiýäniň we sportuň ösdürilmegi ugrunda mundan beýläk-de ähli zerur tagallalaryň edilmelidigini belledi. 

Döwlet Baştutanymyzyň aýdyşy ýaly, häzirki döwürde ýurdumyzda sportuň ähli görnüşleriniň yzygiderli ösdürilmegi sagdyn durmuş ýörelgesiniň ykrar edilmeginde möhüm orny bardyr we onuň “Sagdyn bedende—sagdyn ruh” diýen şygara doly jogap bolup durýar. Şeýle hem milli Liderimiz ýurdumyzda häzirki zaman sport desgalarynyň köpçülikleýin gurulmagy, olarda sportuň dürli görnüşleri boýunça meşgullanmak üçin degişli mümkinçilikleriň üpjün edilmegi türkmen sportunyň dünýä ýüzündäki abraýynyň has-da belende galmagyny şertlendirjekdigini aýtdy. 

2017-nji ýylda paýtagtymyzda ýapyk binalarda we söweş sungatlary boýunça V Aziýa oýunlarynyň guramaçylykly geçirilmegini, onda türkmen türgenleriniň üstünlikli çykyş etmeklerini üpjün edýän mümkinçilikleriň döredilmelidigini nygtamak bilen, hormatly Prezidentimiz bu iri möçberli sport çärelerine häzirki döwürden taýýarlyk işlerine girişilmelidigini aýtdy. 

Hormatly Prezidentimiz sport enjamlary oturdylan zalyň eýwanynda adamlaryň dynç almaklary we wagtyny peýdaly geçirmekleri üçin döredilen şertler bilen gyzyklandy. Bu ýerde sport maşklaryny ýerine ýetirmäge gelen adamlar üçin ýörite ylmy gollanmalary, sporta we saglyk ulgamyna degişli kitaplary özünde jemleýän kitap tekjeleri bar. Olarda hormatly Prezidentimiziň ynsan saglygynyň berkidilmegini şertlendirýän ugurlara bagyşlanan eserleri we beýleki ylmy gollanmalar goýlupdyr. 

Sport desgalary bilen tanyşlygyny tamamlap, hormatly Prezidentimiz bu ýere ýygnananlara işlerinde üstünlik arzuw etdi we olar bilen hoşlaşyp, Olimpiýa şäherçesinden ugrady.

Degişli makalalar

Sambo Boýunça Aziýa Çempionatynda Türkmen Türgenleri Iki Altyn Medal Gazandylar

syrach

Türkmen futbolçylary AFK-2012 çagyryş Kubogy ugrundaky ýaryşy eňiş bilen başladylar

syrach

Türkmen taekwondoçylary bäş sany medala eýe boldular.

syrach