Her ýyl Milli bahar baýramy mynasybetli ýurdumyzyň umumybilim berýän orta mekdepleriniň okuwçy gyzjagazlarynyň arasynda geçirilýän «Iň eýjejik gyzjagaz» atly şadyýan bäsleşigine gatnaşýan, biri-birinden eýjejik, naşyja gyzjagazlary görenimizde, baharda açylýan owadan güller, gülälekler göz öňümize geliberýär. Neneň şeýle bolmasyn?! Sebäbi olar edil sährada biten owadan gülleriň bar-da…
Gyzjagazlary güllere meňzetmez ýaly-da däl. Olaryň sahna çykanda, bezemen egin-eşiklerini, al-ýaşyl öwüsýän gyrmyzy ketenilerini, milli şaý-seplerini… görmäge göz gerek. Olar — ýaňy gunçasyny açan naşyja güller mysaly. Şol gün — 19-njy martda Türkmenistanyň Nebitgaz toplumynyň «Nebitgazhyzmat» ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň Medeni işewürlik merkeziniň owadan sahnasynda çykyş eden, güllere çalymdaş iň eýjejik gyzjagazlaryň şatlyk-şowhuny hemmeleriň göwnüni göterdi. Biri-birinden gözel, zehinli, şadyýan gyzjagazlaryň gyzykly çykyşlary, ýerine ýetiren aýdym-sazlary bäsleşigiň şüweleňini has-da artdyrdy.
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň hem-de Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň bilelikde guramagynda geçirilen «Iň eýjejik gyzjagaz» atly şadyýan bäsleşigiň döwlet tapgyryna ýurdumyzyň umumybilim berýän mekdepleriň 2-4-nji synplarynda okaýan, deslapky tapgyrlarda ýeňiji bolan okuwçy gyzjagazlar gatnaşdylar. Bäsleşigiň şertlerine laýyklykda, olar üç şert boýunça — Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe gazanylýan beýik ösüşleri, eziz Watanymyzy, bagtyýar çagalygy, dost-doganlygy, sporty wasp edýän aýdym-sazly çykyşlary ýerine ýetirmek, milli egin-eşiklerini şahyrana sözler bilen wasp etmek, şeýle-de eminler tarapyndan ýaş aýratynlygyna görä taýýarlanan goşgulary çeper okamakda özara bäsleşdiler. Biri-birinden ezber, şadyýan gyzjagazlaryň bäsdeşligi, çekeleşigi uly ruhubelentlige beslenip, olaryň iň ökdeleri öňe saýlandylar. Bäsleşigiň ýeňijilerine — ýylyň iň eýjejik gyzjagazlaryna gurnaýjylar tarapyndan Diplomlar we ýadygärlik sowgatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.
Çeşme: http://metbugat.gov.tm/