16.9 C
Aşkabat
24.11.2024
BAŞ SAHYPA Iň Täze Habarlar YLYM

Türkmen Selmelegi: Müňýyllyklaryň Syry

Köpetdagda, Türkmenistanyň günorta-günbatarynda ady rowaýata öwrülen selmelek gülledi. Selmelegiň jadyly sypatlary barada dürli rowaýatlar döredilipdir. Ösümligiň köki tumar diýlip, ony edinenleriň durmuşy bagtly bolýarmyş diýen ynanç bolupdyr. Ol nusgawy edebiýatda-da ýatlanylýar. Mysal üçin, Uilýam Şekspiriň «Otello» tragediýasynda selmelek peti agzalýar. Ýaş nesliň wekilleri bolsa Joan Roulingiň Garri Poter hakda kitaplar tapgyryndan selmelek barada bilýändirler.

«Dogrudanam selmelegiň jadyly güýji barmy ýa-da ol owandan bir rowaýatmy?» – diýip biz tanymal ülkäni öwreniji Waleriý Iwanowiç Kuznesowa ýüzlendik, ol ençeme ýyl bäri türkmen topragynda gögerýän bu ösümligiň seýrek görnüşi — Mandragora turcomanica ösümligini öwrenip gelýär.

-Internet selmelek barada, gynansagam, esasan nädorgy maglumatlardan doly. Selmelek, dogrudananm, hiç bir ösümlik bilen deňeşdirip bolmajak, dermanlyk sypatlary bolan ösümlik. Onuň köki käte adam göwresini ýada salýar, şonuň üçinem gadym döwürlerde onda jadyly güýç bar hasaplanypdyr. Geliň, indi bular barada anyk gürrüň edeliň.

Selmelek köpýyllyk ösümlik. Amatly şertlerde onuň kökýany ýapraklary äpet bolýar — ini bir ýarym metre çenli ýetýär. Türkmen selmelegi – ýurdumyzyň özboluşly ösümlik belgisidir, onuň bu görnüşi diňe Günbatar Köpetdagda gögerýär.

Ösümligiň türkmen selmelegine golaý görnüşleri Orta ýer deňzi ýurtlarynda-da gögerýär. Ýöne olar Günbatar Köpetdagdakydan tapawutlanýar. Biziň selmelegimiziň miwesi iň irisidir. Onuň miweleri – ýiti sary reňkli almajyklarynyň diametri 6 santimetre ýetýär. Olaryň ysy örän ýakymlydyr.

-Siz selmelege ilkinji gezek haçan gabat geldiňiz?

-ХХ asyryň 80-nji ýyllardynda. Ozal bu ösümlik barada diňe daşgulakdan bilýärdim. Ylym üçin türkmen selmelegini ýaňyrak, 30-njy ýyllarda açýarlar. Ony Şyblan baba diýlen keramatly ýeriň golaýynda, Sünt dagynyň eteginde tapýarlar. Men hem oňa ilkinji gezek şol ýerde garatiken jeňňeliginde görüpdim, şol ýerde ol tikenekli baldaklaryň astynda gizlenip ýatan ekeni. 90-njy ýyllarda selmelege gyzyklanmam bu ösümligi saklap galmak boýunça barlaglara höweslendirdi, çünki tebigatda bu ösümligiň sany juda ujypsyzdy – 500 düýpden kän däldi.

Türkmen selmeleginiň açylan döwründen geçen 80 ýylda onuň ösýän meýdany azalýar. Halk arasynda ýaýran bu jadyly ösümlik baradaky rowaýatlar sebäpli adamlar onuň köküni aljak bolýardylar, netijede oňa ýitip gitmek howpy abandy. Şonuň üçinem men 20 ýyl mundan ozal selmelegi halas etmegi öz öňümde wezipe edip goýdum.

-Ýerli ilat ony nähili ulanýar?

-Ýerli ilat, adatça, ýara bitrjiji we gurplandyryjy häsiýeti bolan ýapraklaryndan pet taýýarlaýar. Bu ösümlik barada taryhy we onuň halk lukmançylygynda ulanylyşy baradaky maglumatlar Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltlik işinde getirilýär. Selmelegi derman senagatynda ulanmak barada aýdylsa, ol geljegiň meselesi.

-Mälim bolşy ýaly, ženşen emeli ýol bilen köpeldilýär. Dermanlyk çig mal hökmünde türkmen selmeleginiň geljegi nähili bolar öýdýärsiňiz?

-Selmelek, gürrüňsiz, köpeltmek üçin geljegi uly ösümlik. Ol ýylyň maýyl, toprakda çyglylyk ýeterlik bolan döwri – oktýabrdan iýun aralagynda gögerýär, gülleýär we miwe berýär, yssy wagty bolsa, «uka gidýär». Alymlar türkmen selmeleginiň syryny açyp, ony nähili ulananyňda haýry köp boljakdygyny bildigi, ony medeniýetleşdirmegiň usullary-da kesgitlener.

-Maňa mälim bolşuna görä, siz ýitip barýan bu görnüşi köpeltmegiň dürli görnüşlerini synap görüpsiňiz…

-Ilkibada adam az barýan ýerlerde onuň tohumyny köpeltjek boldum. Ýöne tamam çykmady. Onsoň men onuň şitillerini ýörüte nahalhanada ýetişdirip, 2-3 ýyllyk nahallary tebigatda ekip ugradym. Bu işimem netije bermedi: ýyllar geçmegi bilen ösümlikler zaýalanyp, ýitip gitdi. Men selmelegiň adamlaryň hojalyk işlerini alyp barýan ýerlerinde ösüp boý alýandygyna üns berdim.

Şunda mukaddes Awestany ýatlaman bolmaz, onda haoma-selmelek «…dag jülgelerinde zenanlaryň elinde bendilikde ösýär» diýlipdir, ýagny emeli ýagdaýda köpeldilipdir. Tebigatda selmelegiň ösýän ýerlerini içgin öwrenenimde, duýdansyz netijä geldim: olar ozal ekarançylyk ýerleri eken. Diýmek, selmelek jeňňeleri tebigatda ozal ekin ekilen ýerleriň bir bölegi bolupdyr.

-Selmelek adama hyzmat etmek üçin ýaradylan ýaly bolup dur. Ylmy nukdaý-nazardan bu arabaglanşygy nähili düşündirip bolar?

-Wagty bilen selmelek öz syrlarynyň ençemesini açar diýip pikir edýärin. Häzir welin selmelegi halas etmek üçin ony emeli usulda köpeltmek zerurlygy ýüze çykdy. Şonuň üçinem eýýäm XXI asyryň başyndan ýerli ilatyň arasynda selmelegi ýaýratmak we ony ýetişdirmegiň agrotehnikasyny öwretmek boýunça işjeň işler başlandy. Selmelek nahallary isleg bildirenleriň ählisiniň mellegine ekildi. On ýylda 700-den gowrak nahal oturdyldy.

Häzirki wagtda Sumbar we Çendir derýalarynyň jülgelerindäki obalarda, bizdäki maglumatlara görä, 2000 düýp töweregi selmelek gögerýär, özem olaryň sany yzygiderli artýar, çünki oba adamlary öz aralarynda ony ýetişdirmegiň tejribesini alyşýarlar.

Indi selmelek her mellekde ösensoň ony dagdan ýgynajak bolýanam ýok. Şeýlelik bilen, selmelegi halas etmek meselesi çözüldi.

-Selmelek müňlerçe ýyllap aýratyn sarpa goýulýan ösümlik bolupdyr. Onuň haýran galdyryjy sypatlary barada her hili rowaýatlar we ynançlar bar. Olaryň ählisi toslanyp tapylanmyka?

-Men gyzykly bir ýagdaýy mysal getireýin. Selmelege yzygiderli syn edilmegi onuň ýapraklarynyň «bolşy » bilen ýagyş ýagmagynyň arasynda baglanşyk bardygyny aňmaga mümkinçilik berdi. Adatça, selmelegiň iri ýapraklary ýere ýazylyp ýatýar. Ýöne ýagyş ýagmazdan birki gün öň ol dikeläýýär. Gadymky adamlar beýle ýagdaýy nähili düşündirdilerkä? Olara mukaddes selmelek ygal diläp, «gollaryny göterse», asmandan gadyrly ygal ýagjagy anyk aýan eken!

-Waleriý Iwanowiç, gyzykly gürrüňiňiz we türkmen selmeleginiň ykbalyna biparh garamaýandygyňyz üçin size köp-köp sag bolsun aýdýarys.

Degişli makalalar

Paýtagtly Okuwçylar Halkara Ylym Bäsleşiginde Baýraklara Mynasyp Boldular

Guşakly Göreşde Aglaba Altyn Medaly Türkmen Türgenleri Eýeledi

«Aşgabat 2017» Oýunlarynyň Açylyş Dabarasy Fotosuratlary