Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Hökümetiň 13-nji martda geçirilen mejlisinde belleýşi ýaly, müňýyllyklaryň dowamynda pederlerimiz ýaramaz endiklere garşy durmagyň, dürli ýokanç keselleriň öňüni almagyň subut edilen netijeli milli usullaryny döredipdirler.
Mysal üçin, häzirki döwürde asyrlaryň dowamynda bejerijilik häsiýeti ýüzärlik birnäçe keselleriň garşysyna ulanylýan serişde hökmünde bellidir. Ol häzirki zaman lukmançylygynyň bejeriş işinde giňden ulanylýar.
Döwlet Baştutanymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly kitabynyň birinji jildinde ýüzärligiň peýdalanylyşy, dermanlyk taýýarlanylyşy hem-de ulanylyş usullary giňden beýan edilýär. Ata-babalarymyz ýüzärligi çogdamlap öýlerinde asyp goýupdyrlar. Wagtal-wagtal tütedip, tüssesini daş-töwerege ýaýradypdyrlar. Şeýdip birnäçe ýokanç keselleriň ýokuşmagynyň öňüni alypdyrlar. Ýüzärligiň ysyndan bakteriýalaryň, zyýanly mör-möjekleriň gaçýandygy bireýýäm subut edildi. Muňa bu ösümligiň otundaky we tohumyndaky alkaloidleriň örän güýçli täsiri sebäp bolýar. Milli Liderimiziň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jilitlik eserinde gadym döwürlerdän bäri derman hökmünde ulanylyp gelýän burçuň peýdasy hem giňden beýan edilýär.
Hormatly Prezidentimiziň bu eserinde burçuň halk lukmançylygynda köp keselleri, şol sanda dümewi we üsgülewügi bejermekde derman ýa-da dep ediji serişdelere goşundy hökmünde ulanylýandygy aýdylýar. Ylmy lukmançylykda hem bu ösümlik giňden ulanylýar.
Döwlet Baştutanymyzyň bu işinde halk arasynda dümewlän adama burçlanan unaşyň peýdalydygy, sowuklamanyň öňüni alýandygyny durmuş tejribeleriniň subut edendigi barada aýdylýar.
Paýhasly ata-babalarymyz ähmiýetli dessurlara başlanda, täze jaýa göçüp gelende, öýe täze gelin gelende ýüzärlik tütetmek ýörelgesini pugta dessura öwrüpdir. Ýüzärligiň tüssesiniň ýylyň belli bir wagtynda döreýän birnäçe ýokanç keseliň öňüni alýandygy, onuň adamlaryň bedeninde kesele durumlylygyň berkidilmegini üpjün edýändigi ylmy taýdan ykrar edildi.
Häzirki döwürde Türkmenistanda lukmançylygyň nyşanynda ýüzärligiň şekiliniň ýerleşdirilmegi tötänden däldir. Ol türkmen halk tebipçiliginde we ylmy lukmançylykda köp sanly keselleriň öňüni almak we olary bejermek babatda giňden ulanylýar.
Dürli görnüşli, göze görünmeýän wiruslaryň adam bedenine aralaşmagynyň öňüni almakda ýüzärlik tüssesiniň netijelidigini köp asyrlaryň durmuş tejribesi subut etdi. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz halkymyzyň ýüzärlik tütetmek däbiniň häzirki döwürde dünýäde emele gelen çylşyrymly pursatlarda aýratyn ähmiýetlidigine ünsi çekdi.
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bu çäreleriň köpçülikleýin we yzygiderli geçirilmeginiň maksadalaýyklygyny belläp, wise-premýer P.Agamyradowa we ýurdumyzyň saglygy goraýyş we derman senagaty ministri N.Amannepesowa ilat arasynda degişli wagyz işlerini hemmetaraplaýyn guramagy tabşyrdy.