Türkmen we türk alymlarynyň, diplomatlaryň, türkmen talyplarynyň gatnaşmagyndaky maslahaty Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi hem-de türk hyzmatdaşlyk we utgaşdyryjy agentligi – TIKA guradylar.
Bu çärä Türkiýeden gelen 50-golaý adamdan ybarat topara TIKA-nyň Başlygynyň Orunbasary Mehmet Sureýýa Er ýolbaşçylyk edýär.
Umumy mejlis hem-de bölümçe görnüşinde geçirilen bu ylmy maslahatyň ähmiýeti doganlyk ýurtlarynyň bilim dessurlarynyň kökleriniň birligi we şol ugurda köp ylmy işleri alyp baran alymlaryň işlerini häzirki wagtda ýaşlara ýetirmekden ybaratdyr.